10:26 Tagarowdadyr | |
TAGAROWDADYR
Küýsetmez jenneti, Erem bagyny, Baryp görseň ak telpekli dagymy, Säher turup, synla säher çagyny, Kuwwat-medet nury Tagarowdadyr. Yzynda selpeden awlar munda bar, Aby-zemzem diýlen suwlar munda bar, Söwer ýar guçulan zawlar munda bar, Aýşy-eşret bary Tagarowdadyr. Çarwadary-mürçe, nohur ili bar, Üstünde şahandaz şahyr ili bar, Gök gürlände, däli-porhan sili bar, Gudrat bolsa, bary Tagarowdadyr. Gije. Salkyn şemal. Asmanyň Aýy, Melhem jana kerkaw közüniň çaýy, Dünýäde özünden başga ýok taýy! Jennetiň höziri Tagarowdadyr. At münüp, çar ýana ýeldigim daglar, Çeşmelerňi ýüze syldygym daglar, Sizde meniň aýak yzlarym galar, Durmuşyň humary Tagarowdadyr. Tebigatyň gudratynda köp many, Gel, gör, gözelligi görmek hökmany, Başga ilden gözleme sen lukmany, Jana derman-däri Tagarowdadyr. Allaýar ÇÜRIÝEW. | |
|
√ "Gitdim senden ilerledip ümzügi..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Sumbaryñ kenarynda / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Победителям / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Moskwadan görýärler / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Käbir aýallara melek diýýäñiz / Goşgular - 04.02.2024 |
√ Meniñ monologym / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Düýşgowuran / Goşgular - 08.04.2024 |
√ Ak buýnuzly ak maral / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Är garrar... / Goşgular - 30.04.2024 |
√ Жизнь / Goşgular - 29.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |