00:18 Maglumat | |
MAGLUMAT
Goşgular
Arzuwyna ýeten ony täzelär, Arzuw süýji, ondan doýar öýütme. Näme berseñ, näçe berseñ azdyr ol, "Besdir, indi boldy" diýer öýütme. Adam bar - adam bar, elbetde, görýän, Gördükçe-de oña galýaryn haýran. Ene süýdi bilen süññüne ornan, Köneje gylygyn goýar öýütme. Entek döwran sürýärkä bu dünýäde, O dünýäni salar diýmegin ýa-da. Hol çetdäki ala gözli pyýada Haram tapsa, halal iýer öýütme. Aýdylan nakyllar oña ýokmandyr, Seret ahyr, bu nähili ahwaldyr: "Uýma" diýseñ, uýaýmagy ahmaldyr, "Uýaý şoña" diýseñ uýar öýütme. Özi üçin perwanadyr, perwana, Berseñ alar, Milti ýokdur bermäge. Bähbidi bolmasa, her bir barýana, Saçak ýazar, towuk soýar öýütme. Oka gelmez, ökdeländir öwrüme, Gargyşym ýok, bolsun işi ugruna, Allañ özi dürtäýmese böwrüne, Öz kemini özi duýar öýütme. Berdinazar HUDAÝNAZAROW. "Watan" gazeti, 1995 ý. | |
|
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |