11:19 Jelaleddin Mälik şanyň geňeşdary | |
JELALEDDIN MÄLIK ŞANYÑ GEÑEŞDARY
"Mahal-mahal öte geçsemem Taňrym, “Nogsansyz men” diýp, ant içmeýem Taňrym. Eger-de, men Saňa şirk eden bolsam, Günämi hiç haçan ötmegeý Taňrym!" Omar Haýýam, Jelaleddin Mälik şanyň geňeşdary Ortaýer deňzinden Altaýa çenli, Kawkazdan Hindistana çenli—Mekezi Aziýany, Gazagystany, Eýrany, Gazagystany, Owganystany, Arap ýarymadasyny, demirgazyk Hytaýy, demirgazyk Afrikany öz içine alan Beýik Seljuk döwleti diňe ykdysady taýdan däl, ylymda, medeniýetde ägirt uly özgerişlikleri geçirdi. Orta asyryň iň kuwwatly döwleti syýasy ösüşde we döwlet gurluşygynda entek görülmedik ösüşleri gazanyp, döwrüne görä iň kämil siwilizasiýalaşan döwleti döretdi. Bu ägirt döwlet gün-günden pajarlap ösdi. Bu döwletde meşhur alymlar: Abu Aly ibn Sina, Biruni, Omar Haýýam dagy ullakan açyşlar edip, öz mekdeplerini döretdiler; şahyrlar: Firdöwsi, Sagdy, Hafyz ölmez-ýitmez eserleri döretdiler. Elbetde, seljuklar aglaba basybalyjylyk syýasatyny ýöreden hem bolsalar, bu döwletde ylym bilen medeniýetiň pajarlap ösmeginde hökümdarlaryň uly goşandyny ykrar etmelidiris. Ýurduň kuwwatlygy we rowaçlygy şol döwletiň hökümdarynyň bilimdarlygyna, progressiw pikirli dünýägaraýyşyna bagly. Beýik Seljuk döwletiniň paýhasly hökümdarlary döwleti dolandyrmakda alymlaryň, şahyrlaryň we ýurduň beýleki abraýly adamlaryň maslahatyna daýanypdyrlar, köp ýagdaýlarda ylalaşypdyrlar we olara hemme taraplaýyn ýardam beripdirler. Omar Haýýamyň hem Alp Arslan ogly Jelaleddin Mälik şadan başlap, Soltan Sanjaryň şalyk eden döwürlerinde patyşa köşgüniň abraýly geňeşdary bolandygy taryhda bellenip geçilýär. Şahyrlaryň, alymalaryň arasynda horasanly Giýaseddin Abulfath Omar ibn-Ibrahim al-Haýýam Nişapurlynyň (18 maý 1048—4 dekabr 1131 ý.ý.) örän möhüm ornunyň we belent abraýynyň bardygyna göz ýetiren Magtymguly Pyragy şeýle belleýär: Abu Sagyt, Omar Haýýam, Hemedany, Firdöwsi, Nyzamy, Hafyz pälwany, Jelaleddin Rumy, “Jame-ul-many”. Alarnyň jaýynda men hem san bolsam. Dünýä alymlary Omar Haýýamy matematik, astronom, filosof hökmünde tanasalar, onuň rubagylaryna belet okyjylaryň aglabasy akyldar şahyrlaryň biri diýip hasaplaýarlar. Şahyryň rubagylarynyň golýazmalarynyň biziň günlermize ýetmeýşi ýaly, onuň daş keşbi we hüý-häsiýeti barada-da hiç hili maglumat ýok. Şonuň üçin onuň psihologik portretini gündogarşynaslar rubagylara salgylanyp, iki sany bir-birine gapma-garşylykly şekilde çekýärler. Olaryň birinde peşeneli, salyhatly, çuňňur paýhasly, ynsanperwer akyldaryň; beýlekisinde bolsa ikiýüzli azgyn, messepsiz we ahlaksyz şöwketparazyň suraty çekilen. Şygyr düzmekligiň rubagy görnüşini dünýä edebiýatyna ilkinji girizen şahyryň—Omar Haýýamyň rubagylaryny parsçadan iňlis diline ilkinji terjime eden britaniýaly şahyr, Edward Fitjeraldyň (1809-1883ý.ý.) aýtmagyna görä, hamala alym jahylka “ýeňilkelle” bolup, soň, orta ýaşda “akyllanan” bolmagy mümkinmiş (?). Şol jähtden terjimeçi, ýygyndyda şahyryň rubagylaryny döwür boýunça “rejeleşdiripdir”: a) jahyllyk döwri; durmuşyň manysyna düşünip, ondan närazy bolan döwri; b)“akyly goýalyp”, takwalyga geçen döwri. Şol “seljerme-rejeleme” däbi, gynansagam şu günlere çenli öz täsirini saklap gelýär. Omar Haýýamy gedonist, skeptik, mistik, dinden çykan azgyny göz öňüne getirýän şygyrýet muşdaklary, hatda Gündogary öwreniji alymlarynyň içinde käbiri şahyryň rubagylarynyň bir-birine gapma-garşylygna, hatda şygyrlarynyň bir-birini inkär edýän ýerlerine-de üns berenoklar. Bu ýagdaýy alym M.N. Osmanow: “ Haýýamy öwrenijileriň onuň rubagylaryny özleriçe teswir etmeginiň sebäbidir” diýip, düşündirýär. Beýik şahyr we alym öz ömrüni ikiýüzli—mynafyk sypatyna bürenip ýaşap geçiräýdimikä!? Ruhy keselleriň sanawyndaky “dissosiatiw dozulmasy” keselini ruhy lukmanlar bir şahsyýetiň iki subýekte “bölünip”, şol bir wagtyň özünde “iki ýüzli ” durmuş bilen ýaşap bilmeginiň mümkinçiligini düşündirýärler. Bu hadysa adaty durmuşda teatryň, kinonyň artistleri öz gahrymanynyň keşbine girip, wagtlaýynça sahnada oýnuň ahyryna çenli bütin durky bilen başga kişä “öwrülip biler”. Şolaryň içinde käbirleri öz döreden şekiliniň täsirinden uzak wagtlap “boşap” bilmän kösenýäni hem bar, emma bu ýagdaýy lukmanlar kesel hasaplanok. Psihologlaryň aýtmagyna görä iki şekilli durmuşda razwedçikler ýaşap biler... (Hä, indi Omar Haýýamyň öňki tanymal atlarynyň üstüne “artist”, “jansyz, içaly” wezipelerini hem goşaýsalar bolýaram). Eger-de, ruhy kesel sebäpli Omar Haýýamyň şahsyýeti ikä bölünen bolsa, onda ruhy näsag adam matematikada, astronomiýada şeýle ygtybarly uly açyşlary açyp bilerdimikä diýen güman döreýär. Goý, ol iki ýüzli—mynafyk bolup köşkde we ondan daşarda artist hökmünde ýaşapdyr diýeli. Şerigatyň düzgünlerini berk berjaý edýän takwa, köşk emeldary, Jelaleddin Mälik şanyň geňeşdary şol bir wagtyň özünde gahat işleri edip ýörşüne, günde duşuşýan işdeş-ýoldaşlarynyň, dost-ýarlarynyň birinden-biri hökman gabat geläýmeli. Ana, onsoň, onuň ne köşkde, ne pikirdeşleriniň—alymlaryň, ne-de talyplaryň arasynda abraýy bolardy. Şahyryň daş-töweregindäkilerem dinden çykan däl, ahbetin. Ondan başga-da, orta asyrlarda jemgyýet gurluşy ata-baba gadymdan gelýän adata, milli däp-deesurlara, hem-de, şerigatyň düzgünlerine tabyn bolan, şol sebäpli döwlet işgäri işe kabul edilende esasy hünärinden başga onuň dini dünýägaraýşyna-da aýratyn üns berlipdirler. Hawa, alym “Nowruznama” eseriniň 215-nji sahypasynda: “Alym lukmanlar: Galen, Sokrat, Gippokrat, Abu Aly ibn Sina, Muhammet Zakariýa, Bahtişu we Sabit Kurra dagy adam üçin çakyrdan peýdaly zat ýokdur, esasanam üzüm çakyrynyň süzüleni hem ajysy” diýip, çakyryň peýdasy we zyýany barada özünden öň ýaşap geçen lukmanlaryň jümlelerini getirýär. Alym öz halypalarynyň jümlelerini getirmek bilen, çakyry mahabatlap, wagyz-nesihat edýän bolaýmasyn diýip, okyjylaryň käbiriniň göwnine iňkis gitmegi ähtimal. Ýöne, alym beýik alymlaryň jümleleriniň yzysüre: “çakyryň we maýsiriň (humar oýunlary)—ikisiniň hem peýdasyndan zeleliniň kändigini, günäsiniň agyrdygyny” Mukaddes kitapdan delil getirip, nygtaýar1). Ylymda tötänlikde açyş edilenok, her bir täze açyş ondan öňki açyşyň, täzelik bolsa geljekki açyşlaryň dowamydyr. “Ýaş açyş” hem öz gezeginde estafeta taýajygyny, söbügini basyp gelýän neberesine gowşurýar— nesilden-nesle geçýär. Haçan-da, ylmyň haýsam bolsa bir pudagynda yzygiderlilik şerti inkär edilende, onda şol ugurdaky ylym ösmegini togtadýar. Häzirki döwürde-hä ylymda ýekelikde açyş etmek asla mümkin däl. Fundamental—düýpli, ygtybarly açyşlary ýekelikde, diňe Arhimeddir Abu Ali ibn Sina ýaly, Birunidir Omar Haýýam ýaly, Keplerdir Kopernik ýaly Nýutondyr Eýnşteýn ýaly päkýürekli, dogryçyl, arassa wyždanly alymlar açyp biler. Olar hem öz gezeginde ylmyň yzygiderli ösüşini dowam etdirmek üçin ähtibarly we ygtybarly şägirtleri ýetişdirip,ylymyň yzygiderli ösmegine goldaw we gylaw berýär. Alym traktatlarynda al-Horezmiň kwadrat deňlemelerini, Arhimedden gaýdýan kub deňlemeleriniň geometrik çözülişini beýan edýär; Ýewklidiň bäşinji postulatynyň ýönekeý subutnamasyny düzýär, bu bolsa soňra Lobaçewskiniň we Rimanyň geometriýasyň başlangyjynyň açary bolup hyzmat edýär. Öz döwrüniň hasaplaýyş usullary we elde ýasalan ýönekeý astronomiki gurallarynyň kömegi bilen Ýer togalagynyň Günüň daşyndan bir ýylda 5 sagat, 43 minut we 5,45 sekuntda aýlanýandygyny we her 33 ýylyň 8 ýyly 365 gün däl-de 366 gün bolmalydygyny subut edýär, bu hasapda ol bary-ýogy 5 sekund ýalňyşypdyr. Onuň astronomiýada eden wajyp açyşlary şu günlere çenli ähmiýetini ýitirmän gelýär. Erkin, jogapkärçiliksiz, keýpi-sapaly durmuşa öwrenen kişiniň Haýýamyň rubagylarynyň käbirleriniň,“maňzyna batýp”, onuň göwnüni hoşal etmegi mümkin. Ýöne, “göwnüňden turýan” rubagylar diňe ateistik dünýägaraýşy gylawlandyrman, eýsem arassa ahlak prinsiplerini hem ret edýär. Şu jähtden, göniden-göni, gapma-garşylykly rubagylary, isle päkize ahlakly, isle asylzada ýa-da ahlak taýdan bozuk, messepsiz bir adamynyň düzenligine şübhe döreýär. Seljeriş geçirilende, Omar Haýýamyň awtorlygyna bäş müň töweregi rubagyny geçiripdirler. Şahyryň döwründe el bilen ýazylan diwanlarda (kitaplarda) bolsa, 300—400 rubagydan kän ýerleşdirilmändir. Şol döwrüň on alty sany golýazmalaryny alymlar seljerläp, şahyryň üç ýüzden gowrak rubagylarynyň awtoryň hut özüniňkidigine şübhelenýärler. Rus alymy W. Žukowskiý, 1867 ýylda, Fransiýada F. Nikolyň neşir eden 464 rubagysynyň segsen ikisiniň Omar Haýýamdan soň ýaşap geçen 39 şahyra degişlidigini subut edýär. Ol rubagylara “sergezdan rubagylar”diýip at berýärler. “Sergezdan” rubagylar biziň günlermize çenli hem hak “eýesine” gowşup bilmän kösenip ýörler. Beýik şahyryň öz eli bilen ýazan rubagylarynyň golýazmasy şu günlere çenli galmandyr we orta asyrlarda çaphana bolmansoň, golýazmalar we diwanlar hatdat we sowatly adamlaryň eli bilen göçürilip ýazylyp, köpeldilipdir, ýa-da dilden-dile geçipdir. Ol döwürlerde kitabyň redaktoram, korrektoram hatda senzuraçysam kitapdörediji hatdatyň özi bolup çykyş edýär eken. Şol sebäpli täze diwanyň many-mazmun tarapdan hili hatdatyň sowat-bilimine, dini dünýägaraýyşyna we çeper eline bagly bolupdyr. Her gezek golýazma göçürilende, dürli sebäplere görä, nätakyklyk (orfografiki, tekstologik, frazeologik we baş.) goýberilmegi mümkin. Ol döwürde kagyz gytçylygyny hem ýatdan çykarmalyň, şol sebäpli, “çapdan” çykýan täze kitabyň (diwanyň) sahypalary bellenen möçberden geçmeli däl eken. Kitabyň sahypalary dolmasa, onda onuň üstini şol tema kybapdaş material bilen dolýar ekenler. Göçürijiniň hatdatlygy, dünýägaraýşy, ylymlylygy, syýaň, kagyzyň hili, sahypalaryň jebis tikilişine we başga-da bir topar zatlar golýazmanyň ýyllar boýy abat saklanmagyna girew bolýar. Dilden-dile, elden-ele geçen rubagyly diwanlaryň ykbaly dürli-dürli bolupdyr. Omar Haýýamyň edebi döredijiligini öwrenýän alymlar henizem bir çukura tüýkirip bilenoklar. Rubagy sanalyşygynda biriniňki 178, beýlekiňki 300 golaý, başga bir alymyňky 400 gowrak çykýar, hatda olaryň arasynda (rus alymy W. Žukowskiniň aýtmagyna görä), şahyra gönümel 6 sany rubagynyň degişlidigini aýdýan hem barmyşyn. Iň haýran galdyrýan ýeri bolsa, — birnäçe müň rubagylaryň aglabasy şahyryň ölüminden soň, dürli döwürlerde, dürli hatdatlar tarapyndan ýazylandygy anyklandy. Kairiň (Müsür arap respublikasy) “Al-Ahram” gazetiniň 1978-nji ýylyň 6-njy dekabrynda çap edilen makalada barlaglaryň netijesinde, Kembrij uniwersitetinde saklanýan, 1200-nji ýylda ýazylan diýip hasaplanýan rubagylaryň golýazmalary hakykat däl diýip habar berýär, ýagny olar 1878-nji ýylda ýazylanmyş we ol golýazmalary uniwersitet bir eýranlydan satyn alypmyşyn. 1912-nji ýylyň 14-den 15-e geçilýän gije dünýä edebiýaty agyr ýitgä sezewar bolupdyr: Sautghemptondan (Beýik Britaniýa) Nýu-Ýorka (ABŞ) ugran “Titanik” umman gämisi äpet umman buz bölegi (aýsberg) bilen çakyşyp, heläkçilige uçranda, 1502 sany adam suwa gark bolýar. Ummanyň düýbüne giden adam pidalalarynyň arasynda Omar Haýýamyň bahasyz manuskripti (golýazmasy) hem bar eken... Omar Haýýamyň dünýä belli matematikdigine, astronomdygyna, filosofdygyna ynanýanlar az däl. Ýöne onuň ylmy traktatlaryny okap tanşan adamlar bolsa, barmak basyp sanaýmaly. Ol hakykatdanam ahlak taýdan göýdük bolan bolsa, onda ol nädip dünýä belli alym we şahyr bolup ýetişýär? Onuň matematikada mesele çözmegiň usullary, sekundyna çenli örän takyk hasaplan ýyl senesi we ş.m. biziň günlerimize çenli öz ähmiýetini ýitirmän, durmuşda we ylymda ýaşap ýör. Bu makala beýik alym-şahyr Omar Haýýamy “aklap”, perişde sypatly adam hökmünde görkezmekligi göz öňünde tutunmady, ýa-da dünýä edebiýatynyň Omar Haýýam baradaky resmi çeşmeleriň jedeliniň arasyny açmaklygy hem maksat edinmedi. Emma, dünýä belli akyldaryň şahsy durmuşynyň ýokary adamkärçilikli, arassa ahlakly, päjýürekli we dogruçyl bolanlygyna deslapky resminamalar güwä geçýär. Dünýä edebiýatynyň meşhur akyldar-ýazyjysy Uilýam Şekspiriň “Söz bilen ýykylanlary, soňundan dymmak arkaly ýençýärler “ diýen dana sözleri bar. Gynansagam, Omar Haýýamyň diňe rubagylaryny seljerläp, alymlaryň bir böleginiň şahyryň şahsyýetini “ýykyp”, galan bölegi bolsa, dymyp— “ýenjip” ýörenlere entek hem duş gelse bolýar... Belli özbek alymlary, doganlar Şamil we Kamil Sultanowlaryň Omar Haýýam barada örän takyk aýdan jümleleri bar: “Omar Haýýamy şahsyýet we şahyr hökmünde onuň öz dartgynly, rehimsiz, mekir we suwjuksyz döwrüniň ölçegi bilen ölçäp bolar. XX-nji asyryň käbir derňewçileriniň isleginä görä, Omar Haýýamy ýönekeýleşdiribem bolmaz we alymy belli bir standart galypa salyp hem bolmaz”. Edebiýat: 1. Omar Haýýam. “Rubagylar” TDNG, Aşgabat. 2011 ý. 2. Omar Haýýam. “Rubagylar” Aşgabat “Ruh” 1992 ý. (Terjimeçi—Annaly Berdiýew) 3. Omar Haýýam. “Rubagylar” Aşgabat “Türkmenistan” neşirýaty 1977 ý. (Terjimeçiler: Rahman Rejebow we Baýrammämmet Ahundow). 4. Ш. Султанов и К. Султанов . «Омар Хайям» в серии ЖЗЛ, Москва «Молодая гвардия», 1987 г. 5. Памятники литературы народов Востока. Тексты. Малая серия II. Академия наук СССР, институт народов Азии. Омар Хайям «Трактаты» Перевод Б.А. Розенфельда и А.П. Юшкевича, Издательство Восточной литературы, Москва, 1961 г.) 6. “Paýhas çeşmesi”. 7. Muhammet Gazaly. “Ylym barada kitap”. Aşgabat “Miras” 2005 ý. 8. Ruhnama. 9. Жуковский В. А. Омар Хайям и "странствующiя" четверостишiя «Музаффарийа». в сборнике статей учеников профессора барона Виктора Романовича Розена. Спб., 1897. С. 325—363. Санкт-Петербург, типография Императорской Академии наук. Kakajan Balkanow 2017 ýyl. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |