20:12 Gündelikde galanlar -32/ dowamy | |
03.02.2021
Ýatlamalar
Dirižýor Orazgeldi Berdiýew ýogalypdyr. Ýeke özi ýaşaýan eken. Muny maňa kompozitor Gurbandurdy Çaryýew aýtdy. 80 ýaşa golaý bolmaly. 12.02.2021 (anna) Günüň birinji ýarymynda professor Mäti Kösäýewiň ogly bilen duşuşdyk. Işleýän edarama meni görmek, meniň bilen tanyşmak üçin gelen ekeni. Elinde Mämmetdurdy Annagurdowyň «Döwür, adamlar, wakalar», Allaýar Çüriýewiň «Bir soragyň ýigrimi ýyllyk sütemi» atly kitaplary, men hakda G.Annasähedowyň «Alym şahyr» atly makalasy (makala 2019-njy ýylda «Türkmen dünýäsi» atly gazetde çap edilipdi. 70 ýaşym bilen baglanyşykly) bar. Ata Gowşudowyň aýaly «Mäti Kösäýew basylanda, onuň bilen ýazyjyny hem ýüzbe-ýüz oturdyp sorag edipdirler. Şonda Mäti Kösäýew oňa «ýykyljak haýata bir kerpiç az boldumy, ýa köp boldumy, tapawudy ýok, bilýän zadyňy aýdyber» diýipdir. Ata Gowşut öýüne gelensoň, ýüzüni iki eli bilen tutup aglady» diýip, Ata aganyň aýaly Mäti aganyň ogly Erkine aýdypdyr. «Bir soragyň ýigrimi ýyllyk sütemde-de» Mäti aganyň Hydyr aga bilen bagly görkezmeleri bar. Ýöne ol bu hakda hiç hili zat aýtmansoň, men gürrüň gozgamadym.” Mäti aga hakda ýatlamalaryňyzy ýazyp, kitap edip çykarsaňyz gowy bolardy» diýip aýtdym. Biziň gürrüňimize işdeş ýoldaşym Gurbanjemal Ylýasowa-da goşuldy. Mäti aga hakda birtopar zatlary ýatladyk. Mäti aganyň aýalynyň ady Annanabat Saryja gyzy. Büzmeýinli. 1917-nji ýylda doglan. 1974-nji ýylda ýogalan. On çaga dogrupdyr – 3 oglan, 7 gyz. Bir ogly – Nepesli Aşgabat ýer titremesinde wepat bolan. “Ilkinji kinooperator Annamuhammet Geldiýew meniň daýym» diýip, Erkin aýtdy. 14.02.2021 Babamyz Hudaýberen serdaryň kakasy Babasadygyň aýalynyň ady Beýmaga bolmaly. Ol eýranly seýit adamsynyň maglasyndan . Ejem «Beýmaga enem seýit gyzy eken» diýip aýdýardy. Babasadygyň bir ogly Nowruzhanyň hem aýaly Mahanym atly kürt gyzy eken. Atam Çary Balynyň kakasy Balynyň aýalynyň ady Desse mama. Ol 105 bäş dagy ýaşapdyr. Balynyň kakasynyň ady Nury kelte. Onuň aýalynyň ady Hanym bolmaly. Hanym Hojamgulynyň aýal dogany. Hojamgulynyň iki aýagy ýok eken. Oňa bir ýerden gazak gyzyny tapyp, şoňa öýeripdirler. Ondanam Seýitguly mergen, Seýitmyrat, Sähetmyrat bolýar. Sähetmyrat taryhçy alym Annamyrat Sähetmyradowyň kakasy, Seýitmyrat Annamuhammet Seýitmyradyň kakasy, Seýitguly mergen Nurynyň, Ata çolagyň, Baýrammyrat Seýitgulynyň kakasy. Nury otuzynjy ýylda Garrygalada milisioner bolup işlän, soň sil gelende adamlary halas etjek bolup sil suwunda heläk bolan. Türkmenistanyň halk ýazyjysy, görnükli sowet şahyry Nikolaý Tihonowyň ol hakda “Nury milisioner” ayly hekaýasy hem bar. Nurudan Rejep diýen bir oglan bolupdyr. Rejep oba hojalyk institutynda okan bolmaly. Urşa gatnaşypdyr. Soň ýitýär. Razwedçik bolup daşary ýurtlarda gulluk eden bolmaly. Çagalaryna bir ýerlerden kömek puly gelýän eken. Muny maňa Baýgeldi aýdypdy. Oňa-da Annamyrat aýdan bolmaly. Bularyň gazak gany bar. 18.02.2021 Düýn sagat 4-lerde şahyr Italmaz Nuryýewiň aýaly Güljan daýza 79 ýaşynda ýogalypdyr. Mara äkidipdirler. Gurbanjemal Ylýasowa birküç günlükde ony sorap gaýdan eken. Horlanypdyr, “Soňky döwürde hiç zat iýesim gelenok” diýipdir. Italmazyň birinji aýaly Oguljeren 25 ýaşynda ýogalypdyr – süňk inçesi, şo döwürlerde bejerip bolmaýan eken. Italmaz uniwersitetde okan döwri kursdaşy Aýgözel atly gyza aşyk bolýar. Ýöne kursdaş ýoldaşy o gyzyň başyny aýlapdyr. Şo hakda goşgy bar eken Gurbanjemalda, göçürip aldym. Italmaz Nuryýew • Uzyn adam Aramyzdan bir eýjejik gözel geçdi, Uzyn adam, Gyz güle däl, ol gözele gül meňzeşdi, Uzyn adam, Ikimizem aşyk bolduk, gabandyk bir-birimizden, Senden, menden biperwaýlyk umma gaçdy, Uzyn adam! Sen dilewar, ilkibada «algyr» bolduň, Uzyn adam, Men çekinjeň, aýdyp bilmän, yza galdym, Uzyn adam, Nätjek, soňra goýar ýerde goýman ýaňran sözleriňe Dodagymy çeýneý-çeýneý, gulak saldym, Uzyn adam! Görüp dursak, beýik ýeňşiň ýalan eken, Uzyn adam, Söýmek nirde?! Gyz üstüňden gülen eken, Uzyn adam, Duýar ýerde duýman ony, gatnaňdan soň zygyr-zygyr, Gyz kowalap, yzyňa it, salan eken, Uzyn adam! Açdym menem ýürek syrmy... Belki, kem-kem, Uzyn adam, Gyz ýüregni awlaryn-da, borun hemdem, Uzyn adam, Ýöne şindem ol gyz bilen ýalňyşlykda duşuşaýsam, Nämüçindir ysyrganyp, gelýäň her dem, Uzyn adam! Geliber sen, ýüregiňde kir bolmasa, Uzyn adam, Sylamaryn, şübhe görsem, garagyňda, Uzyn adam, Ýadyňdadyr, kän diňläpdim, ýalan-ýaşryk warsakyňy, Gaýrat et-de, hakykaty, synla sen-de, Uzyn adam! Göriplige hemra bolsaň, daşdan gö:rin, Uzyn adam, Başyň çykjak, güýjüň çatjak ýerne sürün, Uzyn adam, Ýok, öwünmek islemeýän, diňe bir zat ýatladaýyn, Taýyň tapgyn erjeşeňde, eýmendirin,Uzyn adam! 20.02.2021 Atajan Tagan jaň etdi. Moskwada işlän döwri Nury Baýrama ýazan goşgusyny okap berdi. Ol «Moskwa komandirowka barar ýaly et» diýýär. «Gelseň, ýarym kilo çekize getir» diýip haýyş edýär. Nury Baýram Moskwa gelensoň Atajan oňa «Kitabymyň gonoraryny almaga kömek et» diýýär. Nury Baýramam Aşgabada baramsoň ýarym aýdan iberer ýaly ederin» diýip söz berýär. Gonorar wagty bilen gelmeýär. Atajanam dostluk degişme goşgusyny ýazan. Şo ýerde-de neşirýatyň direktory Halmyrat aganyň adyny hem getirýär. Nury Baýramam «Halmyrat aga, sen edebiýatyň taryhyna girdiň» diýýär we şondan soň gonorar meselesi çözülýär. Atajan şo goşgyny okap berdi. Gowy goşgy eken. «Begmyrat (Begmyrat Ussaýew, Atajan ikisi dostdy) şuň ýaly zat eşitse, üstüne goşup ýaýradýardy» diýdi. Bibi Pälwanowa doktorlyk dissertasiýasyny goranda Begmyrat: «Doktor boldy birimiz, Pälwanowa Bibimiz» diýip, degişme ýazdy. – Gulak apparatymyň möhleti 1 aýdan gutarýar. Gowy apparatly bolsa soraber. Biri getirip berdi, razmeri gabat gelmedi. Ker görseň soraber. Soňky birküç günlükde aýagym gaty agyrýar. Klassyklaň ykbaly şeýle eken – diýip degişdi. – «Italmazyň aýalynyň ýogalanyny maňa-da habar bermeli ekeniň» diýdi. XXX Şu gün ýurdumyzyň rus-türkmen gatyşykly mekdeplerinde 8-nji klasyň edebiýat kitabynda Allaýar Çüriýewiň «Sumbar» goşgusy we döredijiligi hakda sapak geçildi. 23.02.2021 Düýn edarada Maral Taganowadan türkmen edebiýaty hakynda ýazylan Türkiýede neşir edilen kitabyň elektron göçürmesini aldym. Kitaby türk alymy Söner çapa taýýarlapdyr. Birki ýyllykda Maral bäş-on sany goşgymy soranda, «Türkler neşir etjek» diýipdi. Kitapda türkmen şahyrlarynyň aglabasynyň goşgulary we terjimehal bar. B.Hudaýnazarow, K.Gurbannepesow, Gurbanguly Berdimuhamedow, Ahmet Mämmedow, Nobatguly Rejebow, Atamyrat Atabaýew... çagalar edebiýatynda Azat Rahmanyň hem goşgulary bar. Muny men oňa «Goşgularyňy taýýarla» diýip, jaň edip aýdypdym. Goşgularym: «Nohur daglarym», «Taňrym maňa bir ýürek ber», «Sumbar», «Türkmen sährasynyň nowbahar gyzy», ýene bir goşgy. Kitabyň ady «Türk dünýäsinde çärýek asyrlyk edebi tejribe: Ýazar Orhan Söýülmez, Ömer Faruk Ateş. Ankara, 2020. Bençü. 25.02.2021 Şu gün Italmaz Nurynyň aýaly Güljäniň belli gününe – ýedisine göründik. Atajan Tagan bilen şo ýerde gürrüňdeş bolduk. «Meni ýene gadagan etdiler. «Edebiýat we sungatda» gündelikden bir sahypa berýärdiler. Ony polosadan aýrypdyrlar. «Nesilde» men hakdaky makalany aýrypdyrlar» diýdi. 06.03.2021 Düýn edarada aýal-gyzlary 8-nji mart baýramçylygy bilen gutlamak dabarasy boldy. Men gyzlary gutlap, «Nowaýy halan», akademik Baýmuhammet Garryýewe bagyşlap ýazan goşgymy, Atajan Tagana bagyşlap «Dagdan» atly goşgularymy okap berdim. Okap bolup, äýnegimi jübime saljak boldum, şo wagt onuň bir gulagy jort ýolundy-da ýere gaçdy. Direktorymyz «Ine, Allaýar aga, göz degdi» diýip gülüşdirdi. Öýlän sagat 3-de edarada ýene aýal-gyzlara bagyşlanan ylmy konferensiýa geçirildi. Munda men başga birnäçe goşgymy hemem şu gün irden ýazan «Köneçil adam» diýen goşgymy okadym. Irdenki okan goşgularym hakda gyzlar dargaşyp gidip barýarkalar bir ýerden Ogulgerek Ussaýewanyň «Allaýar, Allaýar» diýip gygyrýan sesini eşitdim. «Näme» diýsem, “sen goşgularyňy bu gezek, kabinetde bize okap berşiň ýaly joşgunly okamadyň» diýdi. Muň ýaly gyssanyp aýtmak näme gerek. Kabinete baramyzda, öz pikiriňi aýdaýmal-a! Ýöne goşgulary erbet okamanymy özüm gowy bilýän-e! Pahyrda göriplik diýen erbet häsiýet öz erkine goýmandyr-ow diýip, pikir etdim. Begmyrat Ussaýewiň nähili ýaşaşandygyna güwä geçip biljek däl weli, ýöne birki ýyldan bäri bir kabinetde oturamsoň, onuň käbir häsiýetlerine belet boldum. Iň erbet ýerem ol egoistka. Diňe özüni bilýär. Nädip ýazyjy bolup bilýär. Aý, hawa-da onuň ýazan hekaýalary ite dök diýsem, göwnüne degdigim bolarmyka?! 11.03.2021 Geçen hepdäniň ahyrlary holodilniikden çykaryp sowuk tworog iýdim. Öňem bokurdagyň ugry ýok. Gije bokurdak gijäp başlady. Şu gün hasam üsgürýän. Döş agyrýar. Baýjana aýtsam, ol meni kowidden testden geçirdi. Işiň ahyrynda arassa diýip habar geldi. Begenmeli zat. Gyzgynym irden 3609, günortan 3605. Gyzgynlyk normal ýagdaýda. XXX Şu gün işde institutymyzyň alymy Aman Geldimyradowa «1962-nji ýylda çykan «Türkmen diliniň sözlügini» täzeden işledik diýip öz adyňyzy berdiňiz. Adamlar bu edişiňize düşünmediler. Allaguly Mollaýew üstüňizden ýazdy. Ýöne onuň öňüni aldylar. Muny oňarmadyňyz. Beýtmeli däldiňiz. Indi siz adamlaryň öňünde lagnat. Sözlük maşynkadan (kompýuterden) geçende institutymyzyň bölümleriniň işgärleri deň okady. Eden işiňiz bolmady. Heý, bolmanda Maşan Hamzaýewiň ýolbaşçylygynda şu sözlük 1962-nji ýylda neşir edildi. Oňa-da Gurban Ataýew, Wahyt Mesgudow, Açylowa, Häsiýet Gapurowa we beýleki diýip atlaryny hem agzap bilmediňiz» diýip aýtdym. Özüni aklajak boldy. «Sen maňa töhmet atýasyň» diýip çykdy. «Ýüregimi agyrtdyň» diýip çykdy. Şerraýlyk etdi. «Biziň etjek zatlarymyzy ýokardakylar aýyrdylar» diýip çykdy. «Aýyrsalar sözlükden ýüz öwräýmeli ekeniňiz. Hany, siziň deňiňizde siz tarapyndan diňlenmänsoň Aman Nurmuhammedow sözlügi düzmekden ýüz öwürdi. Hut seniň hötjetligiň üçin. Protesti boldy şonuň» diýdim. Ýanymda diňläp duran institutyň sözlükçilik bölüminiň müdiri men öýe gaýtjak bolup, gapa ýönelenimde yzymdan ýetip «Aga, köp sag bol» diýip, gelip elimi berk gysdy. 13.03.2021 Irden Bertels hakdaky gepleşigimiň 1-nji bölümini eşitdirdiler. Ikinji bölegi indiki sanynda – indiki şenbede bolaýmasa. Ymyzganypdyryn.Kakam düýşüme girdi. «Allaýar “– diýip, gapydan gygyrdy. Men ony aýagym trusyly garşylapdyryn. Öňki agşam Orazgül düýşüme girdi. Şu günler birazajyk ýarawym ýok. XXX Annameret o wagtlar oglanjyk eken. «Partizan Allaýar Gurban ýogalypdyr» habaryny eşiden, onuň atasy Han gerkez agtygyny ýanyna alyp, Çukur obasyndan dag ýodalary bilen Gerkeze gaýdýarlar. Ýolda olar ýatan gaplaňy görýärler. Şonda onuň atasy münüp barýan eşegini ýyldyrym çaltlygynda yzyna öwrüp duruberipdir. Birsalymdan yzlaryna garasalar, gaplaň turup giden eken. Bu öňden gelýän zat bolmaly, gaplaňyň gözüne göz düşmeli däl bolmaga çemeli. Ýa-da eşegiň gözi onuň gözüne düşmeli dälmiş. Ýogalanda Allaýaryň boýnuny ölçäpdirler, “Boýy onuň 2 metr 6 santimetrdi” diýip, Annameret aýdýar. Bu san onuň ýadynda galypdyr. Kakasy Durdymämmet doglanda olaryň obasyna gyzyl gar ýagypdyr. Gyzyl garyň ýaganyny biz-ä bilemzok. 14.03.2021 Düýn gar ýagdy. Aýazly howa. Güllän baglary sowuk urdy öýdýän. Şu gün nahar iýip, ymyzganyp ýatypdyryn. 7-8 ýyldan bäri görüşmändik. Telefonda-da jaňlaşmandyk. Moskwada ýokary komsomol mekdebinde okan ýoldaşym Ogulgerege jaň edýämişim. Olam meniň sesimi eşidip «Allo, Ogulgerek» diýsemem, ses bermedi. Men «telefon üzüläýdi» diýip, telefony goýdum. Şo gyzy men öten agşam ýatlanym ýadyma düşdi. Bu gün bolsa düýşüme giripdir. Hüwdi Dereleri dag ýaly, Ýylgynlary bag ýaly, Her sikeni ýag ýaly, Gelsin Annaň dädesi. «Turkmenowedeniýe»,1927, Uspenskiý. «Türkmenistan» gazeti, 1925 ý. Ferid Efendi: “Türkmen dilinden edebi dil bolmaz”. Akademik Geldi Orazowiç Çaryýew oglan wagtlary Moskwada okaýarka öýlerine şeýle ýazýan eken: Selsowet Bamy, Annageldiň tamy. Ýazylan hat adresine gowuşýan eken. Şawan aganyň bir dosty Leningrada okuwa gidip, şo ýerden Aşgabatda okaýan Şawana (1960 ý.) “Aşgabat şäheri, Şawan Jumaýewe” diýip hat ýazypdyr. Şu hat Şawanyň ýaşaýan Ostrowskiý 29 –nji jaýynyň 15-nji otagyna poçtalion Ata aga getirip gidipdir. 1959-njy ýylyň ilat sanawyna görä, Aşgabatda 180 müň ilat ýaşaýan eken. Adres býurosynda şo hatyň adresini takyklap, möhürini goýup, haty eýesine gowşurypdyrlar. 15.03.2021 Gurban Çaryýew: --Bir gün filarmoniýanyň administratoryna “Az pul geçirýäň” diýipdirler. Düşündirýämişin-dä. – Annageldi, sen näme diýýäň? – diýip sorapdyrlar. Annageldi Jülgäýew: – Götüni berer weli, pul almaz -- diýipdir. - Gurban Kulynyň eli ýitidi. Sapar Mämi bilen bile işleşdi. Kän halk sazlaryny täzeden işledi. Annageldiniň sazlarynyň notasyny Aman Agajyk ýazyp berýärdi. - Içi geçýär. Gurban Kuly nätjegini bilenok. «Näme bolýar?» diýip sorasa, – Götüm çykýar – diýdi diýýär. - Arakelýan aýaly bilen uçilişäň töwereginde aýlanýardylar. Držewskiý bilen goňşudy. “Sahy Jepbaryň öz dilinden eşitdim” diýip, Gurban Çary şuny aýtdy: - Bir gün sahnada durun weli, iki jalaý aýal gepleşýär. Biri “Erkegiň onsunyň haýsysy gowy?” diýip sorady. Beýlekisi – Uzyn bolup ýetip bolmazy, ýogyn bolup ýyrtyp bolmazy gowy diýdi - diýýär. 19.03.2021 Şu gün poliklinikada koronowirusa garşy hytaý waksinasynyň sanjymyny aldym. Sanjymdan soň terapewt Jeren Guwanjowna Kerimi gyzgynymy ölçedi. Temperatura 3700. Soň öýe gelip, çaý-çörek iýip, gyzgynymy barladym 3607. Öýlän işde boldum. Agşam 2210-da barladym – 3607. Ýaramaz täsirleri ýok. 20.03.2021 Dünýä täzeliklerden doly. Şu wagt kelläme bir pikir geldi. 1989-njy ýylda telewizorda 37-nji ýyllaryň wakalary, Han Ýomutskiý barada çykyş edip öýe gelemde, telefon geldi. Telefonda jaň edýän adam özüni tanyşdyrdy. Oraz Orazowiç Şyhmyradow. Ýaşuly bilen gürleşdik. Ol: «Mende Han Ýomutskiý hakda maglumatlar bar. Gel, öýe» diýdi. Barmadym. Soň birnäçe gezekki jaňdan soň onuň ýaşaýan Baýmuhammet Garryýewiň adyny göterýän köçesinde ýerleşýän jaýyna barypdym. Ol maňa şo döwürler hakda ýazan broşýurasyny sowgat berdi. Şonda ol özüniň mama tarapynyň nohurly gyzydygyny hem aýdypdy. O. Şyhmyradow 37-nji ýylyň wakalaryna aktiw gatnaşan adam. Günäsi ýeňil bolmaly däl. Professor Anna Aşyrowna Annageldiýewanyň o hakda gürrüňleri ýadymdady. Şyhmyradow otuz ýediň pidasy bolan adamlaryň ykbalyny yzarlap ýazan ençeme makalalarymy okapdyr. Meniň bilenem gatnaşyk saklajak bolmagyna-da düşünýärdim. Ýöne men häzir bir zada haýran galyp otyryn: Şyhmyradow Baýmuhammet Garryýewiň, Mäti Kösäýewiň, Orazmämmet Abdalowyň 1951-nji ýylda tutulmaklaryna gös-göni gatnaşan adam. Çünki ol şo döwürde TKP MK-nyň sekretarydy we şo wagt «Gorkut ata» eposynyň zyýanlydygy hakda plenumlarda we gazetlerde eden çykyşlaryny hem okapdym. Tutulan adamlar aklanyldy. Şyhmyradow almytyny aldy. Alty aýlap işsiz ýatanda Mämmetdurdy Annagurdow, kämilleşdiriş institutynyň şo wagtky direktory, “ony işe kabul etdim” diýýärdi. Ine, şol adamyň Baýmuhammet Garryýewiň adyny göterýän köçede ýaşaýandygyna geň galdym. XXX Taryh ylymlarynyň doktory Ýazgylyç Orazgylyjowyň gürrüňinden: “Roslýakow maňa köp kömek etdi. Taryh institutynda bile işledik. Daşarda gezmeläp, soň stoluň başyna geçýärdi. Dynuwsyz işleýärdi. Bir gezek ylmy işimden 45 sahypany özi bilen dynç alşa gidende alyp gitdi. Okap, bellik edibem yzyna iberdi. Bir sene bilen bagly çykan kitapda onuň okan golýazmasy hem öz wagtynda çykdy. Biz ondan köp zat öwrendik. Kakajan Muhammetberdiýew meniň halypam. «Üç sözde aýtmaly zady iki sözde aýtmagy başaryň» diýip aýdýardy. Gowy gepläp bilýärdi. Ýöne galam işledişi o diýen däldi. Ikinji gezek dissertasiýamy goramda, ol Moskwadan ikinji opponent diýip Çebotarýowa diýen güýçli alymy getirdi. Biz onuň bilen käte «üstümizi ýapyp» onuň öýünde aýdymam aýdýardyk. Rozy Kadyrow diýip komsomolda uprawdelam bolup işledi. Bile işleşdik. Uniwersiteti gutaryp alyp galanlarynda, komsomola aldylar. 1968-nji ýylda komsomolda ylym boýunça bölüm açdylar. Atadurdy Gurbanow uniwersitetiň partorgydy. Jaň edenlerinde meni görkezipdir. Tahyr Durdyýew şo wagtky komsomolyň birinji sekretary. Razylyk beripdir. Tahyry soňky gezek Marat ýogalanda gördüm. Garran ekeni. Ol Kolumbiýada SSSR-iň ilçisi hem bolup işläpdir. Soň SSSR Daşary işler ministrliginde işleri dolandyryş uprawleniýesinde işläpdir. Ýaşap oturan jaýymy komsomola geçenimden soň 5 aýdan soň aldym. Uprawdelamyz Rozy Kadyrow jaý berýän uprawleniýäniň başlygy Žulenýowyň ýanynda oturyp kagyzlary, orderi doldurtdy. Rozy bir sowgat etmelidi diýip pikirem etmändiris. Döwür şeýledi”. 26.03.2021 Şu gün Çary Kuly, Muhammet Emin (owgan) hemem men Aba Gylyçdurdyýewiň belli gününe görnüp gaýtdyk. Şu gün onuň ýogalanyna 3-4 gün bolmaly. Aba aga uzak ýaşady. Ýaşy 90-a golaýlaşandyr. Birki ýyl mundan öň özi jaň eder durardy. Ýatkeşligi gowudy. Birki gezek öýüne baryp, ýagdaýyny sorap gaýdypdyk – Aman Nurmuhammedow bilen. Ikisi hem işe altmyşynjy ýyllaryň başlarynda Dil we edebiýat institutynda işe başlan bolmaly. Aman aga häzirem, tüweleme, şol institutda işläp ýör. Geçen ýyl aýaly ýogaldy. Häzir ol 83-84 ýaşlarynda. Şoňa garamazdan daýaw. Jany sag. Elbetde, bu ýaşdan soň aýalynyň ýogalmagy oňa hemme taraplaýyn ýaramaz täsiriniň bardygyny, ýaşulynyň gürrüňinden aňmak bolýar. O gün işde öňümden çykanda «Allaýar jan, saňa berekella diýmeli. Şunça ýyllap ýeke ýaşadyň» diýdi. Men dogrudanam indi 1999-yň 26-njy aprelinden bäri ýeke ýaşaýan. Aýalym Orazgül Gyzylarbada gidenlerinde Bamynyň ugrunda maşyn heläkçiliginde ýogalypdy. Häzir şol ýerde bu heläkçilige ýoluň ugrunda ýadygärlik bar. 30.03.2021 Düýn «Güneş» žurnalyndan gelip, şahyr Azat Rahmanowy (ol gurjak teatrynda işleýär) surata düşürip gidipdirler. Şondan soň direktoryň hojalyk boýunça orunbasary Azada «Mundan direktoryň habary bolmaly. Şondan rugsat bolmaly» diýip aýdypdyr. Azat ötünç sorapdyr. 30.03.2021 Institutymyza birki aýlykda işe gelen Şawan aga (ol Stawropol ülkesiniň Türkmen raýonyndan) Şaja Batyrow adyndaky Taryh institutynyň direktory akademik Şamyrat Täşliýew ony ýanyna çagyryp: «Otwetsekretar bolmaly» diýipdir. Şamyrat Täşliýew bir zat teklip etse, oňa «ýok» diýip bolmaýar. Men otwetsekretar bolup işledim» diýdi. «Onuň bilen gürleşeňde arkaň derläp gidýärdi» diýdi. Şawan aga 8 ýyllap Milli golýazmalar institutynyň otwetsekretary hem bolan eken. Onuň aýaly 2010-njy ýylda apreliň 20-sinde ýogalypdyr. Ejesi 7-nji aprelde ýogalypdyr. Men geň galdym. Çünki meniň aýalymam 26-njy aprelde (1999, kakamam 7-nji aprelde (1992 ý.) ýogalypdy. Şawan aga-da bir otagly jaýda (ogly we gelni bilen) ýaşaýan eken. Menem bir otagly jaýda ýaşaýan. Stawropolda onuň iki aýal dogany ýaşaýar. Olar «Biz saňa obada özbaşyňa jaý saldyk. Onda ähli amatlyklar bar. Gelseň bolýar» diýip aýdýarlar. Ol «Ýok. Men bu ýerde 61 ýyldan bäri ýaşap ýörün» diýip jogap berýän» diýýär. Bir gezek ol öz obalaryna baranda obadaşlarynyň biri : «Sen 60-njy ýylda okuwa diýip gitdiň. Henizem okap ýörmüň?» diýip sorady diýýär. Ozal men ökde wraç Berdikeýew bilen şumatky ýaşan ýerimde goňşy ýaşadym. Soň ol öz obalaryna göçüp gitdi. Galýa diýip aýaly bardy. Soň öýlenipdir. «Olaryň tiresi gazylar» diýip, Şawan aga aýtdy. Şawan aganyň öz tiresi söýünji ajy. «Söýündik» diýibem bir zat diýdi, ýadymdan çykdy. Şawan aganyň familiýasy Jumaýew, özi filosofiýa ylymlarynyň kandidaty. Iňlis dilinden sapak beripdir diller institutynda. «Talyplar sowatsyz, hiç zat bilenoklar» diýýär. Nerwiden ýaňa onuň aýagynda ekzama döräpdir. 31.03.2021 Şawan aga: Meňli han (enesi, 97 ýaş) Näme äkitdiň? Tankyt etse-de gülýädi. – Birsalym gara burçsyz ýar seni gördüm diýsene – diýerdi. Enem elmydam şu goşgyny aýdýardy. (Şasenem-Garypdan) – Gara gözli han Senemiň Baryp düşsem illerine. Biz gedäni «geldi» diýip, Dolarmyka dillerine. Ak guş bolup uçup baryp, Gonsam Senem dallaryna (tallaryna) Biz gedäni (bendäni) «geldi» diýip Dolarmyka dillerine. Müň tümenlik ak şal bolsam, Dolarmyka billerine. Şawan aga «şal» sözi iňlisde-de «ýüpek gyňajy» aňladýar, göwremek – gyzmak. «Gysgananyň gyzyl ite ýarar» nakyl. 03.04.2021 Şu sanawy maňa filologiýa ylymlarynyň kandidaty, işgärimiz Maral Taganowa berdi. Muny Marala Dil-edebiýat institutynyň direktorynyň orunbasary döwründe direktor Kasym Nurbadow berip, “şulary işden çykarmaly” diýip tabşyryk berýär. Maral onuň bu tabşyrygyny ýerine ýetirmänsoň, ikisiniň arasynda konflikt başlanypdyr. Muny Kasym Maraly podwodit etjek bolup edýär. Çünki ol öz ýerinden gorkýar. «Soň düşünişdik, ýöne giç-dä» diýýär. PENSIONERLER 1. HOJAÝEW B. – 1931 ý. – 69 ýaş. 2. REJEBOW S. – 1920 ý. – 80 ýaş. 3. ATAÝEW G. – 1919 ý. – 81 ýaş. 4. ARAZKULYÝEW B. – 1929 ý. – 76 ýaş. 5. MESGUDOW W. – 1929 ý. – 71 ýaş. 6. ATANYÝAZOW S. – 1934 ý. – 66 ýaş. 7. AGAÝEW S. – 1921 ý. – 79 ýaş. 8. REJEBOW B. – 1922 ý. – 76 ýaş. 9. NEPESOW T. – 1932 ý. – 68 ýaş. 10. MÜLKAMANOW A. – 1932 ý. – 68 ýaş. 11. NURMUHAMMEDOW A. – 1936 ý. 64 ýaş. 12. YLÝASOWA G. – 1944 ý. – 56 ýaş. 13. KULYÝEW N. – 1927 ý. – 71 ýaş. 14. BERDIÝEW R. – 1931 ý. – 69 ýaş. 15. NURALYÝEW D. – 1936 ý. – 64 ýaş. 16. GURBANSÄHEDOW M. – 1932 ý. – 68 ýaş. 17. JUMAÝEW K. – 1928 ý. – 72 ýaş. 18. IŞANGULYÝEW Ýe. – 1936 ý. – 64 ýaş. 19. ( ,,, ) A. – 1929 ý. – 73 ýaş. 03.04.2021 Kompozitor Gurbandurdy Çaryýew bilen telefonda gürleşdik. – Bir gezek Kompozitorlar soýuzynda otyrdyk. Çary Nurym (başlyk)), menem Sazçylyk fondunyň başlygy. Nury Halmämmet gapydan girdi. Birazajyk keýpli. Gürleşdiler. Gidenden soň Çary TKP MK-nyň sekretary Maýa Mollaýewa bilen gürleşdi. SK raport ýazdylar. Göýä, ol howluda dik duran ýerinden siýipmişin. Nura Döwlet baýragyny bermediler. Ýogsam «Aýgytly ädim» film çykandan soň birtoparyna baýrak berdiler. Nura bermediler. Sebäbi berilmezinden öň Nurynyň aýaly (şol aýaldan Nurynyň dört çagasy bardy) baryp, Nurynyň üstünden «Maňa seretmeýär, çagalary aç» diýip arz edipdir. Şonuň üçin ol baýraksyz galdy. Nury onuň arz edip baranyny eşidenden, öýden çemodanyny alyp çykypdyr. Soňky gezek hem oňa at berilmezliginiň sebäbi, ol Moskwadaka filmiň sazyny ýazmaly diýip, üstüni basanlarynda gostinisanyň gapysyny içinden ýapypdyr. Ýatyp galyp, aşaky otaglara suw akdyrypdyr. Moskwa Aşgabada habar berýär. Gapurow (şo wagtky TKP MK-nyň birinji sekretary Muhammetnazar Gapurow) ähli çykdaýjyny hökümetiň hasabyna remont ediň diýip tabşyrypdyr. 05.04.2021 Şu gün Arkadagymyz ahal-teke bedewleriniň 600-siniň 12 athanasynda saklanylýan ýere bardy. Muny agşamky täzeliklerde görkezildi. Ol bu ýere üýtgeşik maşynyny sürüp geldi we bedew ýaryşlaryna tomaşa etdi. Soň owadan gyratyna atlandy. Şol at bilen bedew saklanylýan ýere aýlandy. Hukuk goraýjy gulluklaryň ýolbaşçylary elleri bloknotly onuň gapdaly bilen uzyn hatar bolup ýörediler. Arkadagymyzyň türkmen bedewine bolan guwanjy we buýsanjy gaty uly. 11.04.2021 Indi iki gündür, köçä bakýan, penjirämden seredip durun weli, garşymyzdaky mekdebiň esasy girelgesiniň öňüni suwlaýarlar. 4-5 adam irden başlap agşama çenli. Şu gün ýekşenbe, düýn şenbe güni. Mekdep okuwçylary bu girelgeden girmeýärler. Ony gören ýok. Mekdebiň syrtky gapysyndan girip-çykýarlar. Men muňa akylym haýran! Muny mekdep mugallymy bolup işleýänleriň birinden sorasam, , hemme mekdeplerde-de şeýle diýensoň, muňa düşünmedim. Ýa meniň akylym üýtgäpdir, ýa-da... Indi telim ýylyň içidir, şunuň ýaly «täsin» zatlary görüp-eşidibem öwrenişip bolanok. «Beterinden saklasyn!» diýmekden başga alajyň ýok. 13.04.2021. 18:30 Ýaňy ynsanperwer uniwersitetiniň soňky ýyl studenti Çary Hanjaýew jaň etdi. Şu gün ýaş alymlaryň ylmy bäsleşiginiň jemi jemlenipdir. Onuň şahyr Gara Seýitliýew bilen Allaýar Çüriýewiň aýdym döredijligi hakda ýazan ylmy işi bäsleşigiň ýeňijileriniň hatarynda bellenipdir. 17.04.2021 Aşgabadyň okuw jaýlarynyň girelgeleriniň öňünde indi birnäçe günden bäri juda düşnüksiz ýagdaýlar bolup geçýär. Mekdepleriň işgärleri ýa studentleri irden tä agşama çenli topar-topar bolup, şo bir ýuwup duran ýerlerini ýuwýarlar. Bir gün ýagşy, iki gün ýagşy! Emma Aşgabadyň 140 ýyllygy bellenilýänçä bu ýagdaý dowam edip bilermi? Akyl haýran! 18.04.2021 Türkmeniň görnükli çagalar şahyry Azat Rahmanow 17-sine 75 ýaşady. Şo gün ony gutlap işdeş ýoldaşy Annaberdi Goçamanow, inisi Abraý we men gutlapdyryn. Öňler türkmen ýazyjysy we şahyry şunuň ýaly ýaşynda metbugatda ýörite ýubileý makalalary bilen bellenilýärdi. XXX Şu gün türkmen radiosynyň «Owaz» kanalynda Allaýar Çüriýewiň aýdym döredijiligi hakynda gepleşik berildi (1210-1245). Kompozitor Gurban Çary, aýdymçy Bibi Welmyradowa çykyş etdi. Menem aýdymlarym hakynda gürrüň berdim. XXX Agşam, täzeliklerde Mälikguly Berdimuhamedowyň (1932–2021) aradan çykanlygy hakda 10 minutlap habar berdiler. 19.04.2021 Şawan aga, Stawropoldan,, «Saýatly-Hemra»: – Ýedi ýylda on dört baýram geçilse, Baýramda gezmedim, sen ýar gideli Sandykly, sandykly sary hupbalar Salyp sallanmadym, sen ýar gideli. Selbinýazyň aýdymy. Meňli enäniň agtygy – 80 ýaşly Şawanaly aganyň aýdany. 17.04.2021 Şawanaly Jumaýew, filosofiýa ylymlarynyň kandidaty, institutyň halk döredijiligi bölüminiň ylmy işgäri: – Filosofiýa bölüminde işleýärdim. Izrail Lwowiç Sosonkin bölüm müdiridi. Gaty sowatly adam. Ine, şol bölümden bir erkek bilen bir aýal adamyny – ikisem aspirant, Moskwa okuwa ibermek üçin hat taýýarlapdyr, hatda Pylan Pylanyýewa bilen Pylan Pylanyýewi Moskwa 1 aýlyk okuwa, orusça “na uçýobu” derek “na uýýobu” ibermäge rugsat bermegiňizi soraýaryn – diýip ýazylypdyr. Haty okan akademiýanyň wise-prezidenti Semýon Romanowiç Sergiýenko kömekçisi Goworuhinany ýanyna çagyryp, «Sosonkini çagyr. Haty görkez» diýipdir. Sosonkin haty okap görüp, “na uýýobuny» görüp, götinjekläp gapydan çykypdyr. - Taryh institutynyň direktory Aga Garryýew Gökdepede taryh muzeýini açmak üçin hudožnigi Artyk Kulymowy we etnograf gyz Anýany komandirowka iberipdir. Bularam material ýetmänsoň, birki gün bolup yzlaryna dolanypdyrlar. Gökdepeden jaň edip «işleri doly gutarman gaýtdylar» diýip jaň gelipdir. Aga Garry “Artykgülüm” diýýän eken, şony ýanyna çagyryp, «Gökdepede näme sikiş-sokuş edeniňizi aýt» diýipdir. Artyk Kulymow hem: «Hiç ýerde aýtmaly däl” diýip, ýanyndaky bilen gepleşilipdir. “Özi muny size aýdypdyr-ow» diýýär. Aga Garry «O işiňiz bilen meniň işim ýok, muzeý hakda aýt» diýipdir. – Men halk hojalyk institutynda 16 ýyl işledim. Diller institutynyň rektory «Sen bizde işlemeli» diýip duransoň, geçmeli boldum. Baranymdan bir hepdeden soň özbaşdak kafedra hem açyp berdi. Bir gezek Aly Gurbanow (onuň özi berberlerden) dagy bilen Daşogza komandirowka iberdi. Synag ekzamenleri bilen baglanyşykly. Men öz işim bilen. Olar bilen işim ýok. Gelemizden soň rektor maňa «Şawan Alyýewiç, ty porýadoçnyý» diýdi. Näme diýjek bolýanyna düşündim. Aradan wagt geçmedem: «Biz Anna Kurbanowiç (Annagurban Aşyrow) bilen gürleşdik. Olara terjimeçi gerek,sen şo ýere laýyk» diýen netijä geldik» diýdi. «Men Siziň muny diýjegiňize öňden garaşýardym» diýdim. - Akademik Geldi Orazowiç Çaryýew hakda bir ýygnakda filosof Izrail Sosonkin çykyş edip, «Meniň kitabyma Geldi Orazowiç redaktorlyk etmesin» diýdi. Geldi Orazowiç şondan soň Moskwa, Bakuwa, Daşkende jaň edip, «Sosonkiniň doktorlyk işine seretmäň» diýip jaň edipdir. Şondan soň Sosonkin doktorlygyny gorap bilmän ölüp gitdi. 20.04.2021 Azat Rahman 75 ýaşady. Bu sene bilen baglanyşykly edarasynda – gurjak teatrynda agşamky oýny hem ýatyryp, onuň ýubileýini geçirjek bolupdyrlar. Azat olara gerek däldigini» aýdypdyr. Muny delillendirmek üçin Prezidentiň kakasynyň ýogalmagy, ýas günleri bilen baglanyşdyrypdyr. Şeýle diýensoň olar ylalaşmaly bolupdyrlar. 26.04.2021 Şu gün Orazgülüň ýogalan gününe 22 ýyl doldy. Serdaryň öýünde özli-özümiz ony ýatladyk. Ertir Serdaryň görmeýän gözüni operasiýa etmek üçin ol keselhanada ýatmaly. Wraçy Azat Seýidowa agşam birnäçe gezek jaň etdim. 27.04.2021 Serdaryň gözüne operasiýa edildi. Agyryly geçipdir. Häzir keselhanada ýatyr. 27.04.2021 Taryh ylymlarynyň doktory Ýazgylyç Orazgylyjow Türkmenistanyň taryhyny ýazýar. Ol filologiýa ylymlarynyň kandidaty, häzir 83 ýaşly Aman Nurmuhammedowa «Allaýar meniň ýanyma gelip gitsin» diýipdir. Üçümizem bile bir ýerde, ýöne aýry binalarda oturýas. Ýazgylyç aga men onuň gyzyklanýan sowalyna jogap berdim. Ol meniň aýdym döredijiligimi taryha girizmekçi bolup çagyran eken. Ol «aýdym ýazýan şahyrlar Gara Seýitliýewi, Ata Atajanowy, Täşli Gurbanowy, dördünjem Allaýar Çüriýewi bilýän» diýdi. Ol akademik Geldi Orazowiç Çaryýew hakda birnäçe gürrüň berdi. Filosoflar Ýazmyrat Nurlyýew, Tagan Orazow ikisem şonuň aspiranty eken. Olar ýedi ýyllap aspirantlykda bolupdyrlar (Ýazmyrat ara golaýda ýogalan eken. Men ony tanaýardym. Tagan Orazam bilýän. Ol öň ýogaldy. “Ogly Taryh institutynda işleýär – diýdi . Ýazmyrat alymlar geňeşiniň agzalaryna gol çekdirýär. Öz ylmy ýolbaşçysy G.Çaryýewe bu hakda jaň etse, «Ertir jaň edäý» diýipdir. Ertir jaň etse, «Geläý» diýipdir. Gelip, kalitkasyny kaksa, ol daş çykýar. Gapyny açýar. Ýazmyrat nämüçin gelenini aýtsa, «Ýazmyrat jan, şumat meniň ruçkam ýok» diýýär. Ýazmyrat ruçkasyny uzatsa, «Ýazmyrat jan, ruçkam ýok diýip aýtdym-a» diýýär. Ýazmyrat yzyna dolanýar. Ertesi gelýär. - Akademik «Türkmenistana bir filosof ýeterlik» diýýän eken. Şonuň üçin doktorlyk işini ýazan Gylyç Mülliýewi goratmandyr. Gylyç Mülli Bakuwda gorap gelipdir. Bibi Pälwanowa ikisi Gylyç Müllä kän azar beripdirler. Ol uniwersitetden çykyp, selhozinstitutda işläpdir. Taryhçy alym Roslýakow Gylyç Müllä aýratyn sarpa goýýan eken. Ol bir gezek Gylyç Müllini Taryh institutyna çagyryp, alymlar bilen duşuşyk hem geçiripdir. «Bir gezek aspiranturada okap, ekzamen wagtynda men mugallyma gowy jogap berip otyryn» diýip, Ýazgylyz aga aýtdy. Birdenem gapydan Geldi Orazowiç girdi. «Meniň sowalym bar aspiranta» diýdi-de, «Leniniň ejesiniň gyzlyk familiýasy näme?» diýip sorady. Meňem agzyma geleni «Men öz ejemiň gyzlyk familiýasyny bilemok» diýdim weli, hezil edip güldi. Bir gezegem aspirantlar bolup, ekzamen bermeli. Geldi Orazowiç geldi-de, «Bilýäňizmi?» diýip sorady. Hiç kimden jogap ýok. Sebäbi hemmämizem ondan gorkýas. Ol «hany zaçýotkalaryňyzy uzadyň» diýip, hemmämize zaçýot goýdy-da, «Düşünişdik öýdýän» diýdi. 01.05.2021 Skulptor Saragt Babaýew jaň etdi. Häzir özüniň Büzmeýinde Magtymgulynyň ýadygärliginiň üstünde işleýändigini aýtdy. Onuň boýy 60 metr bolmaly. Häzir onuň 40-a golaýyny işläpdirler. «Deňiz guşum» aýdymyna bagyşlap döreden işini maňa berjekdigini aýtdy. (Originalyny – başky işi). XXX Şawan aga kandidatlyk işini goramak üçin öz hasabyna 1972-nji ýylda ilki Frunzä gidip, Amanalyýew diýen akademikden syn alypdyr, soň Daşkende gelip gürleşende «Şumat alymlarymyz konferensiýa bilen başagaý, soň gel, okarys işiňi» diýýärler. Soň Duşenbä barýar. Akademiýanyň wise-prezidenti akademik Rejebowmy, Rejebalyýewmi, onuň işini düzedýär. Soň gelip, Şawan 1973-nji ýylda dissertasiýa gorapdyr. Şo wagt filosofiýa bölüminde starşiý laborant eken. - Albina Geldiýewa diýen aspirant gyz Moskwada bolup, kitaphanada birnäçe wagtlap işläp gelýär. Bir negr student öz öýlerine gaýtjak bolup aeroportdan samolýota münjek bolanda, onuň dokumentleriniň arasyndan Albina Geldiýewanyň aspirant şahadatnamasy çykypdyr. Aşgabatda akademiýada ýygnak geçirilipdir, partorg Myrat Garryýew «pod britanskiý poddanstwo, pro Kitaýskiý nastroýennyý» diýip çykyş edipdir. Ol negriň britan raýaty bar eken. Albinany başda akademiýanyň alym sekretary ýazyjy Gylyç Kulyýew instituta getiren eken. Albinany aspirantlykdan çykarýarlar. Şawan aga «Men ony soň Daşkentde gördüm. Aýalym dissertasiýa goraýardy. Şonda men ony awtobus duralgasynda 10 metrlikde gördüm. Ol meni gördümi - görmedimi, bilemok. Ol gazaklaryň bir garry alymyna durmuşa çykdy» diýip aýtdy. XXX Düýn Serdar bilen göz institutyna baryp geldik. Azat ukol etdi. Gaty awuly boldy. 02.05.2021 Wakalary ýadyma düşenok, öten agşam lokga enem düýşüme giripdir. Ol 1979-njy ýylyň 27-nji iýulynda aşgazan-düwünme keselinden ýogaldy. Ýatan ýeriň ýagty bolsun, jan enem! 07.05.2021 Skulptor Saragt Babaýew şu gün maňa «Deňiz guşum» skulpturasynyň asyl nusgasyny peşgeş berdi. Arassa bürünçden. «Biri mende, ikinjisi hem sende. Uly gatnaşyk etmesek-de, sylagyň uludyr» diýdi. Saragt beýik adam, beýik hudožnik. Men muny onuň özüni alyp barşyndan, gepinden bilýän. Saragtda doglandygyny, çagaka köp keselländigini, ejesiniň ony küle ýatyrandygyny, şol günleriň birinde Goşa babanyň gelip, arkasyny üç gezek sypalandygyny, şondan soň sagalyp ugrandygyny hem aýtdy. Döwletgeldi Ökdirowyn inisi Alyhanyň bolgusyz dawalaryny ýatlady. 09.05.2021 Indi bir aýdan gowrak wagt bäri ýanymyzdaky mekdebiň girelgesiniň ujypsyzja bölegini ir ertirden agşama çenli suwlaýarlar. Ilki-ilkiler-ä 5-6 adam suwlaýardy, sübse bilen suwuny süpürýärdiler. Bu görnüş gapdalymyzdaky institutda-da şeýle. 20-30 sany student onuň köçe tarapyny suwlaýarlar. Suwlamaýan wagtlaram elleri sübseli. Näme işleýänlerini alla bilsin! Beýleki okuw jaýlarynda hem şeýledir-le! Ýöne nämüçin adamlaryň wagtyny ugursyz zatlara sarp edilýändigini, Aşgabatda suwuň altyn damjasydygy wagtynda onuň bisarpa ulanylyşyny görüp akylyň haýran! Bu indi, aýtmaklaryna görä, Aşgabadyň 140 ýyly bellenilýän möhletine çenli (25.05.2021) şeýle bolmalymyş!.. 10.05.2021 Serdaryň gözüne seretdirmek üçin maşynly öýden çykdym.Swobodadan (Magtymguludan) başga köçeden gitseň, poliseýler goýberenok. Serdaryň öýüne-de baryp bilmän, «Ýubileýniý» köçesinde durun. «Požarnyň ýanyna gel» diýdim. Şondanam göni gitdik. Ýokary başyna baranymyzda goýbermediler. Serdar «Taksili ýa-da awtobusly instituta bararyn» diýdi. Menem şol öňki köçe bilen yzyma gaýtdym. Änewiň bäri ýanyndan demir ýol köçesi bilen gaýdyp, zordan öýüme gelip, maşyny goýdum. Aýyň 27-sine çenli hususy maşynly köçelere çykmak bolanok. Diňe taksili we awtobusly. Bu Aşgabadyň ekologiýasy üçinmiş. 11.05.2021 Ikinji gündür, şäher adamlary pyýada. Diňe awtobuslar gatnaýar, taksiler gatnaýar. Bu indi 27-nji maýa çenli dowam etmeli. XXX Agşam kompozitor dostum Baýram Hudaýnazarowyň 75 ýaşy mynasybetli konserwatoriýadaky dabara gatnaşdym. Baýrama bagyşlan goşgymy okap berdim. Dabara Kakabaý Nurgylyjow, Şamyrat Amansähedow, Hojadurdyr Narlyýew dagy hem gelipdir. Baýramyň özi ýok. Düýn ýykylypdyr. Ýaranok. Aýaly Nurjemal gatnaşdy. Konserwatoriýanyň rektory, şeýle hem medeniýet ministriniň orunbasary Nursähet çykyş etdi. B.Hudaýnazarowa Medeniýet ministrliginiň Hormat haty gowşuryldy. Ýöne şeýle uly ussada has agramly sylaglar hem berip bolardy! Konsertde Atageldi Garýagdyýew «Gel, obamyň lälesini» aýtdy. Kakabaý bilen birinji hatarda bile oturdym. Ol menden «Sen Allaýar Çüriýewmi?» diýip sorady. Menem degişmedir diýip, «hawa» diýip, ýylgyrdym. Çünki men ony student döwrümden gowy tanaýardym. «Orkestrde näçe adam barka?» diýip sorady. Menem “30-40 adam bardyr “ diýdim. “Fatimadan bir gezek sorasam, ol «Saňa näme gerek» diýdi (Fatima onuň aýalydy. Fatima Abukowa – saz öwrenijidi. Ol ilki Halyk Garajaýewiň aýalydy. Soň oňa Kakabaý öýlendi) – Fatimany dünýä aýladym – diýdi. Men oňa: – Yzy ýarasyn! – diýdim. Men Fatimanyň ýogalanyny eşidipdim. Konsertden soň surata düşdük. Men orkestriň dirižýory Resul Gylyjowa gowy çykyşlary üçin minnetdarlyk bildirdim. Oňa «Sen şu günüň Hydyr Allanurowy» diýdim. Ony meniň ýanyma Mylly aganyň çowlugy, konserwatoriýanyň mugallymy Meret tapyp getirdi. Soň öýe gelip, Baýrama jaň etdim. Goşgy okanymy hem aýtdym. Kitaplarymy Nurjemala gowşurandygymy hem aýtdym. Göwni hoş boldy. Konserte gatnaşan Şamyrat Amansähedow ylymlaryň doktory. Göz ugrundan wraç. Oglum Serdaryň gözüni hem 5-10 ýyl mundan öň operasiýa edipdi. Gynansak-da, ol şowsuz bolupdy.Arada şo gözüniň dawleniýesini aýyrmak üçin göz keselleri institutynda Azat Seýidow operasiýa etdi. Şamyrat «Arada kitap magazinine bardym. Täze kitabyňy satyn aldym. Gowy goşgular» diýdi. 13.05.2021 Agşam öýe Baş teatryň režissýory Gülälek Akmyradowa geldi. Men Gülälege täze kitabymy sowgat berdim. Ol özüniň sahnada täze goýan «Aýy» spektaklynyň ýazgysyny goýup gitdi. «Aýy» Çehowyň eseri. 20.05.2021 18-nji maýda agşamky täzeliklerde Arkadagyň ejesi Ogulabadyň 1971-nji ýylda tiken kürtesi we ören gelin jorabynyň muzeýde goýluşynyň dabarasyny görkezdiler. Gözel Şagulyýewa, Jemal Saparowa, haly ministri we beýleki görnükli zenanlar tolgunyp gürrüň berdiler. Jemal Saparowa Ogulabat daýzamyzy «dünýäniň enesi» diýip atlandyrdy. Megerem, kürte we jorap Arkadag öýlenende onuň gelni üçin niýetlenen bolmaly. 22.05.2021 Şu gün neotložkany çagyryp, ýüregime EKG etdirdim. Ýüregiň aritmisi bozuldy. Arkamda agyry bar. “Gorkuly zat ýok” diýdiler. 28.05.2021 Öten agşam täzeliklerde Arkadag kakasy Mälikguly Berdimuhamedowyň kyrky sadakasyna gatnaşdy. Kakasyny ýatlady we «Atamyň» atly goşgusyny okady. Onuň 88 ýaşyny bellänlerinde jigisi Enegülüň (çyn ady Dürnabat diýdi) «goşgy ýazmaga ýetişmedim» diýse, ol «ýüregiňden çykan sözleri aýdaý» diýipdir. Enegül öz arzuwlaryny aýdandan soň, Mälikguly aga “ony oturan ýerinden goşga geçirdi» diýip, Arkadag aýtdy. 31.05.2021 Düýn aýtmaklaryna görä, howanyň temperaturasy 48 gradus bolupdyr. Dünýä ýanan ýaly boldy. Şu gün birneme gowşady. Ertir 37 gradus boljak diýýär. 09.06.2021 Işdeş ýoldaşymyz alym Gurbanjemal Ylýasowa Lebapda iş saparynda bolanynda kolhoz başlygy öýüne myhmançylyga çagyrypdyr. Şonda aýdym-sazdan gürrüň açylanda ýaňky başlyk özüniň bu ugurda höwesiniň ýokdugyny boýun alypdyr. Ýöne ol tebigaty synlamagy gowy görýän ekeni. Şonda ol şeýle bir zady gürrüň beripdir: kolhoz meýdanyndaky tohumlyk bugdaýy garynjalar sürüsi hinlerine daşaýanlaryny görüpdir. Synlap durşuna garynjalaryň hinlerine salan bugdaý dänelerini yzyna çekip, bugdaý alan ýerlerine çekip başlaýyşlaryna geň galypdyr. Çünki bugdaý tohumy awuly himikatlar sepilen ekeni. Bu ýerde geň galmaly ýeri, garynjalaryň şo dermanlanan tohum dänelerini öz alan ýerlerine getirmekleri. Bu nämeden habar berýär? Alym bolsaň bild-ä?! Şu gün «Garynjalar ýodasy» atly goşgy ýazdym. Irden ýanymyzdaky parkda aýlanyp ýörkäm, garynjalar uzyn hatar bolup gatnaýyşlaryny synlap durdum. Birem şo hatardan çykyp gidenok. Özlerem biri-birine ýol berýärler. Adamlar ýaly bir-birine yrsaraşyp durmaýarlar. 10.06.2021 Radionyň «Miras» kanalynyň redaktory Atajan Orazmyradow «Magtymguly hakynda Allaýar Çüriýewiň, uniwersitetiň professory Begmyrat Weýisowyň, ýene-de birki sany adamyň aýdanlaryny efirde bermäň» diýipdir. Geň. Men munuň ýaly habarlara şu gün öwrenişmeli däl. Atajana men belet. Ol göz tussaglykda ölen, neşekeş Kakamyrat Ballyýewiň «ösdürip ýetişdiren» işgärleriniň biri. Men onuň bilen «Edebiýat we sungat» gazetinde 1978 – 1988-nji ýyllary bile işleşdim. Baş redaktorymyz Kakaly Berdi pahyryň öýdeniçeridi. Men orunbasar wagtym maňa «daýy» diýýärdi. Gepiň keltesi... Öweý kakasy Ýazmyrat aga gowy adamdy. Bu mahluk oňa ogullyk berlen. Kakaly Berdi onuň hormatyna redaksiýa işe alypdy. Ese-boýa galandan soň Kakaly bilen arasyny bozdy. Kakalyň gelni Annagülüň radiodan işden gitmegine sebäp boldy... 11.06.2021 Düýn işden soň dawleniýem 160/80 boldy. Dem almak kynlaşan ýaly bolýa, soň düzelýär. Garaz, birtopar wagtlap ugrum bolmady. Dermanlary içdim. Nitrogrinolog erbet derman däl. R.S. Gurban Çary näçe gezek jaň etsem-de, jogap bolmady. Bir gezek jaň etdi-de goýdy, soň telefony öçük boldy. 12.06.2021 Ynsanperwer uniwersitetiniň talyby (birki aýdan gutarýar) Çary Hanjaýew hoş habar bilen buşlady. Onuň ýazan ylmy işi - Gara Seýitliýew bilen Allaýar Çüriýewiň aýdymlary hakyndaky işi ýaş alymlaryň döwlet bäsleşiginde ikinji ýere mynasyp bolupdyr. Mundan öň şol uniwersitetiň dekany, häzir prorektory bolup işleýän oglan bäsleşige goýbermändir. Ol bäsleşige ikinji ýyl gatnaşmaly boldy. Meniň göwnüme bolmasa, aramyzda şahsy bähbit araýanlar köp ýaly. Ýöne nadandan başarsaň daşda dur diýen pähime uýdum we «Maňa dodagyny çöwüren kişi» diýen goşgyny ýazdym. Işde ýoldaşlaryma okap berdim. «Jüpüne düşüpdir» diýdiler. R.S. «Otuz ýediň gara gijelerinde» atly ir döwürde ýazan goşgymda häzirem şo döwürlerden galan şagallaryň sesiniň ýatmandygyny görkezipdim. Birtopary öz wezipelerine daýanyp, eden-etdilikli işlerini amal etdiler. 1990-njy ýylda radioda işlämde, Eduard Kasparow, Nikolaý Golowkin dagy bilen bir redaksiýada işläpdik. Olar maňa hormat goýýardylar. Ine, şonda Eduarda köçede gabat geldim. Gadyrly görşüp, «Allaýar Çüriýewiç, arada bize bir hat geldi. Şo hatda otuz adamyň ady bar. Şolaryň ady, ýazan zatlary hiç ýerde görünmeli däl. Gadagan. Şol otuzyň içinde-de siziň familiýaňyz bar. Men gaty geň galdym. Siz beýle adam däl-ä» diýdi. 1988-nji ýylyň 18-nji maýynda «Edebiýat we sungat» gazetinde meniň Halmyrat Sähetmyradow hakda “Otuz ýediň pidasy” atly makalam çap edildi. Baş redaktor Tirkiş Jumageldi, men jogakär sekretardym. Şo makalany okap, Ata Atajanow şeýle häsiýetdäki makalanyň çykmagy bilen gutlady. Sebäbi makalada otuz ýedinji ýylda ýamanlap, adam basdyranlaryň atlary bardy. Bu makalanyň uly gürrüňi boldy. Soňy düzüw boldy. Ýöne oňa çenli azar ýamanyny berdiler. Muny gurnan hem şo wagtlar, ýalňyşmasam, radioda işleýän Kakamyrat Ballyýew eken. Makalada, meniň onuň atasydygyndan habarym ýok, şoňam familiýasy adam satanlaryň familiýasynyň arasynda bar eken. Ol press-služba geçenden soň, maňa garşy çykdy. Zatlarymy çykarmak görgi boldy. 1994-nji ýylyň 23-nji iýunynda kiçiräk insult bolup, bolnisa düşdüm. Şol günleriň birinde Kakamyrat Ballyýew ähli redaktorlary ýygnap ýygnak geçirende, «Allaýar Çüriýewiň Şaja Batyrow ýaly makalalaryny gazetlerde bermäň!» diýen habaryny ýygnaga gatnaşanlaryň biri meni soramaga gelende aýdypdy. Gürrüň etmäge degmeýän adamlar. Ýöne şumat şol adamlar seniň ykbalyňy çözýäne meňzeýär. ...Bilen barmy, kimdir seniň milletiň, Kimlerden sen, asyl näme ymmatyň, Bir şaýa degmeýär, walla, “gymmatyň”, Maňa dodagyny çöwüren kişi... XXX Şu gün öýlän, agşam 6-dan soň teke bazaryna bardym. O ýerden alma, banan, apelsin, erik satyn aldym. Jemi 124 manat boldy. Jübimdäki puly sanadym – 120 manat. Satyjy oglan «bir aýlananyňda getiräý» diýdi. Şaýy pullarym hem bardy. Maşynyň ýanyna baryp sanadym. Iki sany 2 manatlyk – 4 manat bolýar, hemem 50 teňňe. Dört manadyň bardygyny bilen bolsam, bersemem boljak ekeni. Yzyma dolanmaga ýaltandym. 40 teňňäni stoýankadaky garawula berdim. 4 manat 10 teňňe galdy. Meni geň galdyran zat jübimdäki pul bilen gabat gelmegidi. Meniň bilen bu ýagdaý ozalam birki gezek bolupdy. Şonda-da gaty geň galypdym. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |