15:37 "Söýüň gül roý ajap enelerimizi" | |
"SÖÝÜŇ GÜL ROÝ AJAP ENELERIMIZI"
Goşgular
![]() Güle yhlas etseň müşgini seçer, Söýüň gül roý ajap enelerimizi. Köňlüne yşk örtseň kalbyny açar, Söýüň nur roý ajap enelerimizi. Enäniň yhlasy nepesi zyýat, Köňülde döreder süýji küý haýýat, Synada dokuz aý, mähriňe şaýat, Söýüň nur roý ajap enelerimizi. Enäň daban asty jennete elter, Ak süýdi balasyn mähire ýörter, Otda özi ýanar, ýaşadar, örter, Söýüň nur roý ajap enelerimizi. Halmyrat parz bolan kelamdan kyssa, Allaň emri hakda ylym etdi esse, Adam ataň çep ýaý süňkünden assa, Söýüň hüýr roý ajap enelerimizi. 26.01.2024 ýyl. | |
|
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |