18:00 Rowaýatlar: Adam ata we How ene | |
ADAM ATA we HOW ENE
Halk döredijiligi we rowaýatlar
Biziň Ýerimiziň ähli zady başarýan beýik Ýahwäniň gudraty bilen döränligi hakynda köneden gelýän gürrüň bar. Ol şol mahal uzak gündogarda ýerleşýän bir ülkede jennet bagyny hem döredipdir. Oňa Erem bagy diýip at beripdir. Erem bagynda apelsin, alma, hurma, banan, başga-da täsin agaçlaryň ençeme görnüşi bolupdyr. Ol ýerde hemişelik ýaz höküm sürüp, mydama gül ysy bark urupdyr. Agaçlaryň kölgesinde derýa şaglap akypdyr, bişen miweler baldagyndan gämip, gür otlugyň üstüne gaçypdyr. Sähel bilen güller açylypdyr, deňziň salkynlygy özüne bendi edipdir. Şonda-da bu gudratly bag, nämedir bir zady ýetmeýän ýaly, ýürekgysgynç görnüpdir. Deňizde ýüzmäge, gül tirmäge, şirin-şerbet ir-iýmişlerden ýygmaga, agaçlaryň salkyn saýasynda dynç almaga adam bolmandyr. Şeýle bolansoň, Ýahwe: "Men amatly adamzady döredeýin" diýen netijä gelipdir. Ol deňiz palçygyndan adam ýasapdyr, soňra oňa jan berip, adyna-da Adam dakypdyr. Adam jennet bagyna seýil edip gezip ýörüpdir, ir-iýmişlerden iýipdir, deňizde suwa düşüpdir, onda-da bu ýer onuň üçin ýürek gysgynç bolup görnüpdir. Muny aňan Ýahwe palçykdan dürli ýyrtyjylary ýasap, olara-da jan berip, Adamyň ýanyna goýberipdir. Ýyrtyjylar adamyň daş-töwereginde gezipdir, guşlar oňa ýakyn ýerde uçupdyr. Bürgüt Adamyň has-da golaýynda gezipdir. Adam onuň adyny Bürgüt diýip tutupdyr. Kirpä kirpi, alajagözene alajagözen, towşana towşan, geçiguşa geçiguş, garaz, olaryň hersine bir at berip çykypdyr. Ýöne Adam köplenç halda tukat bolup gezipdir, onuň ýakyn dosty, gowy görýän adamy bolmandyr. Bu ýagdaýy görüp Ýagwe: - Adama ýeke bolmak gowy däl. Men oňa wepadar dostuny döredeýin – diýipdir. Ýahwa Adamyň süýji uka giden çagynda onuň gapyrgasyndan aýal adamy ýasapdyr. Adam oýanypdyr, görse ýanynda bir aýal otyr. Şonda ol şeýle diýipdir: - Meniň adym Adam, goý, seniň adyň hem How bolsun. Sen meniň aýalym borsuň! Şeýlelik bilen Adam bilen How ikisi jennetde ýaşaberipdir. Olar hemişe bile turkeşip gezipdirler, bileje deňizde suwa düşüpdirler, gül –gunçany hem bileje baglapdyrlar, agaçlardan hem hasyly bileje ýygnapdyrlar. Jennet bagynyň ortasynda örän owadan bir agaç ösüp otyr eken. Bu agaç hakynda Ýahwe Adama şeýle tabşyryk beripdir: - Hiç haçan şu agaçdan alma ýolujy bolmaň. Ýekeje alma iýdigiň ölersiň. - Bu agaç bize nämämize gerek? Şunsuzam bizde iýere zat kän ahyryn – diýşip, Adam bilen How jogap beripdir. Gadagan edilen alma agajynda zalym hem-de mekir Ýylan ýaşaýar eken. Ol Ýahwäniň döreden ähli ýyrtyjylarynyňam, guşlarynyňam iň mekiri eken. Mekir Ýylan gadagan edilen agajyň ýanyna Howuň gelerine garaşyp ýatypdyr. How bu agajyň ýanyna gelen mahalynda Ýylan oňa: - Men Ýahwe jennetiň agaçlaryndan miwe almagy gadagan edipdir diýip eşitdim – diýipdir. How bolsa oňa şeýle jogap beripdir: - Ýok, beýle däl, biz ähli agaçdan miwe alyp bilýäris, diňe şu agaçdan almak bolanok. ˝Kimde-kim şu agaçda bitýän almany iýse, dessine ölýändir˝ diýip, bize hut Ýahwäniň özi tabşyrdy. - Ýahwe sizi aldapdyr. Ol siz şu almadan iýdigiňiz Adam ikiňizem Ýahwe ýaly akylly hem güýçli, ähli zady başarýan bolup ýetişersiňiz—diýip, Ýylan hilegärlik bilen Howuň gözüni-başyny aýlapdyr. How gadagan edilen agaçdaky ter, gyrmyzy almalary görüp, şol almadan iýesi gelipdir. Ol bir almany ýolup alypdyr-da, onuň ýarysyny iýipdir, galan ýarysyny bolsa Adama getirip beripdir. Olar almany iýen dessine birek-birege seredişipdirler-de, ilkinji gezek, özleriniň çuw ýalaňaçdyklaryny görüp, birek-birekden utanypdyrlar. Ýahwe jennetiň salkyn bagynyň saýasynda gezmeläp ýörşüne: - Adam, sen nirede? – diýip, Adamy ýanyna çagyrypdyr. Adam agajyň aňyrsynda gizlenip duran ýerinden: - Ýahwe, men seni eşidýän, ýöne saňa görnüp biljek däl. Meniň egnimde hiç hili eşigim ýok – diýip, jogap beripdir. Ýahwe Adamyň ýanyna gelip: - Seniň ýalaňaçlygyňy kim aýtdy? Sen meniň şol gadagan eden almamdan-a iýen dälsiň? – diýip sorapdyr. Adam gorkupdyr-da: - Ony alan men däl! Ony alan How, maňa iýdirenem şol – diýip, jogap beripdir. Ýahwe gaharlanypdyr: - Sen näme üçin maňa gulak asaňok? How gorkujygyndan oňa: - Maňa Ýylan öwretdi – diýipdir. Ýahwe gaharyna döz gelip bilmän gygyrypdyr: - Zalym mekir Ýylan. Sen bu aýala gadagan edilen miweden iýdireniň üçin, sen ömürbaky garnyň bilen süýrenip geçersiň, ähli adamlaryň ýigrenjine öwrülersiň. Sen bolsaň, - Ýahwe Adama garap aýdypdyr – maňa gulak asman, gadagan edilen miweden iýeniň üçin, bütin ömrüňde öz iýjek çöregiň özüň gazanmaly borsuň, ýer depersiň, ekin ekersiň, çöregiň her bir lukmasyny öz agyr zähmetiň bilen gazanmaly borsuň. How, sen bolsaň jebir çekip, çaga dograrsyň. Ýahwe şeýle diýipdir-de, Adam bilen Howy jennet bagyndan çykaryp, kowup goýberipdir. Muňa Adamam, Howam aglapdyr, olar Erem bagyndan jyda düşüp, çöl-beýewanda mekan tutupdyrlar. Adam ýer depip, oňa tohum sepipdir, hasyl ýygnamak üçin ir ertirden giç agşama çenli işläpdir, der döküp, zähmet çekipdir. Adam ata bilen How enäniň perzentleri bolupdyr. Olar ösüp-ulalyp, şäher gurupdyrlar, bag-bakja ýetişdirip, tutuş ýer ýüzüni gülzarlyga öwrüpdirler. Korneý ÇUKOWSKIÝ. Terjime eden Goçy ANNASÄHEDOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |