12:57 Rowaýatlar: Dawudyň ýaşlygy | |
DAWUDYŇ ÝAŞLYGY
Halk döredijiligi we rowaýatlar
Iudeý obasynda Iýesseý atly bir goja çopan ýaşapdyr. Onuň ogullary ese-boýa galyp, ata kesbini ýöredip, çopançylyk edipdirler. Kiçi ogluna Dawut diýer ekenler. Ol örän syratly, görmegeý bolupdyr, dünýäde iň gowy görýän zady aýdym aýtmak, tans etmek hem-de saz çalmak eken. Bir gezek Iýesseýiň ýanyna Saul patyşanyň çapary gelipdir. - Gadyrdan çapar, näme habar getiren bolsaňyz, aýdyp oturyň?! – diýip, Iýesseý olardan sorapdyr. - Gowy habar-a däl. Ýurdumyzyň üstüne deňiz kenarynyň ýaşaýjylary – palestinalylar çozdular. Olar biziň şäherlerimizi talaýarlar, adamlarymyzy, ýaş diýmän, garry diýmän, uçdantutma gyrýarlar, gallamyzy öz ýurtlaryna daşaýarlar, mal-garamyzy sürüp äkidýärler. Patyşa Watany döş gerip gorajak batyr esgerler gerek. Biz dagy-düzi söküp, patyşanyň şol permanyny göterip ýörüs. - Şol perman nirede? –diýip, Iýesseý ondan sorapdyr. - Ine, şol perman – diýip, hälki çapar oňa göläniň läşinden bir bölek görkezipdir. - Bu nämäniň alamaty? - Kimde kim Saul patyşa adam ibermese, olara elhenç jezalar garaşýar. Onuň başy ölümli, maly talaňly. Bu şonuň alamaty bolmaly – diýip, çapar Iýesseýiň sowalyna jogap beripdir. Iýesseý özüniň uly ogullaryny Saulyň ýanyna ugradypdyr. Dawut bolsa: - Atam maňa-da doganlarym bilen bile gitmäge ygtyýar et. Men hem esger boljak, Watany gorajak – diýipdir. - Sen öýde gal, sürüleri bakarsyň, söweşmek seniň işiň däl, seniň işiň aýdym aýtmak, tans etmek, saz çalmak – diýşip, doganlary hem onuň üstüne gygyrypdyrlar. Dawudyň ýeke özi galypdyr. Birgünem doganlary ýeňiş bilen gaýdyp gelipdir. Dawut olaryň patyşa Saulyň batyr ogly Ionafan barada, onuň duşmanlar bilen bolan söweşde görkezen edermenligi hakynda eden gürrüňlerini ürç edip diňläpdir, onuň batyrlygyna gözi gidipdir. Aradan köp wagt geçip-geçmänkä, Iýesseýlerde ýene bir çapar peýda bolupdyr. Ol ýadawlykdan ýaňa zordan ýöräpdir, özem onuň ýanynda hiç hilio permanam ýok eken. Ol gele-gelmäne: - Bagtymyz ýatdy. Palestinalylar ýaňadan üstümize çozdular – diýip gygyrypdyr. - Olar köpmi? – diýip, olar Iýesseýden sorapdyr. - Deňiz kenarynda näçe çäge bardyr öýtseň, şonçaragam adamy bar. Saul patyşa eline ýarag tutup bilýäni kömege çagyrýar. Eger-de biz garakçy-filistimlileri saklamasak, onda olar biziň ählimizi gula öwrer – diýip, çapar demi-demine sygman, gürrüň beripdir. Üç dogan hem ata atlanyp, atasy bilen hoşlaşyp, ýola düşüpdir. - Meni hem özüňiz bilen äkidiň. Meniňem öz ýerimi gorasym gelýär – diýip, Dawud olara kän ýalbarypdyr. - Sen öýde gal, sürüleri bakmaly bolarsyň, söweşmek seniň iýiň däl, seniň işiň aýdym aýtmak, tans etmek, saz çalmak – diýip, olar Dawudyň özleri bilen gitmegine ýol bermändirler. Aradan esli wagt geçipdir. Ýöne doganlaryndan habar-hatyr bolmandyr. Uly gaýga batan Iýesseý Dawuda ýüzlenip: - Ine, saňa bir halta galla bilen on sany köke. Olary al-da, doganlaryňa eltip gaýt. Gowşuran dessiňe, eglenme-de, yzyňa dolan – diýip, berk tabşyrypdyr. Dawut gallaly haltany hem-de on sany kökäni alyp, nirdesiň söweş meýdany diýip ugraberipdir. Adamlar oňa:˝Beýik garry dubuň ösüp oturan ýerindäki jülgede iki goşuna gabat gelersiň˝ diýipdir. Dawut bu ýere gelip, jülgäniň bir tarapynda Saulyň goşunyny, beýleki bir tarapynda bolsa palestinalylaryň goşunyny görüpdir. Goşunlar biri-birlerine seredip, hüjüme başlamaga milt edip bilmän duran ekenler. Şu ýerde-de palestinalylardan Goliaf ady bilen bolan daýaw, diýseň güýçli adam öňe çykypdyr. Onuň elinde naýzasy, kellesinde misden başgaby bardy, egni sowutly, elinde, aýaklarynda demirden geýimler bardy. Öň hatardan bolsa Goliafyň agyr gylyjyny zordan göterip barýan ýarag göteriji – oglanjyk barýardy. - Eý, iudeý çopanjyklary – diýip, Goliafyň gygyran sesi derelerde ýaňlanyp gidipdir. -- Araňyzda meň bilen söweşip biljek gerçek tapylarmyka? Eger-de ol meni ýeňlişe sezewar etse, onda biz palestinalylar siziň ýeriňizden gideris. Eger men ony öldüräýsem, onda siziň ähliňiz biziň gulumyz bolarsyňyz. Kim batyr bolsa, orta çyksyn! Men şu ýerde ölmäge, maslygymy ýyrtyjylara, guşlara şam etmäge taýyn. Saulyň goşunyndan ses-seda çykmandyr. Saulyň özi-dedymypdyr. Onuň ogly Ionafan hem sesini çykarmandyr. Äpet uly, bu gorkunç adam bilen ýekeme-ýeke çykmaga, güýç synanyşmaga milt edip bilen tapylmandyr. - Siz-ä bir züwwetdin ekeniňiz – diýip, Goliaf gülüp goýberipdir. Bu bolşa palestinalylar hahahaýlap gülüşipdirler, olaryň bu gülküsi gaýalara düşüp, öwran-öwran ýaňlanyp gidipdir. Dawut doganlarynyň ýanyna baryp, olara gallany hem-de kökeleri beripdir. Soňam: - Goliaf bilen söweşip, ondan üstün çykan adama näme berýärlerkä? – diýip sorapdyr. - Goliafy ýeňen adama Saul patyşa özüniň görmegeý gyzyny gelinlige berýär. Sen nämüçin geldiň? Häziriň özünde şu ýerden git, bu ýeri aňkowlary halanok – diýip, doganlary oňa herrelipdirler. - Men siziň söweşiňize tomaşa etmäge gelemok. Men Goliafyň garşysyna çykmaga geldim. Bu habary Saul patyşa eşitdiripdirler. Saul ony ýanyna çagyryp: - Sen nädip Goliaf bilen uruşjak? Sen heniz ýaş. Goliafyň bolsa söweş tälimi ýeterlik. Onuň gözüni açyp göreni ýarag – diýipdir. Dawut bolsa: - Hökümdarym, maňa Goliaf bilen bellisini etmäge ygtyýar ediň. Siz dogry aýdýarsyňyz, ýaragdan başym çykanok. Ýöne men ýaşlygymdan sürini goraýan. Goýunlaryň üstüne aýy çozan mahaly, olardan üstün çykan gezegim kän bolupdy. Eger-de üstüme ýolbars zyňaýsa, ýere pylçap urýan-da, öldüräýýän. Men Goliafy hem öldürjegimi bilýän, siz maňa ynanaýyň. -- Bolýar, men saňa ynanýan. Oňa meniň ýaragymy beriň! – diýip, Saul gygyrypdyr. Dawuda Saulyň şlýomyny we onuň sowudyny geýdiripdirler, eline-de gylyç bilen galkan tutdurypdyrlar. Dawut muňa diýseň begenipdir. Begenjinden ýaňa tans edipdir, ýöne gylyçdyr galkan bilen brom onuň üçin juda agyr bolupdyr, Ol birki ädim ätmänkä: - Men beýle eşik bilen öwrenişmändirin – diýipdir-de, mis başgabyny, gylyç galkanyny olaryň ýanynda goýupdyr, olara derek ak plaş geýipdir, ýol üçin göterýän goştorbasyny hem alypdyr, onuň içine bäş sany togalak daşjagaz salypdyr, gaýyş kemeri çeşme suwunda timarlap, ondan halka ýasapdyr. Beýleki eline bolsa özüniň taýagyny alyp, Goliafyň ýanyna ugrapdyr. Ony gören Goliaf hezil edip gülüpdir. - Gel bärik, meniň köşejigim. Gel bärik, meniň akja guzujygym! Men saňa şujagaz naýzany çümdüreýin welin, onsoň çişe düzülen guzujyga-da meňzärsiň. Hany seniň gylyjyň? Hany seniň galkanyň? Sen nädip meň bilen uruşjak? - Men seniň ýanyňa gylyç bilenem, galkan bilenem barmaryn – diýip, Dawud duran ýerinden gygyrypdyr. – Men seniň ýanyňa öz halkymyň ýüregi bilen bararyn. Men söweşe hakykat üçin girýän. Hakykat bolsa gylyçdanam ýitidir, naýzadanam güýçlüdir. Goliaf Dawudyň näme göterip gelýänini bilmekçi bolup: - Sen oglanjyk, meniň ýanyma ite topulan ýaly taýak bilen daş alyp gelýärmiň? - Sen itdenem beter ahyry – diýip, Dawut gygyrypdyr. - Sen garakçy! Ol daşlary gaýyş halkada goýup, ony yzly-yzyna atypdyr. Daş uly ses edip, äpet adamyň göni maňlaýyna degipdir. Goliaf ýeri bagyrtlap ýatyberipdir. Dawudyň ýaragynyň waspy arşa göterilipdir, palestinalylarda ol ýaragyň döreden aýylganç iňňildisi telim gezek ýaňlanyp eşidilipdir. Palestinalylaryň goşuny yzyna bakman gaçypdyr. Olaryň tozan turzup gaçyşlaryny gören Saulyň esgerleri jülgäniň o tarapynda palestinalylaryň ýekejesisniň hem galmandygyny gözleri bilen görüpdirler. Dawut Goliafyň öz gylyjy bilen onuň äpet kellesini kesip alypdyr, soňam ony saçyndan tutup, Saul patyşanyň huzuryna getiripdir. - Sen kim bolarsyň? – diýip, Saul ondan sorapdyr. – Men seni tanamok, adyňam, kimiň ogludygyňam bilemok. Dawut bolsa: - Men Iýesseý çopanyň ogly, özümem çopan, adyma-da Dawut diýýärler – diýip, jogap beripdir. - Indi men seniň ataň boldum. Sen indi öz süriňe gaýdyp barmaly bolmarsyň, biziň ýerimizi gorarsyň. Men seni özüme serkerde ederin – diýipdir. Dawudyň ýanyna Saulyň ogly, ýaş şazada Ionafan gelipdir. Ol özüniň iň oňat geýimlerini oňa berip, ony berk gujaklapdyr. Soňam ol: - Indi sen meniň doganym bolduň. Men seni doganym ýaly gowy görerin – diýipdir, Goşun öýüne gaýdypdyr. Olaryň öňünde Saul patyşa, bir gapdalynda Dawut, beýleki gapdalynda Ionafan barýar eken. Dawut ýolboýy saz çalyp, aýdym aýdypdyr. Muňa Saul hem şatalnypdyr. Goşun söweş meýdanyndan daşlaşyp, mähriban obalaryna ýakynlaşypşdyr. Aýal-gyzlar esgerleriň öňlerinden çykyp garşylapdyr. "Saula şöhrat! Ol müňlerçe duşmany ýeňdi! Dawuda şöhrat! Ol beýik gahryman – onlarça müň adamy ýeňdi! Oňa hormat we şöhrat bolsun!" Dawudyň şanyna aýdylan bu öwgüli sözler Saula ýaramandyr. 'Indi Dawud şan-şöhratyň eýesi bolar, hemmeler ony menden gowy görerler. Soňabaka meniň tagtymy hem oňa bagyşlarlar". Saul şeýle pikir edipdir-de, Dawudy öldürmegiň kül-külüne düşüpdir. - Men saňa gyzym Melholany gelinlige bermäge söz beripdim, ýöne onuň üçin töleg tölemelidigini aýtmagy welin unudypdyryn. Sen filistimlileriň ýüzüsi bilen söweşip, olardan üstün çykaýsaň, onda şol seniň gyzym üçin tölegiň bolar. "Eger-de Dawudy men däl-de duşmanlarymyz - palestinalylar öldürse, bu has gowy bolar" diýip, Saul pikir edipdir. Dawut palestinalylar bilen söweşe girip, olaryň bir ýüzünden däl, iki ýüzünden üstün çykypdyr. Saula öz gyzyny gelinlige bermekden başga alaç galmandyr. Munuň üçin toý-şagalaň, uly meýlis tutulypdyr, oňa gatnaşanlar Dawudyň şan-şöhratyny arşa göteripdirler. Adamlaryň Dawudy aşa öwmegi Saula ýaramandyr, ol diýseň keýpsiz halda oturypdyr. Onuň keýpiniň çag däldigini aňan Dawut bolsa öz aýdymlarydyr tanslary bilen ony şöhratlandyrmak isläpdir. Adamlar bolsa Dawudyň sadadan şadyýan ýigitdigini görüp, ony barha mahabatlandyrypdyrlar. Saul saklanyp bilmändir-de, oňa baka naýzany süýndüripdir. Dawut çalt yza öwrülmäge ýetişipdir, naýza diwara çümüpdir. Saul Dawudyň öýündäki ynamdar hyzmatkärini ýanyna çagyryp: - Siz Dawudy daňdana çenli öldürmeli – diýip, buýruk beripdir. Soňam bu habary gyzy Melholanyň hem gulagyna çawuş çakyp aýdypdyr: ˝Dawud meniň duşmanym. Ol meniň patyşalygyma göz gyzdyrýa. Ony öldürmäge kömek et˝. Melhola adamsyny ýürekden söýýän eken, Dawut öýe gelende, äpişgäni açypdyr-da: - Bahymrak gaç! Atam seni öldürmegi buýurdy – diýip, ony çykaryp goýberipdir. Melhola uly bir gurjagy tapyp, Dawudyň düşeginde ýatyrypdyr, kellesine bolsa geçi derisini geýdirip, onuň üstüni ýorgan bilen oňatja edip ýapypdyr. Ýarygijeler patyşa hyzmatkäri gapyny kakypdyr: - Hökümdar Dawudy ýanyna çagyrýar. Melhola: - Dawudyň patyşanyň ýanyna gitmäge haly ýok, ol näsag, düşekden galyp bilenok – diýipdir. Saul bu habary eşidip, ony düşegi bilen getirmegi buýrupdyr. Hyzmatkärler düşegi köşge getiripdirler, görseler düşekde ýatan Dawut däl-de, kellesine geçi derisi geýdirilen gurjak eken. ˝Gör onuň mekirdigini. Ol meniň patyşalygyma göz gyzdyranyny hem az görýär. Ol meniň mähriban gyzymy hem elimden almagy başarypdyr. Ol Dawut bilen dilleşip, meni aldawa saldy˝ diýip, içini gepledipdir. Aradan birnäçe wagtgeçipdir, Bir gün Saulýaş şazadany ýanyna çagyryp: - Dawut nirä ýitirim bolduka? Biz ýakyn wagtda meýlis gurjak, täze aýy garşylajak pursatymyzda Dawudyň hem ýanymyzda oturmagyny, onuň bize aýdym aýdyp, saz çalyp bermegini isleýän˝ diýipdir. - Dawut sizden gizlenýär. Özüni öldüräýersiň öýdüp, gorkup ýör. Atam, hany aýdyň, ol size näme ýamanlyk etdi. Ol seniň iň bir kyn pursatyňda kömek etdi, halky gulçulykdan halas etdi. Saul Ionafana: - Geçeni geçdi bil, oglum. Men Dawudy öz oglum ýaly eziz görýärin. Bar çagyr ony, häziriň özünde gelsin – diýipdir. Ionafan Dawudy tapyp: - Ionafan dogan, men toý-meýlise çagyrýar. Biz täze aýy bilelikde garşylarys. Ýör gideli, ol seniň aýdym-sazyňy diňlemek isleýär diýipdir. Dawut bolsa: - Ionafan dogan, men to-meýlise baryp bilmen, ataň meni öldürjek bolýar. Eger-de men onuň öňünde jinnek ýaly günä eden bolsam, onda meni ataň ýanyna eltip näme etjek, özüň öldüräý—diýipdir. - Atam ähli zat barada meň bilen pikir alyşýar. Men onuň etsem-goýsamyny bilýän. Maňa bu hakynda kelam-agyz söz aýtmasa näme? - Saul patyşa seniň meni gowy görýäniňi bilýär ahyry. Şoň üçinem seni gaýga batyrmajak bolup aýdan däldir. Ionafan Dawuda: - Onuň ýaly bolsa, synap görmek gerek. Sen gaýanyň aňyrsynda bukul. Menden ygtyýarsyz o ýerden çykyjy bolma. Men sogandan üç ok ataryn, ol oklary aýyl-saýyl etmek üçin o ýerik öz hyzmatkärimi ugradaryn, eger-de atam seni öldürmekçi bolsa, men hyzmatkärime: ˝Ylga, oklar seniň öň ýanyňda diýerin, eger-de onuň öldürmek niýeti ýok bolsa, onda men öz hyzmatkärime: "Nirä barýaň, oklar seniň yzyňda galdy ahyry" diýip gygyraryn – diýipdir. Täze aýyň baýramçylygy hem gelip ýetipdir. Saul Dawudyň ýeriniň boşlugyny görüp, Ionafandan: - Hany, Dawut ýok-la? – diýip sorapdyr. - Men oňa Biblä gitmäge rugsat berdim, ol täze aý baýramçylygyny atasy hem doganlary bilen bile garşylamak isleýär. Bu habara Saul gahar-gazaba münüpdir. Ol elindäki naýzasyny Ionafana salypdyr. Ionafan zordan sowlup ýetişipdir-de, üç ok artyp, olary saýlaşdyrmagy hyzmatkäre tabşyrypdyr. - Ylga, oklar seniň öň ýanyňda! – diýip gygyrypdyr, Soňra hyzmatkäriň ýanyna onuň özi-de gelip, oklary özüniň saýlaşdyrjakdygyny aýdypdyr. Ionafan oklaryň uçup giden tarapyna baryp, gaýanyň aňyrsynda bukulyp duran Dawudy gujaklapdyr-da, aglapdyr: - Doganym Dawut, men indi göz ýetirdim, sagja bol! Şu günden başlap sen atamyňam, meniňem duşmanym.Muňa kyl ýetirip bilemok. - Doganym Ionafan, meniň seniň ataň üçin ýamanlygym ýok. A seni bolsa süýtdeş doganym ýaly eý görýän. Men hiç haçan seniň ataňa, seniň özüňe hem dostlaryňa ýarag gezemejegime seniň öňüňde ant içýän – diýip, Dawut aýdypdyr. Olar gujaklaşyp, sagbollaşypdyrlar. Bu habary Saul eşidip, esli wagtlap oýlanyp oturypdyr. "Dawut diýýäni gör nähili hilegär adam eken. Ol meniň patyşalygyma göz gyzdyrmakdan başga-da iň söýgüli oglum Ionafaay hem öz tarapyna çekmegi başardy". Dawut ok-ýaragsyz, özem garny aç halyna Iudeýiň içine aýlanypdyr. Bir gezek gije parasatly ýaşuly Ahimelehiň ybadathanasynyň gapysyny kakypdyr. Ahimeleh patyşanyň giýewsiniň, beýik serkerdäniň çöl-beýewanda bir özi, ýany ýaragsyz, ýarym aç-ýarym ýalaňaç halda heläk bolup ýörşüne geň galypdyr. - Sen näme üçin ýeke? – diýip, Ahimeleh sorapdyr. Dawut: - Saul patyşa meni zerur bir iş bilen iberdi bu hakda hiç kim bilmeli däl, Men şeýle bir howlukdym, hatda ýanym bilen ýarag almaga-da ýetişmedim, - Beýle bolsa, men saňa kömek ederin. Ine, iýmak-içmek, ýaňyja bişirindim, ýylyjadyr, Ine-de ýarag, bu ýarag seniň şol ýeňlişe sezewar eden Goliafyň gylyjy – diýip, Ahimeleh aýtdy, Dawut ýany bilen azygy, gylyjy alyp, garra hem sagbolsun aýdyp, ýola düşdi. Ol öz töweregine iň bir ynamdar adamlary toplady, olaryň ählisi gowaklarda gizlenip gezipdir. Saul bolsa öz goşuny bilen Dawudy tokaýlardan, daglardan-düzlerden gözläpdir. Tomsuň bir jöwzaly gününde Saulyň goşuny bir gowagyň ýakynynda düşläpdir. Bu ýer bolsa Dawudyň öz ýoldaşlary bilen bukulyp ýatan ýeri eken. Olaryň arasynda Ahimelehiň ogly Awiafar hem bar eken. Saul gowagyň içini salkyn görüpdir-de, bu ýerde gyşaryp, uka gidipdir. Bu ýagdaýy görüp, Awiafar Dawuda şeýle diýipdir: - Seniň duşmanyň öz aýagy bilen gelip, duzaga düşdi. Gel ony öldüreliň! - Ýok, men Ionafanyň öňünde Sauly öldürmezlik hakynda kasam etdim. Dawut Saulyň ýatan ýerine baryp, gylyç bilen onuň eşiginden bir bölek kesip alypdyr. Esli salymdan soň Saul oýanyp, gowakdan çykypdyr. Dawut bolsa onuň yzýany bilen çykyp, gygyrypdyr: - Eý, meniň Saul atam, sen meni nämüçin, käkilik awlajak awçy ýaly, aňtap ýörsüň? Ine, şu bölek matany egniňdäki eşikden kesip aldym. Men seniň kelläňi hem alyp bilýärdim, ýöne oňa meniň elim barmady. Saul öz eşiginiň bölegini dawudyň elinde görüp aglapdyr. - Oglum, Dawut, sen meniň ýamanlygyma ýagşylyk bilen jogap berdiň, men bolsam maňa we halka eden ýagşylygyňa ýamanlyk bilen jogap berjek boldum. Sen meni bagyşla, oglum. Saul ata atlanypdyr-da, goşunyny yzyna tirkäp gaýdypdyr. Halk bolsa Dawudyň şan-şöhratyny öňküden-de apşa göteripdir. Saul ýene-de oýlanypdyr: "Gör, Dawudyň hilegärligini. Ol meni öldürip bilse-de, adamlar özüni has gowy görer ýaly, bilgeşlän öldürmändir!" Ol täzeden goşun ýygnap, Dawudyň gözlegine çykypdyr. Bir gezek aýly gijede Dawut özüniň ynamdar ýoldaşlarynyň biri Awessa bilen Saulyň ýerleşýän ýerine bukdaklap diýen ýaly barypdyr. Saulyň goşuny berk uka giden eken, garawulbaşy hem ýatan eken, sakçylaram naýzalaryna söýenişip, duran-duran ýerlerinde irkilişen ekenler. Saul öz çadyrynda ýatypdyr. Onuň kellesiniň ýanynda heniz uklamanka ýere çümdürip goýan naýzasy hem dur eken. Dawut Awessa bilen Saulyň ýatan ýerine usullyk bilen barypdyr. Şonda Awessa Dawuda garap şeýle diýipdir: - Men Ionafana kasam edemok. Men häzir şu naýzany onuň böwründen sanjaýyn, gygyrybam ýetişmasin. - Gowusy, sen şu suwly küýzäni eliňe al, men bolsam naýzany alaýyn – diýip, Dawut aýdypdyr. - Olar suwly küýzäni, naýzany alypdyrlar-da, ýatan esgerleriň arasyndan assyrynlyk bilen geçip, belent dagyň depesine çykypdyrlar. Dawut şol belentlikden gygyrypdyr: - Eý, garawulbaşy! Sen öz patyşaňy juda oňat garşylaýan ekeniň. Hany onuň naýzasy nirede, hany onuň suwly küýzesi? Saul oýanyp görse, ýanynda ne naýzasy bar, ne-de suwly küýzesi. Ol Dawudyň sesini tanapdyr-da, bar zada göz ýetiripdir, - Oglum, Dawut, sen maňa ýene-de dözümsizlik etdiň. Başaryp bilseň, men akmagy bagyşla! Saul öz köşgüne dolanyp barypdyr, adamlar bolsa öňküdenem beter Dawudyň eden ýagşylygy üçin ony öwüp, arşa göteripdirler. "Hiç haçan meniň beýle mekir duşmanym bolmandy. Ol meniň naýzamam, suwly küýzämem bilgeşleýin alyp, adamlary meniň üstümden güldürmek isläpdir, Indi bolsa adamlar onuň eden işiniň dogrudygyny, meniň pälimiň ýamandygyny görýärler, indi hiç kim oňa ýaman söz aýtmaz". Saul öz goşunyny çar tarapa iberipdir, kimde-kim Dawuda iýmek-içmek berse, kim ony görübem patyşa habar bermese, olaryň dardan asyljakdygy barada höküm çykarypdyr. Dawut dost-ýarlaryny öýli-öýlerine goýberipdir-de, ýeke özi keseki bir ýurda gidipdir. Bu habary şol ýurduň patyşasy eşidipdir: - On müň adamdan üstün çykan diýip jümle-jahana ady dolan şol pälwan Dawutmyka? Eger-de bu, dogrudanam, şol adam bolsa, ol biziň üçin örän howply myhman, ondan basymrak dynmagymyz gerek. Ony meniň ýanyma getiriň – diýipdir. Dawut köşge gelip giripdir, ol şeýle bir hor-homsy, hatda onuň häzirki bolşuny doguran enesem görse tanajak däl eken. Onuň egin-başy sal-saldy, saçlary bulam-bujardy, el-aýagy sandyraýardy, ol patyşanyň sowallaryna-da kellesini titredip jogap berýärdi. - Meniň ýanyma güýçli pälwany däl-de, duran bir samsygy getiripsiňiz – diýip, ýurduň patyşasy gaharlanypdyr. – Goý, ol biziň ýurdumyzda ýaşabersin, ol biziň üçin howply däl. Şeýdibem Dawut keseki ýurduň patyşasyny aldapdyr we şol ýurtda ýaşaberipdir. Bir gezegem Saul patyşanyň ozalky çaparlarynyň biri atyny çapdyryp, onuň ýanyna gelipdir. Onuň eşikleri sal-sal, saçalry-da kül sepilen ýalydy. - Seni bu taýa bähili betbagtçylyk getirdi, çapar? – diýip, Dawut ondan sorapdyr. - Kim üçin betbagtlyk, kim üçin şatlyk. Gulak as, Dawut sazanda, seni öldürmek isleýän adamyň özi wepat boldy, Sen indi arkaýyn öýüňe gaýdyp bilersiň. Çapar Dawuda ine şu zatalry gürrüň beripdir. Palestinalylar Dawudyň ýurtdan çykyp gidendigini eşidenlerinde, olap ýaňadan Iudeýanyň üstüne çozupdyrlar. Saul we şazada Ionafan batyrlarça gaýduwsyz söweşipdirler, ýöne Gelwuý dagynda duşmanlar olary gabap, ähli wsgerleri, şol sanda şazada Ionafany hem heläk edipdirler. Saul bolsa özüniň ýarag göterijisi bilen duşman penjesine düşüpdir. Şonda ol ýarag göterijisine şeýle diýipdir: "Goý, palestinalylar meni öldürdim diýip şatlanmasynlar. Meniň gylyjymy al-da, meni sanjyp öldür". Ýarag göteriji welin onuň bu buýrugyny ýerine ýetirip bilmändir. Saul öz naýzasynyň ujuny ýokary edip ýere gömüpdir-de, özüni onuň üstünden goýberipdir, - Bu ýalan. Sen ony nädip subut etjek? – diýip, Dawut çapardan sorapdyr. Çapar bolsa ýyrtylyp sal-sal bolan plaşynyň aşagyndan Saul patyşanyň altyndan ýasalan täjini çykaryp görkezipdir, Dawut hesretden ýaňa eşigini ýyrtyp taşlapdyr, saçyna kül sepipdir, ata atlanyp ýola düşüpdir-de, ýolboýy saz çalyp, aýdym aýdypdyr. - Geluý daglary, saňa nälet bolsun! Goý, hiç haçaan seniň üstüňde ýagyş ýagmasyn. Goý, gana boýalan daşlaryň üstüne gyraw düşmesin. Goý, seniň ýodajyklaryňa dag keýiginiň ýekejesiniň-de aýagy sekmesin, seniň baýyrlaryňda otuň ýekejesem gögermesin. Bu ýerde güýçli Saul wepat boldy, dünýäde iň gowy görýän doganym Ionafan, wepaly söweşdeş ýoldaşlary hem wepat boldy. Olar ýolbars deýin örän güýçlüdi, bürgüt ýaly çalasyndy. Gahryman gerçekleri öldüren palestinalylara gaýgy hem hasrat bolsun! Şu aýdym bilen Dawut öz mähriban Watanyna aralaşypdyr, ol näçe ýöredigiçe köp adam onuň yzyna düşüpdir. "Dawut gelipdir! Dawut gelipdir!" diýşip, uly ses edipdirler. Bu habary eşiden palestinalylar atly-atyna münüp, öz ýurtlaryna bakan güm bolup gidipdirler. Korneý ÇUKOWSKIÝ. Terjime eden Goçy ANNASÄHEDOW. Surat: Rembrandt / "Dawut we Ionafan" | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |