11:37

Lezzet / hekaýa-idilliýa

LEZZET

Telefonyň sagady dyňňyldady.
Oýandy.
Seretdi.
Alty.
Turmaly.
Iş...
Turasy gelmeýä...
Ukudan açylyp bilmän, ýene-de iki minutjyk ýatdy.
Barybir turmaly. Ýogsa bolmaz. Gijä galjak.
Turdy.
Gözüni açalak-ýumalak edip, egnine köne jilisgesini sokdy.
Çykdy.
Çigrek. Garaňky. Ýagyş ýagypdyr.
Aýaguja ýegdekläp ugrady.
Aýak...
Ýüzüni ynjyly kürşertdi...
Ahyry aýrylyp bir gidermikä?
Uludan demini aldy.
Ahyrýeti haýyr bolsun-da...
...Yzyna gaýdyşyn, daşy gaýym kleýonkalanan ketege göz aýlady. Peji, tüsseçykaryna ýel-ýagmyr urup, sönmändir. Çyrasam ýanyp dur. Towuklaň oýasy oýa, ukudakylary diwara söýelen demir germewaja seteran düzülip, ýeleklerini hüžžerdişip ýatyr. Kellelerem ganatyň aşagynda.
Ýaltalar.
Ulil aýak üstünde.
Bular bolsa henizem ukuda.
“Äý şü zamanyň towuklaram adamlar ýaly! “Ýat” diýseň bulara! Şondan iki paý haklydyr hemmejigi. Ondan-a bahymrak turuň-da, ýumurtga guzlap başlaň-da. Belki bu gün düýnküden köpräk nemedip, körpäni begendirersiňiz...”.
Ol kinaýaly hüňürdi bilen oýlandy-da, öz pikirlerine içinden gülümsiräp, öýe gaýtdy.
Güýz ortasynyň endamyňy ýeňiljek digdirekledýän sergin howasy, ony mazaly ukudan açdy.
Howadan ýaňy atarylan palawteýiniň bir ýeriňde işdä damaryň bolsa açýan, süýji ysy gelýär.
Çigit ýaga et, käşir, sogan gowrulan.
Üzümiň çybygam odunlyk.
Ýüzlük gazanda...
“Toý bolýa...Bäh, süýjüdigin-aý! Şumat gidipjik, öňüňe köne gazet ýazaga-da çommalsaň. Ýumşajyk buhaňkaň ýartysyny gapdalynda goýup, öňüňe-de bir jam çigit ýagy jürňüldäp duran, gaýym gowrulyşyna eräp-akan palawteýini goýsalar. Bissimylla, iýmäge başlamankaňam bir tokga ardylan sogany uzatsalar, töwerekde gaýmalaşyp ýören, hyzmata çulum gögeleleň birine-de: “bar körpe, bir çäýnek ajyja çaýy, ýanynyň käse-süýjüsi bilen bäriligine gonduryp ibersene!” diýip haýyş etseň! Olam işdäň ýanmanka derrewjik getirse. Soňam derçiräp, nahar symyşlap oturyşyňa, gowuja demini alan çaýdanam süzseň... Ýagly palawteýine çemçe urmaga-da dözmän, gös-göni ýumşak buhaňkaň özüni batyryp, etinden, käşir-soganyndan tokgalap, daşyna nan dolap göterseň, eýýäm-ki hatap deý hoňkaran agzyňa garşy...Ymm-m-m...Bäý, muň ýalammyr keýp bor ken-ow!”.
Özüne özüniň çekip beren horanlyk horramlygynyň hyýaly sahnasyna oň agzy suwardy. Misli, palawteýiniň özi bolmasa-da ysyndan doýjak bolýan dek, ol jaýynyň işigine ýetýänçä, howany tutan naharyň ysyny azyndan bäş-on gezeg-ä işdämenlik bilen uzyn-uzyn sordy.
Hammama geçdi. Hemişe suwa düşünip çykýança ertirlik çam-çuma odur-budur taýynlar ýaly başdaşyny turuzýardy. Bu sapar nämüçindir turuzmady.
Ýuwnup-ardynyp, sakgal-murtuny alyp çykdy-da, aşhana ýüzlendi.
Sajy çykardy. Ýumurtga, mesge, gara çörek, pomidor, ot-pot...gerek-ýaragyny tekjäň üstünde duran aştagtaň gapdalyna üýşürdi.
“Bäh, elim gelşip gidip barýar-aý! Eger-walla, eger-de hindileň şo “reinkarnasýa” diýýän zady çyn bolsa, onda menem öňki ömrümde ussat aşpez bolan bolmaly. “Oşboz bobo” diýýämi, özbek gardaşlar?! Hymh...” edip, öz-özi hakda kinaýa bilen pikir öwrüp durşuna, oň elem dek durmaýardy.
Sajyň aşagyny ýakdy. Üç-dört sekunt. Saç gyzan dessine, sap-sary mesgeden pyçagyň ujuna bölüp aldy-da, içine atdy. Üç sany elin ýumurtgany şakäsä çakdy.
“Elin? Nä öýüňdäki towuklaň guzlaman bazardan satyn alanyňy zäwutda emeli ýasaýalarmy diýsene?!”.
Ýene-de öz-özüne: “hymh”.
Üç ýumurtga bir çaý çemçäni tümmekläp şeker. Iki çaýçemçäni tümmekläp, akja un. Iki çümmügem külke duz. Onsoňam şakyr-mukur şibitdir-badyýanyň hersinden ýarty gysymy kerçedi. Onam atdy. Soňra birje sogany ardyp, ony-da ýalňyz pomidor bilen bilelikde, şakäsä maýdaja dogrady. Gardy. Bulady.
Onýança saçda mesge jyzyrdap-jowranmaga başlady.
Helemegi saja eňterdi. Aýna gapagyny ýapdy.
“Entejik bişibersin bakaly!”.
Ýahdany açdy. Süýtli çüýşäni çykardy.
Söýgüli ýarymlitrlik bulgury, ýuwulgyja, taýýarjak halda, garaşypjyk dur oňa!
“Aşyg-ow, men şüňe! Haý, daşyňdaky suratyň bilen gaba garnyňdan aýlanaýyn seň, ukusyz gijelemmiňem, hümmüldili gündizlemmiňem halasgär-hemdemi!”.
Ol göýä, bulgury diri jandar deý, edil çagajygyň galpagyny sypaýan ýaly, onuň böwrüni mähirli sypady. Içine birje çaýçemçe şeker atdy. Üstündenem tä erňegine süýem barmagyň bir boguny aralyk galýança süýt guýdy. Bulgury howurpeje saldy. Üç minuda sazlap, düwmäni basdy.
Sajyň gapagyny galdyrdy-da, elindäki agaç kepjejik bilen bişiberen heýgenege dürtdi. Ony beýlesine öwürdi. Ýene-de bir alýumin sajy alyp, oňa-da mesge atdy. Gara çörekden ýukajyk edip, üç-dört bölek kesdi. Howurpejiň aýna gapysyna gözüniň gyýtagyny aýlady.
Süýt çoganok dämi?
Çoganok.
Hemme zat öň ýüzlerçe sapar edilip, sazlanan.
“Heh! Şekelad!”.
Mesge jyzyrdap ugrandan çörekleri saja düzdi.
“Şü nesip etse, birneme pul süýşürip bolsa, toster alynmalymy nämemi...” diýip, eýýäm müňünji gezek dagy oýlanylan pikiri ýene-de bir gezek aňynda aýlady.
Ýöne, anyk bilýä.
Alynmaz.
Sebäbi şeýdip iýseň, has süýji bolýa...
Toster bolsa...
Toster-dä...
...Onýança işini bitiren howurpeç togtady. “Jüýgüldäp” halyndan habar alynmalydygyny buşlady. Ol bulgury çykardy.
Aşhanany bişiberen heýgenegiň, gowrulýan nanyň, gaýnan süýdüň dürüşde ysy tutdy. Gaz plitaň üstündäki ys-kok sorujyny dyňňyldadyp işletdi.
Köpürjikläp duran, ýagly süýdüň üstüne iki çemçe kofe atdy. Üstündenem, tä bulgur püre-pür bolýança termosdan gaýnag suw guýdy.
Heýgenekli sajyň aşagyny öçürdi. Saçda “byžyrdaýan” çörek bölejiklerini kepjejigi bilen beýlesine öwürdi.
Erňeginden döküljek-döküljekde kofe garyndyly gaýmagyny pöşşerdip duran bulgurynda çemçesini gark etdi. Çemçäň diňe çümmükläp tutar ýaly ujy çykýar. Emaý bilen garyndyny bulap ugrady.
“Ýeri, şuny sähel azrak guýsaňam boljak welin, menem ýaman açgöz-aý!” diýip, ýene-de öz bolşuny ýaňsylady. Soňam kofesini ýagşyja garyp, aşhanaň penjiresini çalaja yşyratdy. Içerik birneme arassa howa çalar ýaly. Çörekli sajyna nazar oklady.
“Taýyn boluberipdir”.
Saçdaky mesgäni tutuşlygyna diýen ýaly özüne siňdiren kesemenleri ýene bir gezek beýlesine öwürdi-de, her haýsynyň ýüzüne iküç çümmük şeker sepeledi. Şeker erän dessine-de kepjejik bilen olary ýalpak gaba çykaryp, düzdi. Gaby, ýukajyk demirden mähnet mejimede goýdy. Soňra mejimä agaçdan saçteýligi goýup, heýgenekli sajam şoňa geçirdi. Kofesi bark urýan bulgurynam olara ýoldaş etdi. Özüne hälden bäri wepaly hyzmat eden kepjejiginem unutmady.
Saçy doly guramandyr. Hammamdan çykanyna kän wagt bolmady.
Gidip, galyňrak geýindi.
Egne jilisge, kellä papak, aýaga jorap.
Soňam mejimäni emaý bilen göterip, daşaryk ýöneldi.
Sekiň üstünde köne palas togalangy ýatyr. Ýazdy. Üstüne geçdi.
“Ýak bir bissimylla!”.
Kofäň birinji – iň süýji owurdy, aňyrsyna datly melhem bolup bardy.
“Lezzet-laý!”.
Gözlerini süzdi.
“Latte, latte diýen bolýalar. Şü lezzet barka, latteni nätjek, breweni ýa kappuçinony nätjek?” diýip, oýlandy.
Göwnüne bolmasa saçda ýeňiljek bugarýan ýaly bolup duran heýgenegi, kepjejigi bilen deňje bölüşdirdi. Bölekleň birini alyp, mesgä gowrulan kesemeniň üstünde goýdy. Ony eline aldy. Süňňüni gaplan eşretden ýaňa gözüni süzgekledip, oňa ýaňybir işdämenlik bilen agyz urjak bolanam şoldy welin...
-Kaka! Ýekkeje özüň bärde bukulyp, näme iýýäň-aý, hä?!
Körpesi.
Gözüni açalak-ýumalak edip, heniz ukudanam doly açylmandyr.
Haý, owkadyň ysyny alyp, aw paýyna gelen, ýalym-ýulumly pişik bolgun-a!
Uludan dem aldy-da, elindäkini dişledi. Soňam diýdi:
-Turduňmy, kürräm? Bar hany derrew, işiňi bitirdejik eliňi-ýüzüňi ýuwup gel! Sowamanka Hudaýyň beren bu günki ryzkyny iki bolupjyk ýaplaly!
Oglanjyk bir diýlenini iki gaýtalatmady. Gidişi bilen gelşi des-deň.
Ol ýanynda joňkarandanam, eýýäm heýgenegi kesemenleň üstüne paýlaşdyran kakasy, oňa: “alyber” diýip ümledi. Körpe mejimä işdämen topuldy. Elindäkiden birki ýola dişländen soňam:
-Kaka, şunyňdan menem içip göräýsemmikäm?-diýip, kofeli bulgura baş atdy.
-Içip gör oglum, içip gör! Bolmaz-a ýogsa,-diýip kakasy, kinaýa bilen gözlerini güldürdi.
Ataly-ogul ertirlik edinmäge başlady.
Palaw ysly sergin howa. Süýji tagamlar. Ikisine bir bulgur kofe.
Lezzet.
Kän zadam däl. Şu-da ýeterlik...
Категория: Hekaýalar | Просмотров: 284 | Добавил: Bagabat | Теги: Serdar Ataýew | Рейтинг: 5.0/3
Awtoryň başga makalalary

Hekaýalar bölümiň başga makalalary

Diriligiň derdi / hekaýa - 12.01.2024
Jan / hekaýa - 08.03.2024
Gara gözli söýgi ýaşaýarka... / hekaýa - 17.01.2024
Düýş gapylary / hekaýa - 26.01.2024
Toý sowgady / hekaýa - 12.01.2024
Garagumda / hekaýa - 09.03.2024
«Daglaryň ruhy» / hekaýa - 07.03.2024
Başky söýginiñ müşki / hekaýa - 04.01.2024
Kyrk ýyldan soñ gaýdyp gelen şol aýazly gün / hekaýa - 19.01.2024
Ýagyşly gün boýny burlan söýgi / hekaýa - 15.01.2024

Teswirleriň ählisi: 7
0
1 Garadag  
128
Garnyň dok wagty okasaňam bir zatlar iýesiň gelýär eken.)
Nahar taýýarlanyşy däl-de gahrymanyň bir gussasy-nostalgiýasy bar, bilmedim.
Iň soňundanam körpesi bilen ertirlik edinip oturşy eseriň iň gowy ýeri. Aslynda hemme ýerem original, meň üçin.
Serdar aga, eliňe rahmet!

0
6 Bagabat  
43
Janyň sag bolsun!

0
2 mango  
651
“Eliňe saglyk!” diýjek bolduň öýdýän, Garadag abi.

0
3 mango  
651
Reseptli şeýle hekaýa Serdar kakada öňem bardy öýdýän.
Ýagny, naharyň taýýarlanyşyny podrobnyý suratlandyrýar.
Hekaýaň soňy hagykatdanam gowja.
Öňem aýdan bolmagym mümkin, şöle bolsa gaýtaladygym boda, skandinawlarda “hügge” düşünjesi bar. “Хюгге“ diýip gözledip görüň.
Hekaýaň gahrymany hem skandinawlaň hüggesine görä özüne lezzet döredýär, özem hiz zat ýok ýerinden, ýumurtga çakmakdan, sergin howada kofe içmekden, hemem ogly bilen bir äpet bulgurdan….
—-
Bu aýtjak ýatlamamy öň başga birine-de gürrüň beripdim, ýöne size-de aýdyp bereýin.
Hakykatdanam özüňi bagtyýar (hügge-lerçe) duýmak üçin, durmuşdan lezzet almak üçin kän zadam gerek däl.
Menem Stambuldan getiren galaýylanan mis kürşgejiklere bir-iki çaý çemçe ýaglyja süzme oklap, içine duz sepip, azajyk suwda bulaýan. Soň suwdan dolduryp, içine-de 5-6 kubik buz oklaýan. Mis kürşgeleri şo wagtyň özünde buz ýaly bolýar. Kürşgäň daşy “derläp” has özüne çekiji bolýar. Misiň aýratynlygy çalt sowaýar, ýa-da çalt gyzýar. Kofe gaýnadaňda-da mis jezwede gazýnadýanlarynyň syry şonda.
Osoň, ol buz ýaly “derläp” duran mis kürşgejigi eliňe gysymlaýaň welin, onuň sowugy endamyňa ýaýrap gidýär, içseňem içiňi buz ýaly edýär. Ol aýrandan iki sany ýasap, onam öz halaýan biriň bilen içseň, o halaýanyňam kä wagt ýakynjygyň, kä wagt bir dostuň… bolsa. Ol mis kürşgäniň lezzetini hiç bir altyn kürşge berip bilmez. Hakykatdanam bagtyýarlyk üçin kän zat gerek däl eken.
Kuhnýamdaky ýene bir dostum bilen tanyşdyraýyn. Bambukdan ýasalan agaç okarajyk. Onda iýilen naharyň lezzetini hiç bir farfor gap berip bilmez (meniň üçin-ä şeýle)…. Ýene bir “dostum” - sapy agaçdan, özi misden-galaýydan ýasalan bokurdaky gysylyp inçelen jezwe. Onda-da däneli kofäni üwäp, pessejik otda kofe gaýnadynsaň. Ysyny çar ýana ýaýyp. Soňam, dostuň bilen (islendigiň bilen) paýlaşyp içseň. Daşarda-da gar syrasa. Sowuk bolsa. Şeýle kontrastda hasam lezzet güýçlenýär.

0
7 Bagabat  
43
Ideýadan dolup dursuň weli, @mango, özüň hiç ýazmyýaň.
Aşhana, dostlar - gap-gaçlar, her haýsy bilen baglam birje kindiwanja, emosional taryh. Gowy zat boljag-a. Jezwany Stambuldan satyn alynsa, ýene-de bir zady Hytaýda we ş.m..
Şo jezwada dost bilen içilen kofe, duşmana edilen hödür...
Garaz, gyzyklyja bir zad-a bolardy, ýazyýypjyk, äpberseň.

0
4 mango  
651
Çöregiň içine nan däl-de nanyň içine çörek salyp iýseň hasam süýji bolýar.

0
5 Bagabat  
43
"Осеннее обострение" diýilýä öýdýän, şuň ýaly zatlar kellä köpräk geliberse.
Ýazda gelse: "весеннее обострение".
Umuman, şeýleräk, möwsümleýin häsiýetli bir zatlar-da.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]