15:18 Pyglym harapdyr | |
PYGLYM HARAPDYR
Goşgular
![]() Aklym pikirim bilen çapraz geledir, Köňlüň bu halyna pyglym harapdyr. Dünýä misli loly deýin boladyr, Pälin bozup akyl satyp garap dur. Pany dünýä akny gara parh eder, Garypny baý bilen ornun nyrh eder, Ejiz bendäň günäsini çarh eder, Kysmat päle gülüp halyň sorap dur. Haýyr hyjuw nebis atyňy çapdyrar, Seni ozsa ynsap päliň gapdyrar, Dogany dogandan aýrar, depdirer, Dünýäni söýdürip, nebsin darap dur. Loly akyl satýar, sahy diňlenmez, Ynsap päle sygmaý günä geňlenmez, Haky nähak biliner, töhmet eglenmez, Ogry peşgeş berip, para garap dur. Iki ýüzli nebsi gallaç doýmaz gul, Haýyry üçin her iş başar misli dul, Ozal bu dünýäge eken deýin gül, Işi rowaç bolyp, sözi ýarap dur. Her kes kysmat bilen gelip geçejek, Adyl hem biadyl wagty ýetejek, Men bir işe aklym ýetmän ötejek, Däli deýin dertli köňlüm eräp dur. Ýerde Allaň öýi Beýtulla Käbä, Her kes barar, garşy alarki saba, Kimi iman, kimi abraý, güzaba, Ak-garaga işigin açyp arap dur. Halmyrat ne görüp, näme biler sen, Owal hem, ahyr hem şu deý bolar çen, Bir gün ruhuň üzüler, galar erksiz ten, Alla her nä kazy, jogap sorap dur. 01.02.2024 ýyl. | |
|
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |