22:23 Jynlar, zorlanan monahinýalar, geçiaýakly ärler... | |
JYNLAR, ZORLANAN MONAHINÝALAR, GEÇIAÝAKLY ÄRLER...
Geň-taňsy wakalar
• Jynlar, periler hakda bilesimiz gelýän zatlar Geçirilen ylmy-barlaglaryñ netijesi biziñ günlerimizde hem jynlaryñ bardygyna geçmişdäki ýaly ynanylýandygyny görkezýär. Emma bolup geçýän hadysalar jynlardan has beter adamlary yşarat edýär, hamana adam diýilýän jandar başgaça däl jandaryñ görnüşine öz energiýasy bilen ömür berýän ýaly... Ýene bir tarapy bolsa, jynlara ynanmak üçin çeşme we gollanma hasaplaýan mukaddes kitaplarymyz başga zatlary gürrüñ berýän bolaýmasyn? Biziñ günlerimiziñ jyn döwri: ikiaýaklylary az görýän ýaly, indem o taýdakylar bilen gidişýäris. Her kimiñ öz jyny bar. Öñýeten biri-birini gorkuzmagyñ pikirinde, "jyn bodyguard" 24 sagat işleýär. Birmahal Memiş mediýumyñ jynlaryny ogurlandygy üçin birini aýyplapdylar. Indem tarykatçy jynlardan köp zat ýok. Biliñ goýanyñyz ýagşy welin, bu planeta mundan artygyny göterip bilmese gerek. Hem biz, hem olar - munça märeke bir ýerde, boljak zat däl. Megerem, jynlar ýurdy Jynystanda-da ykdysady kynçylyklar we işsizlik bar bolara çemli, biz tarapa durman işsizlerini ýollaýarlar. Ol ýerde ykdysady professiýasy ýokmuka, nirdekä jyn döwleti diýilýän? Jyn ýolbaşçylary näme işläp ýörkä? Bärik gaçgak jynlar gelýär, habaryñyz ýokmy? Indi jynlar bilen ýakynlyk edýänler, nikalaşýanlar, hatda şeýle nikadan çagalary bolýanlar hakda ýygy-ýygydan eşdilip ugrady. Şonsuzam çagalygymyzdan bäri şulara meñzeş gep-gürrüñleri eşdip ýörüs. Biziñ günlerimizde jynlar ylmy taýdanam, intellektual taýdanam batyl ynanç hasaplanýar. Oba ýerler bolaýmasa, şäherlerde eşdilýän wakalardyr myş-myşlara ýa-ha ruhy näsaglyk ýa-da sensassiýa döretmek üçin diýip düşünilýär. Hakykatdan-da wakalaryñ köpüsi üçin şeýle baha ýerlikli... Meseläniñ ýene bir tarapy bar, käbir geñ-tañsy wakalary başdan geçirenler däli diýläýmesin gorkisy bilen ýa-da seksomanýak diýäýmesinler diýip gürlemäge çekinýärler. Kimiñ bilenmi? Dogry salgylar bilen elbetde... Aýlanyp-dolanyp ýene şu ýerik gelmeli bolýarys, indi biraz gönüläýin: aslynda ýagdaý dünýäniñ hemme ýerinde birmeñzeş, hemme döwürde bolşy ýaly... • Zorlanan ruhanylar Iññän gadymy döwürlerden bäri göze görünmeýän ýarlaryñ, hyýaly ruhlaryñ hekaýatlary gürrüñ berilip gelinýär. Bu üýtgeşik mahluklar köplenç aldawçy, jynsy taýdan özüneçekiji, güýçli, ýöne ugursyz we ýaramaz bolýar, köplenç ýeke ýaşaýan aýallaryñ gijelerine, düýşlerine girýärler. Äre çykmadyk monahinýalaryñ boş gijelerinde we elhençligiñ sakasy bolup öýde oturan gyzlaryñ ýa-da dullaryñ bolsa bilnikli ýa-da bilniksiz orgazm doly gorkulary bilen bile ýüze çykýarlar. Aýdylyşyna görä sallah ýa-da telpegi agan erkekler we aýratynam mistikler hem mundan paýyny alýarlar, ýöne olaryñ garşysynda bu gezek owadan, şöhwetli, gözelliginiñ deñinden gözüñi ýumup geçip bolmajak derejede urkaçylary bar. Gadymy ynançlarynyñ birine görä, bu mahluklar jynsy ýakynlyk etmegiñ yşgynda gezmek üçin ölümden dänen ilkibaşky ruhlarmyş. Dünýä edebiýatynyñ altyn hazynasyna giren "Müñ bir gije" arap ertekilerinde jynlar erkekleri öldürýän özüneçekiji aýallaryñ sypatynda suratlandyrylýar. Braziliýada "Lobişoman" ady bilen orta çykyp, aýallaryñ ganyny içýärler we olary nimfomanýak ahwala salýarlar. Hristianlyk jynsy berhize köp üns berýänliginden, Orta asyrlarda jynly we şeýtanly wakalardan kän zat bolmandyr, etiñ günäsi uly bolupdyr, är-aýallara çenli jynsy gatnaşyklaryny minimal derejä düşürmäge çagyrylyp gorkuzylypdyr. Keramatly atalaryñ işi kym bolupdyr, Keramatly Antoniý şöhwet ýesiri bolan aýgyr mahlugyñ musallatyna uçran bolsa Keramatly Godriç her uklanda üstüne çykýan kürteli gyzyñ ömürboýy zorlugyna uçrapdyr. Şol wagtlar şeýle bir gorky ýaýrapdyr welin, beter owadan aýal-gyzlar bilen erkekleriñ ýüzi daglanyp ýa-da ýara salnyp, jynlaryñ hüjüminden goranjak bolnupdyr. • "Gatnaşyk" Buthana inkwizisiýa döwründe erkek jyn ýarlara garabasma manysyndaky “Incubus” adyny beripdir. Garabasma sözüni biz häzir erbet düýş görüp basyrganyp turanymyzda ulanýarys. Urkaçylaryna bolsa “Succubus” diýlipdir. Bu mahluklaryñ maksady ak ýürekli adamlary azdyryp, dowzaha ýollamak bolupdyr. Döwrüñ netijesinde biziñ günlerimizde-de örän täsirli we giñden ýaýran eksorsizm ýagny "şeýtanizm - şeýtanyñ täsiri astynda galmak" wakalary we şeýtan kowujy eksorsist ruhanular şol günlerden biziñ günlerimize çenli gelip ýetipdir. Mysal hökmünde berlen bir wakada ýaş zenan buthanada aýaklaryna erk edip bilmändir we düşegine geçen badyna seksual sesleri etmäge başlapdyr. Ýene birinde är-aýalyñ jynsy ýakynlyk edip duran wagtynda peýda bolan geñsi mahluk aýaly zorlamaga başlapdyr, elheder alan erkek elýeterinde duran paltany alyp mahlugyñ kellesinden salandygyny we onuñ kellesini goparandygyna garamazdan, aýalyñ iññildileriniñ arasynda zorlama hereketi dowam edipdir. Özem bu gorkunç wakany daşrakdan gözi bilen gören şaýat hem bar. Eýse bu adamlar näme gördülerkä? Şular ýaly wakalar esasynda aktrisa Barbara Herşiniñ baş rolda oýnaýan "Gatnaşyk" ("The Entity"/"Существо", 1982) atly kinofilmi hem surata düşürilipdi. Emma edilýän gürrüñler we kinofilmiñ soñunda ýazylanlar şeýle wakanyñ hakykatdanam bolup geçendigini aýdýardy. Kinofilmde göze görünmeýän güýjüñ hüjümine uçran aýal ABŞ-nyñ Ýuta ştatynda ýaşaýan eken, hüjümler azalanam bolsa, soñ-soñlaram dowam edipdir... • “Ärim geçiaýak…” Başga çeşmeleri öwrenenimizde, aýratynam manastyrlarda erkek pişigiñem girip bilmeýän otaglarynda, aýal monahlar gapdal otaglardan eşidilýän aýşy-eşretli içiñi çekmeleri, krowadyñ jygyldylaryny her gije eşdipdirler, günä çykarma hüjrelerinde olaryñ namysyna deglipdir. Şolar ýaly köp şaýat we jebir çeken bar welin?.. Buthananyñ jynsy gatnaşyga ýapyk gapysy jynsy islegleri hakykata öwürýärmidi? Bu hadysalaryñ añyrsynda näme bardy? Bolup geçýänler ýeke ýaşaýan sagdyn adamlaryñ seksual fantaziýalarymy ýa-da lezbiýankalyk ýaly azgynçylykly jynsy gatnaşyklaryñ netijelerimidi? Eger şeýle bolsa, şaýatlaryñ we hatda köpçüligiñ gözüniñ öñünde bolup geçen hadysalaryny näme etmelidi? Elbetde, ol ýerde "Inkobus" adyna bürenen zenan monahlar bilen diñe ýeke aýallary zorlaýam birtopar monahlar hem bolupdyr. Emma hemmesi bular çäklenmeýärdi. Ýewropa folklorynda bular ýaly hadysalaryñ degişme edilip aýdylýan aýdymlary häzirem dilden düşmän gelýär. Angliýada bolup geçen waka hasam geñ galdyrýar. Üç ýyllap bir adam bilen ýaşaşan Ellen Driwer deñiziñ kenarynda dynç alyp ýörkäler aýagyndan hiç haçan jorabyny çykarmaýan äriniñ aýagynyñ at toýnagy ýalydygyna we ýiti dyrnaklarynyñ bardygyna tötänlikde gözi düşýär. Jany bokurdagyna gelip gaçan Ellen sesine ylgap gelen boýdaşlary bilen ýene äriniñ oturan ýerine gidip görende, gaýanyñ añyrsyndan dilkaw-dilkaw ot-ýalynlar bilen tüssäniñ asmana galandygyny we gökde ýitirim bolandygyny görýär. Elleniñ ärini şondan soñ hiç kim görmändir we ol adam tapylmandyr. Eýse Ellen üç ýylyñ dowamynda nädip äriniñ aýagyny ýalañaç ýagdaýda görmedikä? Bu jan alyjy sowalyñ jogaby ýok, sebäbi sowal soralman, kemterligine galypdyr. Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |