07:58 Jynlar geljegi bilip bilýärmi? | |
JYNLAR GELJEGI BILIP BILÝÄRMI?
Geň-taňsy wakalar
Jynlar hiç wagtam geljegi bilip bilmeýär. Diñe perişdelerden maglumat ogurlaýan jynlaryñ adamlara ýakynlaşmak üçin ogurlan maglumatlaryndan peýdalanýandyklary aýdylýar. Ýöne şol maglumatlaram kimdir birine berilmeýär, mediýumlar bilmeýär, jadygöýler olary ele salyp bilmeýär... Jynlaryñ geljegi bilip bilmeýändiklerini Süleýman pygamberiñ (a.s) wakasy subut edýär. Waka şeýleräk bolup geçipdir: Hezreti Süleýman (a.s) ömrüniñ soñky günlerinde jynlara ybadathana gurdurypdyr. Jynlar Süleýman pygamberden öler ýaly gorkar eken, şoñ üçinem oña gepsiz-gürrüñsiz boýun egipdirler. Pygamberiñ özem ybadathana gurulýan wagty jynlaryñ haýal-ýagallyga ýol bermezligi üçin bir depäniñ üstünde oturyp, olara göz-gulak bolupdyr. Ýöne Süleýman pygamber eýýäm ybadathana gurlup başlan badyna aradan çykypdyr. Gurluşyk gidip durka hiç bir jyn Süleýman pygamberiñ ýanyna gitmäge milt edip bilmändir... Şol ikiarada hem bir gurçuk pygamberiñ hasasyny gemirýän eken. Gurluşyk gutaranda gemrile-gemrile mazaly inçelen hasa döwülip, pygamber ýere ýykylypdyr. Muny gören jynlar şobada Süleýman pygamberiñ ýanyna gelip, onuñ aradan çykandygyny görüpdirler. Bu ýagdaý jynlaryñ geljek barada hiç zat bilmeýändikleriniñ delilidir. • Jynlaryñ göze görnüşleri we ýaşaýyş-durmuş formasy Jynlar köp hili tüýsde adamlaryñ gözüne görünip bilýär. Gadymy döwürlerde şekillendirilýän fantastiki mahluklaryñ, aždarhanyñ, iki kelleli ýylanyñ, geçiaýagyñ (fawn), uçýan jandaryñ aslynda jyn bolmagy-da ahmal... Jynlaryñ umumy göze görnüşi gaty kölege şeklindedir. Emma özlerini doly görkezmek islänlerinde öz aralarynda derejelerine görä dürli hili tüýsde göze görünip bilýär. Jynlaryñ dürli ynançlara görä iýmitlenme görnüşleri baram bolsa, esasy iýýän zatlary: palçyk, guş eti, gum-kesek, eti sypyrylyp zyñlan süñk-sañk. Jynlaryñam edil adamlar ýaly eldeki haýwanlary we ulaglary bar. Olaryñ eldeki haýwanlarynyñ sudury ýumşak kölege şekilinde bolup biler. Adamlaryñ gözüne görünmeýär. Jynlar adamlardan hiç wagtam ýokarda däldirler. Olar pikir ýöredip bilmeýärler we adamlar ýaly ösen duýgulary ýok. Jynlaryñ iñ täsin aýratynlyklarynyñ birem uçup, dünýäniñ jümmüşine çenli inip we ýyldyrym çaltlygynda hereket edip bilmekleridir. Jynlaryñ ömri 1000-1300 ýyl aralykda bolýar. Has köp ýaşaýan jynlaryñ bolşy ýaly, olaryñ köp ýaşamakdan ötri toplanan danalyklary-da bar. Jynlar adamlar tarapyndan biynjalyk edilende, köplenç şol ýerden daşlaşýarlar, emma zyýan görüp başlanlarynda suw akdyryjynyñ açylyp-ýapylmagy, äpişgäniñ ýa-da açylyp-ýapylmagy ýaly dürli ýollar bilen duýdurýarlar. Şular ýaly ýagdaýlarda edýän işiñize üns bermek gerek. Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |