22:42 Söýgi modasy | |
SÖÝGI MODASY
Edebi ýañsylama Senden ozal duýdy ony derekler... N.Annatyýewa Jüp yzymyz bozulypdyr, astynda ak derekleriñ. A.Gurbannepesow Uzyn derek durmy ýalñyz?! T.Söhbetow Dereklermiz orun berip astyndan, Ilkinji posany gözden gizlärler. S.Öwezberdiýew Aşyklary ne günlere salyp ýör, Soñky döwür moda bolan ak derek! Ak dereksiz kösenilýän ýeri kän, Gyssagly suratda köpeltmek gerek. Kyrka golaý aşyk-magşuk bolsa-da Ýekeje düýp deregmiz bar obada. Her kim medeniýetli söýüşmek üçin, Jübüt-jübüt bolup Durlar nobata. Biziñ ýagdaýymyz-a ganymat weli, Gaty ýaman goñşy obañ oñşugy. Dereksiz ýerlerde zaýalap ýörler Nebir posalary, nebir ogşugy. Baýram AMANGYLYJOW. "Edebiýat we sungat" gazeti, 1978 ý. | |
|
√ Kyrk ýaşa ýeteniñde / Goşgular - 03.02.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Goltugy daşly adam / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Soltan / Goşgular - 27.03.2024 |
√ Alabahar / Goşgular - 21.03.2024 |
√ Salam, Türkmenistan! / Goşgular - 01.01.2024 |
√ "Gelin jan..." / Goşgular - 26.03.2024 |
√ «Превратила всё в шутку сначала…» / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Ynanarmykan? / Goşgular - 30.01.2024 |
√ "Gitdim senden ilerledip ümzügi..." / Goşgular - 01.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |