17:30 Perişdeleň pyşyrdaýan ýerinde | |
***
Perişdeleň pyşyrdaýan ýerinde, Peşanalyň tämiz gijelerinde, Çagalygmyň müýnsüz didelerinde, Ynsanperwerlige nusgamyz bardy. Ýyldyzlar ak aýdym bolup bakardy, Ýaplardan ab aýdym bolup akardy, Igdelermiz sary gülün dökerdi, Gapymyzda güllän pissämiz bardy. Aý astynda oturardym gyz bilen, Ýokdy meniň ýaly bagty gelen, San-sajaksyz umyt-arzuwmyz hemem Kalbymyzda ýumşak gussamyz bardy. Ýetginjekdim, bigam serim sämedi, Zada düşünmedim, galdym äňedip, Oň ýanynda peýker, melek nämedi?! Käbe ýüzlim Täjibossanym bardy. Diýäýmeseň kakam keselbendiräk, Iline-gününe eden pendi kän, Aýdyp beren tymsal, eser, bendi kän, Ýatdan bilýän onlap dessany bardy. Bolsun diýip meşhur şahyr, gowy adam, Perişdeler “omyn!” diýen sabada, Kä dili paýyşda, käte dogada, Ata Köpek atly ussadym bardy. Gurbandurdy ORAZOW | |
|
√ Ömrümiñ manysy bolmaly zenan / Goşgular - 05.02.2024 |
√ Goltugy daşly adam / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Yzany yşkyma ýamag etdim / Goşgular - 15.04.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 13.01.2024 |
√ Soltan / Goşgular - 27.03.2024 |
√ Nädip ýaşamaly?! / Goşgular - 13.01.2024 |
√ Perişan kalbyñ umydy / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Nar / Goşgular - 22.04.2024 |
√ "Diýdiñ: Gelin bolup görkezeýinmi?.." / Goşgular - 14.02.2024 |
√ Was-wasylara... / Goşgular - 23.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 2 | ||
| ||