|
HOŞ GAL...
Bagdaky iñ soñky sary gül soldy,
Bir minutlyk dymdy bulutly asman.
Soñam birje damja ýaş bolup damdy,
Ähli ýatlamalar yzyna bakman.
Garaşdym.
Işinden gijigen kakañ
ýolun garap duran çagajyk ýaly.
Emma batbörek deý meniñ hyýalym
Ýyrtylyp agaçda ilişip galdy.
Tümlükde birje-de ýyldyz görnenok,
Umyt gutarypdyr.
Boşapdyr "agyl".
Hoş gal, suratlarda ýylgyryp galan,
Hoş gal, ýatlamalar. Hoş gal, sary gül...
Muhammetnur MAHTUMOW,
Magtymguly adyndaky TDU-nyñ talyby.
|
Категория: Goşgular |
Просмотров: 234 |
Добавил: Pero
| Теги: Muhammetnur Mahtumow
| Рейтинг: 4.0/1 |
Awtoryň başga makalalary
Goşgular bölümiň başga makalalary
Teswirleriň ählisi: 1 | |
0
Gowja. Adyny birinji gezek eşidýän.
|
|
|
|