16:20 Kaýyllyk | |
KAÝYLLYK
(kinaýa) Nämä gerek uly bagty küýsemek, Yra-daraň guçan jaýyn tapaýsak. Başlyk para alsa bolýas ýelgamak, Begenýäris abyn-tabyn tapaýsak. Bolmaz yňňyl-çyňňyl, gep otarmamyz, Talaň salsa kooperatiw ― firmamyz. Un nobaty döwse bäş gapyrgamyz, Biz bagtly, gara sabyn tapaýsak. Goý, urulsyn esger, biter ýaramyz, Bar bizde kaýyllyk beýik çärämiz, Öçse öçüp geçsin, oňýas, çyramyz, On dördi gijäniň aýyn tapaýsak. Gorkan kimin gorkmalydyr gorkaňda, Begenýäs samolýot awy pürkende, Donumyza sygýasmy biz, (türkmen-dä), Syrkawa azotsyz gawun tapaýsak. Türkmençe gepläýse ol awiakassa, Ýüregimiz çydamaz (orusça bes-le). Düýşe girmände-de kolbasa, mesge, Şükür edýäs zawut ýagyn tapaýsak. Dikdurma, ritm hem bloklyny, Hudaý hasap edýäs biotoklyny. Gapysynda daňýas bir kel toklyny, Mäläp durmaz ýaly taýyn tapaýsak. 1.01.1992 ý. «Edebiýat we sungat» gazeti. BEGENÝÄS (Ýazyjynyň şahsy arhiwinde saklanyp galan elýazmasynyň asyl nusgasyndan) Çagyran günümiz gelse «Tiz kömek», Bizde bolmaz özge bagty küýsemek. Başlyga pul berip bolsak duz-emek, Begenýäris abyn-tabyn tapaýsak. Un nobaty döwse bäş gapyrgamyz, Talaň salsa kooperatiw-firmamyz, Ýokdur arzuw-hyýal, boş gep urmamyz, Biz bagtly gara sabyn tapaýsak. Begenýäris salam alsa başlygmyz, Satyjy otlasa ýagyrnişligmiz, Bilýäs, şodur hindi kofe içgimiz, Çaý gutusy üçin gabyn tapaýsak. Eşretlerden gaçyp jepa tapýarys, Üstümizden zäher baryn sepýäris. Telpegmizi göge oklap gapýarys, Syrkawa azotsyz gawun tapaýsak. Türkmençe dil açsa bilet kassalar, Ýüregmiz ýatylar, orsça bes, bolar. Işbil, kolbasalar, kaýda mesgeler, Şükür edýäs zawut ýagyn tapaýsak. Lukman hasap edýäs biotoklyny, Gazdyr ojar saýýas dizel toplyny. Bah işige daňsadyk kel toklyny, Mäläp durmaz ýaly taýyn tapaýsak. Şol barmaşa dolýa sabyr käsämiz, Debre edinýäs sakallymyz, kösämiz. Kaýyldyrys, ýöne ýeke hossamyz, Köpenlik biýz mataň agyn tapaýsak. 16.11.1991 ý. | |
|
√ Rubagylar / Goşgular - 13.01.2024 |
√ Wiswisi lakamly obadaşymyň ömür beýany / Goşgular - 25.03.2024 |
√ Alabahar / Goşgular - 21.03.2024 |
√ Dostluk hakda / Goşgular - 18.02.2024 |
√ Aldawçynyñ pañ-pañy / Goşgular - 18.01.2024 |
√ Düýş hem ýagyş / Goşgular - 09.01.2024 |
√ Siziñki / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Garyp köñlümiñ soltany / Goşgular - 21.02.2024 |
√ Atsyz goşgy / Goşgular - 31.01.2024 |
√ Ömrümiñ manysy bolmaly zenan / Goşgular - 05.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |