17:47 Parahatlyk şygary | |
PARAHATLYK ŞYGARY
Özini pisletdi dünýä ýüzinde, Uruş odyny ölçermäge taýynlar. Dörtýana çarp urýar soñky deminde, Adam ganyn sorýan wagşy haýynlar. "Gerek bolsa, bizde dollar kän" diýýär Ýaran gözläp süýnýän dilleri olañ. Ýürekleri "uruş, ölüm, gan" diýýär, Yzynda atomly elleri olañ. Goý bilsinler, asla ynsana garşy Atom bilen turýana dost tapylmaz. Adamzat ganyny - länetli urşy Täze ýene gurýana dost tapylmaz. Atom ýaragyny ýok etmek hakda Karar çykdy, ondan dünýä habardar. Bu gün millionlarça sada ýürekde Urşa garşy gahar-gazap, joşgun bar. Bu joşgun dostlukdyr, ýokdyr iki ujy, Dostlygyñ guwanjy Sowet Soýuzy. Atomdan güýçlidir adamlañ güýji, Ol güýjiñ daýanjy Sowet Soýuzy. Çünki bizi beýik bagta ýetirip, Stalin döretdi doganlyk bagyn. Bu gün öñe barýar, öñe göterip, Dynçlygyñ parlak beýik baýdagyn. Ýygnanyşyp şol baýdagyñ astyna, Günsaýyn köpelýär oñ tarapdary. Bu güýçli ýörişdir uruş kastyna, Barha möwjäp parahatlyk şygary. Añña GOŞAÝEW. # "Ýaşasyn parahatlyk" / Türkmendöwletneşir, 1951 ý. | |
|
√ Düýşgowuran / Goşgular - 08.04.2024 |
√ "Diýdiñ: Gelin bolup görkezeýinmi?.." / Goşgular - 14.02.2024 |
√ Жизнь / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Nokat / Goşgular - 28.01.2024 |
√ Ýagyş damjasy / Goşgular - 24.03.2024 |
√ Kyrk ýaşa ýüzlenme / Goşgular - 03.02.2024 |
√ Sowuk söz / Goşgular - 31.01.2024 |
√ Ýolbars we Möjek / basnýa / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Sumbaryñ kenarynda / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 01.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |