20:08 Gladiatoryñ elinden ölen imperator: Awreliý Kommod | |
GLADIATORYÑ ELINDEN ÖLEN IMPERATOR: AWRELIÝ KOMMOD
Taryhy makalalar
Gladiator döwşükleri halkyñ diñe tomaşa edip wagtyny geçirýän çykyşlaryndan ybarat däldi. Rim imperiýasynyñ gowşan döwürlerinde "teatr döwleti" diýip boljak döwürde gladiator döwşükleri "güýjüñ metafizikasyny" añladýardy. Şeýle çykyşlaryñ üsti bilen halka, baý gatlaga, din adamlaryna derwaýys signallar berlipdir we jemgyýetleriñ kabul etmeleri (восприятие) konsolidirlenipdir. Häzirki günüñ gözi bilen seredenimizde telbelik ýaly bolup görünýän şeýle işler imperator bilen birlikde birgiden möhüm adamlaryñ syýasy pozisiýalaryny derñemek we garşy çykmalaryna göz üçinem bu oýunlardan aç-açan peýdalanandygyny görýäris. Gladiatorlaryñ türgenleşik meýdany Gladiatorlar islän ýa çem gelen wagty arena çykyp biri-birleri bilen döwşüp bilmeýän eken. Ilki olar üçin güýçli senariýa taýýarlanypdyr we arena şoña laýyklap dekorasiýa edilipdir. Şonuñ üçin gladiator oýunlaryna tradision ritual, ideologiki gurluş we ahyrynda teatr diýip bolupdyr, emma arenada öñünden çaklap bolmaýan netijeleriñ bolup bilmegi bu oýuna halk köpçüligi tarapyndan düýpli many-mazmun berlip bilinmegini üpjün edipdir. Bu oýunlar bilen ýakyndan gyzyklananlaryñ birem Awreliý Kommoddyr. Awreliý Kommodyñ çagalygy Köpimiz ony "Gladiator" kinofilminde aktýor Hoakin Feniksiñ janlandyran rim imperatorynyñ üstünden tanaýarys. Kommod arenada özüni halk köpçüligine Gerkules ady bilen tanadypdyr. Gerkules dünýäni gorkunç döwlerden goran halk gahrymanynyñ adydyr. Kommod bolsa halkyñ söýgüsini gazanjak bolup arena çykanda her tomaşaça potensial teraktçy hökmünde garamagy adamlaryñ inini düýrükdirýärdi. Kommodyñ arena üçin saýlap alan geýimi-de Gerkulesiñ simwoliki eşiklerinden ybaratdy. Amerikan aktýory Hoan Feniks "Gladiator" (2000 ý.) kinofilminde Awreliý Kommodyñ rolunda Halkyñ aýry-aýry döw hasaplaýan gladiatorlary bilen başa-baş döwşüge çykyp her gezeginde diri galyp başarmagy Kommodyñ özüni hudaýtarapyn şahs hökmünde gördürjek bolma tagallalaryny goldaýan ýalydy. Beýle telbelik nysagy diñe Kommoda degişli däldi, mundan öñem Adrian we Lusiý Wer ýaly imperatorlaram gladiatorlara garşy söweşipdiler. Munuñ özi diýseñ howply karardy, çünki arenadaky ýüz müñlerçe tomaşaçynyñ goldawyny gazanmak üçin ädilen bu ädim duýman durkañ birden tersine-de bolup bilýärdi. Kommodyñ arena çykmagy hasam kejikdirýärdi, sebäbi onuñ general çini ýoldy we jeñ meýdanyna çykyp ýeñiş gazanan adam däldi. Arenada gazanan üstünlikleri oña garşydaş senatorlary ýok etmek üçin ullakan mümkinçilik döredýärdi. Şonsuzam ol işine ilkinji nobatda şeýle döwşükleriñ akmaklykdygyny aýdýan senatorlary ýok etmek bilen başlady. Awreliý Kommod Kommodyñ ölümi diýseñ pajygaly bolup geçdi. Birinji aýalyny biwepalykda aýyplap sürgüne ýollan imperator täzeden birnäçe aýala öýlendi. Onuñ bu eden hereketi köşküñ içinde dürli gep-gybatlaryñ artmagyna sebäp boldy. Aýratynam onuñ oýnaşy Marsiýa wagtyñ geçmegi bilen döwletiñ içinde möhüm güýç gazanmaga başlady. Daş-töwereginde bolup geçýän zatlary dogry okap bilmeýän Kommod ähli ünsüni arena berip, hakykatlardan üzñeleşmäge başlady. Marsiýa ahyrynda gorkunç pyglyny herekete girizdi we Kommody tagtdan indermegiñ wagtynyñ gelendigine karar berdi. Üstesine diñe imperator agdarylanokdy, täze imperatory-da Rimde oýnaş tarapyndan bellenjek derejede öz tarapyna güýç çekmegiñ hötdesinden gelipdi. Kommod oýnaşy Marsiýa senata gladiator eşiginde gitjekdigini we şeýtmek bilen döwlet apparatyna möhüm signal bermegi meýilleşdirýändigini aýdanda kirişler üzülipdi. Bular ýaly samsyklygyñ Kommod ýaly kelesañ üçinem gereksizdigini pikir eden Marsiýa imperatora beýtmegiñ howpludygyny duýdurypdyr. Kommod bolsa muña gaharlanyp, Marsiýany ölüm jezasyna höküm edipdir. Imperatoryñ permany heniz ýerine ýetirilmänkä Marsiýanyñ eline geçipdir. Şonsuzam Kommody ýok etmegiñ pikirini edip ýören Marsiýa haýal etmän herekete geçipdir we imperatora haremhanasynda keýp çekip otyrka awy berdiripdir, emma zäher Kommody öldürip bilmändir. Imperatoryñ täzeden aýaga galmagyndan gorkan Marsiýa bu gezek gladiator we Kommodyñ arenadaky tälimçisi Narkissus imperatory bogup öldürmegi üçin ep-esli mukdarda pul hödürläpdir. Narkissus hödürlenen pula razy bolupdyr we heniz awynyñ täsirinden ýaña oñly dik durup bilmeýän Kommoda göreş tutmagy teklip edipdir. Özüni Gerkules hasaplaýan Kommod bular ýaly hetdenaşmadan ýüz öwrüp biljek däldi. Başa-baş göreş tutanlarynda Narkissus Kommoda nebsi agyrmandyr we imperatory öldürip biljek emelleri edipdir. "Suw küýzesi suwda synar" diýleni. Kommod ahyrynda gladiator kiminem ölüpdi. Ol Rim syýasatynda ýigrenilýän adam bolsa-da, germanlara we häzirki Angliýa adasyna parahatçylyk getiren imperatordy. Özünden öñki imperatorlardan tapawutlylykda halkyñ gyzyklanmasyny jeñ meýdanlarynda gazanmagyñ ýerine, muny arenalarda gazanmaga synanyşypdy. Aslynda belli bir derejede üstünlik hem gazanypdy, emma dar geñeşçi sferasynyñ kontrollygy astyndaky imperator Rimde bolup geçýäm hadysalara doly we dogry baha berip bilmedi hem-de oýnaşy tarapyndan öldürildi. Ölen badyna Rim senaty ony haýyn yglan edip, meýdine-de eýe çykmady. Onuñ ölümi bilen birlikde yzynda mirasdüşeri bolmansoñ graždanlyk urşy başlady we dinastiýa Rimde başga toparlaryñ eline geçdi. Mehmet MAZLUM ÇELIK. @MMazlumcel celikmehmedmazlum@gmail.com Çarşenbe, 13.12.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |