05:58

Saçlary agym

Категория: Goşgular | Просмотров: 767 | Добавил: Zerinaý | Теги: Şähribossan Geldimämmedowa | Рейтинг: 4.0/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Gije hem gündiz / Goşgular - 07.02.2024
Gowy görülen goşgy / Goşgular - 05.01.2024
Är garrar... / Goşgular - 30.04.2024
Sumbaryñ kenarynda / Goşgular - 01.01.2024
Kyrk ýaşa ýeteniñde / Goşgular - 03.02.2024
Hasap / Goşgular - 18.02.2024
Kyrk ýaşa ýüzlenme / Goşgular - 03.02.2024
Mürze ýigit / Goşgular - 12.03.2024
Siziñki / Goşgular - 30.01.2024
Düýşgowuran / Goşgular - 08.04.2024

Teswirleriň ählisi: 5
1
1 Zerinaý  
5
.Sеni örtеsе-dе nenеň,
Bimаhаl ýolа gidýänim.
Аýyp,aglаmа eý,enеm,
Mеn Muhаmmеdе gidýärin.

Аklyň еtmеz tеrsmi-dоgry,
Аzаşýaň,ýitirýäň ugry,
Biziň üçin gаrа bаgry,
Gаn Muhаmmеdе gidýärin.

Tеnimе sоkup nеşdеrin,
Yzyma sаlyp lеşgеrim,
Ýar оtаglаryn bоş gоýup,
Jаn Muhаmmеdе gidýärin.

Ýalаn dünýäň аly tеndе,
Nе ylym,nе аmаl mеndе,
Mеn kеnizеmiş bugündе,
Hаn Muhаmmеdе gidýärin.

Bugün bаgtly mеn nеnеň,
Sеnеm ömrüňdе bir bеgеn.
Аýtdym аhyry eý,enеm,
Mеn Muhаmmеdе gidýärin!

Ş.Geldimämmedowa

1
2 Zerinaý  
5
Bakyp Taňry buýrugyna,
Ýokdan bar etdiň,enem-ow!
Dakyp pelek guýrugyna,
Munda har etdi enem-ow!
Meni başgaň diregine,
Taňry ýar etdi,enem-ow!
Bilýän elewräp daşymdan,
Seredişip siňe-siňe.
Han ogullar,beg ogullar,
Öýlenmek istär maňa.
Men olary çaga sandym,
Barmadym guran bazyna.
Deň-duşa köňül bermäni,
Kiçilik bildim özüme.
Bularam gitdi haýdaşyp,
Ýol boýuna däliräp.
Ýalňyzlygyň perejisin,
Galdym başyma büräp.
Şo pursatam birýerlerden,
Üzüp dünýeden rişdesin.
Söýgi küýsäp,mähir küýsäp,
Geldi yşgyň perişdesi.
Onuň köňül gudugyna,
Ýüregmi salladym men.
Şu pursatam pany dünýäň,
Düýbüni elledim men.
Men indi juda bagtly.
Bar,yzyňa gaýt,enem-ow!
Gynama çöken gerdenňi.
"Çagam"diýýäň aýt,enem-ow!
Çaga bolup birgördümmi?!
Ine,ýaz,ger,
Dünýe saz bor.
Ýaşyl otlar,gülälekler,
Harlamaz bärde meni
Köýük bolup ugradarlar,
Tüýnüksiz ýurda meni...

Şähribossan Geldimämmedowa

2
3 Zerinaý  
5
Sen şumahal penjiräni açdyňmy,
Ýolun yzlap öz bagryňdan öneniň.
Ýa şumahal men ýadyňa düşdümmi,
Seni biwagt ynjytdymmy,dönenim?!

Belki,agşam girendirin düýşüňe,
Alnyňda durandyr perişan halym.
Endigime görä geçip gaşyňa,
Içgin-içgin sorandyryn ahwalyň.

Belki,görüp arasynda gülleriň,
Näler begenensiň,hyýalyň päkdir,
Eje,kesel çeýnän näzik elleriň,
Sygyr sagmana-da ysgyny ýokdur.

Şol gaýtalap bolgusyzja hökümin,
Ah,seni garradar,garradar gaty.
Bir tarapdan iňirdisi kakamyň,
Bir tarapdan ogullaryň haýbaty.

Onda karar tapman dertli janyňa,
Meni küýsäp menzilleri aşarsyň.
Men hökman bararyn seniň ýanyňa,
Sen penakär ýyldyzyňa duşarsyň.

Säher çagy penjiräni açdyňmy,
Ýolun yzlap öz bagryňdan öneniň.
Ýa şumahal men ýadyňa düşdümmi,
Seni biwagt ynjytdymmy,dönenim?!

2
4 Zerinaý  
5
.Ykbal saña arzym bar
Arzymny inkär etme
Gör kimlerde karzym bar
Hernä bergidar etme

Hoşal bolup ilimden
Bagt tapaýyn kärimden
Azaşdyryp ýolumdan
Azana duçar etme

Sanjy bardyr böwürde
Bu kän gepli döwürde
Ýalňyşaýsam eger-de
Ýazgar günäkär etme

Sallançakda üwräniň
Şondan ýola ugranym
Sowlan güni döwranym
Nadanlara zar etme

Oňde baharym, gyşym
Gowgasy kän bu başyň
Iň soňkuja haýyşym
Bu maňlaýy şor etme

1
5 Garaýolly  
27
Gör,nähili ajaýyp şygyrlar!

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]