15:35 Süýt haky / rowaýat | |
SÜÝT HAKY
Gadym zamanlarda bir ene garrap, biliniň kuwwady gidip, aýaklarnyň güýji gowşapdyr, içe-daşa çykmakdan galyp, işdäsi kesilip, ýata bolupdyr. Onuň ýeke ogly mejalsyz ejesiniň ýanyndan aýrylman, hozanak bolup, yhlas bilen käbesine gije-gündiz hyzmat edipdir. Hassa ejesiniň buýran ýumşuny iki gaýtalatman, kemsiz ýerine ýetirpdir. Eger käbesine gerek bolsa guşuň süýdiniň gözlegine gitmekden irinjek däl ekeni. Günleriň bir güni käbesiniň kazasy dolup, amanadyny tabşyrypdyr—pany dünýäni terk edip, bakyýa göçüpdir. Ýigit ejesiniň aş-suwuny berip obaň kethudalarundan: —Ejem janyň jaýy Jennetden bolsun-da hergiz. Hemmeler şaýatdyr, ejem jan hassa bolup ýykylaly bäri, oňa akýürekli seretdim, ol jan bermänkä: “Oglum, senden razydyryn!” diýip gitdi. Agalar, şeýdip men emen süýdimi haklandyryn-a !? —diýip, ýaşulylara ýüzlenipdir. Onda ýaşulylaryň biri: —Ene-ataňa etmeli borjuňy päkýürekli ýerine ýetireniň üçin Alla senden razy bolsun! Eneň dünýeden ötýänçä sen onuň mährine çoýunyp gelipsiň. Ene mährine garryň ölenden soň hem hantama bolupsyň, ýagny onuň iň soňkyja mähirli jümlesine-de mätäçlik bilen garaşypsyň. Indi “haklaşmak ” barada aýtsak, sen süýt emdiren eneň bilen hiç haçan deňleşip bilmersiň. Sebäbi ikiňiziň niýetiňiz gabat gelenok. Käbäň seni her gezek emdirende: “Oglum sagdynja ösüp, ulalayp, halkyna mähirli,Watanyna wepaly merdana ýigit bolup ýetişsin”; ulalyp, ýigit çykaňsoň, tä dünýeden ötýänçä bolsa: “Alla jan, oglumy gözden-dilden, beladan-beterden Özüň gora!” diýip, Biribardan dileg edip geçendir. A, sen bolsa: “Ejem ölmänkä emen süýdimi ödäýin, onuň öwezini hyzmatym bilen ýapsam, menden razy bolaýady-da” diýip, aladalanypsyň. Ene tä ömrüniň ahyryna çenli balasynyň saglyny, yrsgally-döwletli, bagtly durmuşyny we uzak ömrüni diläp geçýär. Çagasy bolsa birden bergidar bolup galaýmak howpyny gaýgy edip, enesiniň ölümini serinden çykanok” —diýip, jogabyny beripdir. Kakajan BALKANOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |