09:03 Rowaýatlar: Wawilon diňi | |
WAWILON DIÑI
Halk döredijiligi we rowaýatlar
Bu waka gadym wagtlarda bolupdyr, asla onuň haçan bolanyny bilýänem ýok. Ýöne o döwürde adamlar bir bilde gürläp, birek-birege oňat düşünenmişinler. Ine, onsoň bir gezek ol adamlar geljek asyrlara nämedir bir zat ýadygärlik galdyrmak isläpdirler. Olardan biri: - Geliň üýşüpjik bir diň guralyň – diýipdir. Beýlekileri hem: - Geliň şeýdeliň, depesi göge ýetip duran diň guralyň – diýşip, begenip gygyryşypdyrlar. Şeýdip belent dagyň üstünde diň gurmaga başlapdyrlar. Olaryň bir topary palçyk eýläpdir, beýlekileri kerpiç guýupdyr, kerpiç bişiripdir, başga birleri taýýar edilen kerpiçleri dagyň üstüne daşapdyr. Dagyň üstünde bolsa ýene bir topary ýeňlerini çermeşip taýyn bolup durup, eltilerine mähetdel, kerpiçlei örüp, diň galdyryp ugrapdyrlar. Gepiň keltesi, hiç kim dek oturmandyr. Olar gara der bolup işleýärmişler hem zowladyp aýdyma gygyrýarmyşlar. Emma diňiň gurluşygy welin bir ýylda, iki ýylda gutarmandyr. Sebäbi ony galdyrmak üçin otuz bäş million kerpiç gerek bolupdyr. Adamalar işden soň dem-dynç alar ýaly jaýlar gurupdyrlar, jaýlaryň töwereklerinde bolsa üstünde guşlar nagma kakar ýaly agaç nahallaryny oturdypdyrlar. Şeýdip bina edilýän diňiň töwereginde äpet Wawilon şäheri döräpdir. Belent dagda gurulýan bu ajaýyp diň gün-günden beýgelipdir. Onuň düýbi ýaýbaň, ýokarlygyna galdygyça-da kert-kert bolup, başy çürelipdir. Her kertini hem bir reňk bilen – gara, sary, gyzyl, ýaşyl, ak, mämişi reňkler bilen reňkläpdirler. Minaranyň iň ýokarky kertine asman bilen kybapdaş bolar ýaly, gök reňk çalmagy, onuň depesine bolsa Gün bilen bäsleşip, töwerege şöhle saçyp durar ýaly, altyn çaýmagy makul bilipdirler. Diňiň gurluşygy gutaraňkyrlapdyr. Netjarlar altyn çaýmaga girişipdirler, reňkleýjiler çotgalaryny gök reňke çümdüripdirler.Şo mahalam niredendir bir ýerden dergazap bolup, Ýagwe peýda bolupdyr. Adamlaryň başy asmana ýetip duran diň gurjak boluşlary oňa ýaramandyr. Ol adamlaryň göge ýakynlaşmagyny islemändir. ˝Bularyň diň gurmak nireden kellesine geldikä? Bularyň öz ýeke-täk dili bar, gypynçsyz gürleşip, düşünişip bilýärler. Hut şonuň üçinem bular şeýle diňi galdyryp bilipdirler˝ diýen netijä gelipdir. Ýagwe bulardan ar almak üçin ýer ýüzüne uly apy-tupan inderipdir. Şeýdip derrew adamlaryň birek-birek bilen düşünişmäge endik edinen sözleriniň ählisini ýeliň ugruna sowrupdyr. Emma tupan ýatan dessine adamlar ýene-de öz işleri bilen bolupdyrlar. Ýöne olar öz üstlerine täze bela-beteriň injeginden bihabar ekenler. Diňiň basyrgysynda işläp ýörenler demirçi ussalara basyrgy üçin ýasalýan ýukajyk altyn listleriňizi tizräk getiriň diýip gygyrypdyrlar. Demirçi ussalar welin olaryň ýekeje sözüne-de düşünmändirler. Asyl tutuş Wawilon wäherinde adamlar birek-biregiň diline düşünip bilmändir. Reňkleýji: - Reňk gutardy! – diýip gygyrjak bolupdyr welin, onuň agzyndan: -- Nomerpent! – diýen söz çykypdyr. - Hiç zada düşünemok – diýip, oňa aşakdan biri gygyrjak bolupdyr welin, onuň agzyndan: - Jenekom prenepa! – diýen jümle çykypdyr. Tutuş Wawilonda adamlaryň birleri üçin düşnükli, başga biri üçin düşnüksiz sözler ýaňlanypdyr. - Bindadory! - Marakiri! - Bobeobi! - Dzyn! Iş ýatyp galypdyr. Hiç kimiň hiç zat bilen seri bolmandyr. Her kim öz diline düşünjek adamy gözläp, elewräp ugrapdyr. Adamlar her ýerräkde, her ýerräkde üýşüşip, öz diline düşünýänler bilen bir ýerräkde bolmagа çalşypdyr. Şeýdibem bir halkdan dürli-dürli halk emele gelipdir. Adamlar dünýäniň dürli künjegine dagapdyrlar – her halk öz ýurduny, öz şäherini gurmak bilen bolupdyr. Diň bolsa ýuwaş-ýuwaşdan ýykylyp, haraba dönüp ugrapdyr. Häli-häzire çenli hem islendik şäherde Wawilon diňinden goparylan kerpiçleri tapmak bolýar diýýärler. Adamlaryň köpüsi şol kerpiçleri ýer ýüzünde parahatlyk hem-de birek-birege düşünişilip ýaşalan döwürden ýadygärlik hökmünde öz ýanlary bilen alyp gidenmişler. Gurlup gutarylmadyk Wawilon diňi hakyndaky bu rowaýaty bolsa ýer ýüzüniň ähli dillerinde gepleýän adamlar şu wagta çenli ýatdan çykarman, nesillerine gürrüň berýärler. Terjime eden Goçy ANNASÄHEDOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |