17:43 Rowaýatlar: Süleýmanyň sudy | |
SÜLEÝMANYŇ SUDY
Halk döredijiligi we rowaýatlar
Bir gezek ýaş şa Süleýman düýşünde nätanyş ses eşidipdir. Şol ses oňa: "Göwnüňdäkini sora. Öz ykbalyňy özüň çöz. Ady äleme lerzana getirýän pälwan bolmak isleýärmiň ýa-da ummasyz altyn toplap, tütjar baý bolasyň gelýärmi? Ähli halky bir özüňe boýun etdirmegi arzuw edýärmiň ýa-da uzakdan-uzak ýaş isleýärmiň? Göwnüň küýsänini dile, dilegiň hasyl bolar" diýipdir. Süleýman pikire batypdyr Pikirlenip-pikirlenibem, şeýle diýipdir: "Men özüm üçin şöhratam, baýlygam, uzak ýaşam dilemekçi däl. Ýer ýüzüne höküm etmegi-de islämok. Ýekeje zat, akyl-paýhas isleýän". "Goý, seniň diýeniň bolsun" diýip, hälki ses oňa jogap beripdir. Şeýdibem Süleýman adamalaryň arasynda akyllysy, iň pähim-paýhaslysy bolupdyr. Öz pähim-paýhasy bilen ol kuwwatly hökümdarlyga ýetipdir, ummasyz baýlygam toplapdyr. Ýer ýüzüniň ilaty oňa boýun egipdir, şöhraty bolsa äleme dolupdyr. Onuň çäksiz akyl-paýhasydyr gyly deň ikä bölüp bilýänligi hakyndaky gürrüňler çar tarapa ýaýrapdyr. Adamlar dawadyr jedellerini çözdürmäge onuň ýanyna gelip başlapdyrlar. Bir gezek iki aýal heniz çileden hem çykmadyk çagajygy onuň ýanyna getiripdirler. Aýallaryň biri: - Eý, hökümdar! Biz bir öýde ýaşaýardyk, bir otagda ýatyp-turýardyk. Meniň oglum boldy, onuň hem ogly boldy. Gije bu aýalyň oguljygy ýogalypdyr, bu bolsa ojagaz çagany bildirmän meniň düşegimde goýup, meniň oguljygymy-da öz ýanyna alypdyr. Säher bilen oýanyp görsem, meniň ýanymda onuň öli çagajygy ýatyr eken – diýipdir. Ol aýal sözüni soňlap-soňlamanka, beýleki aýal onuň üstüne gygyrmaga durupdyr: - Ýalan! Diri meniň oglum, öli seňki! Süleýman: - Maňa gylyç getirip beriň – diýipdir. Almaz gylyjy eline alan Süleýman ýanynda duran esgere: - Me, çagany des-deňje ikä böl-de, bölekleriň hersini bir aýala berip goýber – diýip buýruk beripdir. Edil şuýerde-de ilkinji gürlän aýal bar-bar bagyryberipdir. - Ýok, öldürmäň ony, öldürmäň! Ýalbarýan hökümdar. Çagajygyma rehmiňiz gelsin. Gowusy, meniň oguljygymy şu aýala beräýiň. Balajygym diri galsa bolýar, Beýleki aýal bolsa: - Diýseň parasatly netijä geldiňiz, eý danalar danasy! Siziň çözgüdiňiz örän adalatly, akyldarym. Goý, bu çaga we oňa ýetsin, ne-de maňa, çapyň – diýipdir. Şonda Süleýman esgeriň elini saklap: - Bu çagany ölümine dözmedik aýala ber, bu aýal çaganyň hakyky enesi – diýipdir. Ene perzendini garbap alyp, bagryna basypdyr. Aldawçy doňbagyr aýaly bolsa ile masgara edip kowup goýberipdirler. Akylly hem-de adalatly Süleýman her bir jedeli şeýleräk çözüpdir. Korneý ÇUKOWSKIÝ. Terjime eden Goçy ANNASÄHEDOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |