22:49 Söýgim diýesim gelýär | |
SÖÝGIM DIÝESIM GELÝÄR
Agraslyk gylygym unudyp bir ýan, Bir gün saňa "söýgim" diýesim gelýär, Saýlap jümleleriň iň bir näzigin, Birgün saňa " söýgim "diýesim gelýär. Heniz sözlenmedik sözleň naýbaşyn, Duýgularmyň, dyňzap duran çür başyn, Ak kagyza çekip ýüregimiň nagşyn, Bir gün saňa "söýgim" diýersim gelýär. Tümlük arap goh-galmagally dünýä, Ses sedasyz, mahmal gijede göýä, Aý astynda aşyklar deý hamala, Bir gün saňa "söýgim" diýesim gelýär. Sowulmanka bu ötegçi ýaşlygym, Soragly nazaryňa garap az salym, Diýjek, diýjek bolup, dyrjaşan sözüm, Bir gün saňa "söýgim" diýesim gelýär. Aýdyp diýere kän bolupdy pursat, Emma ejap edýär bu ejiz gursak, Şeýdip, şygrym okap, ynjalýan gursak, Bir gün saňa "söýgim" diýesim gelýär. Altynaý HALMYRADOWA, Döwletmämmet Azady adyndaky TMDDI-niň talyby, "Kämillik mekdebi"klubynyň agzasy. | |
|
√ Täjir tanşyma / Goşgular - 16.01.2024 |
√ "Gelin jan..." / Goşgular - 26.03.2024 |
√ Ýogaldy / Goşgular - 05.05.2024 |
√ Tazy / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Kyrk ýaşa ýüzlenme / Goşgular - 03.02.2024 |
√ Gije hem gündiz / Goşgular - 07.02.2024 |
√ Lenç edilen nakyl / Goşgular - 05.02.2024 |
√ Owadan pyçak hakynda erteki / Goşgular - 09.04.2024 |
√ Alabahar / Goşgular - 21.03.2024 |
√ "Gitdim senden ilerledip ümzügi..." / Goşgular - 01.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |