23:57 Gök gözli Ýefrosinýa / hekaýa | |
GÖK GÖZLI ÝEFROSINÝA
Hekaýalar
Haýsydyr bir patyşalykda, haýsydyr bir ýurtda, uly şäherde, äpet bir jaýyň on üçünji gatynda Ýefrosinýa Stepanowna atly bir kempir ýaşaýardy. Ir zamanlarda, ýaňyja açylan läle ýalyka obadan uly şähere gelen döwürlerinde edil özi ýaly ýaş, şahyr bir oglanyň oňa gözi düşüp: "Ah, sen, gök gözli Ýefrosinýa" diýip, içini çekipdi. Dogrudanam, gyzyň gök gözlerinde keşbiň görünýärdi. Ýefrosinýanyň özi üýtgese-de, gözleri üýtgemän, şo-ol öňküligine galdy. Ýefrosinýa bolsa mahal-mahal: "Gök gözlem bolsa, Ýefrosinýa, hudaýa şükür, ýaradanyň penasynda gydyrdanyp ýör" diýip, içini gepledýärdi. Ajalyň öz ýanyna ilkinji gezek gelen mahaly Ýefrosinýa eýýäm ýedi onlugy arka atyp ýetişipdi. Şol ýyllaryň eklenji hem bir-birine meňzeş – şol bir hysyrdylar bilen geçipdi, ne dem-dynç alypdy, ne bezenip-beslenipdi. Her niçik-de bolsa, Ýefrosinýa şol ýyllar özüni gam-gussa basdyrman ýaşapdy, sebäbi, onuň häsiýeti ýuwaşdy, mylaýymdy. Ajal gelen wagty Ýefrosinýa bütinleý ýeke galypdy. Her kişiniň öz ykbaly bar, biriniň ykbalyny hemmelere gürrüň bermek mümkinem däl. Ýefrosinýa garrylyga per beren döwri aýratyn kwartirada ýaşaýardy. Kwartiranyň içi gül pürkülen ýalydy.Ähli zat öz ýerindedi, tämizdi. Bar zat gülala-güllükdi, ýöne derdinişere welin hiç kes ýokdy. Hernä, goňşy-golamlaryň barlygy bir gowy zat. Ajal kempiriňkä anna gijesi, daňdana golaý gelipdi. Kempiriň ukusy gaçyp, bu gün haýsy iş etmelidigi barada oýlanyp-ölçerip ýatyrdy. Bu günki etmeli işleriniň welin sanasaň sogaby bardy. Amanat kassa barmalydy, gaz, çyra, jaý tölegini tölemelidi, pensiýasyndan tygşytlanja bäş manatjygyny amanat depderçä goýmalydy. Soňra Ýefrosinýa iki awtobusa münüp, şäheriň gyra çetinde ýaşaýan Matweýewalaryňka gitmekçidi. Emma gitmek nesip etmedi… Ine, hakykatdanam, ˝Biziň arzuw-hyýallarymyz, daglardan aňyrda, ummanlarda gezip ýör, ölüm welin egnimizde otyr˝ diýleni boldy. Ajal gelende gapyňy kakyp gelýämiş diýýäler. Ýok, ol soraman gelýär. Ýefrosinýa öz ýanyndan ähli zady ölçäp-biçip, plan düzüp… Indem suw içmžäge aşhana gyrmyldap baryp gelip, soňam beýleki egnine gyşaryp, başga pikirlere gümra bolmakçy bolup gözüni açsa, başyna akja ýaglyk daňnan Ajal ellerini dyzynda goýup, onuň ýanynda otyrdy. Ýefrosinýa onuň Ajaldygyny bada-bat aňlady. Ol gorkmady-da gözlerini ýaňadan ýumdy. Häzir gözümi açaryn, hiç kim ýokdur diip pikir etdi. Gözüni açdy welin, ol henizem otyrdy. Özem ýylgyrýardy. - Bu senmi? - Başga kim bolsun… - Tas ýüregim-ä ýarypdyň… - Eýsem gorkjak jemende däl-de. Näme ukyň ugry ýokmy? - Hawa, uzakly gijäni ýatybilmän, iki-ýana agdarylyp geçäýýän. - Köp zatlary hakydaňdan aýlan bolsaň gerek. - Aýladym… Huşum gursun, çaýjagaz dagy oturtsam bolmaýarmy? – Ýewrosinýa düşeginden turdy-da, gybyrdapjyk aşhana bakan ugrady. Ýaş mahalam boýy o diýen bir uzyn däldi welin, garran çagynda hasam küýkerip galypdy. Şonda-da onuň şol bir çakganlygydy. - Ine, muny oňardyň, mende bolsa dem-dynç almaga-da, dyzymy epmäge-de wagt ýok, şu çaka çenli hiç kim çaý-paýam hödür etmändi. Kimkä barsaň, gorkudan ýaňa özüni ýitiräýýä. Birhili gyzygam ýok. Birki agyz gürleşmäge-de adam tapylanok. - Onyň dogry – diýip, aşhanadan Ýefrosinýaň sesi geldi. – Dem-dynçjagazyňyzy al, mende şänigi aýrylan üljäň mürepbesem bar. Iýmişiň gowusydyr ol, sen mürepbäni halaýaňmy? -- Elbetde, halaýan – diýip, Ajal köýneginiň ýokarky iligini ýazdyrdy. Ýefrosinýaň elleri çalasyn işledi, ýagly halka kökedir başga-da odur-budur getirişdirdi. Bukup goýan ýerinden çykaran çüýşesinden ýarym grafin (gan basyşy ýokaram bolsa, barybir ölmeli) arak getirdi. Täzeje hindi çaýyndan demledi, öňem arassa käseleri arassa polotense bilen süpürdi welin, olar has hem ýalpyldady, ol bu işleri höwesek, gara çyny bilen etdi, öz ýanyndan aýdyma-da hiňlenjiredi. Ol islendik myhmana, hatda Ajalyň özi gelse-de şatlanjakdy. Ajaly assyrynlyk bilen synlan Ýefrosinýa onda üýtgeşik, gorkuly bir zat görmedi. Adaty bir kempirdi, ýuwaşja, päkizeje, sesi dagam pessaýjady. Ilkinji bulgury tanyşlyk bilen göterdiler. Çörege mürepb çalyp, çaý içdiler. Ýefrosinýaň ýüzi gyzardy, harydyny gözläp geleniň bolsa şol bir bolşudy, diňe ikinji iligini ýazdyrypdyr. Ikinji bulgurdan soň Ajal birneme ýuwaşady. - Ýeri, gök gözli Ýefrosinýa, bu nä boluş, sen menden jinnek ýalyjagam gorkanog-a? Otyrsyň çaý süzüpjik, hamala ýanyňa boýdaşyň gelen ýaly. Her niçil-de bolsa, men Ajal ahyryn. - Men nämeden gorkmalymyşym? Köşkde ýaşaýan baý aýal bolan bolsamdym, onda bar zady, abyrsyz baýlygy, gyzyl-kümşi goýup gitmäge ýüregim gyýlardy. Dökülip galjak çagam barmy? Ýa-da yzymda ärim gynanyp galjakmy? Görüp otyrsyň-a, yzymda aglap galjagym ýok. Özüň beletsiň… - Belet, belet. – Ajal onuň bilen ylalaşdy. – Onda-danähili belet. Şeýle-de bolsa, garybam, näsagam, ýalňyzam, barysy menden gorkýarlar. - Diýmek, eden günäleri köpräkdir. - Sen näme ömrüňde günä etmän ýaşadyňmy? - Günäsizmi? Günäsizem bir ýaşap bormy? Ýöne men öz günälem üçin hakymy aldym. Günälerimiň bir topary üçin-ä durmuş silterledi, beýlekileri üçinem wyjdanym horlady. Ýöne başga bir zada ýüregim gyýylýar… - Hä-ä, şeýle diý, ýogsam sen öňüňde kimiň oturanynam ýadyňdan çykardyň… - Eý, maňa içgi şeýtdirýä. Ýefrosinýa elini silkip goýberdi, onuň şo dem ýüzem gyzardy. – Ýene bir oýmajyk gönderäýeliň, nälet siňen gipertoniýa heläk edýär. Zyýany ýok, men oňa şuny görkezerin. (Ol başam barmagyny orta barmagy bilen süýem barmagynyň ortasyndan çykaryp görkezdi). Awynyň sapyny bererin. Ýogsam soňky gezek, walla, haçan dadyp görenim ýadymda ýok. Bokurdagymyz diňe baýramçylyklarda öllenýändir, ertesem kelläň çatlap barýandyr, ýeriňden galyp bilmersiň. - Meni rewmatizm heläk edýär. Bulutly gün boldugy, süňklem syzlap, owranyp barýar. Agyrysyna çydar ýaly däl. - Her kimiň öz derdi bar. Bütin ömrüň gabyrystanlykda işlemek kyn ahyryn. Bu iş jany demirdeni hem ýykar. - Heý, sen goýaýgyn ýöne. Mahal-mahal süňklerim şeýle bir agyrýar welin, edil uwlaberesiň gelýär. Ara böwşeňlik düşdi. - Bolýar – diýip, Ajal buýruk beriji äheňde gürledi. Ahyrýete gitmezden owal näme islegiň bar, aýt! Gülerýüzlüligiň, seýrek duş gelýän myhmansöýerligiň üçin men islän haýyşyňy bitirmäge taýyn. Elbetde, akylly-başly haýyş bolsa. - Meniň neme haýyşym bar – diýip, Ýefrosinýa onuň sözüni alyp göterdi. – Men ýeke, özüň belet. Töwerek-daşymam kileň keseki adamlar, kesekem bolsalar, örän oňat adamlar. Men şu gün hiç hili taýýarlyksyz ölsem, olara birgiden alada bolaryn. Olar-a meni adam ýaly jaýlajak bolarlar, görseler – hiç zat taýyn däldir. Goňşular zil jogapkär işdäki adamlar. Hol Mihail – milisiýanyň naçalnigi, iki çagasy bar, özem hemişe işi başyndan agdyk. Onuň aýaly Şura jan, olam işleýär. Wlasewna bolsa? Onuň aýaklary güp ýaly çişipdir, meniň ýanyma lifte-de zordan münüp-düşýär.Ol kepinlik mata gözläp, haýsy dükana aýlansyn? Sen ýöne maňa gaharlanma, men ölüm hakynda oýlanmandyryn… Rast şeýle boldumy, onda maňa bir hepdejik wagt ber. Öňümi-yzymy ýygnaýyn, ähli zady taýynlaýyn. Ölümimem özge adamlaryňkydan pes bolmasyn. - Guý ýene-de oýmak ýalyjagy! – diýip, Ajal buýruk berdi. Bulgurlar çakyşdyrylyp, boşaydldy. Çaýda halka köke ýumşadylyp iýildi. Ajal eliniň aýasy bilen agzyny süpürdi. Başyndaky ýaglyjagyny düzetdi-de, pert-pert gürledi. - Goý, seniň diýeniň bolsun! Taýýarlyksyz ölmäge ýol bermen. Saňa ýene-de bir hepde puryja berýän. Geljek annada yzyňdan gelerin. - Munuň üçin taňry ýalkasyn! Ýene-de birje owurt… - Soňky gezek bolsun – diýip, Ajal berk duýdurdy, dili welin eýýäm wazzyk-wuzzuk edip, diýenini etmän başlapdy. * * * Adatça Ýefrosinýa jaý tölegini öňünden tölärdi. Bu gezek welin oýlanmaly boldy. Ýaşamajak bolsaň, töläp näme? Goý,ondan soň bu jaýda ýaşajaklar tölesin. Ajal aldamadyk bolsa, onda tutuş bir hepdeläp mugt ýaşa-da ýör. "Hä! – Ol öz-özi bilen gepleşdi. – Eger ýaşaýyş mugtuna tigirlenip ugrasa – aýypmy? Bir hepdejik, hamana, sanatoride ýaşajak ýaly! Gör, neneň hezillik!" - "Saňa pul nämäňe gerek? Nämä tygşytlaýaň?" - "Birden ölmän galaýsam näme?" - "Hawa, ölmersiň! Onda-da gürpüldäp gaýdarsyň. Bu saňa öý uprawleniýesi däldir. Ol agras kempir elken…" Ýefrosinýaň puly bardy. Bagana işläp bejerilýän fabrikde ep-esli işläp, şol ýerdenem pensiýa çykypdy. Öýde ýeke özi bolansoň, pulam sowmaga endik etmändi. Ýöne ol bir zatda dannaýjydy: ak çöregi gowy görerdi. Özem gyzgynja mahaly kitirdedip iýýärdi. Çörek köp geregem bolanokdy. Hudaýa şükür, çörek bizde arzan ahyry. Ondan başga-da ol gülleri gowy görerdi. Ýöne her günde gül satyn alyp durmy näme? Gül satyn almak üçin baýramçylyklar bar ahyryn. Gepiň gysgasy, Ýefrosinýaň 430 manat puly bardy. Ol şeýle-de etdi. Puluny depderçeden aldy-da, ony ikä böldi, Bir bölegi ýaşamak üçin – ikinjisini ölenden soňky harajat üçin niýetledi. ˝Ýaşamak üçin aýryp goýan pullaryna adam çagyrmaly hem-de olara hyzmat etmeli diýen netijä geldi. Hamana doglan gününi bellemek bahanasy bilen, üýşmeleň geçirmeli diýen netijä geldi, Jaň edibilen adamlarynyň ählisini çagyrdy. Hersinden telefonda aýratyn haýyş etdi: - Bilýäňmi, jora jan, sen ýagly tortdan almagyn, ony halamok, oturyp çakyr içeris. Sen şöne ýekeje gül getiräý, men bar zatdan güli gowy görýän ahyryn. Esli adam ýygnandy. Gülem getirdiler, goýara ýer tapylmady. Hatda ho-ol adyny agzan şahyrymyza-da jaň etmek başartdy. Ol kellesi takyr, gartaşan adam eken. Ol hem pensiýa çykypdyr. Köne tanşynyň ýüzünden öpdi-de, ýaşlygyndakysy ýaly: - Ah, meniň gök gözli Ýefrosinýam! Henizem seniň gözleriň nury öçmändir. Juda ýaş görünýäň – diýdi, - Aýdyberiň! Men bolsam ýene-de bir hepdeden ölmeli – sen bolsaň maňa ýaş diýýäň. – Muny Ýefrosinýa degiöşmä salyp aýtdy. Özüne berlen möhlet hakynda hiç kese aýtmazlygy ýüregine düwdi, Olaň arasynda ynanjagy bar, ynanmajagy. Ynansalaram keýpleri bozuljak. Ol muňa gowy düşünýärdi, şol sebäplem bu ýerde aýratyn bir sirk gurmakçy bolmady. Oturlyşyk oňat boldy. Gülüşdiler, aýdym aýtdylar. Diňe köne boýdaşy, bagana işläp bejerýän fabrigiň haryt dolandyryjysy Tarasowna gelip, onuň gulagyna pyşyrdady: - Bu näme etdigiň, Froska? Doglan günüňe ýene-de tutuş ýarym ýyl bar-a. - Biz näme garyp ýaşaýasmy? Ýa-da ile bergimiz barmy? – Ýefrosinýa jogap berdi. – Kelläňi agyrtma-da, keýp çek! Tarasowna başyny ýaýkady-da, ötägitdi. Öz ýanyndan bolsa Froskanyň biletine utuş düşendir öýdüp çaklady. Ýefrosinýaň welin özünden göwni hoşdy. Hemmeler bilen görüşdi, hemmeler bilen hoşlaşdy, adamlar özi barada köp zatlary ýatlady. Indi ýene bir hepdeden ölendigini eşitseler, belki, ony soňky ýoluna ugratmaga gelerler. * * * Ýefrosinýa ˝Ýaşaýyş˝ üçin bölüp aýran pullaryna keýp çekenden soň, ˝Ölümden soňky harajat˝ üçin aýryp goýan pullaryny nämä harç etjegi barada oýlananda, başyny tutdy. Halys baş çykaryp bilmedi, Ol tabyt, kepinlik, awtobus üçin, ýer üçin, mazar gazmak üçin, galanyny hem aş bermek, degsin etmek üçin hasaplapdy.Degsin ediljek günde ol düýn öýünde bolan adamalryň ählisini çagyrmagy ýüregine düwdi. Gelmeseler bolmaz. Degsin etmek adamyň doglan günündäkisindenem möhüm ahyryn. Ol çagyrjak adamlarynyň öý salgylaryny, telefonlaryny birin-birin belläp, ýörite spisok taýýarlady, ony görnüp duran ýerde goýmakçy boldam welin, agşamky oturylyşykda ählije puluny harçlandygy ýadyna düşdi. Diýmek, degsin etmäge şunçarak pul gerek boljakdy. Onda tabydy, galan zatlary näme berip satyn aljak? Onuň ýüreginde orkestr çagyrmak arzuwam ýok däldi. Ol zatlaryň ýük liftinden düşürilişini (eger-de keseligine goýulsa, tabyt ýerleşjekdi, ol muny eýýäm ölçäbem görüpdi), orkestriň saz çalşyny görüpdi. Orkestrli meseläni derrew çözdi. - Zyýany ýok! Sen generalyň aýaly däl ahyryn. Nämäňe hondan bärsi bolýaň? Öldüňmi, öldüň… Surnaý çalmak hökman däl. Orkestrsizem eşiderler. Aş bermek, degsin etmek meselesini welin birýüzli edip bolanok. Kimi çagyrjak? Kimi çagyrmaly, kimi spisoga goşmaly däl. Spisok dokument hökmünde galar. Onsoň çagyrylmadyklar öýkelär. Bolmaz. Olar hökman geläýmeli. Muny şeýleligine galdyrmak bolmaz. Dürli erlerden köp adamlar ýygnanar. Olar bilen diňe toý-tomaşada duş gelýärsiň. Biri-hä Fýodor pahyryň işdeş ýoldaşy, beýlekisi bagana işläp çykarýan fabrikden, üçünjisi daşky garyndaş, öz-özümiz, dördünjisi – köne goňşular. Ho-ol şahyr özbaşyna otyr. Matweýewaň bolsa köne obadaş joram, başga-da bar. Ýok, spisok bolmasa, olar birek-biregi tapybam, ýygnabam bilmezler. Hawa, bu-ýa ýumurtgany ondan alyp, dokuzdan satanyň söwdasyny dönäýdi. Ähli zady nazarda tutup bolýamy näme? Ölmek öwrenişilmedik zat ahyryn. Eger olýene bir gezek gaýtalanan bolsady, onda akylly-başly hereket etmegem bordy-la. Her niçik-de bolsa, baş alyp çykdy. Öňi bilen tabyt, özem iň arzanyny almaly. "Ýorganyňa görä aýak uzatmaly" bolýar. Ýogsam tiz dargarsyň… Tabyt arzan hem bolsa, ýatjak ýeriň gaty bolmaz. Kepinlik matany-ha satyn almaly däl etdi. Onuň prostyny bardy, özem heniz düşelmedik, täp-täzejedi. Ýuwmaly, ütüklemeli, birneme gök reňk bermeli, krahmallamaly, ondan diňe kepinlik däl, toý köýnegini hem tikmek boljakdy ahyryn. Ýefrosinýaň toý-tomaşalarda geýýän kostýumy bardy. Ilkibaşda ol şol kostýum hakynda-da oýlandy. Ony ahyry Tamara galdyrmagy ýüregine düwdi. Tamara oňa görä birneme ýaşrakdy, özem bagana bejerilýän fabrikde işleýärdi. Ýöne ol birneme ýeňlesräk, ýaltarak hem bagtsyz aýaldy. Adamsy ony on bäş ýyl mundan ozal taşlapdy. Soňra onuňýanyna gelýän-gidýän köpdi, ýönre hiç kim bilen goş birikdirmändi. Ogly hem onuň häsiýetini alypdy. Ýöne ol uzak gitmedi. Işinde tutuldy, häzir gözenegiň aňyrsynda otyrdy. Alyp-satarlyk bilen meşgul bolman, işlemek gerekdi. Kiçijik gyzjagazyň bolsa kime meňzäni belli däl, şeýle bir akyllyjady, agrasdy. Ýefrosinýa kostýumyny Tamara galdyrmakçam däldi. Ýöne kostýum diňe şoňa biçilen ýalyjakdy. Başga hiç kese boljak däldi. Eýsem-de bolsa ony gabryňa äkitjekmi diýsene. Soň birden pikirimden dänäýmäýin diýip, Ýefrosinýa kagyz alyp, şarikli ruçka bilen: "Şu kostýum Tamara Iwanowna Preobraženskä miras boýunça berilmeli" diýip, iri harplar bilen ýazdy, Soňam ol haty ullakan temençe bilen kostýuma dakdy. Degsin etmäni hem ol şeýleräk görnüşde çözdi. Elbetde, köpräk adam çagyrsaň, onda puluň hiç bir zada-da ýetjek däldi. Diňe bir pulam däl, kyn zady başgady. Haçana, nämä taýýarlamaly? Elbetde, kişmişli palaw hem ýönekeý, hemem ähtibarlydy. Tüwi üç günläbem zaýalanmaýar. Ýöne holodes ýa-da salatdyr, gaýmak? Ýa-da etdir balyk gowursaň näme? Ýefrosinýa şu zatlary elin taýýarlap, ömründe iň soňkuja gezek öz başarjaňlygyny ile näler görkezmekçidi welin, näme diýeniň bolaýarmy? Garry ýalan sözlemez, anna güni gelerin diýdimi – geler, ýöne ölmek – bu entek işiň ýarysy. Ony haçan jaýlarlar? Merhum jaýlanylandan soň degsin edilýär. Onda üç günläp öňünden taýýarlamak nämä gerek? Ýogsa-da puly hiç zada sowman goýup, degsin etmäge ulanyň diýip ýazsaňam bolar. Ýöne adamlara artykmaç dert bolmak nämä gerek? Bolmanda çakyrjyk-beýleki alsynlar. Ählije pula çakyr alaýsynlar. Içgiň ýany bilen garbanara zady özlerem tapar. - Garbanara zatsyz içesleri ýok-la – diýip, ol özüniň gelen netijesi bilen doly ylalaşdy. * * * Ilki bilen Ýefrosinýa ejesiniň ýanyna gonamçylyga bardy. Onuň ejesi şäherde ýogalypdy. Mazara serenjam berdi. Güljagazlaryň aralaryny otady. Oturgyçda dyzyny epdi-de, oýlandy. Ol bu ýere nämüçin geldikä? Salamlaşygamy, hoşlaşyga? Dogrudanam duşuşyga geldimi? O dünýäde bir duşuşarmykak? Eger duşuşmasak, ejem jany bu dünýäde indi kim ýatlarka? Ýefrosinýany gonamçylyk kontorasynyň direktory bolup işleýän aýal hoşamaýlyk bilen köşeşdirdi. - 25 ýyl geçen hem bolsa, gowy gözegçilik edipsiňiz. Şol sebäplem bu ýerde ýene-de adam jaýlamaga seniň doly ygtyýaryň bar. Haçan jaýlamakçy bolýarsyňyz? - Ýene on günden bormuka diýýän. - Şeýlemi? – diýdi-de, direktor Ýefrosinýaň ýüzüneynanmazlyk bilen garady. Soňra Ýefrosinýa merhumlary jaýlamaga degişli zatlar satylýan dükana aýlanyp gördi, nämäň näçe bahalanýandygyny bilip, olaryň bahalaryny göçürip aldy. Gepiň keltesi, almaly zatlary edil naharhanadaky menýu ýaly ýekän-ýekän görkezip, gerekli puly bölüp aýryp, şol kagyza kanselýar skrepkasy bilen ildirip goýdy. Onda çakyr almak üçim hem pul galdy. Ýöne ol iň soňky zatdy. Häzirlikçe oňa özüne degişli emlägi paýlamak gerekdi. Ine, şu ýerde-de onuň öňünde kime, näme bermeli diýlen sowal ýüze çykdy. Halk indi öňküler ýaly her bir esgä-de şatlanyp oturanokdy, oňat, gurply ýaşaýardy., Indi, anha, şol telewizorykime berjegini bilenok.Ol hemmelerde-de bar. Sowadyjy näme? Kiçijik-de, köneje-de bolsa, saz işläp dur. Lowurdap duran garderoby kimee berjek? Elbetde, Matweýewna bermeli – ol düşnükli. Ol mydama özüniň garderobynyň köneliginden nalaýar, tikin maşynyny hem şoňa bermeli. Çaý serwizidir gap-çanaklaryň ählisi şahyr Paweliňki, Ol ýaňy gartaşyp ugranda, aýaly ondan gitdi, megerem, ol çaýy hem galyň stakandan içýändir. Aýalsyz hojalygy özbaşdak ýöredip bilmeýär. Bagana possun milisioner Mihailiň aýaly Şuranyňky. Şura deşli aýal,, possun şoňa laýyk bolsa gerek, Özüne bolmasa, çagaalry geýýer. Häzir-häzirlerem baganaň nyrhy aşaklaýanok. Ol hemmelere gerek, pul toplaýmak aňsat däl. Arzan zat barmy näme?Ýefrosinýaň özem bu possuny almak üçin iki ýyllap pul ýygnapdy. Onuň dört sany gowy, iki sany hem ýaramaz oturgyjy bardy. Elbetde, berkdi, ýöne könelipdi. Olara-da ýer tapyldy. Ol bu oturgyçlary käçä çykaryp, hemişe podýezdiň agzynda oturýan garrylar üçin goýmagy sargady. Ýogsam ol bendeler çalamydar edilen zatlaryň üstünde oturýarlar ahyry. Başga edere işleri bolmasa, goý, olar arkaýyn otursynlar. Gezelenje çykan gujagy açgaly enelerem şonda otursyn, Ýogsam çalamydar oturgyçlarda uzak oturmarsyň, umuman, ýuwaş-ýuwaşdan ähli zady ýerbe-ýer etdi. Hiç bir maýda zadam ünsden düşürmedi, Iň soňunda: ˝Adamlaryň almadyk zatlaryny komission dükanyna satyp, pullaryny mätäç adamlara paýlaň˝ diýip ýazdy. Soňra içerini düýpli ýygnaşdyrmagy niýet etdi, Aslynda, içeri ap-arassady. Golaýda pasha baýramynyň öň ýanynda içerini süpüripdi, aýnalary ýuwupduy, eger-de ol ýaşamaly bolsa, onda noýabr baýramçylygyna çenli mydar etmek boljakdy. Ýwefrosinýa welin şol bir arassaçylygy bilen ölmek isledi, Ýogsam ol gelşikli däldi, Ölenden soň mebelleri süýşürişdienlerinde olaryň duran ýeri hapa, tozan bolsa, öli siňeklerden doly bolsa, daşlaryndan diýmeselerem, ˝pahyr kwartirasyn-a ünsden düşüren eken˝ diýip piir-ä ederler. Hawa, onuň özüne-de arassaja, tämizje bolup ölmek hoşýakýardy. Şol güni dynç güni – işlemek günä bolsa-da, Ýefrosinýa gollaryny çermäp, işe girişdi, Öňler-ä şeýle, ýekşenbe diýmän hars uraňda günä-sogap ýadyňa düşenokdy, ýowarlar geçirilip, zähmet çekýärdi, o hakynda pikirem edenokdy. Indi ölmeli bolduňam welin, dynç güni işlemegiň günädigi ýadyňa düşdi diýip, öz ýanyndan ajy ýylgyrdy. Dynç güni işläp, ruhumy günä-jebre sezewar edýän bolaýmaýyn! - Ýok! Ruhuň dynç güni işläniňden däl-de, hapysalykdan has köp ejir çeker! * * * Duşenbe agşamyna çenli Ýefrosinýa ähli işini bir ýüzli etdi. Hemme zat taýýar edildi. Bar zat. Soňky gezek öýüň bar ýerine aýlanyp çykdy, ähli burçlary gözden geçirdi, hemme zady elläp çykdy. Ýatdan çykan zatlar bolmazlyk üçin, sargytly kagyzlaryň hemmejesini gaýtadan sanady, şu gün satyn alnan çüýşelere çenli süpürdi.Soňam süýtjagaz bilen çörek iýdi, (öljegem bolsaň, doýup ölmeli) yzyndan gap-çanagy ýuwuşdyrdy, aşhanaň ortasynda goýlan oturgyçda ellerini gowşuryp oturdy. Bolany. Ymykly taýýar boldy. Öňde bolsa heniz tutuş üç gün bardy. Bu, elbetde, garry Ajal penşenbeden anna gününe geçýän agşamy gelse şeýledi. Ýogsam dört gün bardy. Bu günler näme işlejegi belli däl. Sebäbi, köne işleň ählijesi gutarypdy, indiki edilmeli işler barada bolsa kelle-de agyrtmaly däldi. Ýefrosinýaň içi gysyp başlady. Muň ýürekgysgynçdygyny. Men indi şeýdip oturgyçdan galman oturmalymy diýip, pikir etdi. Hiç bolmanda, telewizora seretmeli… Eýýäm howa barada maglumat berlendir.Ýogsa-da şol öljek wagtymda howa nähili bolarka? Barybir, öljek bolsaň, ýeri, nähili howa bolanda saňa näme?"Menden soň dünýäni suw-sil alaýsyn…" diýmänmidirler. Dogry aýdypdyrlar.Ynha, meniň töweregimde ähli zat: güljagaz, çäýnek, plita, çüýşe salynýan dur, gözümi ýumaryn welin, olaryň bary gaýyp bolar… Ol gözlerini ýumup, ölenden soň hiç bir zadyň bolmajagy hakynda oýlandy… Şol mahalam kimdir biri gapynyň jaňyny kakdy.Ýefrosinýa ziňkildäp gitdi.Gözlerini açdy, ýöne birbada ýerinden galyp bilmedi. Telefonyň trubkasyny galdyrdy, ses ýok. Gapa golaý bardy-da: - Kimsiň? – diýdi. - Açsana, Stepanowna. Bu ses Ýefrosinýa nätanyş bolup eşidildi, şol sebäplem ikilenç sorady: - Kimsiň diýýän? Kime açmalyka? - Bu men, Stepanowna, Aleksandr Trofimyç, seniň dördünji gatdaky goňşyň. Diňe şondan soň gapyny açdy. - Men sizi oýaran-a däldirin. - Ýok, ýok… - Size näme bolýar, ýüz-keşbiňizem birhili… - Hawa, men ölmäge taýynlyk görýän – diýip, Ýefrosinýa ýylgyrjaklady. - Bolýa-la, men seni oýaraýdymmykam öýdüp gorkdum. - Gir, gir içeri, Trofimyç, belki çaý içersiň? – diýip, Ýefrosinýa ikirjiňlenýän ýaly Trofimyçyň gyrgynyňky ýaly gözüni, içiňden geçip barýan ýiti, çalasyn nazaryny nirä gönükdirenini görüp durşuna ikirjiňlenip sorady. Trofimyç bolsa köneje, uruşdan ozalky alnan bufete göz aýlady, o ýerde Trofimyçyň ˝balyk ýüzmedik˝ diýip atlandyran çüýşeleri üç hatar bolup durdy. Reňkli dykyly ˝heleý˝ içgileri bolsa, alynmadyk myhman ýaly bolşup, bufetiň bir çetinde gysylyşypjyk durdylar. - Ü-hä, ü-hä – Trofimyç yzly-yzyna üsgürindi. - Stepanowna, sen meni dokuz ýyl bäri tanaýarsyň, kömegim degendir welin,menden ýamanlyk gören dälsiň. Ýöne her gezek şo-ol bir soragyň bilen meni masgaralaýaň. Sen maňa üns berip seret. – Trofimyç aşhanaň ortasyndaky oturgyja geçip çökdi, surata düşjek adam ýaly, ýygyrt-ýygyrt bolan ýüzüni çekişdirdi, boýnuny dikeldibräk tutdy. - Heý-de men çaý içjek adama meňzeýänmi? Maňa ýogalan feldşer doganym bardy, kim oda oklansa bolsa, ol gark bolmaz, serhoş suwdan gorkýan däldir. Sen bolsaň çaý iç diýýäň. O meň nämäme gerek! - Trofimyç, sen bir zada düşün, mende çakyr ýogam däldi, ýöne tanyş kempirlerimiň biri geldi, biz ony tas gutaran ekenik. Bilmedim, ýarym satakan çyksa-da biri. - Ýok, Ýefrosinýa Stepanowna, men seniň ojagazyňy içmen., Ondan ýaňa meň içegelerim ýelmeşip galar. - Mende başga berere zadym bolmasa näme? -- Ol çüýşeli bufetine göz aýlady. Towugyň jüýjelerine kükregini gerip goraýşy ýaly, bufetiň öňüni göwresi bilen ýapaýjak boldy. Ýöne gyrgynyň ýanynda towugyň çäresi barmy näme? - Bolýa-da, ýok bolsa ýokmuşyn-da hamana – diýip, Trofimyç gaharly gürläp, ýerinden galdy. – Onda hoş, meni bagyşla, biynjalyk etdim, ýöne men bu ýerik hödür-kerem üçin-ä gelmändim… - Hawa, dur entek. – Ýefrosinýa onuň elinden ýaşyşdy. - Men saňa dogrymy aýdýaryn. Bu çüýşeler meniň däl, menden haýyş edensoňlar satyn aldym. - Hawa, Slawigem özi üçin satyn almadyk bolaýmasyn diýýär – diýip, Trofimyç ýaraşýan äheňde sesini ýumşadyp, ýaňadan oturgyçda oturdy. – Ýaňy çakyrjygym bar dagy diýäýdiňmi? Ýefrosinýa oňa stakany püre-pürläp guýdy. Trofimyç garbanjak bolubam durmady, dodagyny ýalap, şapbyldatdy-da oňaýdy. - Men seň ýanyňa peýwagtyna gelmedim. Men seň ýanyňa tutuş jemgyýetiň adyndan döwlet ähmiýetli gepleşik geçirmäge geldim. Slawik çüýşeleriň saňa näçe wagtlap gerek boljakdygyny bilmän, eger-de ertir agşamky oturlyşyga çenli gerek bolmasa, üç sanyjagyny almaga iberdi. Köplüge üç çüýşe ýeter. Şol sebäplem, Stepanowna, men soň ýanyňa ertire çenli ˝balyk ýüzmedijikden˝ üç sanyjagyny dilemäge geldim, häzir dükanlar ýapyk. Bu köpüň haýyşy! Birigüne çenli gaýtaryp bereýin, hut özüm üçin bolsa birigüne çenli ýene birini dileýän. Elbetde, hemme zat gülala-güllük bolsa, getireris Ýöne Slawik aýdýar, bu çüýşeler şeenbeden, ýekşenbeden, gaty gitse annadan bäri gerek bolmaz diýýär, Sebäbi, seniň çüýşeleriň köp, diýmek, çüýşeler toý-tomaşa üçin gerek, Iş günler bolsa hiç kim toý-tomaşa etmeýär. Ýefrosinýa getirilen bu delil bilen burça gabalansoň, sesini çykarman, bufete bakan ýöneldi. * * * Sişenbe güni ir ertir Ýefrosinýa ülje mürepbesi bilen ýaňy bir çaý içmekçi bolanda, gapyň jaňy uruldy. Baryp açdy. Öňünde Trofimyç dur, özem göýä batyl ýaly, golundan tutup idekläp. Ýefrosinýa ony getirip şol öňki oturgyçda oturtdy, ol bolsa agzyna suw alan ýaly bolup, sesini çykarman otyrdy. Ýefrosinýa oňa suw guýuý berdi, ol bolsa sandyr-sandyr edip, ýykylaýjak bolýardy. Ýefrosinýa suwy serpip goýberdi-de, bufete bakan ugrady, ˝balyk ýüzmedijikden˝ stakany ýarpylap getiri. Diňe şondan soň Trofimyç: - Ü-he – diýdi-de, eli bilen guý diýip, yşarat etdi. Ýene getirdi. Suwjagaz içdi. Çörekden ysgady. Oturgyçda dikelip oturdy. - Şu nysagy men düýn agşam içjegem däldim… Tas ölüpdim. "Jat, jat" edip, edil kelläm ýarylyp gelýär. Muňa diňe sen, Stepanowna, sen günäkär. Men saňa adam ýaly aýtdym, içjek däl diýdim, sen bolsaň bokurdagymda pyçak goýup, iç diýdiň. Onsoň menem ol süýji zäherden içdim. Soňunyň näme bilen gutaranynam özüň bilýäň… Iş welin şeýle gutarypdy: Oglanlary bagyň ýanyndaky öýüň öňünde topar bolup sögünçli aýdymlar aýtmakda ýaryşandyklary üçin milisiýa äkitdiler. Trofimyç huşy giden adam bolany üçin ilkinji tapgyrda aýdyşykdan galyp, demini almak üçin uzyn oturgyjyň aşagynda ýatyp galany sebäpli, ony milisiýa tapmady. Indi oglanlary on bäş günjük saklaman goýbermezler. Trofimyç bolsa özi üçin alanjasyny diňe bir aýdan soň getirer, sebäbi onuň şu aýky pensiýasyny eýýäm öz žandarmy Taisa Nikolaýewna tussaga alypdy. Trofimyç içip boşatmadyk çüýşesini ýygnap ýetişipdi. Aý, bolýa-da, bi-de bir boljak iş-dä. Müň gaýgy bir iş bitirmezmişin. Ýarym günläp Ýefrosinýa nämedir bir zadyny ýitiren ýaly alasarmyk bolup gezdi. Ýöräp barýarka, birden säginýärdi-de, ellerini galgadyp, özbaşyna gepleýärdi. - Bu nähili beýle bolýar? Meniň ätiýaç üçin ýygnanjalrymyň ýarysyny ýoklaýypdyr-a ol harteçjal. Nälet siňmiş arakhor! Arak üçin öz dogran enesini satjak bylar. Gör-ä bi bolýan zatlary! Betbagtlyk diýseň, betbagtlyk-da! Indi ony-muny satyn almak üçin birinden pul almalydy. Kagyzjyga-da ölemden soň onuň puly kimlere bermelidigini aýdyp, Trofimyçyň adyna hatjagaz ýazmaly. Zyýany ýok. Milisioner Mihaýilden karz alaryn. Hany, oňa bir bermän bir görsün! Eger-de Mihaýilde-de bolmasa? Ýefrosinýa hut aýnada gören ýaly bilen eken! Mihailde elin pul ýok eken. Ýogsam berjekdi-le. Ýas-ýaňy reňkli telewizor alaýan eken. * * * Agşam düşinçä hiç hili çykalga tapyp bilmedi. Düýbünden keýpsiz halda otyrdy. Birdenem öýe myhman geldi. Tamara Preobraženskaýa gyzjagazy bilen geldi. Şuň ýaly ýagdaýlarda, eýsem näme edersiň? Begenmeseňem, myhmany garşy almaly. Stoluň üstüne iýmek-içmek çekişdirdi, bufetdäki "heleý" aragyndan bir çüýşe getirdi. Hödür-kerem etdi. Hatda özem oňa topulypdy. - Sen näme, Stepanowna? Saňa bolanog-a, gan basyşyň ýokar-a. - Äý, - Ýefrosinýa elini silkip goýberdi. – Gel, seň gyzjagazyň üçin içeli, Lýuba jan üçin içeli, goý, onuň durmuşy biziňkä bir meňzemesin, gaýgy-gussa oňa ýat bolsun. Tamara içdi-de gözlerine ýaş aýlady, Muňa Ýefrosinýaň özüniňem ýüregi sançdy. Stoluň başyndan turdy-da, garderoby açdy, üstünden sargyt edilip hat ýazylan kagyzjygy bildirmän aýyrdy-da, kostýumy çykardy, soňam ony Tamara uzatdy: - Hany, şuny geýip bir gör… saňa laýyjak bolarmykanam diýýän. Muňa Tamara öňküsindenem beter bozuldy. Onda-da ýürek diýlen zat bardy ahyryn, her niçik-de bolsa, ol kostýumy geýip gördi. Asyl özüne biçilen ýaly şaplaşdy duduberdi. Hatda minnetdar bolup, bir aýagynyň üstünde-de pyrlandy. Soňam kostýumy çykaryp, stoluň üstünde epläp goýdy-da, başga görnüşe girdi. - Sterpanowna, men seniň ýanyňa iş bilen geldim – diýip, haýsydysr bir kagyzy Ýefrosinýa uzatdy. - Bu näme? Äýneksiz göremok. - Bu Edigiň naçalniginden ygtyýarnama. Bize duşuşmaga rugsat berdiler. Oňa özüni gowy alyp barandygy üçin maşgalasy bilen üç günlük duşuşmaga ygtyýar beripdirler. - Sen näme, gitmekçimi? - Şoň üçribem geldim… - Tamara sakynyp gepledi. Maňa karzyna pul ber. Men hökman bererin. Men hemişe-de berýädim ahyryn… Dogrudanam, ol hemişe alan puluny gaýtaryp berýärdi, oňa söz ýokdy. - Taňrym, mende pul nämişlesin! - Seň lotoreýaň utupdyr, maňa ony Tarasowna aýtdy. - Eý, hudaý… Näme utupmyşym? - Beräýsene – diýip, Tamara gyzjagazyny gujagyna gysyp, adaja gepledi. - Gör, siz näçä ýetdiňiz? O gelse-de - ber! Bu gelse-de… O nämäň bileti? O nämäň lotoreýasy? Sen özara kömek gaznasyndan bir sorap gördüňmi? - Men o ýerden eýýäm aldym, başga berenoklar –diýip, Tamara öňküdenem ýuwaş gepledi. - Maňa kim pul berer? Meniň anna güni iň soňky möhletim. Pul özüme kekirdekden gerek. - Anna çenli-hä ýetişmerin. Sen bir goňşy-golama aýlan. Saňa her kim pul berer-le. Görgüli maňa garaşyp oturandyr… Bütinleý düzelipdir. Şeýle bir akylly-başly hatlar ýazýar… Olary her gezek okamda, oturyp aglaýaryn – diýip, Tamara gözýaş etdi. Ýefrosinýa pul berdi. Öz-özüne-de sögünmek sögündi. Ýüregine zor salyp berdi. Nädip bermejek? Adamçylyk diýibem bir zat bar ahyryn, onsoň boş gaýtarybam bolanok. Heý-de, haýsydyr bir Ajal üçinem diri adamyň ýumşuny bitirmän, gaýtaryp bormy? Belki, bir alajy tapylar diýip, öz-özüne sala saldy. Karz alyp beräýerin. Tamara hökman gaýtaryp berer. Gülkünç… Mydama karz edip ýaşadym. Indi öljek wagtymam karz almaly. Iň ýamany başgady. Tamara Ýefrosinýadan gyzynyň şu ýerde birki gün bolmagyny haýyş etdi, soňra gyzjagazy tikinçi uýasy Lýudanyň gelip äkitjekdigini aýtdy. Şeýdibem Ýefrosinýa çeňňege düşdi galyberdi. – Goý-da, gidiber, gaýta maňa-da hezil berer – diýdi – Ýöne Lýuda Lýuba jany äkitmäge penşenbeden gijä galman gelsin, ýogsam meniň özümiňem gitmeli ýerim bar. - Siz nirä gitmeli? -- Seňkidenem uzaga… - diýip, Ýefrosinýa ýylgyrdy: - Degişýän. Ertesi başga bir zat onuiň güpbe ýadyna düşdi. Haýsy Lýudaka? Eger-de ol ýarym ýyl mundan owal adamsy bolan Magadana giden Lýuda bolsa-ha, ol nädip geler? Ol Tamara jaň etmekçi boldy, bolmady. Muny anyklamak üçin Tarasowna jaň etdi. - Anyk bilýän, ol häzir Magadanda - diýip, Tarasowna hem onuň bu pikirini tassyklan ýaly etdi. – Nämäni gaýgy edýäň? Tamaraň özem ýene-de bir hepdeden yzyna dolanýar. Ol gyzyny saňa mydamalyk goýup gitmedi ahyry. Ine, şeýdibem Ýefrosinýa ýany gyzjagazly penşenbä çenli pulsuz hem içgisiz galdy. Oňa diňe bir zat teselli beripdi. – Lýubajyk bilen wagtyhoş geçdi. Ol şeýle bir ýuwaş, şeýle bir düşbüje, mährem gyzjagaz eken. * * * Penşenbeden anna geçilýän gijede, daňa golaý Ajal ýene-de geldi. Ýefrosinýa ony, Lýubajyk oýanmaz ýaly, aşhanada garşylady. Çaý demledi, heleýleriň içýäninden birini açdy. Ajal welin hiç zat içmedi, umuman alaňda, bu gezek, öňkä garanda agrasdy hem-de örän howlukmaçdy. - Ýeri, bolýa – diýip, Ajal köýneginiň ähli iliklerini ildirdi. - Oýun bir, maza iki, şaýyňy tut, gadyrdan… - Şeýle-dä, ömürboýy ýetişiksiz günde bolup geçdim – diýip, Ýefrosinýa taýýarlyksyz galanyny ýokuş görüp, aglady. – Men taýýar däl ahyryn. Taýýarlandym, taýýarlandym, ahyrynda-da bar zadym ýele sowrulan ýaly boldy. Ilki biri geldi, soňra başga biri… Ol Ajala ähli zady bolşy-bolşy ýaly gürrüň berdi. Özi-de lapykeç bolup oturdy. - Başga çäräm ýok. Gitseň gideli. Taýýar dälem bolsam, al – diýip, Ýefrosinýa gözüniň ýaşyny syldy. – Diýmek, maňa özgeleriňki ýaly ölmek ýok. - Ýör, ýör – garry Ajal hümürdedi. – Meň söz beren ýerime gideli. Maňa beren sözümden dänmek bolanok. Ýogsa-da men saňa taýýarlyksyz ölmersiň diýip söz beripdim-ä. Söz berdimmi – ýerine-de ýetir. Bizde bu düzgün berk saklanýandyr. - Indi näme ederis? - Hiç zat! Saňa ýene-de bir hepde wagt berýän! Ýöne bu gezek welin ähli zat çöp döwlen ýaly bolsun, bar zat taýýar bolsun. - Taňrym, men elbetde… - Ýefrosinýa şatlandy. – Bir hepdäniň içinde men bir däl, eger gerek bolsa, on gezegem taýýarlanyp ýetişerin… Men ähli zady taýynladym ahyry. Eger neme bolmadyk bolsa… - Ýöne seretgin, indiki gezek hiç hili gümmi-sümmi bolmasyn! - Bolýar, bolýar. Hany maňa seret. Ak ýürek bilen! Edil aýdyşyň ýaly bolar – diýip, Ýefrosinýa söz berdi. Ine, indi ol ýedi ýyl bäri Ajalyň her annada Ýefrosiniýaňka şol gatnap ýörşi. Olar birek-birek bilen halys öwrenişip, içi ülje mürepbeli üç litrlik çüýşeleriň ençemesini çaý bilen içip boşatdylar. Ýefrosinýa penşenbeden anna geçilýän gijede tä algydary özüni idäp gelýänçä ýatyp bilmeýär. Çäýnek bolsa her gün plitanyň üstünde gyzyp dur. Ajal Ýefrosinýa bilen hiç çözlüşip bilenok. Kempir ak ýürek bilen taýýarlanýar, ahyrynda-da ýene-de ähli zat puç bolýar. Etjek alajyň ýok. Stepanowna ölmäge taýýar däl. Onuň ýagty jahanda-da işi başyndan agdyk. Ýuriý PEROW. Terjime eden Goçy ANNASÄHEDOW. | |
|
√ Gürp / hekaýa - 08.09.2024 |
√ Sekiz emjekli "gahryman ene" / hekaýa - 26.07.2024 |
√ Diwana / hekaýa - 03.09.2024 |
√ Kol-hoz-çy / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Gumly gelin / hekaýa - 08.12.2024 |
√ Самые страшные войска / рассказ - 28.07.2024 |
√ Ýuşka / hekaýa - 14.10.2024 |
√ Gyzyl alma / hekaýa - 12.10.2024 |
√ Sazandanyň säheri / hekaýa - 16.07.2024 |
√ Gök gözli Ýefrosinýa / hekaýa - 13.05.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |