09:01 Zenan imany | |
ZENAN IMANY
Goşgular
Käbäm enem, mährem bajym bu kyssa, Pygamber Resuldan hadys bilinen. Hüýr melek zenanlar bolmaň siz hassa, Resul gyzy Fatima rowaýat bolynan. Resul gyzy Fatima atam sen aýtsaň, Diýibän Pygamberden rowaýat ýörtsem, Ilki jennet işigin kim açar aýt sen, Diýip gyzy ata soraga salynan. Resul ekrem syr eýlegen jennetlik, Hol zenana diýdi, parzu sünnetlik, Fatima enemiz bilmek niýetlik, Salgysyn soraglap myhman bolynan. Bardy ol zenanaň mährem öýüne, Rugsat soraşyban myhman küýüne, Ol zenana diýen “adamym bu güne, Bihabardy”, habardar etsem diýilen. Pygamber gyzyna hormat, merhemet, Myhmana söýgüden eçilip söhbet, Didarlar arzuwda baglansa rehmet, Myhmanlyk ertire goýmak bilinen. Fatima enemiz ýoldaşlap Hasany, Ogly bilen bardy zenanaň kasamy, Zenana diýdiki rugsadym seni, Hasan oglanyňdan bihabar diýilen. Ol zenana bir gün puryja sorap, Fatima Hüseýni ýoldaşlyk arap, Ol zenana diýdi Hüseýne garap, Hasan üçin rugsat soradym diýilen. Dördüngi gün bardy ýene şol öýe, Ol zenana myhman alyndy saýa, Fatima enemiz bolup geň göýä, Bir ajap zenandy yşdan duýylan. Imandan, edepden baş eden zenan, Fatima enemiz bu syra haýran, Ol zenana buşlap jennetlik döwran, Bu hadys mysaly gör ne bilinen. Käbe ene, mährem bajy bir pursat, Jennetiň gapysy bu synda hormat, Adamyň öý ojak bolunsyn gymmat, Halmyrat imana yhlas salynan. 22.05.2023 ý. | |
|
√ Aglama sen, ýüregim! / Goşgular - 28.08.2024 |
√ Ybraýym Ýusupdan goşgular / Goşgular - 09.10.2024 |
√ Çaganyñ öweý enesine aýdany / Goşgular - 20.08.2024 |
√ "Şeýlemidi ahyrynda etjegiň..." / Goşgular - 03.12.2024 |
√ Kyrk ýaşa ýeteniñde / Goşgular - 03.02.2024 |
√ Nebis / Goşgular - 06.06.2024 |
√ Aýal dogan gelende / Goşgular - 23.08.2024 |
√ Hakyky şahyr / Goşgular - 08.05.2024 |
√ Perizat / Goşgular - 27.08.2024 |
√ Dag säheri / Goşgular - 15.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |