19:14

Pendim

PENDIM

Pendi baýyrlary,
Durnagöz Murgap,
Ýada salyp her hal kalbymda barym.
Mahal-mahal diýseñ ýüregim küýsäp,
Pendime guş bolup uçup gelýärin.

"...Bäşbelañ" topary, anha-da öýmüz.
Tanyş ýüzler: agam Rahmanguly bar.
Jigilerim düñküldeşip daşarda,
Gaçyşyp, kowuşyp oýun oýnap ýör.

Otyr enem, saryk topbusy başda,
Güneýde, söýenip gara öýmüze.
Gyzlaryna abraý, mañlaý dileýär,
Saglyk, döwletlilik diläpler bize.

Tapdym kakamy hem obañ çetinden,
(Hemişe traktor sürýän ýerinden).
Diýdi: "Çagalaram alyp geldiñmi,
Ýa-da işiñ bolup aýlandyñmy sen?".

Bu pursat kalbymda ýaşap ýör meniñ,
Dädem, Ahmet akgam, köpler bar munda.
Özi-de bu oba häzirki obañ
Otyr indi biraz eñseräginde.

Ýatlanymy duýup, ýogum hem barym,
Ýene huzuryma üýşüşip geldi.
Ýene-de men öz ornumda, eý, Tañrym,
Uçsam diýip çapyp ýören Ageldi.

Uçup ýörün ýokarsynda Pendimiñ,
Berip höwesime, söýgime gerim.
Hol, aşakda meni uçuran toprak,
Hem hemişe gonmak isleýän ýerim.

1983 ý.

Agageldi ALLANAZAROW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 303 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Agageldi Allanazarow | Рейтинг: 4.5/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Çagaly öý / Goşgular - 04.01.2023
Ýoklugyňda / Goşgular - 22.01.2023
On bäş ýara / Goşgular - 20.01.2023
«Сны безотчётны, ярки краски…» / Goşgular - 12.02.2023
Eje, maňa erteki aýdyp bersene! / Goşgular - 01.01.2023
Aýal dogan! / Goşgular - 25.01.2023
«Я никогда не понимал…» / Goşgular - 18.01.2023
«За какую ж вину и беду…» / Goşgular - 18.01.2023
Гимн богам / Goşgular - 31.01.2023
"Ýeriň titremeginiň sebäplerini..." / Goşgular - 12.02.2023

Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]