Derýa kenarynda gyrmyzy tozga
Ýaşaryp gün-günden
Boý aldy, ösdi.
Sagyndaky gaýaň
Garady reňki,
Çepi çemenlikdi,
Ýokdy bir kösti.
Gaýa, gyzyl tozga,
Ýaşyl çemenlik,
Ne gözel!
Göýä ki münber-u-mährap!
Olaň suratyny çekesim gelýär,
Görsem göwün galkýar:
Çykaýsaň sähra!..
Emma bir Güneşli tomus gününde
Ösdi bir howurly,
Ýalynly şemal.
Öňler umyt bolup dogýan Güneş hem
Ýandyryp barýardy sährany şo hal.
Howurly şemala taby ýetmedik
Al-ýaşyl çemenler gowrulyp barýar.
Gaýalar çat açdy...
Ah... tozgalar hem
Dargaýyp,
Her ýana sowrulyp barýar...