22:06 Rowaýatlar: Azaşan ogul | |
AZAŞAN OGUL
Halk döredijiligi we rowaýatlar
Bir adamyň iki ogly bolupdyr. Olaryň ulusy hojalykçy eken, ol mydama ekin üstünde bolup, atasyna kömek beripdir. Kiçi ogly welin beýle däl eken. Ol öýde oturmak islemändir, ýurt görsem diýip arzuw edipdir. Bir günem atasyny: - Atam, doganym ikiňiz hojalygyňyz bilen şu bolşuňyza gydyrdanyp geziberiň, maňa mirasdan ýetdik paýymy ber. Men gezjek – diýipdir. Atasy: - Hany aýt, nirä gitjek? Heniz başyň ýaş, adamlaram tanaňok, eliňden gelýän käriňem ýok. Gury heläk bolanyň galar – diýipdir. Ogly şol bir diýenini gaýtalap durupdyr. "Gitjek diýdimmi, gitjek". Atasy kyn ýagdaýa düşüpdir, ahyry mirasdan ýetdik paýyny berip, kiçi ogluna rugsat bermekden başga çäre tapmandyr. Kiçi ogluna ýol şaýyny tutmak üçin köp wagt gerek bolmandyr: gara at, eýer, ýüpek köýnek we zer bilen tikilen täze telpek satyn alypdyr. Galan puluny hem ýaglžyga düwüpdir-de, goltugyna salypdyr. Soňam atlanyp, ýola rowana bolupdyr. Ol az ýöräp, köp ýöräp, nätanyş bir ýurda, uly bir şähere gelip düşüpdir. Şäheriň belent jaýlary daşdan salnanmyş. Ilat bolsa misli ýere gurt düşen ýalymyş, özlerem dünýäni tutjak bolýan ýaly, hemişe alakjaşyp ýörmüşler diýýä. Gepiň keltesi, diýseň hezilmişin. Ol öňünden çykan birinden: - Eý, halypa, bu şäherde gije düşlär ýaly ýeri nireden tapyp bolar – diýip sorapdyr. Ol adam bolsa: - Puluň köpmi? – diýen. Ol goltugyndan çykaran ýaglygynyň daňysyny çözüpdir-de: - Ine, meniň pulum – diýipdir. Ýanyndakynyň gözleri ýanypdyr: - Sen-ä tütjar baý ekeniň. Men bu ýerde bir öýi bilýärin. Ol şäherde iň gowy kerwensaraý. Şoňa baraýaly. Olar tirkeşip kerwensaraýa gelipdirler. Kiçi ogul kerwensaraýyň iň oňat otagyny alypdyr, atyna bolsa saýlama süleden bermegi buýrupdyr. Howluda eýýäm mähelle bary ýygnanyp, olaryň ählijesem gelen tütjar baýy görmegiň arzuwyndamyşyn. Görseler, gelen myhman barmagyň ujunda aýlap oturmaly gögele oglanmyşyn. Onsoň şäher ilaty myhmana: - Gardaş, bizde şeýle bir däp bar. Iň baý adam ählimizi iýdirip-içirmeli. Kiçi ogul özüniň baý adam hasap edilmegine monça bolupdyr. Ol: - Ol-a gowy däp eken. Biziň öýümizde-de mydama köp bolnup naharlanylýar ahyry – diýipdir-de, ol adamlaryň ählisini nahara çagyrypdyr. Şäher ilaty iýip-içip mes bolupdyr, özüniň täze dostlaryny öwüp arşa çykarypdyr. Nämemişin, kiçi ogul hemmelerden nuranamyş, hemmelerden akyllymyşyn, aýdymy hem hemmelerden gowy aýdyp, hemmelerden gowy tans edýärmiş. Kiçi ogul öz adyna aýdylýan bu sözleri çyn saýyp, dylym-dylym edip, gomparyp ýatyrmyş. Onuň her güni şatlyk-şagalaň bilen geçipdir, Gündizlerine serhoşlukdan hem açylmandyr, gijelerine bolsa pully oýunlar oýnapdyr. Özem ˝Men samsygyňam samsygy ekenim, şu çaka çenli öýden çykman oturypdyryn. Özümiň şeýle oňat, sypaýy hem şadyýan dostlarymyň barlygynam bilmändirin˝ diýip oýlanýarmyş. Ýöne günleriň bir güni kiçi ogul elini goltugyna sokup, ýaglygy çykaryp görse, onuň gatynda gara şaýy-da galman eken. ˝Zyýany ýok. Dostlarym diýseň kän. Men olary ekledim, olar hem meni eklär˝ diýip pikirlenipdir. Ýöne onuň aýdyşy ýaly bolmandyr. Dost-ýarlary ondan başga ýonara zadyň ýoklugyny görüp, sülgüniň jüýjesi ýaly pytrapdyrlar. Gaýdyp onuň ýanynda görünmändirler. Kiçi ogul gaýga batypdyr, oturyp-oturyp, pikirlenip, ahyry hem telpegini satmaga gidipdir. Düşen pula kerwensaraýyň hojaýyny ony üç günläp ekläpdir. Dördünji gün diýlende: - Ýene-de pul ber, bizde mugt saklanoklar – diýipdir. Kiçi ogul: - Pulum ýok, atyň eýerini alaýyň – diýen. Hojaýyn eýeri alypdyr, eýeriň muzdy diýip, ony ýene-de üç günläp naharlapdyr. Soňra kiçi ogul hojaýyna ýüpek köýnegini, guşagyny, atyň rişmesini beripdir. Ýüze tutar ýaly zadyň ählisini berip, ahyrynda hiç zatsyz galypdyr. Hojaýyn: - Atyňy ber. Indi oňa berere zadyň-da ýok, ol seniň üçin artykmaç ýük ahyryn. Onsoňam eýersiz sen nirä gitjek? Atyňy sat-da, meňkide ýene-de bir aýlap ýaşaber – diýen. Kiçi ogul athana özüniň aty bilen hoşlaşmaga gidipdir. Atynyň gulaklarynyň arasyndan ogşap, aglapdyr. Şol mahalam, onuň ýadyna mähriban öýi düşüpdir. "Atamyň haly nähilikä? Sagmyka? Meni ýatlaýarmyka? Haýsy akyla eýerip, olary terk etdimkäm?" Ýöne ökünçden peýda barmy näme. Kiçi ogul yzyna dolanmaga, kakasynyň, agasynyň gözüne görünmäge utanýarmyş. Şeýdibem, başy açyk, aýagy ýalaňaç halda zordan gyrmyldap, özüne iş gözläp ugrapdyr. Ilkinji öňünden çykan öýüň gapysyny kakyp: - Size talaban gerek dälmi? – diýip sorapdyr. - Gerek. Tikin-çatyndan başyň çykýarmy? - Ýok, çykanok. - Onda gerek däl. Soňra başga biriniňkä barypdyr: - Talaban gerekmi? - Wah, gerekle. Maşgalamyz uly, nahar bişirinmäge-de elimiz degenok. Bizde aşpez bolarmysyň?! Kiçi ogul bolsa: - Ýok, men nahar bişirmegi başaramok – diýipdir. - Onda ýoluňdan galma. Kiçi ogul üçünji bir howlynyň derwezesini kakypdyr. Howlyň eýeleri jaý salynýar eken, olara gol güýji näçe diýseň gerek bolupdyr. Olar begenişip: - Gel, bize jaý gurşarsyň – diýipdirler. Kiçi ogul bolsa hiç haçan eline çekiç alyp görmän eken. Şeýdip, kiçi ogul nirä barsa, elinden näme iş gelýändigini sorapdyrlar. Onuň bolsa asla başarýan işi ýokmuşyn. Kiçi ogul ahyrynda bir adamyň ýanyna gelip iş soranynda, ol adam: - Etjek alajyň näme, başarýan käriň bolmasa, onda bizde doňuz bakmaly borsuň – diýipdir. Şeýdip kiçi ogul bu adamyňkyda doňuz makmaga galypdyr. Şol ýyl hem ol ýurtda hasyl bitmän, açlyk başlanypdyr, Hojaýyn: - Seni mundan beýläk ekläp biljek däl. Özümiz zordan günümizi görýäris. Ýöne başymy özüm çararyn diýseň ýaşaber – diýipdir. Kiçi ogul barmaga gapysy bolmansoň bu ýerde boluberipdir. Doňuzlaryň legenine guýlan kepekden garbanyp geziberipdir. Ol öz halyna özi aglapdyr. Mähriban öýleri ýygy-ýygydan ýadyna düşüpdir. ˝O ýerde – atamyňkyda, talabanlaryň iň bir özüni oňarmaýany-da garny doýýança iýýändir, men bolsam bu ýerde bir döwüm nan tapman, heläk bolup ýörün. Gowusy, yzyma dolanaýyn, baryp kakamyň aýagyna ýykylaýyn. "Günämi ötmesine-hä ötmersiň, ýöne, her näme-de bolsa meni özüňe talaban tutun. Garnym doýup, seni görüp ýörsem bolýar diýerin". Şeýle oýlar bilen dogduk mekanyna bakan ýola düşüpdir. Ol ozal bu arany ýel ýaly bolup atly geçipdi. Indi welin zordan süýegini süýräp gelýärdi: halys tapdan düşüpdi, içi eljuk diýýärdi, sowuk etinden geçip, süňküne ornapdy. Her näme-de bolsa, ykbal garaşyk edip, kä tokaýdan hozdur dürli ir-iýmiş çöpläp, käte-de ýüregi ýuka adamlaryň uzadan döwüm çöregi bilen oňňut edip, kiçi ogul ahyry dogduk mekana ýetipdir. Öýe golaýlaşdygyça, ýüregine howsala aralaşyp, pikir basyp ugrapdyr. "Atam nähili garşylarka? Belki ˝Güm bol, gözüme görünme˝ diýip, yzyma şakyrdyk dakyp kowup goýbär". Kellesinde şu pikirleri aýlap barşyna mähriban öýlerine ýakynlapdyr. Golaýyna barsa bir goja kişi işikde otyrmyşyn. Şol goja-da onuň atasy eken. Kiçi ogul atasyny tanapdyr-da, gujagyny gerip topulypdyr. Ogly atasynyň dyzyna çöküp möňňüripdir: - Atam, ata jan! Öt günämi! Saňa gulak asman, mähriban öýümizi taşlap, ýat ýerlere gitdim. Seniň bar puluňy ýele sowurdym. Meni seniň yhlasyň tutdy, görenim görgi, çekenim jebir boldy. Günämi ötmejegiňe akylym çatýar. Her näme-de bolsa, ajymdan ölmezim ýaly, meni özüňe talaban tutun. Atasy ogluny ýerinden galdyrypdyr-da, ýüz-gözünden sypapdyr: - Näme, ataň ýüregi daşdandyr öýdýärmiň? Sen meniň perzendim ahyry! Neneň onsoň seni bagyşlamaýyn? Dogry, sen günäkär. Ýöne sen eden işiňe puşman edip, gaýdyp geldiň ahyry. "Zeleliň ýarysyndan gaýtmak hem peýda" diýilýändir. Azaşan yzyny tapsa aýby ýokdur. Gir, balam, öýe. Goja şeýle diýipdir-de, talabanlaryna sesiniň ýetdiginden gygyrypdyr: - Oglum gaýdyp gelipdir! Iň oňat eşiklerden getirip geýdiriň ogluma! Agşama çenli iň semiz öküzçäni soýuň! Öý myhmanlardan dolupdyr, goja toýy uludan tutupdyr. Uly ogly meýdandan aryp gelse, öýlerindäki şowhun dik asmana galýarmyşyn. Ol talabanlaryň birini ýanyna çagyryp: - Bu nämäniň şowhuny? – diýip sorapdyr. - Iniň gaýdyp geldi, hojaýyn onuň üçin iň semiz öküzçäni soýmagy buýurdy – diýipdir. Inisiniň toý-tomaşa bilen garşylanylmagy agasynyň göwnüne ýakmandyr. Onsoň ol :˝Bu nähili bolýar. Bütin ömrüm atamyň ýanynda bolup, onuň ekinini ekýän, malyny bakýan men, gojalan göwnüne teselli berýän men. Inim bolsa bütin jahana keşt edip, atamyň ähli puluny ýele sowrup geldi. Indem atam ony hormatlap, myhman çagyryp, toý-tomaşa edýär, men hakda welin ýatlamagam islänok. Olaryň ýanynda meniň körüm ýok!˝ diýip, içini hümledipdir. Şo mahal atasynyň özi uly oglunyň ýanyna gelip, onuň elinden tutupdyr-da: - Gelsene basymrajyk! Bu gün biz toý edýäs. Seniň azaşan iniň tapyldy. Biz ony ýok hasap edip ýördük, ol diri eken! – diýipdir. Korneý ÇUKOWSKIÝ. Terjime eden Goçy ANNASÄHEDOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |