15:30 Ilkinji synag / rowaýat | |
ILKINJI SYNAG
Geçen eýýamlarda ene-atalar çagalaryna sowat-bilim öwretmek maksady bilen medreseden öň mekdebe berer ekenler. Mollalar oglnajyklaryň içinden ylym-bilime höweseklerini, ýagny zehinlilerini, üşüklilerini, düşbilerini we zähmetsöýerlerini saýlap alar ekenler. Günleriň bir güni, mekdebe kabul edilişik başlananda, ene-atalar ogullaryny mekdebe getirip: “Mollam, eti siziňki, süňki biziňki” diýen, yrymly sözler bilen molla ýüzlenip, geljekki alymlary ygtybarly ad[b]ama tabşyryrpdyrlar. Molla çagalaryň ene-atalaryna ýene bir hepdeden çagalaryndan habar tutmaklaryny sargap, synagdan geçenleri mekdepde galdyrjakdygyny duýdyrypdyr. Çagalary ýatak jaýlarynda ýerleşdirip, olara edil öz öýüne gelen ýaly duýmaklaryny, her bir mesele ýüze çykanda çekinmän ýüz tutmaklaryny we olara edil atalary ýaly howandar boljakdygyny aýdypdyrlar. Bir hepde erkinlige çykan ýaşly oglanjyklar täze ýerde ýaýnap gezipdirler: haçan ukusy tutsa ýatyp, haçan oýanaslary gelse turupdyrlar; oýna höwesliler oýna gyzygypdyrlar, olaryň arasynda wagtlaryny bikär geçirýänler hem bar eken. Bezzatlyk edýänlere bir gezek “haý-küş” diýip, ikinji gezek olaryň atlaryny hem tutanoklarmyşlar (amanat çagany urup-sögüp bolýarmy näme). Çagalaryň içinde her dürliisi bar: biri oglanlaryň “hany” bolasy gelýär; beýlekisi öýüni küýsäp gaçyp gitjek bolýar; iýermeni bar, ýatarmany bar; tükeniksiz sorag berýän bilesigelijiler bar; janypkeş zähmetsöýerleri bar. Hepde diýeniň derrew geçýär. Bir hepdeläp dilegde gezen ene-atalar bellenilen güni çagalaryndan habar tutmak üçin mekdebe gelýärler. Mekdebiň mollasy olara ýigrimi-otuz çagdaň içinden diňe ýedi sany oglanyň synagdan geçip, mekdepde okamaga hukuk gazanandyklaryny yglan edýär. Öz çagalaryndan göwünleri suw içýän ene-atalar bu habary eşidip, geň-taň görýärler we molla sorag baryny ýagdyrýarlar. Molla oglanlaryň hossarlaryny üns bilen diňläp, sebäbini düşündiripdir. Ol synagdan geçen okuwçylaryň her biriniň alan “bahasyny” häsýetlendiripdir: –Her obada, ülkede üýtgeşik häsýetli, töwra adam bolýar. Ol adam hemme kişiň dosty-ýoldaşy, onuň ýeke duşmany hem ýok; hem sahy, hem salyhatly; hem mähirli, hem mylakatly. Şolar ýaly şamçyrag biziň toparymyzda hem bar eken. Ol oglanjyk edil hamrak ene ýaly bir görseň içi gysyp, aglap duran çagany diňdirýändir, ýa-da okuwdan göwnübölegi köşeşdirip durandyr, öýünde bol-elinlige öwrenen nahardan doýmadyk çaga bilen çöregini paýlaşyp durandyr, hat-da gije ukuda ýatyrka-da oglanlaryň biri suwsaýsa irinmän, ýüýwrüp bir käse suw getirer. Anha, ol biziň ilkinji saýlan okuwçymyz. Ikinjisiniň taryhy: gije süýji ukydakam bezzat oglanlar meniň silkme telpegimi gyrkyp ondan sakgal-murt ýasanyp, oýnap-oýnabam çar-tarapa pytradypdyrlar. Bu merdana bolsa, daň bilen oýananda, ýaýrap ýatan telpegimiň böleklerini görýär we ony öňki kaddyna getirjek bolup çatyşdyryp otyrka, şägirtlermiň biri üstünden barýar. Ondan bu bezzatlyk kimiň işidigini soranynda, ol ýoldaşlaryna bolan wepalylygyny saklap, olaryň günäsini öz boýnuna alypdyr. Üçünji—hakyky şägirt. Ol gelen gününden başlap, ýantazym ýaly gapdalymdan aýrylmady, men näme hereket etsem, ol hem şony etjek bolup dyrjaşdy: mellek agdardy; mallaryň ýatagyny arassalady; irirnip durman täret kylsam täret kyldy, namaz okasam namaz okady; deň ýatyp, deň turdy; garaz bir hepdäň içinde menden näme öwrenesi gelse öwrendi. Dördünji ýigit ondan beter zabun—durşyna sorag, beýle bilesigelijä birinji gezek duşýarys—bir hepdede bir ýylda aljak ylmyny özleşdirdi. Alymlar aýtmyşlaýyn: “Sorag beren bir salym nadan, bermedik—ömürlik”. Bäşinji kemallymyzy dogruçyllygy üçin alyp galýarys. Men ondan “Sen kimiň ogly?” diýip soranymda, ol: “Öýde—ejemiň, daşary çykamda—kakamyň” diýip jogap berdi. Ýerden ses çyksa-da, ynha bu altynjy ýigitden artykmaç söz eşitmersiň, köp diňleýär, eşiden zadyny berk belleýär, beren soragyňa jogap berip oturandyr, geljekde bu ullakan alym bolup ýetişer. Ynha, bu ýigit barada bolsa aýratyn gürrüň bermekçi, diýip molla ýedinji okuwçyny beýan edip başladay: —oglanlaň içinde iň adalatlysy,iň sabyrlysy, iň mähirlisi we iň batyry, oglanlaryň hemmesi gelen gününden muňa hormat goýup başladylar. Bu ýigit bir sözli, wadasyna wepaly we iline howandar han bolup ýetişer. Halkymyza diňe molladyr-alym däl, eýsem, gije-gündiz halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň aladasyny edýän, şat gününe begenip, derdini deň paýlaşýan, merdana, ylymly we akyldar han hem gerek—diýip sözüni soňlapdyr. Kakajan BALKANOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |