23:10 "Umydymyň saçyn darar..." | |
"UMYDYMYÑ SAÇYN DARAR..."
Umydymyň saçyn darar. Günleriň sowuk epgegi, Dilim etmäwersin werdiş, Bolsadydan bag ekmegi. Syrçasy gopan hyýallar, Pikirlere atar pitjiň. Belki-de,men şu çaka çen, Günleň gadryn bilmän geçdim. Gujaklap gussaly bagtyn, Bilmen, ýollar nirä elter. Ömrüme tikilen ykbal, Boýum deý bolmasyn kelte. ...Umyt bilen össe mydam, Sabryň bagy her dereden, Ýüz beräýseň, ýüzin düşen Şowsuzlygam heder eder. Ýylgyrsaň, gussa daşyndan Dolmaz gül göwnüň torbasy. Ynan, ugruna bor bar zat, Ynamdyr ýeňşiň kompasy! Nury SAKÇYÝEW. | |
|
√ Lenç edilen nakyl / Goşgular - 05.02.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 13.01.2024 |
√ Erjellik / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Düýş hem ýagyş / Goşgular - 09.01.2024 |
√ Düýşgowuran / Goşgular - 08.04.2024 |
√ "Garrap ýörünmi ýa men..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Gökdepäm / Goşgular - 22.03.2024 |
√ Ýolbars we Möjek / basnýa / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Estagfurullaly bentler / Goşgular - 14.02.2024 |
√ Ömrümiñ manysy bolmaly zenan / Goşgular - 05.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |