14:45

Şäher bilen adam barýa... / nowella

Категория: Hekaýalar | Просмотров: 301 | Добавил: Bagabat | Теги: Serdar Ataýew | Рейтинг: 5.0/2
Awtoryň başga makalalary

Hekaýalar bölümiň başga makalalary

Ýat şäherdäki üç myhman / hekaýa - 13.01.2024
Gara gözli söýgi ýaşaýarka... / hekaýa - 17.01.2024
Oglanlyk döwrümiň peji / hekaýa - 21.01.2024
«Daglaryň ruhy» / hekaýa - 07.03.2024
Köprüler / hekaýa - 15.01.2024
Haýsy gowy? / Gündogar hekaýaty - 05.03.2024
Mertlik hemme kişä berilmeýär / hekaýa - 16.01.2024
Pedofiliň ölümi / nowella - 04.01.2024
Kitap / nowella - 16.03.2024
Garagumda / hekaýa - 09.03.2024

Teswirleriň ählisi: 5
0
1 mango  
651
Stambula aýllanyp gelen ýaly boldaý.
Ýöne, köp agzan ýerleriňi görmedim.
Türkçe dialoglary şo dili gowja bilýän birine okatmaly.
Restoranda oturka hyzmatçy gyz “Lütfen abi” diýýär, zakaz alansoňam ýene-de “lütfen abi” diýýär. Gelende-de gidende-de “пожалуйста” diýmez-a.
Belki gelende “näme isleýäňiz” diýendir.

Buyrun abi, ne istersiniz?
Buyrun, ne istersiniz?
Ýa-da
İyi günler, buyrun efendim

Zakaz alansoň belki “hemen” diýendir ýa “biraz bekleyin” diýendir…. Bilmedim, ýöne “lütfen” diýen däldir.
—-
Ýene-de türk dilinde “ä” ýok bolmaly. “türkmän kardaşim” azeriçeräk bolupdyr.
Türk “türkmen kardeşim” diýer.
—-
Stambuly suratlandyraňda gowy momentleri tutupsyň. Pişikleri az agzapsyň, ýöne stambul pişiklerini agzamasaň bolmazdy. :-)
Kitapçylaryň kitaplarynyň üstünde, hat-da park edilen maşynlaryň üstünde-de äwmän ýatanlaryny gördüm.
Ýekeje detal agzalman galypdyr.
Azan sesi.
Namaz wagty gelende daş töwerekden azan sesleri gelýär. Yzyny üzmän, her tarapdan, metjitler kän bolansoň her metjidiň azany üst-üstüne asmana ýaýraýar… täsin.
—-
Adamlary… hmmmm…
Her milletiň gowusam, erbedem bardyr welin…. Aldawçyrak-da.
Turistleri kän aldaýalar. “Abi, sana arzan satýan’” diýip gulajygyňa münerler.
Gowusam kän. Ýöne Stambul ýaşar ýaly däl-de dynça alar ýaly ýer diýesiň gelýär.
Durmuş çalt akýar we gymmat. Stresli şäher.
Bir gezek daňdan köçeden gelýän (narkomanlaňky ýaly) aýylganç gülki sesine oýandym. Daşaryk seretsem köçede gülüp oturan narkomanlaram ýok, zadam ýok. O ses “martı“ çaýkalaryň sesi eken.
Baý, ýoknasyz “gülýän” ekenleraý.
—-
Haladym. Stil saklaýaň, beýlekilerdäki ýaly gepleýän ýa geplemeýän şäher, türkmen aýdymy ýa goşgusy… umuman, dowam et. Gyzyklyja zatlar bolup ýatyr.

0
2 Bagabat  
43
Sag bol. Bellikleň, maslahatlaň hemmesi hekaýaň mazmunyny baýlaşdyrdy, şap boldy.
Düzedip, täzeden işläp goýdum.
Azan, çarlaklar, başga-da käbir zatlar ünsden düşüp galypdyr.
Türkçe dialoglaram gowy boldy.
Minnetdar.

0
4 Myhman0430  
778
mango akga, siziň kommentleriňizi okamak gyzykly.

ystambulda azançylar öňünden ýörite gürleşilip, biri azan çekip başlansoň ara 20 sekunt goýup beýleki, soň ýene 20 sekuntdan başgasy... başlaýamyşlar diýip eşitdim. onsoň epesli wagtlap her tarapdan azan sesleri ýaňlanyp durýa. üýtgeşik atmosfera döreýä.

0
3 Myhman0430  
778
gowja bolup durupdyr

älemgoşar aýdymyň täsiri
agşam öýe baramda ýadowdym. garbak-gurbakdan soň, ýutuba girmäkäm, kitapça göz aýladym. kellede garyşyk pikirler. idili zat okap bolanok. ýokarky hekaýaň ýaryny okap-okamakam gözüm süzülip başlady. kellede-de älemgoşar aýdymy ýaňlanýa. sözlerini doly bilmänimdenmi nämemi diňe käbir ýerleri gaýtalanýa. esasanam "biri ýaşyl, biri sary, biri a-ak" setiri.
Orhanyň goşgusyna deregem Nejip Fazylyň "Janym Istanbulynyň" diňe iki setiri

ana gibi yar olmaz, İstanbul gibi diyar
güleni şöyle dursun, ağlayanı bahtiyar

içiňi ýakaýyn diýen ýaly, häzirem gaýtalanyp dur.
içimden pikir edýän başga pikirlerimem Älemgoşaryň heňinde aýdylýa. sesiň tonam Atageldi Garýagdyňky ýa-da Atajan Berdiňki.

içimdäki ses nä-ämçüýn beýdip du-uur (di-ni-ni-ni-niňk)

gahrymanyň içgepletmesindäki "has takygy" diýen ýeri bir tüýsli. belki konferensiýalarda çykyş edip endik edip gidendirdä.

..."Taşakkürler" diýip pyşyrdabam...

Serdar agada oýun bar :-)

indiki şähere garaşýas.

0
5 Garadag  
128
Älemgoşary epizod Sankt-Peterburgyň metrosyny ýadyma düşürdi. Men ýöne Çuwal bagşyny diňleýärdim. Daş-töweregim nätanyş mähelle, meň bolsa gulagymda nauşnik. Çuwal bagşy "Daglary" aýdýar.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]