23:18 Sendedir sende | |
SENDEDIR SENDE
Goşgular
Hamyrdan serini ýörüten ynsan, Şeýtanyň meýili sendedir sende. Solundan pälini örüten ynsan, Şeýtanyň seýili sendedir sende. Allaň dostluk emri hökümi neden, Ganym duşman söýülermi eý nadan, Kimse duşmanyndan haýyrlyk dadan, Şeýtanyň pygyly sendedir sende. Eý Adamzat seniň ömrüň nijedir, Ýüz ýyldan artarmy? haly küjedir, Ol melgun ömrüniň ýyly bil nedir, Şeýtanyň hyýaly sendedir sende. Hamyrnyň başyndan ahyry haram, Haýyry hem şeri, peýdasy, berem, Haramdyr gardaşym, tobasy kerem, Şeýtanyň pyýaly sendedir sende. Halmyrat toba et demiň ýetinçä, Allaň rehmeti ne?, ömrüň ötünçä!, Günäden daşda ýör, duşman bitinçä, Şeýtanyň zyýany sendedir sende. 25.12.2023 ýyl. | |
|
√ Pyragyň kyssasyn söýdüm / Goşgular - 24.06.2024 |
√ Baýar bagşa / Goşgular - 23.08.2024 |
√ Güljahana iberilmedik goşgy / Goşgular - 06.07.2024 |
√ Ýalñyzlyk / Goşgular - 28.07.2024 |
√ Meniň şeýle mährem ejem janym bar / Goşgular - 30.10.2024 |
√ Durmuş toýunda okalan goşgy / Goşgular - 24.08.2024 |
√ Goltugy daşly adam / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Ýörter siz / Goşgular - 13.07.2024 |
√ Poeziýa / Goşgular - 16.11.2024 |
√ "Gitdim senden ilerledip ümzügi..." / Goşgular - 01.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |