21:18 Seni söýdüm | |
SENI SÖÝDÜM
Seni söýdüm, Ýalñyz bir seni söýdüm, Göreçlerim özge ýana bakmady. Sebäbi sönmez bir ataşa ýugrup, Seni Tañrym ýüregime oklady. Seni görüp, Menem ýandym köz bolup, Ýalyn dek lowladym elinde yşkyñ. Görlüp-eşdilmedik mähre çolanyp, Görlüp-eşdilmedik derde sataşdym. Erkim bilen, Durkum bilen söýdüm men, Aýan boldy meniñ parlak ýyldyzym. Sen bolup gözüme görünýär älem, Hem sen meniñ kalby ap-ak gunduzym. Seni söýüp, Düşdüm köñül dünýäñe, Gör-ä, başym aýlanyp dur yşkyñdan. Hasratly bolsa-da ... gitmek islämok Muhabbetiñ bu gudratly ķöşgünden. Aýjemal BABAGULYÝEWA. | |
|
√ Şert / Goşgular - 09.02.2024 |
√ Победителям / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Nar / Goşgular - 22.04.2024 |
√ Moskwadan görýärler / Goşgular - 30.01.2024 |
√ "Gelin jan..." / Goşgular - 26.03.2024 |
√ Hasap / Goşgular - 18.02.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 13.01.2024 |
√ Yzany yşkyma ýamag etdim / Goşgular - 15.04.2024 |
√ "Bagşylara" / Goşgular - 07.02.2024 |
√ Siziñki / Goşgular - 30.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 2 | |
| |