13:49 Seni söýdüm... | |
SENI SÖŸDÜM
Seni söýdüm, söýüp bir gez beýgeldim. Seni söýdüm. Has giñedi bu dünýäm. Öz ýeñles gylygma gazaply boldum, Öz durmuş ornuma indi düşünýän. Adamlara has ynamly garadym. Ýeñiş bilen tamam boldy gözlegim. Kyn pursadym medet berdi kalbyma Jadyly däl ㅡ seniñ ynsan gözleriñ. ''Kim men?'' Jogap tapman şu günlere çen, Seni söýüp, kimdigimi bildim men. Ýeñil gopdum başyñdaky öýme dek, Diýdim: ''Ejiz bu dünýede söýmedik!'' Seni söýüp, göz ýetirdim bir zada: Kynçylyk ýok, Ejizlik bar dünýäde. Gurbannazar EZIZOW | |
|
√ Nar / Goşgular - 22.04.2024 |
√ Är garrar... / Goşgular - 30.04.2024 |
√ Düýşgowuran / Goşgular - 08.04.2024 |
√ Atsyz goşgy / Goşgular - 31.01.2024 |
√ Alabahar / Goşgular - 21.03.2024 |
√ Ýolbars we Möjek / basnýa / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Perişan kalbyñ umydy / Goşgular - 01.01.2024 |
√ «Отвергнув гордое сомненье…» / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Tilki bilen üzüm / basnýa / Goşgular - 10.01.2024 |
√ Kyrk ýaşa ýeteniñde / Goşgular - 03.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |