22:34 Magtymguly / dessan | |
MAGTYMGULY
Halk döredijiligi we rowaýatlar
Merkezi Hindistan, Çinistan (Hytaý), Arabystan, Hywa, Buhara diýen uly öwüs ýurtlary bolupdyr. Ol döwürde il agasy, ýakaly begres don geýen, almagöz bedew at münen, taryhda doýup-dolup geçen, 1170 (1756 m ý) Janbek hanyň döwründe Yrjabek, Nurbek, Esenbek, Kürtbeg, Ýusup Soltan, Äralyhan, Merdogly Merdan, Demirçi ogly Küwe, Gaýtmazgara, Taýmazbeg diýen il agalary bolupdyr. Baýlary sahawatly, dinleri kuwwatly, ýigitleri alfutüf muhabetli, garybyna muhabetli bolup geçen zamanada, şol döwürde Allaýar, Hudaýýar diýen iki sohta Selimhoja diýen afat ýagşy efendide okaýardylar. Olar okap, ylymlaryny zahyr bilip, ile ýagşy söz açmaga garadylar. Il içinde ýagşy, haýaly, edepli bolup üç-dört ýyl Selimhoja efendiden taglymat-ylymlaryny aldylar. Magtymguly bir anna gijesi tünüň ýarynda uklap ýatyrka, bir düýş gördi: Çaryýar pirleri gaşyna gelip, kyrk çilten söhbetinde boldy hem şonda Selimhoja efendisi oňa bir alma berip: „Oglum, bu seniň nesibäň iý, söze çeper bolarsyň, biziň maslahatymyzyň içinde bolarsyň. Myradyňy, maksadyňy şonda taparsyň” diýdi. Uklap ýatan ýerinde Magtymgulynyň sag tarapyndan dört atly gelip, „tur balam“- diýdiler. On dalmynyp turup sözlemäge başlady. Halypasy aýtdy: – Bisimylla, balam, näme boldy? Şol wagt Magtymguly gören düýşüni beýan edip şeýle sözlemäge başlady: Bir gije ýatyrdym düýnüň ýarynda Bir dört atly gelip „Turgun“ diýdiler. Habar berem seniň „Şatlyk“ şanyňda Hormat bilen baga bargyn diýdiler. Nazarym ýetişdi ol dört merdana Göwnüm joşa geldi, aklym haýrana Ýanymda bar idi dört merdana Biziň bilen baga ýörgün diýdiler. Ol iki diwana tutdy golumdan Aldylar gitdiler duran ýerimden Bir yşarat boldy wagt ýanymdan Bir baryp seýran kylgyl diýdiler. Bahawetdin Çarbagyna geldiler. Selimhoja babalaryny gördüler. Dört atlysy dört çaryýar boldular Dilegiňi bizden dile diýdiler. Resul alla diýdi ýa şahymerdan Selimhoja baba ýa hökmi Süleýman Abu Bekir Syddyh, Omar hem Osman Bu guluň maksadyn bergin diýdiler. Magtymguly turup gözün açypdyr, Serine köp oýlar gelip geçipdir, Pir elinden bir pyýala içipdir. Myradyň-maksadyň görgün diýdiler. Magtymguly bu şygry aýdan soň, Selimhoja babasy: ¬ Gören düýşüň, balam, haýyrly, sen il hojasy il zekiýi boljak ekeniň, ile hormatly bolup ýagşylygy öz diliňden görjek ekeniň, uzak ömür sürjek ekeniň, myrat-maksadyňa ýetjek ekeniň, diýip, ýene elip diýip ýüzün sypady. Aradan ýedi gün geçenden sora, indiki anna gijesi Magtymguly bir melewşe bagyň içinde kyrk çilten söhbetinde bolup, asman – zemine seýran kylyp, ýene şol melewşe baga gelip düşdi. Ol bagda seýran edip ýören wagtynda, öz düýşünde gören Resulalla, Selimhoja babasy, hökmi Süleýman, Abu Bekir, Omar ,Osman ruhlary ýyglyp gelip, olar şahyra “Gadymda göreniňi sözlärsiň” diýip, ýene-de haýyr pata berdiler. Magtymguly Aby-haýat köwser suwuny içip, şat bolup ýatan wagtynda „Dalmynyp göklere uçdum ýaranlar“, diýip ustat pirine, dosty Allaýara garap, gören düýşüni beýan eýläp, bir gazal aýdar boldy: Bir jumga gijesi gördüm düýşümde, talfynyp göklere uçdum, ýaranlar, perwaz eýläp, seýran kyldym asmana Nägehan baglara düşdüm, ýaranlar. Saýraşyp agaçlar şeýda bilbiller, Bagynda açylyp mürewwet güller Berdiler Aby-haýat köwserden suwlar. Doýmadym, ganmadym, içdim, ýaranlar. Ol düşen bagymda ajaýyp çemen. Ajaýyp mejlisi gördüm onda men, Ýygylmyş jem bolup, onda kyrk çilten, Salam berip golun aldym, ýaranlar. Bir yşarat eýläp orun berdiler, Pyýala dolduryp şerap guýdular, Bagtly gul bolsun adyň diýdiler. Ony içip tamam joşdum ýaranlar. Bagtymguly hoş ýar bolup oýandym, Oýandym, örtendim, tutaşdym, köýdüm, Bahaweddin pire onda el berdim. Ganymat, gaýgysyndan geçdim ýaranlar. Pirleriň beren ismi bilen onuň ady bagtly gul-Bagtymguly boldy. Bagtymgulynyň atasy Döwletmämmet Mürze ogludy. Ol-da pire gol beren adamdy. Bir gün ussady Selimhojanyň özi bir zat ýazdyrjak bolup. Magtymgula galam berdi, näme ýazdyrjagy essine düşmedi. Şol zaman Bagtymguly men öz ýadyma düşen ýerinden aýdaýyn diýip goluna sazyny alyp, bir gazal aýtdy: Galam alyp namany ýazdyrdygym bilmezmiň Afsun okyp hüt-hütin inderdigim bilmezmiň Arş üstüne galdyryp mündürdigim bilmezmiň Dört gije, üç gün ýyglap diňdirdigim bilmezmiň Eşek münen Ysany ýeldirdigim bilmezmiň Mejnun kibi sährada ýyglaý-ýyglaý gezdigim Gözüm ýaşyn merjen dek düzüm-düzüm düzdügim, Fyrak kibi Gülşatdan umydymy üzdügim Joşgun berip yşk oduna gaýnap-gaýnap gyzdygym Şebbe kibi bir dagyn ýandyrdygym bilmezmiň. Hüt-hüt kibin. Pereňden... çyn-maçyna bardygym Bag içinde Balkysyň saçyn açyp gördügim Süleýmanyň tagtyndan sözläp habar berdigim Guş gonsun diýip başyma bilbil heňin gurdugym Çarşenbe gün düýn wagtda gönderdigim bilmezmiň Tur dagynyň arkasynda Mejnun gurdy şadyny Bisymylla diýip başlady, çagyrdy ustadyny Hakdan gaýra bir kimse bilmedi oň dadyny Gaýry aşyk nagra çekdi, şöhle urdy oduny Göz ýaşymdan suw alyp söndürdigim bilmezmiň Şirwanhananyň söwdasy ne ajaýyp söwdadyr, Gyldan bir ýag agyr berse, kyýamat gün ryswadyr. Ýüz ýigrimi saf gurlup, her safda bir gowgadyr, Aşyklygyň joşguny akmaz oýan derýadyr. Bir şugardan kyrk aşygy gandyrdygym bilmezmiň. Suwdan gana döndürip jan berubin indirdi Hak ýaradan biribar bizi dünýä göndürdi Nur hudaýet hulkumyza saddy bizi güldürdi Dokuz aý, dokuz sagat enemizi emdirdi Pany dünýä gyzykdyryp, aldyrdygym bilmezmiň. Bagtymguly sözleýir wagyz pelek zährsi Ýedi ýyldyz gardaşym aýyň-günüň arasy Nury didämiň ýagtysy, ak gözümiň garasy, Aby-zemzem çeşmesi sap merwerdir şöhlesi Süleýmanyň tagtyny syndyrdygym bilmezmiň diýip, Bagtymguly muny aýdansoň, Selimhoja babasy bek razy bolup, oňa magtaw berdi. Soň bu ýere il-hoja gartlary ýyglyp, jem bolup oturdylar. Şonda Bagtymguly göwün patyşasyndan syr açyp, bir gazal aýtdy: Göwün bir beden Şahydyr Her sözi göwün hoşundadyr Ýedi yklyma dagynda Her birisi öz işindedir. Bulutlaryň çykyp-inmesi Howanyň göçüp gonmasy Dünýäniň agyp dönmesi Ýaradan hak işindedir. Kimdir bu dünýäde galan Maňa çyndyr saňa ýalan Bir akdyr, bir gara ýylan Her kimsäniň başyndadyr Bu panynyň asly ýokdur Kelam gadym sözi hakdyr Bu gün göreniň erte ýokdur Ajal oky gaşyndadyr. Üç essesi däli derýa Bir essesi ýerde gowga Bir gün guçar pany dünýä Bilmen näçe ýaşyndadyr. Bagtymguly ýar hudaýdyr Ajal oky, pelek ýaýdyr Dünýä bir kerwensaraýdyr. Adamzadyň gaşyndadyr. diýip muny aýdan soň, ýene ýyglyp gelen garrylaryň, selleli hajy-hojalaryň göwnüni awlap, röwşen gözlerinden, mähriban sözlerinden söz açyp, bir gazal aýtdy: Gara daşdan garynjany aýran göz, Jahanyň röwşeni göze myhmandyr, Gelene aç diýip, myhman ýüzüne garama Aşa muhtaç däldir söze myhmandyr. Ýok diýme gardaşa herne ber baryň Döwletiň aldyňda, açylar ýoluň Baglatma şeýtana barmagyň goluň Şat olsa gardaşyň ýaza myhmandyr. Ýigidiň bolmasa ýaragy-aty Ýaragyň hümmetsiz, bolmaz gayraty Garryýanda gider biliň kuwwaty Kuwwatlygyň zory dyza myhmandyr. Bu dünýä gözüňe gülüm-gülümdir Jepasy köp bolar jebri zulumdyr Näçe müň ýaşasaň ahyr ölümdir Amanat janyňyz tene myhmandyr. Bagtymguly ýalan ýokdur sözümde Ölüm ýadymdadyr gorky gözümde Bagtly ýaşasaň ýeriň ýüzünde Adam ogly bäş gün duza myhmandyr. Bagtymguly muny aýdyp bolan soň, şol zamanda dag başyna duman düşüp, açylyp, ýagmyr ýagyp, sil geçip, ýel ösüp, agaçdan ýafraklar gaçyp duran wagty, „Bu nä ýeller, nä ýagmyrlar boldy“, diýdi. Ýene onuň özi aýtdy: Ol zatlaryň barysy-da biziň ahyr wagtdaky ömrümize mysaldyr, ony size saz bilen beýan eýläýin diýip bir gazal aýtdy: Altmyş ýaşan ala garly daglardan Duman geçer, ýagmyr ýagar, sil galmaz. Şeýda bilbil mekan tutan baglardan Hazan urar, ýaprak solar, gül galmaz. Gelen geçer bu ýalançy jahandan Her kim içer ol şerapdan, ol jamdan Ýürek gaýnar her söz geler zybandan Dahan gider, dendan düşer dil galmaz, Jana degse garrylygyň zäheri Zebun bolar göwün-göwde şäheri Goldan gider ýigitligiň bäheri Kuwwat gider, dyz egiler, bil galmaz Bir namardyň köp minnetli aşyndan Gol uzatma aýlanawer daşyndan Kerwen geçer beýik daglar başyndan Ezgen biter ýowşan biter ýol galmaz Dilber göwnüm, bu jahanda kim galar Ol mekana giden gelmez, gum bolar Görkli ýüzüň görmez bolar, kül bolar Bagtymguly il, patyşa, beg galmaz. diýip, Bagtymguly muny aýdan soň, Selimhoja efendiniň bir dogany, şatlyk, toý edip ýatyr diýip, hoş habar geldi. Selimhoja iki diwana sopusyny ýanyna alyp eýerdip, asta-akryn toýa geldiler. Görse zinetli ulu-öwüs toý bolup ýatyr. Ýedi ýerde ak öý tutulan, garaly-akly goýun dünýäni gurşap ýatyr. Il agalary toýun toýlap, zowky-sapada otyrlar. Yrjy bek, Nurbek, Esenbek, Kürtbek, Batyr Hasan, Soltan Ahmet, Äralyhan, Merdogly Meýdan, Demirçi ogly Küwe, Gaýtmaz gara, Taýmaz beg, ak sakgal, gara sakgal goja-garrylary bilen jem bolup otyrlar. Şonda Bagtymguly Selimhojanyň doganlarynyň toýun toýlap bir gazal aýtdy: Aga begler haýyrly bolsun toýuňyz Muhannes egdirmesin boýnuňuz Bir çopanda altmyş hatan goýnuňyz Şatly bilen haýyrly bolsun. Eý agalar birge bolsun malymyz Birge bolsun namysymyz, arymyz Bir atadan altmyş agul hemmämiz Bir supraga gol uratsa barymyz Onbäşimiz ekin-tikin eýlesek Onbäşimiz aga sözün sözlesek Otuzymyz duşmanymyz yzlasak Ary ýerde soltan bolsak birimiz Taňrymy ýat kylyň otursaň-tursaň Muhammet ummaty bendesi bolsaň Hak zikiriň mydam dowamat kylsaň Şonda yrazy bolar ata-pirimiz. Barçanyň hajasy Allaýarymyz Ymam agzam mezhep yslam dinimiz Atadan uludyr ustat pirimiz Ýigrimi alty yrym bolar pirimiz. Hyýanat eýlemäň datly gardaşa Hyýanatly bolan bişer ataşa Nebsine uýan kişi derine düşe Hyýanatsyz soltan bolsun başymyz Bagtymguly çekmesin muňly zaryny Supra ýaýyp düzüň hormat nanyny Hernä alla üçin beriň baryny Ahyr demde alla bolar ýarymyz. diýip, Bagtymguly ýedi gije-gündiz Selimhojanyň doganlarynyň toýun toýlap, soň öz ussat iline gaýtmaly boldy. Ussat iline gelip bir aý boldular. Onuň durmuş mekany on bir hanyň ilidi. Taglymat ylymlaryny bilip, ylmy-şerabyn içip, atasyny, enesini, kowum-garyndaşlaryny sagynyp , öz ussat pirinden rugsat sorap, Bagtymguly bir gazal aýdar: Alym atam, şirin dilli ussadym Rugsat berip dogry ýola gönderiň Aryşdan aşyrmyşam nala perýadym Hormat bilen dogry ýola gönderiň Pir ussadym dogry ýoldan ötüren Ylym berip takyk ýoldan geçiren Abu haýat köwser suwun içiren Hormat bilen dogry ýola gönderiň. Atam-enem amanlygyn bileýin Uly zyýarata togap gylaýyn. Deňim-duşum gardaşlarym göreýin Rugsat berip, bizi ýola gönderiň Şükür bu gün meniň göwnüm hoş olup. Üç ýyldyr ilden ajyra daş olup, Ana haky gözi ganly ýaş olup Rugsat berip dogry ýola gönderiň Oýandym örtendim ýerimden turdum Atam Döwletmämmet pirimi gördüm Kyrk çilten mejlisli söhbetde boldum Bagtymguly dogry ýola gönderiň, diýip, Bagtymguly muny aýdan soň, ussat piri munuň ylmy hak şeraby içenini bilip hem-de Bahaweddin pire gol berenine begenip, muňa razy bolup, iki sopuçyny çagyryp alyp ikisiniň gaýtmagyna haýyr pata berip, Allaýara döwletli bol, il naýyby bolarsyň, Hudaýara bagtly bol, il diwanasy bolarsyň hem-de iliňize baryp wagyz-nesihatyňyzy berersiňiz, baryň ýagşy ýola-diýip, uzadyp iberdi. Bular ýola rowana boldy. „Ýören adam näme görmez“ diýip aýdylany bar, indi habary Azady şäherinden eşidiň. Bir gün il agasy, don ýakasy Janbek hanyň öýüne bir derwüş geldi. Ol haýyr sahawat yzlap gelip, salam berip oturdy. Janbek han aýtdy: Hoş geldiňiz, derwüş. Alyslymyňsyň, ýowuklymysyň? Derwüş aýtdy: ¬ Ýowuklydyryn. Janbek han aýtdy: ¬Ikilimisiň, dörtlümisiň? Derwüş aýtdy: ¬ Dörtlüdirin. Ýene Janbek han aýtdy: ¬ Irlimisiň, giçlimisiň? Derwüş aýtdy: ¬ Irli edim, ýykyldym turdum, ýykyldym turdym. Onda Janbek han aýtdy: ¬ Ýykylyp turan kişä kömek gerek diýip, bir tulum altyn berdi. Derwüş altyny alyp, ýola rowana boldy. Indi habary Allaýar, Hudaýardan alaly. Bir näçe medet ýol ýöräp, geýden-geý aşyp, bir kerwene hargyşdy. Bagtymguly kerwenbaşynyň göwnüni awlap, kerwen nä kepde göçüp gidýän bolsa, biz-de ahyr demde şeýdip göçjekdiris, diýip, bir gazal aýdar: Panydan bakyýa göçe-göç bolsa, Bu dünýäden göçe-göçe gidersen. Ajal janyň berip içe-iç bolsa, Jan ajygyn çeke-çeke gider sen. Sypatyň saraldyp, meňziň solduryp, Jesediňden çykar janyň aýrylyp, Kowum-gardaşlaryň galar maýrylyp, Etegiňe kaka-kaka gider sen. Bu dünýäde şat olmagyl her zaman, Janyňa ynanma durmuşyň güman, Ýaradandan geler saňa bir perman, Baryn taşlap çyka-çyka gider sen. Dünýä kowan üçin saňa ýetdirmez, Iýdirmez-içirmez, abraý artdyrmaz, Guýrugyn çoňkaýdar, saňa ýetdirmez, Ony kowup çyka-çyka gider sen. Bagtymguly bu dünýäge uýumaňyz, Baky döwletiňden garap galmaňyz Ahyr demiňizde iman diläňiz Baryn taşlap çyka-çyka gider sen diýip Bagtymguly muny aýdyp, ganymat-gaýgyny, dünýäsin terk edip, baky döwletin oýlap: hak söýen gullaryňa bu dünýä peýdaly diýip, bir gazal aýdar: Pany dünýä sen üstüňe gelene Haka dürs gula, astyň peýdaly, Hak ýolun aňlaman zowkun görene Haçanda astyňdan üstüň peýdaly Bir kerwende üç müň düýe bolandan Ulu Söýünhana uýa bolandan Altyn-kümüş kemer söýe bolandan Ah janym diýmedik saglyk peýdaly Pany dünýä hiç bir kimsä ýetdirmez Guýrugyn çoňkaýdar, bular tutdurmaz Dokuz tapanyňy üçden aşyrmaz Bäş gün ömrüň ötür saglyk peýdaly Saglykda näme gerek sen gara maňa Özüňi ýat eýle, ölä bir doga Ynjytma pahyry, ýola sal, gara Gol ujundan teňňe beren peýdaly. Bagtymguly bir-de ýalan sözleme Ýalan aýdyp rastyňy gizleme Gyýbat iýme, asyl dawa yzlama Çyn ýürekde iman nury peýdaly diýip aýdyp, ikisi dagdan-daga aşyp, ýol çekip gelýärler. Bir näçe medet ýol ýöräp, dünýäde bolan guşlaryň, gurtlaryň, keýikleriň saýasy bolan almaly baglaryna gelip girdiler. Bu bag herki bir janawerleri öz arzy-halyny sözleşip duran miweli bag eken. Bu ikisi bag saýasynda saýalap, ýatyp-turup, ýörejek bolan halda, bir ses eşitdiler. Şol wagt Bagtymguly: „Hakny ýat kylmasaň, galdyň arman içinde“ diýip herki bir guşuň hünärini beýan eýläp, bir gazal aýtdy: Pikir kyldym gökge, ýere Bu akyl jan içinde Görgünjan alla diýer Etsiz uzgen içinde Gider ýoluň bilmeseň Dagly ýolda ýörmeseň Hakny ýada salmasaň Galdyň arman içinde Göwnüm aýdar hos olsam Iýsem-içsem joş olsam Gözellere duş olsam Ýatsam eýwan içinde Ýere biten nehadatlar Gyzyl güller gök otlar Gapyl adam bu zatlar Göwnüm perman içinde Barçanyň hojasy Alla Üç ýüz altmyş öwlüýä Lük-lük okyr kulhualla Handan-mendan içinde Torgaý okyr müň weýran Toty guşlar oňa şat Mömünler otdan azat Ahyr zaman içinde Baýguş aýdar derdim bar Teswihim bar, güdüm bar Weýranada ýurdum bar Zary girýan içinde Agsak aýdar pakyr men Gulluguma hakyr men Hakny ýa-da okyrmen Şany şabad içinde Meçuç aýdar gider men Gördüm, bildim ýeter men Bag saýada ýatar men -------------- Garga aýdar garkyldap Üç agaçdan watan tikip Harman içinde ýatar men Durna aýdar dür açar men Gyş Hindistana göçer men Bagdat suwuny içer men Asmanlarda uçar men Gökde laçyn deý pyrlanyp Belent dagdan geçer men Balalarmyň derdinden Ýüregim gam içinde Böri aýdar apar men Çöl meýdanda ýatar men Meniň işim çapar men Guýrugyndan gapar men Balalarym gaýgylanyp Ryzkysyn tapar men Keýik aýdar haýbatym Dag içinde zinetim Balalarym rahatym Hergiz işi bitmesin Ojakbaşdan gitmesin Balalarymy atan kişi Myradyna ýetmesin Taňryny ýat kylyp Resuly hak bilip Bizi azat eýlesin Bagtymguly pakyr men Gullugyňa hakyr men Gije pikir, gündiz zikir Hakny ýatdan okyr men Nebsi dünýä gaýgysyndan Arzuw çekip otyr men Alty agajyň saýasynda Günüm girýan içinde diýip, Bagtymguly muny aýdyp, Kürtbegiň iline gelip, sahawatly gartlary bilen geňeşdar bolup, söz açyp: „Eý gardaşlar biz bäş gün haryýet gelen myhmandyrys. Bir- birimize muhabbetli bolup, ajy-awy sözleşmäni, mähriban gardaş bolup ýörsek, ýoluňyz dogry, dinimiz bütin bolar. Hem-de: tekepbir, gybat, kastlyk, zulumlyk kylmalyň. Bu dördüsi bir gardaşdyr. Ol sözlerden ýyrak bolup, baky döwletden oýlap, atalar sözüni ýüze çykaryp, il içinde, il zergesinde ýörsek, sözüň manyly, pataly bolar. Ili depip, tekepbirlik eýläp, ili söýmeseň, söýmän gitseň, başyň hataly bolar. Ýagşy bilen aman ýörseň-içen aşyň bal dadyr, ýaman bilen ýagşy ýörseň içen aşyň uw dadyr. „Ýaman bilen baş goşandan, ýagşy bilen daş daşy“ diýenleri. Goldan kuwwat, gözden görüw , başdan aň, bilden güýç giden soň, dogan ganda , dost ganda, kowum ganda, oba ganda, il ganda diýip, Bagtymguly bir gazal aýdar: Doklugyň çaýkanyp ýykylsaň bir gün Onda saňa dogan ganda, dost ganda Damagyňdan sykyp, bagyrdar bir gün, Kowum ganda, gardaş ganda, il ganda. Ahyret alysdyr-ýoluň ýyragy, Imanlynyň onda ýanar çyragy, Minen aty onuň jennet pyragy Ýagşy guluň rahaty hem onda. Halal zurýat bolsa dogan tapylar Haram zurýat bolsa gapyň ýapylar Köpüniň köz bolup, oduň saçylar Onda saňa rahat ganda gün ganda. Zulumlyk eýleme müъ min gardaşa Kastlyk eýleýen ýoldan adaşa, Öz başyna gazar çukur hem düşe, Ol ýowuza ýagşy ganda, ýol ganda. Bagtymguly haka dogry sözläňiz, Haka şükür, sena bada eýläňiz Hakdan iman diläp, ahyr aýlaňyz Amal ganda bolsa, iman hem şonda diýip, Bagtymguly muny aýdan soň, Kürtbegiň hajy-hojalary, ýaş-ýuşlary hormat gylyp, Bagtymgulyny bek gaty söýdüler. Häli-de bolsa mysal sözüňi aýt, balam, gulagymyzda galsyn diýdiler. ¬ Eý gardaşlar, dünýä bir sary ýaňgaga mysaldyr. Gurulmyş ynsanyň amaly şonuň aşyna mysaldyr. Ýangagyň aşly bolsa, bazara salyp, satyp bahasyny alyp, bazarly bolup gaýtjaksyň, ýangagyň çüýrük bolsa, aşyň-halmanyň ýok, harjyň ýok, gury gaýtjaksyň. Ahyret şoňa mysaldyr, amalyň bolsa, bazarly bolduň, bir haryýet gelen myhmansyň-diýip, Bagtymguly bir gazal aýdar: Çüýrük hoz eýlediň jahanyň köprün Bir humar bazardyr ötüp durupdyr, Çüýrük saman gyldyň mata bazaryn Köpgüne barabar satyp durupdyr. Hak ýaratmyş alty günde dünýäni Ýokdan bar eýlemiş jümle ynsany Haryýet gelmişdir gelen myhmany Müň ölüp, müň bir dogup durupdyr. Düzülmiş dünýäniň durmuşy ýalan Mähriban janlaryň gülleri solan Dünýäniň gurşawy bir gudrat ýylan Guýrugy başyna ýetip durupdyr. Söz aýtsaň ýigide dogrusyn sözle Bu günüň hoş görüp, ertäňi oýla Takdyr hem hudaýyň emri bile Dört barmak guýrugyn iýip durupdyr. Owal şam, ahyr şam iliň erkany Sürülmiş ynsanyň bolar mekany Onda gurlar amal söwda dükany Kimi gülüp, kimi ýyglap durupdyr. Bagtymguly aýdar rasyn size Ahyret bakydyr, amalyň düze Dünýäni gutarmyş ýedi kelpese Şol beýik ýylany ýudup durupdyr. diýip, Bagtymguly muny aýdan soň, il-hojalary, ýaş-ýuşlary, saddyk ustadyňa diýip, magtaw berdiler. Muny eşiden ham-hars göwrelerini galdyryp, gulak saldylar-ýigidiň aýdan wagyz-nesihatyna, sözlerine. Şonda Bagtymguly: Il gardaşlarym, ahyret çyragymyz zinnetli hasyllarymyz, Adam ata, How ene, Bahaweddin pirler, iki dünýä çyragy Muhammet Mustapa, Abu Bekir, Omar, Osman, Aly, Merýem ene, Äşe Patma, Seýit söýgüli gullar, Hemze Bähliwan, Talhy Zebir, Abdyrahman, Hasan-Hüseýin, dört müň dört ýüz ýaşan Lukman hekim, Huda söýen söýgüli-zinnetli hasylymyz alan patyşanyň, diýip, bir gazal aýdar: Bu dünýä asyl pany Adam ata, Howa hany Dünýäni ýedi aýlanan Bahaweddin pirler hany Mekge zynaty ýaraşan Ýa rebbi bilen görüşen 99 müň kelbe aşan Hak Mustapa ärler hany Mekgede ýüz ýyl oýnaýan Jennetde gözi ýaýnaýan Yslam üçin jan gynaýan Ol Hemze bähliwan hany Ozal gul bolup satylan Soňra zyndana atylan, Müsürde patyşa bolan Ol Ýusup pygamber hany. Ebu Bekr ýollar açan Magrypet dürlerin saçan Din ýolunda dogry geçen Omar, Osman, Aly hany. Arşyl Agla ýer dewrendi Melekler zar-zikir oýldy Hak Mustapa ony gördi Ol söýgüli Belal hany. Dogry geçip dogry ýören Hak ýolunda mutyg bolan Merýem ene, Äşe Patma Seýit söýgülli gullar hany Haryýet durmuşyň güman Ýaradan hak bersin iman Talha, Zebir, Abdyrahman, Huda söýen gullar hany Ozal bu dünýäge gelen Hatam bilen ýoldaş bolan Kerbelada şehit bolan Ol Hasan-Hüseýin hany Bagtymguly çekme arman Hakdan geler bir gün perman Ajala tapylmaz derman Dört müň dört ýüz ýaşan hany diýip, Bagtymguly muny aýdan soň, döwletli il agalary, türkmen begleri, salkynda saýalaýan gyz-juwanlary, garybyna muhabbetli, şepagatly bolsun diýip, nesihat-öwüdini berip, Bagtymguly bir gazal aýdar: Bir döwlet iliň begi bolynça Döwletliniň gapysyndan ýörinçä Bi asylyň hyzmatyndan ýörinçä Asly begiň saýasynda il boluň Ýamany goý, ýagşylara göz aldyr Ýagşynyň durmuşy hormatly güldür Gargyş alma zürýadyňy azaldar Akarda suw, ýa öserde ýel bolgul Süleýman sen mura bir gulak goýgul Sözüni diňlegil, jogabyn aýtgyl Hekim bolsaň halkyň gün kibi çoýgul Çar tarapdan garap, halka il bolgul Ýaman işdir öz nebsini beslese Akmaklykdyr özün ýagşa taşlasa Her bazarda rowaç bolmak istese Ýagşy, ýaman diýme, gün kibi çoýgun Bagtymguly bardyr demiň hasaby Ir-giç ýiter gyrbyldanyň nesibi Kişi bolsaň, dogry eýle hasaby Ýagşy ýaman barçalara dil bolgun, diýip Bagtymguly nesihat sözlerini aýdan soň, il begleri, hanlary bek gaty hormat kyldylar. Saýada ýüzüne perde tutup, salkynlap oturan gözellere tagzym gylyp, gözelleri ýüze çykaryp, Bagtymguly bir gazal aýdar: Gözel bardyr gözellerden zyýada, Onuň hyzmatynda bolasyň geler, Edepli, ekramly mylaýym zada Onuň bilen ömür süresiň geler. Gözel bardyr günde-günde görmeli Şol gözeliň zyýa zülpün örmeli Döküp hazynanyň baryn bermeli Onuň dileginde bolasyň geler. Gözel bardyr uzyn bolar alkymy Garaňky gijede düşer ýalkymy Sözleýende hem sözleri bal kimin Dünýä malyn berip alasyň geler. Gözel bardyr sirke basar saçyny Eriner hem ýuwmaz gabak gaşyny Söýmez ulusyny, artmaz saçyny Onuň hyzmatyndan gaçasyň geler. Bagtymguly syn gerekdir gözele Arzuwym bar täze Zülpun düzene Dünýä malyn harç et ýagşy gözele Ýamanyň ýanyndan gaçasyň geler. Gözellere bu gazaly aýdan soň, uly-ulus agalary, ýyglyp, jem bolup, pir-atalardan uly nesihat, öwüt aluw bek ýagşy diýende, Bagtymguly ata nesihatyny aluw ýagşy diýip, bir gazal aýtdy: Berse ataň maslahaty Algyl bolan nesihaty Ýumşak sözle, gülme gaty Ojak orun saňa galar. Ata maslahatyn alsaň Iliň zergesinde ýörseň Halal maslahatyň berseň Täji döwlet sende galar. Berlen öwüdi almasaň Bilene gulak salmasaň Maslahaty hoş görmeseň Döwlet gaçar sende galmaz Deň-deňi bilen bolar Şady-horram oýnap güler Ýaman hatyn, ýöremez at Araňyzyň görkün alar Ýaman goňşy çapar gaýta Ýykylsaň-da deper gaýta Senden aýyp tapar gaýta Başyňa bir bela bolar Bagtymguly döwran sürer Şady-horram oýnap güler Teçjaldan soň şeýtan iner Oňa gara günler galar. diýip, muny aýdan soň, ol döwürde dolup, doýup geçen, suprasyn düzeden han-begleri ýadyna alyp, Bagtymguly ýene bir gazal aýdar: Bir sözüm bar diýsem şahy soltana Dünýäde hormatly begler galmady Döwletli beglerim supra düzene Desterhan üstünde myhman galmady Ygtybary ýokdur ýalany söýen Dogrusyn keri goýup, ýalana uýan Ýetimiň, ýesiriň malyny iýen Ýüregin ýel alan begler galmady Galmady dünýäde ýagşy muhtabir Dünýä baýlygyndan ýygypdyr köp zer Aýdyp ötüp gitdi ol haýryl Beşer Dogrulyk ýolunda ynsan galmady. Halaýyk barçasy nebsi hor boldy Zekiler gyryldy, dünýä dar boldy Alymlar kitabyna zar boldy Taňryny bir bilen ynsan galmady. Müfti öz sözüne gylmady amal Şerigat işine bermedi kemal Halk içine düşdi hyrs atly kesel Dogrulyk ýolunda ynsan galmady. Bagtymguly aýdar taňryny tana Munda oýnap gülen gardaşyň hany Heýç ynanma bu ýalançy pany Yllany bir diýen ynsan galmady. diýip muny aýdan soň ynamsyz bir haryýet panydyr, ertir şat bolanlar, öýlän bolmady ertir gülenleriň agşama galmady, ajal ýetip, ýumulsa gözi, goý bu dünýäňe geldi-gelmedi, kyrk şähri puldan dolduran Karun gözi gumdan doldy, puldan doýmady-diýip, olary mysal getirip, Bagtymguly bir gazal aýdar: Köp ýigitler geldi geçdi jahandan Näçe men-men diýen begler galmady Gerdişi göç gahwa pelek elinden Ertir şat bolanlar öýlän gülmedi Günden güne biçäre bu ajal haýat Bir beladyr hiç gutulmaz bu zynat Günden güne aşak düşen adamzat Ertir görenleriň agşam galmady Bir görkli panydyr dünýäniň ýüzi Nesihatym eşit, diňle bu sözi Ajal ýetip, adam, ýumulsa gözi Goý bu dünýäge geldi-gelmedi. Humaýun ýurduny saldyran Harun Dünýäni dört bölen hany Fridun Kyrk şähri gyzyldan dolduran Karun Gözi guma doldy, pula doýmady Bagtymguly haýran her ýana bakar Hak emir eýlese, daşdan ot çykar Ýaman ogul doýsa ilini ýykar Ýaman ogul doýsa asyl gurmasyn, diýip muny aýdan soň Bagtymguly: Her kimiň atasy öz uly piridir, ata-enä hormat gylyp lezzetleseň, bagy-bakjaň lezzetli bolar. Eger hormatlamasaň, janyň jepaly, başyň hataly bolar, bir gündelik myhmandyrys. Nädip eneňe bardyň, hak gudraty-emri bilen ýalançy panyýa geldiň-diýip, mysal getirip, bir gazal aýdar: Owal atamyň bilinden suw bolup anama geldim Syzdyryp anama baryp, bir gatra gana geldim Anamda surat bolup, bir şirin jana geldim 9 aý ana garnyndan inip jahana geldim Emip anam süýdüni gündelik myhmana geldim Ýaradanym gudrat bilen diş bile dahany berdi Sözlemäge söz bilen, dahanda zybany berdi Göwnüm gidip her ýana, turdym, aýagym ýördi Bildiň ýakyn ýadyňy, gözüň dünýäni gördi Okyp görüp, kitap alyp, sen on ýaşa geldiň On bäş ýaşa baranda oglanlykdan saýlandyň Gyz geline meýil edip, göwün berip gülündiň Hakyň permany bilen ahyr bir gün öýlendiň Ýigrimi ýaşa gelende bedew atyň saýladyň Bedew münüp syzgyryp, sürüp meýdana geldiň Otuz ýaşa gelende, nuhyň bir algyr şiri, Dünýä gamy başyňda, köýüp ýörüp ýelip sen Ähli musulman bolanyň, ölinça halal iýer sen Kyrkyňda towa eýläp, toba-tagsyr diýer sen Göwnüňi bire baglap, eziz subhana geldiň Elli ýaşa baraňda dogrulykda bolar sen Bäş wagtyny düz okap, Haka şükür kylar sen Altmyş ýaşa baranda, gartlygyňy biler sen Nägadar hem gazansaň. Ahyr bir gün öler sen Eken ekiniň bişirip, orak ormaga geldiň Ýetmiş ýaşa baranda ganyň gaçar ýüzüňden Ak dişleriň dökülip, söhle gider gözüňden Kuwwat senden aýrylyp, güýjüň gider dyzyňdan Segsen ýaşa baranda göwnüň geçer özüňden Gider bolsaň dünýäden, ýakasyz dony geýdiň Bagtymguly bähnetdir her kim togsana ýetse Hiç kim oňa haýran bolmaz, ajal ýakaňy tutsa Ahyr boljagyň şoldur, teniň ýer bile ýatsa Ynanjy gazansaň, ýoluňy rowan etse Işik-tüýnügi ýok, garaňky jaýa gitdiň diýip, Bagtymguly muny aýdyp, dünýä ýaraşygymyz, ahyret çyragymyzy alan, zinetli hasylymyzy alyp, ýaraşygymyzy solduran panysyň diýip, ýene bir gazal aýdar: Ha ýaranlar musulmanlar Sen ozaldan ýalan dünýä Töwesdiň ömrüm gutardyň Jana talaň salan dünýä Kime görkezdiň peýdany Görmedik suwda-zyýany Näçe-näçe Süleýmany Täji tagtyn alan dünýä Kimdir senden güler gider Ýürek bagryn diler gider Saňa gelen ýyglar gider Kimdir sende gülen dünýä Kimseleri girýan etdiň Didelerini girýan etdiň Ýürek bagryn birýan etdiň Şeýle derde goýan dünýä Bagtymguly many saçar Her kim öz kysmatyn içer Saňa gelen durmaz geçer Kimdir sende galan dünýä, diýip muny aýdan soň, Bagtymguly geçen mähriban günlerini essine alyp, hazan ýeli barsynyň gülün soldurjakdyr. Allaýar gardaşym, okyp alym bolsa, şeýtan boljak edi taňry men diýip ýören Şeddat galjak edi. Ömrün satyn alsa, Karun aljak edi, ynamsyz haryýet gelen dünýedir diýip, bir gazal aýtdy: Gulak goýuň asyl sözüň beýany Hazan bostan gülüň ýoldy-da gitdi Dünýäniň hiç kime ýokdur ynamy Ýer bagryna dartyp baryny ýuwtdy Habardar bol sagyň bile soluňdan Aýryldyň iliňden arka dagyňdan Bir gün aýra salar seni bagyňdan Bir bişen miwäňi ýoldy-da gitdi Bu dünýä ynanan owal şat bolar Aga-ini, dogan-gardaş ýat bolar Hazan ýeli degse, ýanmazdan solar Açylan täze gül soldy-da gitdi. Okyp alym bolsa, şeýtan bolardy Taňry men diýip ýören Şeddat galardy Ömrün satyn alsa Karun alardy Janlary jähennem düýbüne gitdi Bagtymguly aýdar magnasyn saçyp Halyl gurban etdi oglundan geçip Musa gutulmady ajaldan gaçyp Barysyn aždarha, gara ýer ýutdy, diýip, Bagtymguly muny aýdan soň, bir näçe medet ýol ýöräp, dalyp -aryp, ajygyp Azady şäherine ýetdi. Ol iliň ak sakgal magraç gartlary, sylagly-hormatly ýigitleri garşy çykyp, göterip alyp köp söýdüler. Şonda Bagtymguly owal dünýä inip, doýup-dolup geçen, dört müň dört ýüz ýaşan Lukman hekimiň bedew atly han sypatly Rüstem Pälwan, üç ýüz on üç mürseli bilen hak Resuly goýmadyk pany dünýä sizi-de, bizi-de alar diýip bir gazal aýdar: Dört müň dört ýüz ýaşan Lukman hekimiň Teni gara guma batdy, ýaranlar Bedew atly han sypatly Rüstemiň Ajal ýakasyndan tutdy, ýaranlar Ýusup dogrusynda Ýakup ýanynda Synasy bagrynda derdi janynda Gadryn bilmedikler boldy ýanynda Ýusuby gul diýip satdy ýaranlar Äleme höküm etdi Isgender Soltan Ajal tasbyryna tapmady derman Tagtyn ýel göteren hökmi Süleýman Galmady dünýäden ötdi ýaranlar Üç ýüz on üç mürsel galmady biri Hany Hasasy Süleýmanyň weziri Hany hak resul hem hakyň Şiri Gara ýer enesi ýutdy, ýaranlar. Bagtymguly aýdar gapyl oturmaň Gara janyň gaýgy bilen ötürmäň Ýalançyny hasrat bilen ötürmäň Bir pasyl döwrandyr ötdi, ýaranlar. diýip, muny aýdan soň, magraç garrylary sylagly ýigitleri hoş görüp, Bagtymgulyny göterip alyp, köp söýüp, dünýä zinetimiz il ýaraşygymyz, hoş sapa geldiňiz diýip, şady-horram boldular. Ol zamanda Bagtymguly dünýewi mynasyp sözleri terk edip, baky döwletden söz açyp, aksakal magraç gartlaryň göwnüni awlap, ýaşlaryna tertip öwüt berip bolanyndan soň, size toba tapylmaz, gapyňyz açyk dur ekeni, toba gaýdyňyz diýip bir gazal aýdar: Gapyňyz açykdyr, işik ýapylmaz Eý janlarym, estahpara gaýdyňyz Ölenden soň size toba tapylmaz Eý janlarym, estahfara gaýdyňyz Elip bilmedigiň işi harapdyr Bi sena dilinde haýyrly kebapdyr Jum jomart, ha, hemze dilde gaýratdyr Eý janlarym, estahfara gaýdyňyz Bir elip ýigitlik, garry dal budur Gözüň derýa, kirpikleriň sal budur Ajal gany, kerwensaraý ýel budur Eý janlarym, estahfara gaýdyňyz Estahfar diýeniň elipdir başy Rişwet iýeniň haramdyr aşy Gözüne görünmez kowmy gardaşy Eý janlarym, estahfara gaýdyňyz Estahfar diýeniň alty harply Ezraýyl haýbatly geler zarply Gylyçdan ötgürdir syraty howply Eý janlarym, estahfara gaýdyňyz Ol zamanda seniň synagyň geçer Magryfet eýlese dürlerin saçar Söýgüli guluna gapysyn açar Eý janlarym, estahfara gaýdyňyz Bagtymguly özi bersin döwleti Ybrahym Halylyň boluň milleti Ýatlaňyz taňryny, Resul ymmaty Toba tagsyr, estahfara gaýdyňyz, diýip, muny aýdan soň magryfet garrylary, sylagly ýigitleri munuň aýdan sözüne kanagatlanyp, güler ýüzli, şirin sözli, zinnetli-muhabbetli sözüne aşyk bolup, saddyk ustadyňa diýende, Bagtymguly bir gazal aýtdy: Munda tagat eýlemeseň Onda rahat hergiz olmaz Ýaradanyň hak bilmeseň Eden tobaň kabul bolmaz. Ýaradanyň ýada alyp „Men garyp guluň“ diýip Toba tagsyr alla diýip Ölseň imanyň aýrylmaz. Bir garybyň sözi ýörmez Gülüşerler, orun bermez Diňleseler gulak salmaz Deňlikde kemal tapylmaz. Men diýip sen söýleseň Men diýip sen oýlasaň Bäş wagtyň terk eýleseň Kalbyňda iman tapylmaz Akyl hem bir syrdaşdyr Amanat janyň ýoldaşdyr. Haýa, iman bir gardaşdyr Nurly çyragy aýrylmaz. Bir haka ýalbar, şükür kyl, Ömrüň öturme, tagat kyl Baky döwletiň özüň kyl Bir dileksiz kemal galmaz Bagtymguly dogry ýörseň Söýükli ummady bolsaň Dogry geçip, dogry ölseň Diliňden iman aýrylmaz diýip, muny aýdyp zowky-sapada boldular hem-de Azady şäheriniň agalary, Janbek hanyň sylagly, hormatly türkmen il-dilberleri: Arçybeg, Gurtbeg, Nurybeg, Esenbeg, Äralybeg, Merdogly Meýdan-il dilberleri jem bolup, bu iki ýigide şatlyk toý tomaşa edip, bu iki ýigidi gutladylar. Bökeler göreşdirip, bedewler çapyşdyryp, zinnetli toý etdiler. Şonda Bagtymguly baky döwletiň atynyň tarypyny size beýan gylaýyn,-diýip bir gazal aýtdy: Byrak atyň tarypyny söýläýin Adamzada meňzär ýüzi Byragyň Möminler, pyragyň waspyn söýläýin Arap dilde sözlär dili Byragyň Alma röwşen berer ýüzüniň agy, Dodakdan syçrar nurly çyragy Ýaşyl züberjetdir iki gulagy Daň ýyldyza meňzär gözi Byragyň Ýyldyrym dek geçer tuýak kakyşy Sygyr sypatlydyr göwde bitişi Zikri Ahmetdir ýüreginiň aşy Ýörende al öwser ýeli Byragyň Rahmet nuryndan doludyr içi Gyzyl ýakutdandyr maňlaýnyň saçy Eşekden uludyr gatyrdan kiçi Al öwser ýörende nury Byragyň Hak rahman rahym emr eýledi Hakyň emrinden Jebraýyl indi Gözünden ýaş döküp byrag ýyglady Muhammet dilinde zikri Byragyň Bagtymguly aýdar alhamdililla Döwlet bakysyny özüň ber alla Minen ony Ahmet ibni Abdylla Dilinde Zikri Ahmet Byragyň diýip muny aýdan soň, Ahmet üçin Byrag atyň ot iýmän, suw içmän, muňly-zarly duranyny hak subhana we tebarek kamil gudraty bilen bilip, Jebraýyly emr gyldy: „Byragy ýyglatma, söýgülisine goş hem-de maňa gelsin, bizi görsün, kamyl gudraty bilen arşyma seýil eýlesin hem görsün bizi, diýip söýükli guluna emr boldy. Bagtymguly bihruf we labyz sözleriň manysyny size beýan gylsyn, diýip saz bilen bir gazal aýtdy: Jennetde bar gulum, bizlerden bir emr, Bir mursah täç al bir külle kemer Hem dahy lal bir pyras ötüp mugtabir Byragyň ýygladygy Ahmet üçindir. Kyrk müň Byrag atlar jennetde heman Içinde bir Byrag muňly zar güman Hak Muhammet Ahmet üçin arzyman Byragyň ýygladygy Ahmet üçindir. Içinde bir Byrag hem ýyglar gaty Muňly-zary köýdir, ýokdur takady Iýmez-içmez, bolmaz heýç-de rahaty Meniň muňly-zarym Ahmet üçindir. Aldy Jebraýyl Byragy ol zaman Täji nab Ahmede ýetişdi heman Arşyma seýl eýle ýa Fahry jahan Dünýäniň düzülşi seniň üçindir. Söýükli guluna döwletin berdi Ýedi gat asmany seýran eýledi Asmanda melekler ybadat gyldy Dilinde zikri nury Byragyň Ol Habybyma aýt minsin hem ony Arşyma seýil eýlesin hem görsün meni Söýdügim gelsin gutlaryn hem ony Dünýäni düzdügim onuň üçindir Diýdigim Mahbubym, Matlubym meniň Söýdüň jan ile mahmudyň , seniň Bihuruf lafz gyl dilegiň seniň Dünýäni düzdügim seniň üçindir. Ýa ylahym Hezretimden hajatym Neçik haly geçer garyp ymmatym Ymmat üçin köpdür meniň fyrkatym Meniň ýygladygym ymmat üçindir. Gel Habybym saňa aşyk bolmyşam Jümle halky saňa bende gylmyşam Herne myradyňy kabul gylmyşam Dünýäni düzdügim seniň üçindir. Bagtymguly bendesine özi ýar Günähim ýalkasyn hak özi Jepbar Siz hakyň habyby Ahmedi Muhtar Ahyret sapasy seniň üçindir. diýip, muny aýdan soň, il-agalary, il begleri jem bolup, bulary gutlap, toý-tomaşa edip, bu iki ýigidi ýüze çykaryp, Allaýary ýurda halypa kazy etdiler. Bagtymguly il diwanasy, ile muhabbetli bolup, göwün-göwünden suw içip, gaýgylar serinden geçip, döwletli gul myradyna ýetip galdy. Biz-de ahyrky ýaryşda myradymyza ýeteris diýip, doly il-halkyň içinde öz göwnüni özi keri urup, baky döwletini oýlap, bir gazal aýdar: Göwün ne iş bitirdiň, gezdiň jahan içinde Doýmaz gözüň dünýäge, ýüregiň gam içinde Abat diýip, gol uzadyp, düýbi weýran içinde Ten toprakdyr aňlamaz,jöwheri jan içinde Düşdüm topraga ýarap, galdy ýegsan içinde. Dünýä üçin ýuwarsaň, tä içinde adam bardyr Doýmaz gözüň dünýäge, menje-menje gum bardyr. Bu zamanda adamzat, senden gapyl kim bardyr Soragy hak, sowaly çoh iki melek hem bardyr Ölenden soň toba ýokdur, galdyň arman içinde Ýa ylahym sen saklagyl, bu gorkunçly ýollardan Sagy-soly çöl ýerden, suw akmagan ýerlerden Göwün dünýä yşgyndan, haram sözlär dillerden Men bir ajyz bende men, Kemine men gullardan Ejalatda goýmagyl, ýagşy-ýaman içinde Bu dünýäden ol dünýä baran barda gelen ýok, Diri, öli halyndan, habar-hatyr alan ýok. Ýalançynyň penasy ýok, diýsem ýalan ýok Akyl ediň, gardaşlar, könelerden galan ýok Dünýäge bil baglaýan, galdy arman içinde. Bagtymguly aldaýur gahwa pelek bezenip Göwnüňe maýyl bolma, oňa garşy gezenip Nä parahat ýatyrsyň, el-aýagyň uzadyp Ajal ýörer yzyňdan, okyn-ýaýyn gezenip Gury gelip, boş gitmegil ahyrzaman içinde. diýip, muny aýdansoň, ol agalary, söýükli ýigitleri, akylsyzlary akyl alyp, söze pähim etdiler, hem-de il-halkyň içinde pendi-nesihat, öwüt berip, bir gazal aýdar: Hezzet hormat sen etmegil Görüm görülmegen ýerde Akylly bolsaň, söz açmagyl Nowbat berilmegen ýerde Hormat gyl, ýagşy unutmaz Gury agaja ýaprak bitmez Akylly är kine tutmaz Hulky söýülmegen ýerde Harç eýleseň hara döner Gül açylsa zara döner Hyzmat etmek hara döner Gadryň bilinmegen ýerde Bir ýagşynyň dady galar Ilde ýagşy ady galar Ýaman özün bela salar Akyly çekmegen ýerde Baky döwletiňi ýatla Goç ýigidiň sözün hakla Bagtymguly diliň sakla Habar soralmagan ýerde, diýip, muny aýdan soň, il agasy, don ýakasy, gahryman il gadryn bilen, sözüni ornunda sözläp, atadan, babadan beglik etmedik kişi Soltan bolup, il gadryn bilermi? Ol kanagatly türkmen ýigitlerine garap, haryýet düzülmiş dünýäge aldanmaň diýip bir gazal aýdar: Däli göwnüm ýalançyga aldanmaň Jan diýmeklik bilen jenan bolarmy Sözi öz ornunda sözläp bilmedik Adam diýen beýle ynsan bolarmy. Bir eşiden sözün tamam tutmaýan Göwher alyp bazarynça satmaýan Atadan-babadan beglik etmeýen Soltan bolup, il gadryn bilermi O nädir ki ýigit göwnün bozduran Şeýtan bolup, dogry ýoldan azdyran Hatyn sözün öý arada gezdiren Onuň ýüreginde iman bolarmy. Asyl sowgat alan ata-eneden Haýa bilen durar, çykar ornundan Ulusyna hormat gylar pyglyndan Mundaý gözel-arwat ilde bolarmy. Ergenekden gaýyr-gaýyr, ýüzün örtmez Ulusyn sylamaz, dilini tartmaz Bihaýa, biedep, myrada ýetmez Ol gözelde asyl hormat bolarmy. Bagtymguly aýdar bu sözüm hakdyr Kitap gören kişi manydan dokdur Taňla, mizan çeker, bu dem hem ýokdur Lap eýlän ýigitler puşman bolarmy. diýip, muny aýdan soň, Bagtymguly bir tarapdan türki, parsy eserinde, edebiýatynda bolan bolsa, ikinji tarapdan türkmen edebiýaty uly öwüs bolup, halk arasynda, söz ýaryşyna alyp bardy. Söz ýaryşynda täze muhabbetli gözelleri-de ýigit zergesine goşup. „Yspyhanda gurlan ýaýy gözel sen“ diýip bir gazal aýtdy: Gök hanjary gökden ýere inende Güne garşy dogan aýym gözel sen Gunça gülleriňden posa alanda Yspyhanda gurlan ýaýy gözel sen Saçbagyň ujunyň simdir işmesi, Ýollaryň daglydyr, gyndyr aşmasy Agzyň aby-haýat, zem-zem çeşmesi Aýnalbaky suwnuň laýy gözel sen. Gyzyl diýsem gyzyl, al diýsem-al sen Hindistanda şeker Bulgarda bal sen Lamelip çekilmiş bir serwi dal sen Ýusup Züleýhanyň taýy gözel sen. Her kim güýçli bolsa oňa pir diýrler Dertli guluň dermanyny bir diýrler Gawunyň ýagşysyn şagala iýdirler Bagtly bendäniň taýy gözel sen Owazyň çynma-çyn daglar aşmasy Seni görenleriň akly çaşasy Hindistanyň reňgi gyzyl, çüýşesi Şasenem sypatly mahy gözel sen. Bagtymguly hakdan syryň gizleme Il içinde bir-de ýalan sözleme Ozalda, ahyrda ikam gözleme Bagtly bendäniň taýy gözel sen. diýip, muny aýdan soň, il agalary, sahawatly baýlary,sylagly ýigitleri türkmen milletiniň mysalynda güman bir söz bardyr, tylla şekerden datly näme bardyr diýdiler. Onda Bagtymguly aýtdy: Gelen myhman bilen sözleşip, gülşüp oturan jan bardyr diýdi, ýene-de uly öwüs garrylary sorady: ¬ Balam, bir ýagşydan ýaman bolarmy, ýamandan ýagşy dörärmi? Onda Bagtymguly aýtdy: ¬ Bir ýagşydan ýaman boldy (çykdy) diýse ynanmaňyz. Bir gün eder atlygyn. Bir ýamandan ýagşy boldy diýse ynanmaňyz. Bir gün eder itligin. Soň Bagtymguly ata-ogul, töreçi, köldöleňe synçy, biasyl, bigaýrat ýigidiň bahasyny ýüze çykaryp, bir gazal aýtdy: Eý agalar, bir bigaýrat ýigide Müň ýaman söz aýtsaň janyna degmez Bikär şyh alan beýhuda zalyma Perizadyň gylan näzine deňmez. Jellat geldi jan almaga dalaşyp Syýa zülpi dal gerdene dolaşyp Juwan bardyr atlaz geýse ýaraşyp Juwan bardyr geýen donuna degmez Ogul bardyr gaýypdan hasyl inderen Ogul bardyr ata göwnün dyndyran Ogul bardyr duşman boýun syndyran Ogul bardyr gyrnak gyzyna degmez Bedew münüp keşt eder men jahany Altyndan myhy kümüşden naly Bedew bardyr müň tümene bahaly Bedew bardyr ýapan juluňa degmez Bagtymguly aýdar bu sözüm sözdür Bilmedik nadana gury owazdyr Adam bardyr müň tümen iýdirseň azdyr Adam bardyr iýen nanyna degmez diýip, muny aýdan soň, baýlary sahawatly, garrylary muhabbetli, ýigitleri haýaly-zinetli, garyba myhabbetli bolup ýaşap geldiler. Bagtymguly: arap atly goç ýigidiň goly ýokly bolmasyn, ýokly bolsa, dogan-gardaş ýat bolar diýip, bir gazal aýdar: Goç ýigidiň goly ýokly bolmasyn Ýokly bolsa dogan-gardaş ýat bolar Gaçar agaň-iniň bilmez gadyryň Ony gören duşmanlaryň şat bolar. Sabyr eýle, sabyrly gul şat bolar Ýaman ogul atasyndan ýat bolar Gybatçynyň gazanany at bolar Nadanlaryň ýürekleri mat bolar Kişiden dilegim hiç möýmüň bitmez Bir dost öýüne barsaň,merhemet etmez Märekede aýdan sözüň tutulmaz Diňlemezler, gury sözüň mat bolar Garyp aýak ýalaň, kendir guşakdyr Märekede barsaň ornuň aşakdyr Garyp at münüp ýörse eşekdir Döwletliler eşek münse at bolar. Bagtymguly, şükür eýle hudaýa Ölüm barabardyr şaha gedaýa Aklyň bolsa, sabyr eýle belaýa Sabyrly, gul bara-bara şat bolar. diýip muny sabyrly guly myradyna ýetirip, uly öwüs pirinden rugsat alyp, ýüze çykan meýdanda doly boljagyn, bigaýrat ýigidiň iş bitirmejegini ýüze çykaryp, hünärsiziň öz aýbyn ýapmajagyn ýüze çykaryp, mysal getirip, Bagtymguly bir gazal aýdar: Goç ýigidiň ady çykmaz Döwletli, şaýy bolmasa Bigaýratly iş bitirmez Ýemigi doly bolmasa. Görüm-görelde almasa Hünäri şaýy bolmasa Dal gylyç, bedew münmese Akyla gelmez, däli bolar Bolmasa onuň zurýady Ölende tutulmaz ady Synasynyň ýanmaz ady Ylahym özi bermese. Algyr guşlar awa çykmaz Hünärsiz öz aýbyn ýapmaz Märekede orun tapmaz Başda akyly bolmasa Gonmak täze ýurda ýagşy Haly düşek törde ýagşy Ol ýigitler görde ýagşy Başynda gowga bolmasa. Bagtymguly bolsa başly Hiç gaýtmaz ötgür gylyçly Dözenler duşmany güýçli Dosty wepaly bolmasa. diýip muny aýdan soň, ýaman bilen ýagşynyň arasyndaky aýyrmany ýüze çykaryp, ýamanyň goluna ýetse, algyr baz saklap bilmez, onuň gadryny nä bilsin diýip, Bagtymguly bir gazal aýdar: Bir ýaman adama ýetse algyrbaz Saklap bilmez onuň gadryn nä bilsin Bir çopan eline düşse almaz daş Çakmak daşdyr diýer, gadryn nä bilsin Baýlara ýaraşar haýry-sahawat Ýoksula laýyk sabry-kanagat Eşek münen ogla ýetse bir bedew Sürer-çapar, onuň gadryn nä bilsin. Kamil bolmaz ol şerbetden içmeýen Aňlap bilmez manysyny saçmaýan Mejnun bolmaz iş başyna düşmeýen Perizat Leýliniň gadryn nä bilsin Dynçlygyň gadryn bilmez armaýan Beglik diýip bolmaz berim bermeýen Çölde açlyk muşakgatyn görmeýen Öýde aşyň, nanyň gadryn nä bilsin. Adam diýen bir ykrarda durmasa Ýazyň gadryn bilmez sowuk görmese Ördek, sona, gazlar çöli görmese Serçemenli gülüň gadryn nä bilsin Bagtymguly aýdar hem hemdeme Geliň şükür edeli dostlar bu deme Sözlände söz gadryn bilmez adama Müň mana söz aýtsaň, gadryn nä bilsin, diýip, muny aýdan soň, Bagtymguly sözüň aýtsaň biljege aýt, bilmeze aýtsaň lezzeti ýok, ýaman bile ýagşy ýörse, ol ýagşynyň hormaty ýok, diýip ýene bir gazal aýdar: Ýagşy bile bolsaň goňşy Işiň zowky-sapa bolar Ýigitlikde kylsaň toba Köp derdiňe doga bolar Ýaman goňşy çapar gaýta Ýykylsaň-da deper gaýta Senden aýyp tapar gaýta Başyna bir bela bolar. Men gözel diýip söýüne Rehim etmez dogan-dogana Kellesi meňzär sogana Her ne bela şondan geler Zamana ýakyn gelende Parhy bolmaz ýalan çynda Hak kanagatyn alanda Biasyl binowa bolar. Bagtymguly söz dilinde Namysyn bermez elinden Höwes etmäň gyz-gelinden Ýyl-ýyldan bihaýa bolar diýip, muny aýdan soň, Bagtymguly dok bile ajy ýakalaşdyryp, janymyzyň alan panysyň, diýip, bir gazal aýdar: Dok dalaşar ýüpek mahmal geýmäge Geldim, gözel zatdyr dony bolmasa Aç dalaşar gury nany iýmäge Müşgildir öýünde uny bolmasa Hasyl umydy bar ekin ekene Bu işler mälimdir mähnet çekene Ýalaň aýak basmaz, dözmez tikene Neýlesin geýere göni bolmasa. Ýigitlik gyzyl gül, yşarat eýlär Başyna ýa geler, ýa gelmez oýlar Dişine nan tapmasa, çäresiz neýlär Müşgildir suprada nany bolmasa Akylsyzlar iş ahyrna garamaz Gury agaçdan asla miwe döremez Agyr mejlislerde çopan ýaramaz Neýlesin oturmaga orny bolmasa. Bagtymguly söýmez jydaly jeňe Ahyret azm etdi köp dosy deňe Bir edip ýigidiň dal boldy sünge Müşgildir teniňde janyň bolmasa Soň hormatly aksakal magraç garrylar bu sözleri eşidip, uly pikirde, oýda boldular. Bagtymguly: zaman gelip geçjekdir: gözleri otly, ýürekleri dertli bihaýa ynsan, ölüsine hormatsyz, ýaşlary kanagatsyz, ýürekleri muhabbetsiz, oturyş-turuşlary özlerine dogry, dünýä howara, ahyret parhyn bilmez, halal-haramy aýyrmaz, diýip, bir gazal aýdar: Ha ýaranlar şol zamanda Gözde gubar dert köpeler Bolmaz ynsap ýüreginde Adam iýen mert köpeler Ýat etmeýen ahyredi Dadarlar haram lezzeti Dünýä üçin anty-şerti Parhyn bilmez mert köpeler Akylly bolsaň söz pähm et Ýyl-ýyldan köpeldi mähnet Bir-birine edip töhmet Nägöýä şerbent köpeler Jahyllygyň güni azdy Birsin görüp biri azdy Hak işini nähak düzdi Işi bimaza, söz köpeler. Bagtymguly bakyň ýola Gulak goýuň arzy hala Iller meňzäp goýun-mala Ony iýjek gurt köpeler diýip muny aýdan soň, aksakal magraç garrylary toba-tagsyr, diýip, zinetli ýaşlary tomaşa-taňa bakyp, haýran bolup, geljek işlerine akyl eýesi bolan ýigitler güman bolup, onda pikirde boldular. Ol-da bir dünýäniň dar zamany ahyret alamatlary göze görünjekdir. Günbatardan gün dogup, toba gapysy ýapyljakdyr, dünýä haryýet gelen bir ýaşawdyr, diýip ahyredin ýatlap bir gazal aýdar: Bir gün ol günbatardan belli meşhur gün dogar Ýüzi mahytaban dek bilekleri gandyrar Bilmez adam başyna çoh muşakgat iş geler Şol muşakgat belalary öz içinden hem dörär Agzyn açyp aždarha dek belalary köp durar Her kim öz kysmatyn görer, onda hallar başga bolar Dünýä üçin mal ýygynlar, kim gazanar, kim iýer Barysy hem senden galar, barçasyny alla biler Iýmit iýen ýigitlerne renji mahnet köp bolar Aždarha dek zährin saçan ýigitleri köp bolar. Ýaradanyň permany, janynyň köpdür armany Görüň Hüseýin Mürzäni, dünýäniň bir zamany Hak ýazar arzany, ýada almaz subhany Şeýtan bolar ynsany, bolmaz onuň zamany Ýere urup lerzany Esrapyldan üýn durar ................................................................. Dünýä ahyry bolan soň bar ynsany alansoň Teçjal dünýä inensoň, sazy söhbet guransoň Özün halk bilensoň, dünýä erkin galansoň Dönüp käbä baransoň, arwah bilen jyn oýnar. Gelen sen dünýä haryýet, ol zaman bolmaz hormat Herne çekersen ezýet, Bagtymguly eý heýhat Ruzy magşar kyýamat eýa kaziýa almahat Barça işleri gandyrar............................. diýip, Bagtymguly muny aýdan soň il hoja, garry gartlary, herki bir gelen gününe şükür edip, dolup-doýup geçen il-agalary şat şadymanlyk bilen myratlaryna ýetip galdy. Soñy. ______________________ Öwüs-dürli öwüsgin atýan. Alfutüf-örän Sohta-sopy Afat-örän Zahyr-gowy Zekiý-ýiti zehinli Talfynyp-dalmynyp Essine düşmedi-ýadyna düşmedi. Magtaw öwgi Gartlary-garrylary Muhtaç-mätäç Asta-akryn-ýuwaş ýuwaşdan Zinetli-owadan Supra-saçak Derim-çuň Ussat ili-bu Selimhoja ussadynyň ilidir ýurdudyr. Sagynmak-göresi gelmek Hudaýar-Magtymgulynyň özi bolsa gerek Uzatmak-ugratmak Ýowuk-golaý, ýakyn. Hargyşmak-duşmak Gart-garry Haryýet-wagtlaýynça Ýyrak-daş, alys Uw dadyr-awy ýaly bolar Görüw-görmek Ganda-nirede Ýaňgak-hoz Saddyk ustadyňa- Magtaw-öwgi Keri-yza, gaýra Muhtabir-ygtybarly Haýat-durmuş,ýaşaýyş Zynat-bezeg Gurmak-ýaşamak (doglan çaga barada) Ana-ene Essine almak-ýadyna düşürmek Dalmak-ýadamak Magryfet-bilimli ylymly Bökeler-pälwanlar Züberjet-gymmat baha daş Tuýak-toýnak Magmud-Muhammet Lafz-söz Fyrkat-gaýgy gam Keri-yza Menje-penje Ejalat-rugsat Algyrbaz-algyr guş Binowa-garyp Nägöýä şerbent-aýdylmaýan erbetlik Çapa taýýarlanlar: Sapar KÜRENOW, Şabanaly JUMAÝEW, Döwletmyrat ÝAZGULYÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |