07:03 Köşeşdir meni | |
KÖŞEŞDIR MENI
Däli göwnüm däliligne tutanda, Köşeşdir meni. Özümiñ özüme erkim gidende, Köşeşdir meni. Şatlanamda şärik boljagym az däl, Gitsem, gelsem garşy aljagym az däl, Haýyş sana bu kereşme ýa näz däl, Köşeşdir meni. Karar, takat azalanda janymda, Özge ýokdur sanawymda, sanymda, Şol pursatda bolmasañda ýanymda, Köşeşdir meni. Daşym dolam bolsa çeksem ýekelik, Bir özümi çete çekse ýekirip, Şeýle mahal mätäç zadym ýeke-täk, Köşeşdir meni. Gysylyp-gowrulyp daralsam birden, Janyma jaý tapman urunsam birdem, Bilýärin bu işi bitirjek bir sen, Köşeşdir meni. Rozygül ÝAZHANOWA. | |
|
√ Günüñ monology / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Tazy / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Är garrar... / Goşgular - 30.04.2024 |
√ Kyrk ýaşa ýeteniñde / Goşgular - 03.02.2024 |
√ Dünýe... / Goşgular - 11.02.2024 |
√ Nar / Goşgular - 22.04.2024 |
√ Mürze ýigit / Goşgular - 12.03.2024 |
√ Tilki bilen üzüm / basnýa / Goşgular - 10.01.2024 |
√ Ynanarmykan? / Goşgular - 30.01.2024 |
√ «Превратила всё в шутку сначала…» / Goşgular - 29.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||