17:11 Ejemiñ sowgady / hekaýa | |
EJEMIŇ SOWGADY
Durmuşda ejeň bilen baglanyşykly pursatlar aýratyn ýadyňda galýar. Ençe ýyl geçse-de, yssy mähri bilen seni ezizläp ulaldan ejelerimiziň nurana keşbi göz öňüňde janlanýar durýar. Gürrüň berjek bolýan wakam bolsa meniň henizlerem şu günki ýaly ýadymda. Ol ýyllar men gulpaklyja çagajykdym. Ejem çagalar bagynda işleýärdi. Biz alty dogan. Ejem bizi irden özi bilen bile çagalar bagyna äkiderdi. Ol döwürler ýoluň ugrunda obamyzyň dükany bardy. Ejem her gün şol dükana sowlup, bize süýji alyp bererdi. Bir gezek dükana ählimiz bile girdik. Doganlarym ejemiň elinden çekip, süýji, buzgaýmak alyp bermegini soraýardylar. Meniň gözüm bolsa owadanja, gyzyl reňkli köwüşde eglendi. Onuň ýanyna baryp, elimi şol owadanja köwşe degirdim. Şol pursat köwşi şeýle bir geýesim geldi. Hatda şol wagt owadan köwüş bilen baýramçylyk ýörişine gidişim göz öňümde janlandy. Köwşi synlap durşuma ejem ýanyma gelip: — Hä, gyzym, köwşe göwnüň gaçdymy? — diýip, ýylgyryp maňa seretdi. Menem «hawa» diýen terzde başymy atdym. Ejemem: — Gyzym, seniň owadan köwüşleriň bar-a! Şu wagt köwüş alman, gel saňa gowuja süýji alyp bereýin — diýdi. Menem: — Ýok, eje, maňa hiç zat gerek däl. Men ýöne owadan görüp seretdim —diýip, ýere bakdym. Ýöne şol günden soň gyzyl köwşi şeýle bir höwes edipdirin welin, gijelerine düýşümde köwşi geýip, ejem bilen kakamyň elinden tutup, dabaraly ýörişe gatnaşýardym. Her sapar çagalar bagyna barýarkam şol dükanda gözüm eglenerdi. Ejemem her gezek maňa seredip ýylgyrardy. Çaga göwnüm ejem bilen pyşyrdaşýan ýalydy. Şeýdip aýlar, günler geçip durdy. Meniň ýedi ýaşym dolup, mekdebe gitmeli günlerim golaýlaşyp başlady. Ejem meni okuwa ugratmak üçin ençeme gün öňünden aladalanyp ugrady. Täzeje köýnek, guw ýaly ak saçbagy, öňlük, umuman, ähli zadymy taýýarlap goýupdy. Ynha, birinji sentýabr hem ýetip geldi. Ejem meni geýindirip, saçymy darap oturyşyna: — Gyzym, sen meniň göz-guwanjymsyň! Akyllyja bol, okuwyňy gowy oka! — diýip, maňa öwran-öwran sargyt etdi. Men täzeje eşiklerimi geýip, köwşümi geýjek wagtym, ejem: — Dur, gyzym, gyssanma — diýip, gyssagly içki otaga girip çykdy. Elinde bolsa kagyza oralan bir zat bardy. Men ejemiň näme diýjek bolýanyna düşünjek bolup: — Diňleýän, eje jan! — diýip, onuň ýüzüne seredenimde ejemiň owadan gara gözlerinden dury deňziň suwuna meňzäp, bulgurap akýan gözýaşyna gözüm düşdi. — Eje jan, nämä aglaýaň?! Men birinji synpa okuwa barýan, sen bolsa begenmän, aglap başladyň — diýip, emaý bilen ejemiň gözýaşlaryny süpürmäge başladym. Ejem kagyza oralan köwşi meniň öňümde goýdy-da: — Gyzym jan! Şol pursat saňa şu köwşi alyp bermedigime gynanýan. Gyzym, al, indi bolsa geý, aýagyňda tozsun — diýdi-de, meniň höwes eden owadanja, gyzyl reňkli, üsti güllüje köwşi aýagyma geýdirdi-de, başymy sypap, elimden tutup mekdebe sary ýola düşdi. Men ýol ugruna köwşüme seredip, şeýle bir begenýärdim welin, söz bilen beýan eder ýaly däldi. Hamala, mekdepde menden başga şeýle owadan köwüşli gyz ýok ýalydy. Ejemiň elinden tutup barşyma, bir köwşüme, bir-de ejem aglamasyny goýdumyka diýip, käbämiň ýüzüne seredýärdim. Ejemiň şol sowgady bolsa meniň üçin iň ajaýyp sowgatlaryň biridi. Könelerimiziň: «Ejäniň gadyryny eje bolansoň bilersiň» diýişleri ýaly, perzentleriň isleg-arzuwlaryny ýerine ýetirmek ählimiz üçin ýakymly. Hudaýa şükür, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ildeşlerimiziň eli uzadan ýerine ýetýär. Olar bala-çagalaryny ýurdumyzda önýän ajaýyp egin-eşikler bilen geýindirýärler. Bu eşretleriň sakasynda bolsa Gahryman Arkadagymyz dur. Goý, eşretli pursatlara guwanyp ýaşaýan döwrümizde ejelerimiziň gözlerinde bagtyýarlyk uçguny elmydama şöhle saçsyn! Perzentleriniň bagtyna guwanyp, uzak ýaşasynlar. Olaryň gözünden diňe begenç gözýaşlary aksyn! Jennet RAIMBAÝEWA. | |
|
√ Mertlik hemme kişä berilmeýär / hekaýa - 16.01.2024 |
√ Kitap / nowella - 16.03.2024 |
√ Leýlanyň taryhy / hekaýa - 11.01.2024 |
√ Ýagyşly gün boýny burlan söýgi / hekaýa - 15.01.2024 |
√ Шер аминь / рассказ - 20.01.2024 |
√ Ahmyryň awusy / hekaýa - 13.01.2024 |
√ Jan / hekaýa - 08.03.2024 |
√ Ýolagçy / hekaýa - 12.01.2024 |
√ «Daglaryň ruhy» / hekaýa - 07.03.2024 |
√ Sen aman bol bu dünýäde / hekaýa - 22.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |