11:02

Saýylar

SAÝYLAR

"Hüw" diýeliñ, gerçekleriñ demine,
Gerçekleriñ demi nurdan saýylar.
On iki ymam hataryna uýanlar,
Muhammet Alyga ýardan saýylar.

Üç gün eken bu dünýäniñ sapasy,
Sapasyndan artyk bolar jepasy,
Gerçek erenleriñ nutky, nepesi,
Biri kyrkdyr, kyrky birden saýylar.

Yhlas bilen gelen bu ýoldan dönmez,
Dost bolan dostuna ikilik sanmaz,
Äri hak görmegen hakykat görmez,
Gözi görer, emma körden saýylar.

Hak aşyklar menzilinde duranda,
Çyrag kimin ýanyp ýagy erände,
Öz kemini öz gözünde görende,
Olam ärdir, ýene ärden saýylar.

Şa Hataýy aýdar, Bagdatdyr watan,
Ikilikden geçip birlige ýeten,
Erenler ýanynda kylu-kal tutan,
Ýoly tikenlidir hardan saýylar.

Ysmaýyl HATAÝY.

Категория: Goşgular | Просмотров: 383 | Добавил: Нawеran | Теги: Ysmaýyl Hataýy | Рейтинг: 3.7/3
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Русь гулящая / Goşgular - 05.01.2023
Saňa iki agyz / Goşgular - 08.01.2023
«И ночи и дни примелькались…» / Goşgular - 12.01.2023
«Я обнял эти плечи и взглянул…» / Goşgular - 02.02.2023
Gonamçylykda / Goşgular - 12.02.2023
Красная Шапочка / Goşgular - 14.01.2023
Бальмонт / Goşgular - 15.02.2023
"Ýeriň titremeginiň sebäplerini..." / Goşgular - 12.02.2023
Hoşlanmakak aýtjaklarym / Goşgular - 08.01.2023
Эпитафия себе заживо / Goşgular - 06.01.2023

Teswirleriň ählisi: 1
0
1 Мylayym  
83
"Öz kemini öz gözünde görende,
Olam ärdir, ýene ärden saýylar"
Ajaýyp goşgy.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]