22:00

Gündelikde galanlar -31/ dowamy

Ýatlamalar
Категория: Ýatlamalar | Просмотров: 408 | Добавил: Moderator | Теги: Allaýar Çüriýew | Рейтинг: 4.7/3
Awtoryň başga makalalary

Ýatlamalar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 2
0
1 Teylor  
1706
Hudaýberdi Durdyýew barada aýdylýan zatlara şok boldum. Bu adamy özüm-ä tanamok. Emma ömrüni medeni işlerde işlan tanşymyñ gür bermegine göra, su agam medeniýete ministr bolanda, Türkmenistanda ady dünýä belli "Güneş"estrada aýdym-saz topary döredillipdir. "Dessan", "Aktelpek" "Pendi nagmalary", başga-da birnäçe folklor ansably hereket edip, ozalky soýuzyñ içinde meşhurlyk gazanypdyrlar. Bu ýazyjynyñ. öz ýazan eserleri esasynda "Gadymy daglaryñ rowaýaty", "Karkara" atly çeper filmler ekrana göýberilip, köp ýurtlarda meşhurlyk gazanypdy. Miweli agaja mydama kesek zyñylar diýilýäni çyn bolmaly.

0
2 Moderator  
1471
Kimdir biriniň sözüniň dogrudygyna şübhe bildirmek üçin gürrüñi gidýän taraplaryñ ikisi-de (belki-de ondanam köpi) aýatda diri däl bolmaly. Sebäp onuň sözüni özünden başga ýalana çykaryp ýa-da dogrudygyna güwä geçip biljek adam ýok (Pylan ýazyjy-şahyr bilen pylan wagtda palan zat bolupdy diýip, birmahal ölüp giden bendeleriň adyndan gürläp ýören agzyboşlaryň birnäçesini özümem bilýän). Şeýle ýagdaýda eger dogryñy aýdýanam bolsañ, meseläni ýazyjynyñ öz ynsabyna goýaýmasañ, hakyky ýagdaýy bilmek kyn bolýar. Awtor muny aýdanyñ Tirkiş Jumageldiýewdigini aýdýar we häzir awtoryñ özem, Tirkiş aga hem aýatda diri. Eger isleseňiz, dogrusyny bilmek kyn däl.
Galyberse-de, Tirkiş aga haýsydyr bir ýazyjynyñ bagyna kesek atjak ýazyjy däl, ony ýakyndan tanaýan adamlaryñ aýdyşyndan gönümel adam. Onuñ öz döreden "miweli bagy" bar we bu "bagy" her öňýeten ýazyjy döredibem bilmeýär. Allaýar agany-ha asyl özüm ýakyndan tanaýaryn we ony ýazyjy-şahyrlaryň içinde iň dogruçyly, iň dürsi, iň arassasy hasaplaýaryn, onuň agzyndan häzire çenli ýalan söz beýlede dursun, hiç kimsäniň salgysyna kesek oklaýan söz eşitmedim. Ajy-da bolsa, süýji-de bolsa, diri bolsaň ýüzüňe, ölen bolsaňam yzyňdan dogrusyny aýdyp bilýän oklaw ýaly göni adam. Şonuň üçinem onuň bilen jyny jyňkyryşmaýan ýazyjylaram hormat bilen "Allaýar aga başgadyr" diýip mertlerçe bahasyny berip bilýärler.
Şeýle-de siz gürrüñi bulaşdyrýarsyñyz, aýdyşyñyz ýaly H.Durdyýewiñ döredijiligi gowy baha berilmäge mynasyp. Gürrüñ onuñ döredijiligi barada däl-de, özi barada barýar.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]