14:54 Seniñ dünýäñ | |
SENIŇ DÜNÝÄŇ
Dünýämde ýaz kimin möwç uran serwim, Tereň seniň kalbyň röwşi, roýy. Ýakynlaşýar öňküler deý duýgyny, Täzeden eçiljek dekabr aýy. Saňa sary ýollar ýakyn. Erkim ýok- Otly kerweni deý gatnady hatlar. Arzuwumdy... emma ýazylman galdy, Seniň hakda ençe-ençe sonetler. Eçildiň ýyllaryň eçilmedigni, Geçilsin seň bilen geljek menziller. Gaharly, şadyýan, gamly pursatda Bir-birege söýenişsin eginler. Bolsa bolsun öýke-kine, iňirdi, Söýeýin. Söýleýin- Ýykman raýyň. Ertelerim seniň bilen ýagtylar, Ýüregime gurbat berýän çyragym. Başa öýme daňjak güniňden başlap Seň dünýäňde müdümilik galaýyn. Kalba siňmez ýaly dünýäniň gerdi, Poşettonyň heňlerinden ganaýyn. Muhammetmyrat NAZAROW. | |
|
√ Wiswisi lakamly obadaşymyň ömür beýany / Goşgular - 25.03.2024 |
√ Perişan kalbyñ umydy / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Düýşgowuran / Goşgular - 08.04.2024 |
√ "Gitdim senden ilerledip ümzügi..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Sowuk söz / Goşgular - 31.01.2024 |
√ Estagfurullaly bentler / Goşgular - 14.02.2024 |
√ Yzany yşkyma ýamag etdim / Goşgular - 15.04.2024 |
√ Ynanarmykan? / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Tazy / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Kyrk ýaşa ýeteniñde / Goşgular - 03.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |