15:46 Seň ýoklugyň durmuşymyň kadasy… | |
SEŇ ÝOKLUGYŇ DURMUŞYMYŇ KADASY...
Ýürek gam-gussadan bir dil açmady, Sessiz gaýtalaýan yşkyň senasyn. Ne ýakan oduňa bile bişişdiň, Ne-de meň başyma bolduň pena sen. Ömre yşkyň ezýetini gatdyryp, Ýetdim şu günlere degilmän deme. Sataşanym, soň bolsa tutaşanym, Kalbymda ýaşaýaň diňe sen, diňe. Ýaňy bolup geçen ýaly zatlary, Ýatlasaň däl, ýatlamasaň ýetikdir. Seni söýüp kör bolmandyr gözlerim, Paýhas elegimiň gözi bitipdir. Sen sabrym Sen sabrym Entek kepil geçilmedik geljegne. Ýöne iň ýamany näme bilýäňmi? Ynanýaň, öýkeläp gezsemem ýene, Öz-özüm açylyp saňa geljegme. Sen sabrym Dünýämde eglenip çekseňem aýak, Ähli sowallarym goýýaň jogapsyz. Sähel zada dowla düşýän gursagym, Indi seniň elleriň deý sowapdyr. Sen sabrym Käsesi dolsa-da, püre-pür bolup, yşky soňlamok. Meni päk söýgime gowşurmak üçin, Ýa sen, ýa-da takdyr meni oňlanok. Sen sabrym Hem täleý sowgadym garaşylmadyk. Indi diňe garaşylýan bar ykbal. Bilýärmiň? Bir gün sabrym ýiter öýdüp darykýan. Eýelik Seň ýoklugyň durmuşymyň kadasy, Her bir wagt üýtgemeýär kada-da. Ykbalymyň ýola eltjek ýodasy, Ahyr bir gün ýekelikden ýadasa, Ne yza gaýdaryn, ne-de bir öňe – Yşkyňa töwekgel bolanym galar. “Gitse gelmez” eken ýüregiňe ýol, Munda diňe bagrym dilenim galar. Geljegime asla döretmen ahmyr, Peýdasy ýok geçmişimi döreniň. Mertligime artar gider buýsanjym, Çünki yşkyň iň agramly bölegin: Çeken ýürek ürkmez a:ldyr-hileden Küýsegimden üstün çykar mertligim. Ahyr bir gün dolar meni özüme, Ömre ezýet beren agyr dertleriň. Bolmaz seň öňüňde dilimem gysga, Senem başarmarsyň özüňi aklap. Gutulgysyz galan çäresiz dogmum Howaýy duýgudan özüni saplar. Halas borun köp ýanyp, az ýazmakdan Gussalarym şaýat bolar şatlyga. Eýesi bolsaňam sözlemlerimiň Durmuşymda öwrülersiň ýokluga. Söýgimi aýap sakla Duýgularym gören ýaly başyna, Gezdim, derdim özgelerden ýaşyra, Awy däl-de, bal gat yşkyň aşyna, Adymy gursagyň çuňuna dak-da, Söýgimi aýap sakla! Tötänlik däl — duýgularmyň Şärigi, Wah, söý meni, söýüşiň deý käriňi, Idäp dur käteler umydgäriňi, Jaňa ýetişmeseň, sms at-da, Söýgimi aýap sakla! Pikirlen gülmese gözlem bakaňda, Belki söýgiň ejizdir meň çakymdan, Sözleň bilen dillerimi sakyndyr, Dert däl, demiň bilen kalbymy ýak-da, Söýgimi aýap sakla! Bilseň, aramyzda bolmasyn hiçlik, Gündiz ýanymda bol, ýadymda — giçlik, Bilýäňmi, täsirin geçirýän işlik — onuň täsirini kalbyňa sap-da — SÖÝGIMI aýap sakla! Altyngözel AMANMÄMMEDOWA, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby. Çeşmesi: https://turkmengazet.com/sen-yoklugyn-durmusymyn-kadasy/. 26.10.2022ý. | |
|
√ Erjellik / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Yzany yşkyma ýamag etdim / Goşgular - 15.04.2024 |
√ Atsyz goşgy / Goşgular - 31.01.2024 |
√ "Diýdiñ: Gelin bolup görkezeýinmi?.." / Goşgular - 14.02.2024 |
√ "Garrap ýörünmi ýa men..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Alabahar / Goşgular - 21.03.2024 |
√ Tazy / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Ömrümiñ manysy bolmaly zenan / Goşgular - 05.02.2024 |
√ Käbir aýallara melek diýýäñiz / Goşgular - 04.02.2024 |
√ «Превратила всё в шутку сначала…» / Goşgular - 29.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |