17:07

Beýik akyldaryň şalary wasp edýän şygyrlary hakynda

Magtymgulyny öwreniş
Категория: Magtymgulyny öwreniş | Просмотров: 517 | Добавил: Moderator | Теги: Döwletmyrat Ýazkulyýew | Рейтинг: 5.0/2
Awtoryň başga makalalary

Magtymgulyny öwreniş bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 9
0
1 Jeksparro  
405
Nedir şaha Döwletaly lakamy berilipdir diýip men-ä awtordan eşidýärin. Onsoňam Nedir şanyň özi türkmen bolsa-da Türkmenlere peýdasy degmedik onuň... Ahmet şa Dürrany hakynda ýazan bolup biler. Bu goşgu-da onuň öz adyny atlandyryp goşgy ýazandygyny bilmek kyn däl...
Nedir şa hakynda onuň döwürdeş taryhçylary ençeme jilt kitaplar ýazypdyr. Ol kitaplar diňe bir taraplaýyn, öwgüli setirlerden ybarat dereksiz, käbiri kasydalar ýaly ýazylan kitaplar.
Döwletaly - Dewleti Aly, hakynda aýtsak şeýleräk garaýyşym bar. Magtymguly Kuran aýatlarynyň, syrly ýazgylaryny çözmegi we käbir goşgularynda muny setir üsti bilen syzdyrandygyny okap bilýäris. Magtymgulynyň weliligi hakyndaky eşitmedik az-azdyr. Şoňa görä ol Osmanly imperiýasynyň (Dewleti Ali - Osmanly türkmenler öz döwletine Osmanly imperiýasy diýmän, kä-te syýasy ýüzünde Dewleti Ali, ýagny ''beýik döwlet'' diýendiklerini resmi dokumentlerden aňsa bolýar) synjakdygyny welilik bilen bilipdir we goşgy setirlerine geçiripdir.

0
2 Jeksparro  
405
Osmanly türkmen döwleti (Döwleti Aly), dogrusy türkleşen türkmen döwleti. Magtymguly Ol döwletiň türkmenlere peýdasy bolmasa-da goşguda aýdylyşy ýaly Yslama peýdasy degen, Musulmanlara peýdasy degen... Magtymguly belki onuň çökjek wagtyny öňünden bilip goşgy düzendir. Peýdasy degipdir diýip goşgy düzen diýemok men.
Onsoňam seniň eliňde subutnamaň barmy, Osman imperiýasy türkmenlere gan gusduryp gezen döwlet diýip???

0
3 Jeksparro  
405
Osmanly döwletiniň Türkmenistandaky türkmenlere XIX-XX asyrlarda ýetiren peýdalary-ha bolupdyr. Ýöne olary hasap etmeseňem, Türkmenistandaky türkmenlere zyýan ýetirmedik Osmanly döwleti.
Nedir şah edil türkmenleri gyrmakda Timurlan, Abulgazy Bahadyr han we ş.m. ýalylaryň hatarynda durýar.

0
4 Moderator  
1471
Awtordan: Ilki bilen meniň makalama teswir ýazýanlaryň hemmesine minnetdarlyk bildirýärin. Ylymda hakykat pikirler çaknyşyp döreýär. Ýöne Nedir şanyň türkmenlere örän hoşniýetli garandygyna goja taryh şaýat. Onuň türkmenleri dokuz ýyl salgytdan boşadandygynyň anyk ýazylan subutnamasy bar. Elbetde, Nedir şanyň gazabam, bolupdyr, ýomut ýa Mary türkmenleriniň gozgalaňyna berkem darapdyr. Emma Nedir şanyň, umuman türkmenlere ynanyp, umuman hoşniýetli garandygynynyň anyk subutnamasyny men makalamda aýtdym, ony gaýtalap oturmaýyn. Nedir şanyň türkmenlere hoşniýetli garandygy hakyndaky maglumaty hasam giňişleýin öwrenerin diýseňiz, meniň maklamyň soňundaky görkezilen rus çeşmesini okaýyň. Pyragynyň "Döwletalynyň" şygryny Osmanly döwleti bilen baglamagyň hiç bir ylmy delili ýok. Sebäbi ol şygyr anyk şahsyýete, onda-da Yrak hem şahyryň aýdyşy ýaly ýakyn ülkeleri (Pyragynyň hemme töwerek-daşyny) özüne tabyn edip, Eýranyň-Turanyň soltany bolup, "Sansyz ile serkerdedir, soltandyr" diýlen mahabata mynasyp boljak diňe Nedir şady. Şahyryň bu şygry "Aly siziňdir" diýen şygrynyň logiki dowamydyr. Anyk taryhy maglumatlary inkär edip, Nedir şa zalym bolup, türkmenleri gyrypdyr diýmek, SSSR döwründe synpy dünýägaraýyş bilen öňe sürlen esasy bolmadyk boş pelsepedir. Her bir teswir ýazýan adam anyk faktlara esaslanýan teswir ýazsa has täsirli bolardy.

0
5 Jeksparro  
405
Hut Magtymguly bu ''Döwletalynyň'' goşgusyny Nedir şaha bagyşlap düzendigi hakynda hiç hili maglumat hem ýok.
Eger bu awtoryň aýdyşy ýaly bolmaly bolsa, Magtymguly Pyragy näme üçindir goşgyny öten zaman äheňinde ýazman hut öz döwründe bolýan ýaly suratlandyrýar goşguda?
Onsoňam goşgy şahsyýete bagyşlanandygy hem şübhelendirýär...
Bar şol Osmanla bagyşlap düzülmedi hem diýeli. Ol haýsydyr bir döwlete bagyşlanan...
***
Bir ýerlerde okapdym. Aly Siziňdir atly goşgyny Magtymguly düzmändir, ony SSSR imperiýasy döwründe Mülli Tahyr Stalina aýlawlap, Magtymgulynyň adyndan düzüpdir.
Asylam Magtymgulynyň köp goşgulary özüniňki däldigi hakynda-da okadym welin, enşalla ''Döwletalynyň'' awtoryň aýdyşy ýaly, Magtymgulynyň Nedir şaha bagyşlap düzen goşgusy bolsady...

0
6 Moderator  
1471
Seslenmeler gelip boldy öýdýän. Aýtjak diýen zatlarymy ýazaýyn onda:

@Jek, Nedir şa barada ýazylan kitaplar birtaraply diýýäñ. Bolup biler. Emma ol barada osmanly we hywa taryhçylary hem az zat ýazmandyr (özem öwüp däl-de, ýamanlap!). Iñ gynançly ýeri näme bilýäñizmi, siz bu birtaraplylykda aýyplaýan kitaplaryñyzyñ ýekesini-de okañzok, hatda suratyny hem görmediñiz. Dogrusy, bizem okamzok, Nedir şa barada köşk taryhçylarynyñ ýazan kitaplarynyñ diñe adyny bilýäris. Emma siz hatda okamadygam bolsañyz, Nedir şaha bolan garşylyklaýyn pikiriñizi delillendirmek üçin Nedir şanyñ döwründen başlap tä 1924-nji ýylda Türkmenistan SSR-i gurulýança türkmen taryhçysynyñ ýazan ýeke kitabyny salgy berip biljekmi? Aslynda türkmeniñ geçmiş taryhy barada türkmen taryhçysynyñ ýa ýazyjy-şahyrynyñ bize gelip ýeten kitaby barmy özi? Taryhymyz boýunça ýeke türkmen taryhçysynyñ ýazan zadynyñ ýokdugyny, hemme maglumaty beýleki ýurtlaryñ taryhçylaryndan öwrenmeli bolýandygyny birmahal türkmen taryhçysy akademik Myrat Annanepesow hem gynanmak bilen aýdýan eken.

* * *

Nedir şa siziñ göz öñüne getirişiñiz ýaly adam däl. Ol ýetimlikden, horlukdan, birgiden kösençliklerden geçip, bir lideriñ taplanmaly hemme talabyny ödänden soñ bir ýurduñ patyşasy bolan beýik hökümdar, Aziýanyñ iñ soñky Fatihi!
(Maglumat ü.n seret:
Aşyrpur Meredow "Nedir şa hakynda rowaýatlar"
https://kitapcy.ru/news....-10135)
Dogry, döwlet gurulanda gansyz gurulmaýar, gan hem dökülýär, zalymlyk hem edilýär. Taryhda gurlan haýsy döwletiñ gurlandan tä ýykylýança geçen ýoluna seretseñiz serediberiñ: gansyz gurlany barmy...
Galyberse-de, ol barypýatan sünni we sünni-şaýy agzalalygynyñ soñuna nokat goýmak islän adam. Hut şu maksat bilenem ol birnäçe gezek Osmanly imperiýasyna güýç birikdirmegi, agzybir bolmagy üçin delegasiýalar ugradypdyr, japary mezhebiniñ bäşinji mezhep hökmünde kabul edilmegini haýyş edipdir, emma osmanly ulamalary japarylaryñ (şaýy) sünnilere birikip bilmejekdigini öñe sürüp we muny osmanly soltanynyñ añyna guýup, Eýran bilen dowam edip gelýän oñşuksyzlygyñ üstüne benzin sepeläpdirler. Nediriñ beýle matlaby şaýy reaksioner ruhanylary tarapyndanam oñlanmandyr. Hut şeýle ýagşy niýeti üçinem onuñ janyna kast edilipdir.
(Maglumat ü.n seret: J.Gurbangeldiýew / "Nedir şa"
https://kitapcy.ru/news/nedir_sa/2019-11-29-9458)

* * *

Nedir şanyñ goşunynda gulluk eden nijeme türkmen otrýadlary bolupdyr. Gökleñ, ýomut gardaşlaryñ goşun bölümleri Kawkazy eýelemekde onuñ ü.n uly hyzmatlary edipdir. Teke gardaşlarymyz bilen arasynda bolan oñşuksyzlyk ü.n Nedir şanyñ üstüne atanak çekmek, zalymlykda aýyplamak barypýatan taryhy şowakörlügiñ alamaty. Ýa-da şeýdeniñizde şol gardaşlarymyzyñ hem üstüni çyzmaly bolýarsyñyz.
(Maglumat ü.n seret: Osman Öde / "Awşar türkmenleriniñ hökümdarlygy"
https://kitapcy.ru/news....0-4576)

* * *

Bu pany dünýäde adamyñ çäkli ömrüniñ bolşy ýaly, döwletleriñ hem çäkli ömri bolupdyr. Dünýä döräni bäri nijeme adam balasynyñ ýaşap, ömür sürüp, ahyrynda ölüp gidişi ýaly, döwletlerem doglup, ýaşap, ösüp, soñunda çagşap, taryhyñ çañly sahypalaryna siñip gidipdir. Bu kanunalaýyk gutulgysyzlykdan Osmanlynyñ aman galmajakdygyny bilmändir diýsek, Magtymguly ýaly genial ynsany gözli körlükde aýypladygymyz bolar. Muny "öñünden bilipdir" diýibem oña özümizçe "welilik" taslamalyñ.

* * *

Magtymguly "Döwletalynyñ" goşgusyny Nedir şaha bagyşlap düzmedik bolmagy hem ahmal. Emma ony Osmanly döwletine bagyşlamandygyny-ha edebiýatdan, taryhdan sähel başy çykýanlaryñ hemmesi-de kepil geçip biler. Muny ilki Ysmaýyl Kylynjyñ "Täsinlikler dünýäsi" diýip türkmen dilinde çap bolan kitabynda agzadylar. Soñam öñki HTTU-da okadýan türkçülige ýakyn durýan mugallymlaryñ biri alyp göterdi, makala ýazdy. "Magtymguly Osmanla bagyşlap goşgy ýazanmyş, onuñ ýykyljagyny öñünden bilenmiş!" Goýalyñ, beýle patarrakylary. Osmanly döwleti Magtymgulyñ taryply goşgusyna-da mätäç däl, Magtymguly hem siziñ özüni "welileşdirmegiñize" zerurlyk duýanok! Hersi özbaşyna dag. Oña diñe çykyp belentligine göz ýetirilýär! Bärden "baýbuw, belent eken-ow!" diýip gykuwlanymyzyzyñ hiç hili manysy ýok.

* * *

Bärde ýene bir zat bar: "Osmanlynyñ bize kömegi ýetdimi" we ş.m... diýmek, öz ata-babalarymyzy, özümizi tanamazlyk bolar, hatda hasam öte geçip aýdaýyn: baknalykdan saplanyp bilmezligiñ düşünjesi hasaplaýaryn. Türkmen hiç mahalam gaýry döwletiñ hemaýatyna elgarma, özgäniñ kömegine hantama (hatda öz süýtdeş dogany bolsa-da!) bolup ýaşan millet däldir.

0
7 Moderator  
1471
* * *

"Döwletalynyñ" şygry umuman jedelli şygyr. Onuñ bir şahsyýete düzülendigi belli. Ýöne kime? Meniñ özüm-ä D.Ýazgulyýewiñ makalasynda öñe sürlen pikirleri umuman dogry hasaplaýaryn.
Birwagt "Edebiýat we sungat" gazetinde Rejepmyrat Durdyýewiñ we Gurbannazar Orazgulyýewiñ bilelikde ýazan makalalary çap edilipdi. Şonda bu şygyryñ Baýram hanyñ nesli we Daşoguz ilinde ýaşap geçen Döwletaly bege bagyşlanyp ýazylandygy aýdylýardy. Emma mundaky Döwletaly batyr tiräniñ, bir obanyñ derejesindäki gahryman. Goşguda ýöñkelýän sypatlar, epitetler umuman oña gabat gelenok.
(Maglumat ü.n seret: R.Durdyýew, G.Orazgulyýew / "Döwletaly batyr" https://kitapcy.ru/news/dowletaly_batyr/2018-09-05-2227)
Başga-da şeýle maglumat bar:
"Ahmet şa Dürranyň 1754-nji ýylyň 6-njy awgustynda çykaran permanynda ady agzalýan 28 sany türkmen serkerdesiniň içinde Döwletaly han, Muhamedaly uşak han, Begenjaly han ýaly görnükli hanlarynyň ady agzalýar".
Takygyny Alla bilýär!
Herhal dürli pikirleriñ, çaklamalaryñ orta atylyp durlany ýagşy. Diñe dürli pikirler, jedeller hakykaty orta çykaryp bilýär. Şonuñ üçin Döwletmyrat Ýazgulyýewiñ bu makalasynyñ belli bahasy ýok.

* * *

Alawy-türkmen gyrgynçylygy boýunça ýörite barlaglary geçirip, kitap ýazan barlagçylar bar. Muña Zeýnel Joşaryñ "Kyrk müñ alawy öldürilmedimi?" atly kitabyny mysal görkezip bileris. Kitapda türkmenleriñ garşysyna amala aşyryldy diýilýän şeýle uly gyrgynçylyk hem hut Ýawuz Soltan Selim tarapyndan edilipdi.
Mundan başga-da tema boýunça gyzyklanma bildirenler Sadyk Eralyñ "Çaldyrandan Çoruma Anadolyda alawy gyrgynçylyklary", Ysmaýyl Onarlynyñ "Şa Ysmaýyl Hataýy" kitaplaryny okap bilerler.
Hut Ýawuz Selime arka diräp "10 müñ alawyny öldüren soragsyz-sowalsyz jennete girer" diýen kürt kethudasy Idris Bitlisi eýýäm ýüzlerçe ýyllap dowam edip gelýän alawy-türkmen duşmançylygynyñ başyny başlap, Türkiýäniñ häzirki günorta-gündogar sebitlerinde ýaşaýan türkmenleri kowduryp, gyrdyryp, ýerine kürt taýpalaryny ýerleşdirip, şugünki kürt konfliktiniñ kerpijini goýupdyr.
Türkmeniñ türkmeni gyrmasy osmanly döwründe ýüze çykmandyr ýa-da diñe Ýawuz Selimiñ döwründe bolup geçmändir. Mysallara ýüzleneliñ:
- Seljuk-türkmen soltany Gyýaseddin Keýhysrow II 1240-njy ýylyñ babaýy-türkmen gozgalañynda 20-25 müñ türkmeni gyrypdyr;
- Fatih Soltan Mämmet XV asyrda müñlerçe hurufyny oda ýakdyrdy, hamyny soýdurdy (Nesiminiñ hem şol döwürde derisi ýüzüldi);
- Kanuny Soltan Süleýman döwletiñ şeýhulyslamy Ebusud ependiniñ fetwasyny alyp, 100 müñden geçýän alawy-türkmeni ýok etdi;
- Jelaly gozgalañlarynyñ bolan döwründe Osmanly döwletiniñ başga milletleriñ çagalaryndan taýýarlaýan mekdebinden çykan horwat dönmesi Kuýujy (Guýuçy) Myrat paşa "guýuçy" adyny eline düşen alawy-türkmenini guýa oklap, gurruk guýulary maslykdan doldurandygy üçin alypdy... Näderejede hakykata golaý anyk bilemok welin, käbir çeşmelerde onuñ gyran adamlarynyñ 158 müñe ýetendigi aýdylýar.
Bu zatlary okandan soñ käbir agzalaryñ "Osmanly türkmenlere gan gusduryp gezen döwlet" sözüniñ hiç bir babatda öte geçmeýändigine göz ýetirseñiz gerek.

* * *

Osmanlynyñ Türkmenistandaky türkmenlere zyýany ýetmese ýeten däldir, emma jinnek ýaly peýdasy-da ýetmedi. Baryp-ha Filippinlerde bäş-üç sany musulman bar diýilse, oña gol uzatmaga ýa-da on ýabyñ añyrsyndaky Ýaponiýa gämi ekipažyny ugradan Abdylhamyt we onuñ hökümeti 1881-de Gökdepe pajygasyny diñe gazetlerinden okap sessiz tomaşa etdiler.
Ondan öñki Mary, Garrygala, Sarahs uruşlarynda-da, Gazawat gyrgynçylyklarynda-da Osmanlynyñ kömegi beýlede dursun, garasyny-da görmediler. Emma şeýle-de bolsa, olar özlerini yslamyñ baş howandary hasaplap, "yslam halyfy" hökmünde Hywa hanlaryna, Buhara emirlerine ýarlyk paýlap bilýärdiler, olary kagyz ýüzünde öz wassallary hasaplaýardylar. Arkasyny osmanly soltanyna dirän Hywadyr Buhara hem bizi çapýardylar. Ine!..
Dogry, XIX asyr Osmanlynyñ öz gözüniñem uruşlardan açylmadyk, başgalara peýdasyny ýetirmäge halys eliniñ degmedik, çagşamaga başlan we haçan dargasa dargabermeli bolan döwri. Muny biz bilýäris.

* * *

Bu maglumatlary getirmek bilen biz Osmanlyny inkär edemzok, ýazgaramzok. (Taryha şu günüñ gözi-ideologiýasy bilen däl-de, öz döwrüniñ gözi, öz döwrüniñ hakykatlary bilen seretmeli, baha bermeli). Biz Osmanlyny egrisi-dogrusy, ajysy-süýjüsi bilen bassyr-bussyrsyz bolşy ýaly kabul etmegiñ, öwrenmegiñ tarapdary. Asyl taryhda türkmeniñ özi gurup özi ýykan Garahanly, Gaznawy, Seljukly, Akgoýunly, Garagoýunly, Sefewi, Owşar... döwletleriniñ hemmesiniñ deñ derejede öwrenilmegini isleýäris. Çünki biz gara güýje däl-de, hakykata ynanýarys.
Taryh halan ýeriñi öwüp, halamadyk ýeriñi gömüp ýörmeli zat däl.

0
8 Jeksparro  
405
Şeýdip soraýmasam özüňem aýdaýaňok... Dogry, bilmeýän zatlarym-a kän intek.
Aý näme netijede köp zatlaryň üstünde durup geçmegiň, bilmegimize wesile boldy Haweran halypasy! :)

0
9 kyssacy  
1745
Döwletaly beg Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň Polasoltan obasynda ýaşap geçen şahs. Şahyr hem mirasgär Şöhrat Abdyýew şonuň nebereleriden. Ýene-de Döwletaly beg Döwletmämmet Azadynyň sopularynyň biri bolmak bilen Magtymguly Pyragyny "Şirgazy" medresesinde okan döwründe iň ýakyn gatnaşan adamlarynyň biri bolupdyr.

Şöhrat Abdyýewiň öz agzyndan eşiden gürrüňlerimden.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]