14:33 Sährada | |
SÄHRADA
Goşgular
Bahar pasylynyñ iñ soñky aýy, Gök asmanda ýekeje-de bulut ýok. Zemine örtülen aýna mysaly, Çar tarapyñ durşy bilen oñatlyk. Sary çägäñ üsti ýap-ýaşyl otlar, Arasynda dürli-dürli güller bar. Gyjy-gyjy, gyrtyç, yşgyn, çomuçlar, Henizler-ä otyr olar süllermän. Atly garynjalar at salyp ýörler, Hažžyklar bir ýerik haýdaşyp barýa. Gök maýsalyk bilen düşelen törler, Sary çägä meñzäp otyr gök derýa. Sag egnimi gün şöhlesi çoýup dur, Çep egnimden salkyn şemal öwüsýä, Daşdeşen tykgyldap, sazak oýup dur, Ýalman hin gazynyp, ýeri böwüsýär. Gök ojarlañ üsti durşuna serçe, Jürküldäp çalýarlar täsin bir mukam. Sähra bir ajaýyp, bezelen parça, Şeýle sähra özge ilde barmykan?! Orazmyrat TÄJOW. # galkynys_2004 | |
|
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |