15:18 Aýandyr bary | |
AÝANDYR BARY
Goşgular
Adam ogly akyl er, ylymyň nygmaty, Kurany Kerimde beýandyr bary. Iman kalyp içinde bolunar gymmaty, Ömür kitabynda aýandyr bary. Köňül ber dünýäge ömrüň baky deý, Aýypdan daşda ýör demiň saky deý, Malyň mülküň misli kişi haky deý, Gaýgy gamu hasrat zyýandyr ýary. Eý adamzat ömür ýeke, iki däl, Gadryn bil her demiň hasap çaky däl, Gerdende çeker sen kişiň ýüki däl, Til bir süňksiz awusy haýaňdyr ary. Halmyrat imandan kyssa eýleýäň, Reňbe reň günäýe gözüň aýlaýaň, Nebsiňi hoş edip serhoş neýleýäň, Ol pursat ne bolar, aýandyr bary. 22.01.2024 ýyl. | |
|
√ «Dañ ýyldyzy» «Ömrüzaýa» öwrülip / Goşgular - 22.08.2024 |
√ Nyşanmy / Goşgular - 09.11.2024 |
√ Oglan wagtymyz... / Goşgular - 17.10.2024 |
√ Ýogaldy / Goşgular - 05.05.2024 |
√ Eý, aşyklar bahary, haýyr hamyla senden... / Goşgular - 22.10.2024 |
√ Saýhally hem sada / Goşgular - 15.11.2024 |
√ "Meňzeş däl sen çagasyna adamyň..." / Goşgular - 30.11.2024 |
√ Nebsin neýleýen / Goşgular - 08.06.2024 |
√ Сүйіп өтем / Goşgular - 11.10.2024 |
√ Я блондинка / Goşgular - 26.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |