08:05 Watana buýsanç | |
WATANA BUÝSANÇ
Watan, seniñ asudadyr asmanyñ, Saba ýelleriñde gudrat-jady bar. Gaýalaryñ gasyn-gasyn gerşinde Pederleriñ öçmez şan-şöhraty bar. Watan, seniñ agzybirdir illeriñ, Synmaz erkli, bir maksatly halkyñ bar. Diýarymyñ bagtyýarlyk döwründe Barýan ýolumyzda nur bar, ýalkym bar. Watan, seniñ egsilmezdir hazynañ, Mes topragyñ baýlyklardan doludyr. "Döwlet adam üçin" - baş ýörelgämiz, Güneşli ülkämiz jennet ýalydyr. Watan seniñ gelejegiñ nurana, Goýnuñda güneş deý mähir-çoguñ bar. Öz iliñi ak bagtyna ýetiren Gahryman, mähriban Arkadagym bar. ▶ GADYMY LEBABYM Sende yzlary bar Ýüpek ýolunyñ, Her daban topragyñ taryh, Lebabym. Altyn hazynasy il ykbalynyñ, Gapysyn açanlar aryp, Lebabym. Üstünden telim ýyl kerwenler geçen, Sende ýük ýazdyryp, suwundan içen, Danyşment, alymlar syrlaryn açan, Ýyllaryñ çañyny syryp, Lebabym. Bu gün sende gadym ýollar dikelýär, Görmäge çar ýandan myhmanlar gelýär, Arkadagym dünýäñ alkyşyn alýar, Azdyr näçe etseñ taryp, Lebabym. Jennet RAIMBAÝEWA. #garagum | |
|
√ Nokat / Goşgular - 28.01.2024 |
√ «Отвергнув гордое сомненье…» / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Kyrk ýaşa ýüzlenme / Goşgular - 03.02.2024 |
√ Yzany yşkyma ýamag etdim / Goşgular - 15.04.2024 |
√ Düýşgowuran / Goşgular - 08.04.2024 |
√ "At bilen kowalap gördüler ony..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Gowy görülen goşgy / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Aldawçynyñ pañ-pañy / Goşgular - 18.01.2024 |
√ Günüñ monology / Goşgular - 01.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |