15:22 Oglanjyga ejesiniň öwreden 20 zady ☺ | |
Oglanjyga ejesiniň öwreden 20 zady ☺
1. Ejesi oňa özgäniň zähmetine hormat goýmagy öwretdi: “Eger-de siz bogalaşyp, biri-biriňizi öldürmek isleýän bolsaňyz, onda daşaryk gidiň, men edil ýaňyja içerini süpürdim!”; 2. Ejesi oňa Hudaýa ynanmagy öwretdi: “Şu biderek zadyň ýuwup aýrylanyny diläýgin!”; 3. Ejesi oňa logika (mantyga) laýyk oýlanmagy öwretdi: “Sebäbi men şeýle diýip aýtdym, ine şonuň üçin!”; 4. Ejesi oňa emele geljek netijeler barada oýlanmagy öwretdi: “Ine häzir 4-nji gatyň penjiresinden gaçarsyň, onsoň men seni ýanym bilen dükana äkitmerin!”; 5. Ejesi oňa sebäp bilen netijäniň arasyndaky baglanyşygyň nämedigini düşündirdi: “Eger-de sen häziriň özünde möňňürmegiňi bes etmeseň, onda men seni ýenjerin!”; 6. Ejesi oňa bolup bilmejek kynçylyklary ýeňip geçmegi öwretdi: “Agzyňy ýum-da, çorbaňy iý!”; 7. Ejesi oňa çydamlylygy öwretdi: “Hemmeje zady iýip tükedýänçäň saçagyň başyndan turmarsyň!”; 8. Ejesi oňa geljege mert seretmegi öwretdi: “Hany garaş bakaly, men seniň bilen öýde mazalyja gürleşerin!”; 9. Ejesi oňa öz-özüňi bejermegiň esaslaryny öwretdi: “Eger-de sen gözüňi çaşartmagyňy bes etmeseň, galan ömrüňe-de şol durşuňa galarsyň!”; 10. Ejesi oňa çeýe bolmagy öwretdi: “Seret hanha, ýeňsäň garagäz!”; 11. Ejesi oňa ekstrosensorlygy öwretdi: “Switeriňi geý, men seniň üşeýändigiňi duýýaryn ahyry!”; 12. Ejesi oňa nädip ulalmalydygyny öwretdi: “Eger-de gök önüm iýmeseň, hiý haçanam ulalmarsyň!”; 13. Ejesi oňa genetikanyň esaslaryny öwretdi: “Bu bolgusyzlyklaryň barysy saňa kakaňdan geçen bolmaly!”; 14. Ejesi oňa özüňi nähili alyp barmalydygyny öwretdi: “Kakaň ýaly özüňi alyp barmagy häziriň özünde bes et!”; 15. Ejesi oňa mümkin bolmadyk zatlara-da ynanmagy öwretdi: “Men seniň içiňi görüpjik durandyryn!”; 16. Ejesi oňa hemme zadyň oňat tarapyny görmegi öwretdi: “Ýene-de öz otagyňy mal ýatagyna öwräýdiňmi?!”; 17. Ejesi oňa danalygyň nireden emele gelýändigini öwretdi: “Sen meniň ýaşyma ýet, onsoň akyl sat!”; 18. Ejesi oňa degişmegi öwretdi: “Haçan-da ot orujy enjam bilen aýagyňy kesäýseň, gözüň ýaşyny seçelendirip meniň ýanyma ylgap gelmäge het edäýmegin!”; 19. Ejesi oňa durmuş hakykatynda nädip ýaşamalydygyny öwretdi: “Men saňa million gezek aýtdym – ulaldyp geplemegiňi bes et!”; 20. Ejesi oňa göriplik etmezligi öwretdi: “Dünýäde millionlap garyp çagalar ýaşaýar, şolaryň hiç biriniňem seniňki ýaly ajaýyp ata-enesi ýok!”. Çeşmesi: http://fit4brain.com/914 | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |