11:49 Rowaýatlar: Öňdengörüji Iona | |
ÖŇDENGÖRÜJI IONA
Halk döredijiligi we rowaýatlar
Gadym eýýamlarda Iona atly bir adam ýaşapdyr. Örän oňat we hoşgylaw adam bolansoň, ony hemmeler gowy görüpdir. Ýahwäniň özi hem Ionany köp adamlardan parhlandyryp, oňa şeýle diýipdir: - Sen örän hoşgylaw, oňat adam, hemmeler seni gowy görýär, şol sebäplem men saňa ýagşylyk etjek – seni öňden görüji, bilgiç edeýin. Häziriň özünde Ninewiýa şäherine bar, tiz wagtda uly bir betbagtçylygyň boljakdygyndy şäher ýaşaýjylaryna habar ber. Men olaryň aýal-erkeklerini diýmän, çaga-çugalaryny diýmän, ählisini ýok etmekçi bolýan. - Çagajyklarammy? Nämüçin? Bu žäheriň adamlarynyň näme etmişleri bar? - Olaryň ählisi ulumsy hem zalym bolupdyrlar, maňa gulak asmaýarlar. Hasam patyşa temegini ýokary tutýar. Şonuň üçinem Ninewiýany ýykmagy, onuň ýaşaýjylaryny gyrgyna salmagy ýüregime düwdüm. - Ninewiýa – beýik şäher – diýip, Iona jogap beripdir. – Onuň ilaty şunça az, özlerem sag elini sol elinden parhlandyryp bilmeýän adamlar. Çagajyklara rehimiň inenokmy? - Ähli zat meniň aýydşym ýaly bolar – diýip, Ýahwe gaharlanypdyr. – Seniň etmeli işiň Ninewiýa barmaly-da şäher ilatyna tiz wagtda özleriniň öljekdiklerini aýtmaly, wessalam. - Barybir olar maňa ynanmazlar. Olar seniň şeýle zandyýaman hem-de rehimsizdigiňe ynanmazlar. Oňa meniň özümem ynanyp biljek däl. - Ony alada etme. Saňa ynanýarlarmy-ýokmy, kyrk gün diýlende, seniň aýdanyň subut bolar. A sen bolsaň beýik pygamber saýylarsyň. Iona Ninewiýa şäherine ugrapdyr. Ol beýik bir depäniň üstüne çykyp, şol ýerdenem owadan bu uly şäheri synlapdyr, Şo mahal ilerden şemal öwsüpdir. Dürli gülleriň ysy, tamdyrdan çykýan howur we mele myssyk nanyň tagamy Ionanyň burnuna urupdyr. Ussahanalarda çekiç sesleri ýaňlanypdyr, ýataklarda mallaryň molamasy, bazardaky mähelläniň gohy, jaýlaryň depesinden çagajyklaryň şadyýan gülküsi eşidilipdir. Bu zatlar Ionany oýlandyrypdyr: "Eger-de Ninewiýanyň adamlary meniň gepime ynanmasalar, Ýahwäniň ýene-de gahary geler, žäheri heläklär. Gowusy, men om ýerik barmaýyn. Belki, Ýahwe-de bu niýetinden el çeker, ýadyndan çykarmagy mümkin". Ol şähere girmän, başga tarapa ugrapdyr. Az ýöräp, köp ýöräp, deňziň kenaryna barypdyr. Görse, bu ýerde bir gämi duran eken. Ol ýopl harjyny töläp, gämä münüpdir-de, deňiz tolkunlary bilen uzak ýurtlara ugrapdyr. Ýahwe welin hiç zady ýatdan çykarman eken. Ol gäminiň üstüne apy-tupan inderipdir. Gämi, ugruny üýtgetmäge mejbur bolupdyr, agdarylmaga az galypdyr. Kürekçiler diýseň horlanypdyrlar, apy-tupan welin gowşamandyr. Olar gäminiň ýüküni ýeňletmek üçin, onuň üstündäki ähli zatlary deňze oklapdyrlar. Iona bolsa bu mahal berk uka giden eken. Ol ähli apy-tupanyň özi üçin turýandygyny pikirem etmändir. Gämiçiler: - Bu apy-tupan ýönelige turýan däldir. Biziň bilen şeýle zabun haklaşyga haýsydyr bibimiz sebäpkär bolaýmalyň, serediň-ä deňizem köşeşeýin diýenok. Olar bu betbagtçylygyň günäkärini tanamak üçin bije atypdyrlar welin, Ionanyň bijesi çykanmyş. Olar dessine baryp Ionany oýarypdyrlar. - Siz näme ýaman iş etdiňiz, bu betbagtçylyk siziň üçin turýarmy? – diýipdirler. Iona bolsa şol ýakymsyz habary adamlara aýtmazlyk üçin özüniň Ýahweden gaçyp ýörendigini boýun alypdyr. Gämiçiler mundan gorkupdyrlar-da: - Deňziň köşeşmegi üçin, biziň hem diri galmagymyz üçin, seni näme etsekkäk? – diýip sorapdyrlar. Iona bolsa olara: - Meni göteriň-de deňze taşlaň. Apy-tupan diňe şonda gowşar – diýipdir. Gämiçiler oňa hiç hili jogap bermändirler, olaryň tolgunlaryň garşysyna göreşmekden güýçleri ejiz gelipdir. Asman garalypdyr, kürekçiler hem gara tolkunlaryň arasynda barha çarpaýa galypdyrlar. - Siz näme gymyldaňzok? – diýip, Iona gygyrypdyr. Tiziräk boluň, taşlaň suwa. Goý, meniň bir özüm öleýin, meniň üçin siz bir heläk bolmaň! - Bagyşla, mähriban adam!—diýip, gämiçiler Ionany deňze taşlapdyrlar. Şondan soň apy-tupan ýuwaşapdyr, deňizem rahat tolkun atypdyr. Iona deňziň düýbüne çenli barypdyr. Tolkunlar ony barha gysypdyr. Onuň başyna bolsa deňiz otlary çyrmaşypdyr. Ine, birdenem oslagsyz bir güýç gelipdir-de, ony tüm garaňkylyga taşlap-dyr. Iona garaňky gowakda galyberipdir, hatda onuň düşen ýerine ýsgtylygyň ujypsyzja şöhlesi hem düşmändir. Iona kör ýaly bolup, töweregi sermeläp çykypdyr hem-de diwara çenli süýşüp bilipdir. Diwar örän ýumşajyk, ýyly, özem janly zat eken. Iona bu täsin diwara gulak berip, diň salyp görüpdir. Niredendir bir ýerden "bum", "bum", "bum" bolup urgy eşidilipdir. Iona basym bar zada göz ýetiripdir. Özüniň äpet bir kitiň ýuwdandygyny, hälki garaňkylykdaky urgynyň bolsa şol kitiň ýüregidigini bilip galypdyr. Iona üç gije-gündizläp wagtyny kitiň garnynda geçirip, diňe dördünji gün diuýlende, Ýahwä çokunyp başlapdyr: - Men sizi deňziň çuň ýerinden, garaňky tümlükden çagyrýan. Deňiz tolkunlary yzymdan galanok, deňiz otlary başyma saraldy, daş-töweregimi tüm garaňkylyk gaplap aldy. Meni ýagty jahana çykar. Men seniň şol buýrugyňy ýerine ýetireýin. Şo demde deňiz tolkunlary äpet kiti ýokary göteripdir-de, Ionany kenara oklapdyr. Iona eşiklerini guradansoň ýola düşüpdir. Az ýöräp, köp ýöräp, uly bir nätanyş şähere ýetipdir. - Bu haýsy şäher? – diýip, bir ötegçiden sorapdyr. - Ninewiýa – diýip, jogap beripdir. Iona şäheriň ileri çetinden girensoň ol bu şäheri tanamandyr. Onuň gözüne hemme zat gorkunç görnüpdir. Özüniň bu şähere getireniňem Ýahwedigine akyl ýetiripdir. Iona şol kyrk günüň näçesi geçip, ýene-de näçe günden Ninewiýada ýaşaýşyň gutarjakdygyny hasaplap görüpdir. Görse bary-ýogy dört gün galan ekeni, Iona howlugypdyr, üç günläp şäheriň içinde iki-baka ylgapdyr, çem gelen gapyny kakypdyr-da: - Ninewiýalylar, size beýik Ýahwe göz görkezmek isleýär. Ol siziň baryňyzy öldürip, şäheriňizi bütinleý ýykyp-ýumurmak işleýär – diýip, gygyryp ýörüpdir. Dördünji gün diýlende, Iona şäherden çykypdyr-da, beýik depäniň üstünden Ninewiýany synlap oturypdyr. Şo mahal şemal öwsüpdir. Ýöne gülleriň ysy gelmändir, sebäbi, indi gülleri hiç kes suwarmandyr, tamdyrlardan ýakymly ys urmandyr, sebäbi, hiç kim indi özüne iýmek-içmek taýýarlamandyr, çaga gülküsi hem eşidilmändir, sebäp diýseň, çagajyklar hem şol aýylganç habarlara ynanypdyrlar. Diňe adamlaryň nalasy, aç mallaryň molamasy eşidilipdir. "Men dogrudanam, öňden görüji, bilgiç adam. Adamlaryň uly-kiçisi diýmän, meniň sözüme ynandylar, öz işlerini taşladylar, egin-eşiklerini çykardylar, saçlaryna kül sepdiler. Hatda Ninewiýanyň şasy hem özüniň altyndan ýasalan tagtyndan düşüp, gedaý ýaly, uly kül üýşmeginde otyr" diýip, Iona içini gepledipdir. Onuň depesini gün ýakypdyr, yssydan ýaňa dodagy kepäpdir, ýöne şol bir duran ýerinden butnamandyr. Birdenkä-de onuň golaý ýanynda gök otjagaz gögeripdir-de, soň ulalyp, düýp tutupdyr, şo dem ol düýpjagaz uly bir agaja öwrülip duruberipdir. Agaç Ionany öz saýasynda saklapdyr. Ýöne ol agajy gurçuk gemripdir-de guradypdyr. Onuň düşen halyna Iona aglapdyr. Şu ýerde-de ol Ýahwäniň sesini eşidipdir: - Seniň şu agaja gaty nebsiň agyrýarmy? - Onda-da nähili – diýip, Iona jogap beripdir. – Hatda gözlerim ýerem görmedi. - Ýaňyja gögerip, ýaňyja-da sülleren agaja seniň nebsiň agyrdy – diýip, Ýahwe aýdypdyr. – Ýekeje düýp agaç, özem ekmedik agajyň üçin gaty gynandyň. Şäheriň ýykyljagyny nädip sen kelläňe getirip bildiň? Ninewiýa – beýik şäher, onuň ýaşaýjylary-da heniz az, olar sag elinden sol elini parhlandyryp bilmeýän halk ahyryn. Iona şatlykdan ýaňa guş bolup uçupdyr, Agyr külpetden halas bolan şähere soňky sapar nazar aýlapdyr. Häzirki şemal bolsa dürli gülleriň ysyny, tamdyryň ýakymly howruny getiripdir, mele myssyk nanyň tagamy Ionanyň burnuna urupdyr. Ussahanalarda çekiç sesleri ýaňlanypdyr, ýataklarda mallaryň molamasy, bazardaky mähelläniň gohy, jaýlaryň depesinden çagajyklaryň şadyýan gülküsi eşidilipdir. Korneý ÇUKOWSKIÝ. Terjime eden Goçy ANNASÄHEDOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |