16:36

"Tapmadym dananyñ gözläp guburyn..."

Категория: Goşgular | Просмотров: 251 | Добавил: Allaýar | Рейтинг: 3.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Owadan pyçak hakynda erteki / Goşgular - 09.04.2024
"Diýdiñ: Gelin bolup görkezeýinmi?.." / Goşgular - 14.02.2024
"Bagşylara" / Goşgular - 07.02.2024
Käbir aýallara melek diýýäñiz / Goşgular - 04.02.2024
Gökdepäm / Goşgular - 22.03.2024
Sowuk söz / Goşgular - 31.01.2024
Rubagylar / Goşgular - 13.01.2024
Garaş maňa / Goşgular - 17.02.2024
Siziñki / Goşgular - 30.01.2024
Nar / Goşgular - 22.04.2024

Teswirleriň ählisi: 4
0
1 Atayew  
493
Dogry, öten nesilleri unutmak hatamyz. Ýöne beýik adamlaryň käbiriniň mazary ýatdan çykarylman saklanypdyr. Men Türkmensährada Misgingylyjyň mazaryny gördüm, zyýarat etdim. Maryda, Hoja Abdylla baba gonamçylygynda Mollanepesiň mazary hem belli. Sarahsda Keminäniň mazarynyň bardygyny ýazyjy Juma Hudaýguly aýdypdy.

0
2 Revo  
484
Hemme ýerde-de şeýlemi ýada däl, bilemok welin, ýöne, biz töwereklerde jaýlanan adamyň gubury näçe çalt ýere siňip gitse, şonça-da gowy görülýär. "Ýer kabul etdi" diýen ýaly yrym edilýär. Bu yrymyň din bilen baglanşygam bolmaly öýtýän. Şu tema barada ýene bir zat, dünýäni sarsdyran danalaryň, akyldarlaryň, alymlaryň, dini ulamalaryň köpüsi ölenlerinden soň özlerini näbelli ýerde, adamlardan alysda jaýlamaklaryny haýyş edendiklerini, ýada, dost-ýarlary, dogan-garyndaşlary tarapyndan näbelli bir ýerde gizlin jaýlanandyklary barada-da kitaplarda köp duş gelipdim. Bular ýaly wakalaryňam iki görnüşli düşündirilişi bolup biler.
1) Duşmanlary tarapyndan merhumyň gabrynyň zaýalanmagyndan gorky.
2) Dost-ýarlary, tarapdarlary, yzyny ýöredijileri ýada merhumy sylaýan, sarpa goýýan adamlar köpçüligi tarapyndan, ölen adamyň gabry mukaddes ýere öwrülip, tagzym edilýän, baş egilýän, çokunylýan ýere öwrülmeginden gorky.

0
3 Haweran  
411
Şular ýaly asylly işler bilen mirasgärlerimiz gyzyklanýar, jan edýärler. Gynansak-da, olaryñ zähmetine pitiwa edýän ýok. Meselem, pylan hanyñ, serdaryñ ýa belli şahyryñ guburyny tapýarlar, soñam harajat bolmansoñ, goldaw berýän bolmansoñ ýitip gitmesin diýip, zyñyndy tekerleri ýarpy bilinden gömüp, daşyna aýmança edip gaýdýarlar. Gynançly...

0
4 Jeksparro  
405
Nesilleň aýdymyn, ädimin diňläp,
Olar üçin baky ýatmak gylykdyr,
Näbelli mazaryň barlygy bolsa
Diriler siz üçin masgaralykdyr.

(Annasoltan Kekilowa)

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]