09:01

Meniň problemam ýok

Категория: Goşgular | Просмотров: 261 | Добавил: Bagabat | Теги: Murid Barguti | Рейтинг: 5.0/5
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Gökdepäm / Goşgular - 22.03.2024
Soltan / Goşgular - 27.03.2024
Kyrk ýaşa ýüzlenme / Goşgular - 03.02.2024
"Garrap ýörünmi ýa men..." / Goşgular - 01.01.2024
At galar / Goşgular - 11.02.2024
Aldawçynyñ pañ-pañy / Goşgular - 18.01.2024
"At bilen kowalap gördüler ony..." / Goşgular - 01.01.2024
Nädip ýaşamaly?! / Goşgular - 13.01.2024
Yzany yşkyma ýamag etdim / Goşgular - 15.04.2024
Kyrk ýaşa ýeteniñde / Goşgular - 03.02.2024

Teswirleriň ählisi: 9
0
1 Gurgencli  
324
Goşgyň iň täsirlendiren setiri soňky setiri boldy.
Ölümden öň ömür barmy
Mbäh.
"Meň gabyryma dogulanynda öli doguldy diýip ýazyň!".
Ýaşanyňa degýän dünýäde–ýaşaýyşda ýaşasaň ölümden öň hem ömür bar, bolmasa ýok.
Ýöne ol ýaşanyňa degýän ýaşaýyş nähili ýaşaýyş? Mal-mülkmi? Meşhurlykmy? Ýa takwalyk? Ol indi her adamyň özüniň garaýyşyna, arzuw islegine, niýetine, ynanjyna bagly.

0
2 Gurgencli  
324
A mende şu wagt "ömür" barmy?– ýok:)

0
3 sylapberdimuhamov  
1428
Oýlandyrýan goşgy eken. Tukat edýär.
Käwagt men degustator ýaly. Serhoş bolanymy özümem bilemok.)

0
4 Bagabat  
43
Bet goşgy.

0
5 sylapberdimuhamov  
1428
Bet kemi ýok.

0
6 ibrahimbadakhshan  
694
Salam dostlar,
Birki sany sorag ýüze çykyp dur:
1- Şu goşgy terjimemi ýa-da Murid Barguty Türkmen şahyrymy?
2- Serdar Ata “bet goşgy”, Sylapberdi Muham “bet kemi ýok” ýazypdyrlar. Şuny men nähili düşünmeli: ýaman goşgy, erbet goşgy, … diýen hasaplamalymy ýa-da tersine gowy goşgy diýdiklerimi?
Soraýanymyň sebäbi “bet” sözi aslynda pars dilinden Türkmen diline geçen alynma söz bolmaly!? Bu sözüň Pars dilinde-de ýagşy manysy ýok, diňe ýaman, erbet we ş. m. manylarda ulanylýar. Türkmen dilinde-de bet, bedasyl, betbagt, betpäl, betnyşan, … sözlerinde ters manyda düşünilýär, asylsyz, bagtygara, päli ýaman …
Belki Ata watanda ýaşaýanlar üçin bu soragyň ýönekeýje jogaby bardyr, ýöne şular ýaly ýagdaýlar iliň içinde bolmanymyz üçin biz ýalylara düşnüksiz bolup biler!? Açyklap berseňiz minnetdar bolaryn!

0
8 Bagabat  
43
Salawmaleýkim, Ybraýym aga.
Soraglaryňyza jogap:

1. Murid Barguti - palestin şahyry, 2021-nji ýylda aradan çykypdyr. Terjimehaly şu salgyda: http://kitapcy.ru/news/murid_barguti/2023-04-08-26495. Goşgy terjime.Terjimeçisi näbelli.

2."Bet" diýen söz türkmen dilinde-de "erbetligi" aňladýar. Ýöne häzirki zaman ýaşlarynyň "köçe" dilinde (sleng, žargon) bu söz "ýaman gowy", "erbet gowy", "çakdan aşa gowy", "üýtgeşik gowy", "haýran galdyrýan", "aňk edýän", "geň", "täsin" diýen ýaly manylarda ulanylýar. Şeýlelikde: "bet goşgy" diýlende "krutoý goşgy", "tüýs aňrybaşy goşgy", "super" diýen manylar göz öňünde tutulýar.

3.Inetde "köçe dilini" (slengi, žargony) köp ulanýandygymyzyň sebäbi, "kilçermek" ýa-da dilimizi ýoýmak üçin däl-de, inete esasan ýaşlaryň işjeň girýändikleri sebäpli, olar bilen bir hörpderäk, bir dilderäk dialog alyp barmak üçin. Çünki tutuksy, gurak resmi dil ýaşlaryň ünsüni düýbünden çekmeýär diýen ýaly.

0
9 ibrahimbadakhshan  
694
Sagja boluň açyklap bereniňiz üçin! Doly düşündim!

0
7 ibrahimbadakhshan  
694
Gowy goşgy! Gereginden artyk sözüni uzadypdyr, soňuna zordan ýetdim. Haladym!

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]