21:44 Säher ukysynda.. | |
Säher ukusynda...
Säher ukusynda ýatyrsyň, läläm, Sähel açyk penjirede gözenek. Şöhle seň ýüzüňde tans edýär sessiz, Seni oýarmaga asla dözenok. Sen bolsa ýatyrsyň assa dem alyp, Seniň keşbiň asudalyk nusgasy. Şu pursat ýüzüňe bakan betbagt Unudar derdini, ýiter gussasy. Balyndan ýarylan gyzyl nar ýaly Bol hyjuwdan çyzylypdyr dodaklar. Bakylykdan nyşan ýaly görünýär Gara kirpiklerden gezelen oklar. Gaşyň ganat kakyp barýan garlawaç, Saçlaň depeleri goraýan mardyr. Özüm bolsam gowy, birden bolmasam, Seň nazaryň düşjek bir bagt-la bardyr. Wah, näme beý diýdim öz dilim bilen, Meniň aýdanymy ýalňyş ýormagyn! Bar bolan aklymyň üstüni örtdi Sähelçe serpilen ýuka ýorganyň... Orazguly ANNAÝEW | |
|
√ Erjellik / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Garaş maňa / Goşgular - 17.02.2024 |
√ Nar / Goşgular - 22.04.2024 |
√ "Ulag gidip barýar..." / Goşgular - 28.04.2024 |
√ Sumbaryñ kenarynda / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Goltugy daşly adam / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Alabahar / Goşgular - 21.03.2024 |
√ Düýşgowuran / Goşgular - 08.04.2024 |
√ Ak buýnuzly ak maral / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Siziñki / Goşgular - 30.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |