20:18 Söýüň çagaňyzy! | |
SÖÝÜÑ ÇAGAÑYZY!
Goşgular
![]() Söýüň çagaňyzy! Söýmekden armaň. Säherler oýanyp öpüň bir salym, Eline tutduryp ullakan alma, Pata berip, uzak ýollara salyň! Gorkmaň! Olar näçe daşa gitse-de, Gelerler, Eşitse çagyrýanňyzy. Bir dilegim: şatlyk bilen gussada Oňatlyga ündäň çagalarňyzy! Utanmaň! Gizlemäň ýüzleriňizi, Dymmaklygy, ýygralygy owradyň! Öz aýdyp bilmedik sözleriňizi, Çagaňyza aýtmaklygy öwrediň! Ýogsa käte bilýärisem öňünden, Emma «Äý» diýýäs-de, dymýas-da gidýäs: Ilki dymyp, geçip onuň deňinden, Soň tankyt edere adam döredýäs. Bu islegmiz däl, perwaýsyzlyk bu, Islämzok adamyň peselenini. Ýöne ownuk işde unudaýýarys Döwrüň iň agyrly meselelerni. Synlaň çagaňyzy: işe gümramy, Ýa-da onuň edýän işi galatmy, Her haýsy bolsa-da, dymmaň adamlar, Siz öz söýgiňizde boluň gazaply. Gurbannazar EZIZOW. | |
|
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |